Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Çaga üçün ene süýdünden peýdaly we gymmatly önümiň ýoklugy bireýýäm subut edildi. Çagany ene süýdünden kesip, emeli süýt bermek – düýbünden ýalňyş çemeleşmedir. Çaga niýetlenen emeli süýt önümleri, ýokary tehnologiýanyň talaplaryna laýyk gelýän hem bolsa, hiç haçan düzümi boýunça ene süýdüne meňzäp bilmez. Çünki ene süýdi her çaganyň talaplaryna, ýaşyna görä düzümini üýtgedip durýandyr.Hiç bir emeli süýt garyndysy her bir çaganyň talaplaryna laýyklykda uýgunlaşyp bilmez.
Ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalar ýokanç kesellerden, aşgazan-içege we dem alyş ulgamynyň kesellerinden goragly bolýar. Emeli iýmitlenýän çagalaryň arasynda, ölümçilik aşgazan-içege kesellerinde 14 esse, dem alyş ýollarynyň kesellerinde 3 esse ýokarydyr.
- 9367 gezek okalan
Täsin zehinli çaga ir çagalykdan şahsyýet bolmak bilen, öz deň-duşlaryndan ösüşi taýdan tapawutlanýar. Ol ilkibaşdan adatdan daşary ajaýyp ukyplaryny ýüze çykaryp, öz ýaşyna mahsus bolmadyk aň-bilimi görkezýär. Şular ýaly çagalar mekdebe barmankalar döredijilige, oýlap tapyjylyga höwes bildirýärler. Maşgalada akylly çaganyň bolmagy onuň ene-atasyny diýseň begendirýär. Emma bu täsin zehinlilik diňe dogabitdi bolman, eýsem ony ösdürip-de bolýandyr. Çaganyň derejesini ösdürmekde onuň iýmitlendirilişi örän möhüm orny eýeleýändir. Muňa köpsanly ylmy-barlaglaryň netijeleri şaýatlyk edýär. Mysal üçin, ýaňy-ýakynda iňlis alymlary şu ylmy synagy geçirip gördüler. Bu ylmy synaga 5 ýaşly ekiz oglanjyklar gatnaşdyryldy. Olaryň biri öňküsi ýaly naharlanmagy dowam etdi. Beýlekisini bolsa sagdyn iýmit bilen naharlap başladylar. Birnäçe gün geçenden soň, sagdyn iýmit iýýän oglanjyk özüni has asuda alyp baryp, urşuganlygynyň, dawaçyllygynyň kemelendigi aýdyň boldy. Ylmy synag tamamlananda bolsa, sagdyn iýmit bilen naharlanan oglanjygyň okuwa ýetişiginiň öz doganyndan 15% ýokary bolandygy tassyklanyldy.