Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
"URÝARMY, DIÝMEK SÖÝMEÝÄR!" ÇAGALARA GARŞY ZORLUK. NÄME BILMELI WE NÄME ETMELI?
Hukukçy Maýagözel Baýramowanyň Saglygyň soraglaryna beren jogaplary
Biziň jemgyýetimizde çagalara garşy zorlugyň esasy sebäpleri
Çagalara garşy öýdäki zorluk, gynansakda, köp maşgala täsir edýän pajygadyr. Öýdäki zorluk maşgaladaky zorluk diýip hem atlandyrylýar. Çagalar ýygy-ýygydan ene-atalarynyň fiziki täsirlerine duçar bolýarlar. Olara urulmak we jezalandyrylmagyň beýleki görnüşleri degişlidir. Biziň jemgyýetimizde zorlamalar diňe bir däl, eýsem dürli derejedäki we medeniýetdäki maşgalalarda bolup geçýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Çaga Hukuklary Konwensiýasyna we 2014-nji ýylda ýurdumyzda kabul edilen "Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda" kanunyna görä, çaga 18 ýaşyna ýetmedik adamdyr.
Öýdäki zorluk esasan şahsy sebäplere görä bolup geçýär. Bu zorlaýjynyň sosial ýagdaýy, alan terbiýesi, we ahlak sypatlary bilen baglanyşyklydyr. Maşgalanyň psihologik ýagdaýy hem çagalara azar bermegiň bir sebäbi bolup bilýär. Meselem, köplenç sosial we maddy ýagdaýy pes bolan maşgalalarda çagalar zorluga sezewar bolýarlar. Durnuksyz we agyr durmuş, maddy ýetmezçilik maşgalanyň keýpiniň we duýgularynyň peselmegine getirýär. Ene-ata çagalaryna temmi bermegi, seslerini gataltmagy, kemsitmegi, fiziki güýç ulanmagy meselelerine çözgüt hökmünde görüp başlaýarlar. Bu hem çagalara garşy fiziki güýç ulanmaga itekleýär. Fiziki zorlugyň netijesinde tende gögermeler, şikesler, we döwük-ýenjikler emele gelýär.
Maddy durumy we bilim derejesi ýokary bolan maşgalalarda bolsa çagalar köplenç psihologik zorlanmany başdan geçirýärler. Meselem, çagalaryň maşgalalarynyň "terbiýeli çaga" standartlaryna gabat gelmeýän her bir hereketi tankytlanylýar. Üstesine, şeýle maşgalalarda ene-atalar çagalaryna häli-şindi "sizi gowy günde ýaşatmak üçin ony etdik, muny etdik" diýip ýatladyp durýarlar. Zorlamanyň bu görnüşiniň hem çaganyň psihologiýasyna edýän negatiw täsiri fiziki zorlamadan pes däldir.
Ene-atanyň öz ene-atasyndan görenleri hem olaryň nesline uly täsir edýär. Eger-de, ene-atanyň özleri ene-atalaryndan ezýet çekip ulalan bolsalar, olaryň öz çagalaryna hem fiziki we psihologik taýdan ezýet bermek ähtimallygy güýçlüdir.
Maşgalada çagalara garşy zorluk: görnüşleri
Zorluga baş goşýan adam özüni möhüm, güýçli, we ygtyýarly duýýar. Köselýän çaga bolsa özüni biçäre, gowşak, umytsyz, gorkuda duýýar. Zorlugyň aşakdaky görnüşleri bar:
Bäbeklere garşy zorluk saglyga çynlakaý zyýan ýetirip, hatda ölüme hem eltip bilýär. Käbir adamlar bäbegi silkelemeli däldiginden we onuň beýnä şikes ýetirip ýa-da ölüme eltip biljekdiginden habarsyz bolýarlar.
Fiziki zorluk – bu urmagyň ähli görnüşlerini öz içine alyp, ýa el ýa-da dürli jisimleri ulanmak arkaly amala aşyrylyp bilinýär. Zorlugyň bu görnüşini aňsatlyk bilen saýgarmak mümkindir. Çünki, pidanyň endamynda we ýüzünde göze görnüp duran gökler, ýaralar, we her hili şikesler bolýar. Käte bolsa, fiziki zorluk hiç hili yz galdyrmaýar. Şarpyklar, silkelemeler we şoňa meňzeş urgular yz galdyrman geçip gidýär, ýöne olar içki organlara zeper ýetirip bilýärler. Fiziki zorluga sezewar edilýän çaganyň, hatda sypalamak üçin galdyrylan ele hem, tisginmek we özüni gorajak bolmak arkaly reaksiýa görkezmesi seýrek ýagdaý däldir.
Emosional we dil zorlugy – bu hakyky durmuşda iň kän gabat gelinýän zorlukdyr. Köpler munuň zorlukdygyny hem bilmeýär. Bu kemsidiji sözleri, üste gygyrmalary, gorkuzmalary, ses gataltmalary öz içinle alýar. Mundan başga-da, eger:
↪ adam çaganyň şahsyýetini we mertebesini peseldýän sözleri ulansa;
↪ çaga öz saýlan we söýýän adamlary bilen görüşmäni we dostlaşmany gadagan edilse. (Çaga garyndaşlary bilen aragatnaşyk etmäge rugsat bermezlik. Aýrylyşan ene-atanyň çaga bilen ýaşamaýan ene-atasyny görmäge rugsat bermezlik.)
bular hem emosional we dil zorlugyna degişlidir.
Çagany gözegçiliksiz goýmak hem oňa zorluk etmekdir. Beýle hereket ene-atanyň çaganyň sagdyn ýetişmegi üçin zerur bolan elementleri we howpsuzlygyny üpjün etmäge jogapkärsizdiklerini görkezýär. Esasan gyzlar we maýyp çagalar zorlugyň bu görnüşine köp duçar bolýarlar.
Psihiki zorluk. Zorlugyň bu görnüşinde çaga iýmit we suw berilmän, ýapyk garaňky otagda saklanylýar. Bu çaganyň ýaşynyň kiçidigine, ulularyň idegine mätäçdigine, ýa-da ýeke galmakdan gorkýandygyna garamazdan edilýär. Zorlugyň bu görnüşi hem, edil beýlekiler ýaly, çagany dymdyrmak we tabyn etmek maksadyna eýerýär.
Ekonomiki (ykdysady) zorluk – bu çagany gerekli zatlary üçin öňden söz berlen puldan mahrum etmekdir. Meselem, mekdep esbaplaryny almak üçin pul, mekdepde naharlanmak üçin, dost-ýarlaryna sowgat almak üçin puly wada edip, wagty gelende bolsa wadaňdan dänmek.
Insest – bu jynsy zorluk bolup, atanyň/öweý atanyň we gyzynyň/oglunyň, enäniň/öweý enäniň we gyzynyň/oglunyň, jigi bilen doganyň, garry ene-ata bilen agtyklaryň, garaz bir maşgala degişli agzalaryň arasynda zorluk bilen amala aşyrylýan fiziki ýakynlykdyr.
Zorluga duçar bolan çagalary nädip saýgarmaly?
Zorlugyň pidasy bolýan ýa-da öýdäki zorluga şaýat bolýan çagalar özlerini aşakdaky şekillerde alyp barýarlar:
↣ Olar okuwa gitmekden ýüz öwrüp bilerler. Çünki okuwda öýdäki ýagdaýlarynyň üstüniň açylmagyndan gorkýarlar;
↣ Çagalar ýa çakdan aşa agressiw ýa-da tersine çakdan aşa passiw bolup bilýär;
↣ Özlerine çala lak atyljak bolsa sögünmek, kemsitmek ýa-da hüjüm etmek arkaly jogap berýärler;
↣ Bilkastlaýyn beýleki çagalara we haýwanlara azar berýärler;
↣ Spirtli içgileri we narkotik serişdeleri ulanýarlar;
↣ Jana kast etmek barada köp gürrüň edýärler;
↣ Işdäleri gowy bolmaýar.
Fiziki zorlugy başyndan geçirýän çagalarda aşakdaky alamatlar bolýar:
↣ Kelleleri we aşgazanlary köp agyrýar, demleri gysylýar (demgysma, astma);
↣ Elmydama özlerini gowşak we ýadaw duýýarlar;
↣ Köp dümewleýärler/sowuklaýarlar. Şahsy gigiýena barada alada etmeýärler;
↣ Käwagtlar fiziki agyryny duýmaýarlar;
↣ Ýaramaz endikleri bolýar: barmak sorma; saçyňy barmagyňa orama;
↣ Olara şu zatlar kyn düşýär: dost-ýarlary, klasdaşlary bilen gowy gatnaşyk saklamak; adamlara ynanmak; dawa-jenjeli çözmek.
Çagalara garşy içerdäki zorluk barada statistika barmy?
Türkmenistanda çagalara garşy zorluk barada hiç hili statistika ýok.
Zorluk bolan ýagdaýynda näme etmeli?
Çaga zorlugyndan goranmagyň we zorlugyň pidasy bolanlara ýardam etmegiň birnäçe ýollary bar.
GDA (Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygy) döwletleriniň käbirinde, şol sanda biziň ýudumyzda-da, krizis merkezlerine we gaçalgalara ýeterlik goldaw berilmeýär. Türkmenistanda "Keýik Okara" atly jemgyýetçilik guramasy ynamdar hyzmat hökmünde hereket edýär. Oňa islendik adam kömek sorap ýüz tutup bilýär. Olaryň öýdäki zorlugyň pidalaryna ilkinji kömegi berýän gyzgyn liniýa nomerleri bar. Bu hyzmat zorlugyň görnüşlerini (fiziki, psihologiki, jynsy), bolup geçen ýerini we ýagdaýyny, pidanyň zorlaýja bolan gatnaşygyny we şuňa meňzeş faktorlary hasaba alýar. Şeýle-de, bu hyzmat zorlugyň ilkinji gezek bolýandygyna ýa gaýtalanyp duran hereketdigine, pidanyň häzirki wagtda howp astyndadygyna ýa-da öňräk bolup geçen zorluk barada habar berýändigine düşünmek üçin maglumat ýygnaýar.
ADRES: "KEÝIK OKARA", AŞGABAT, TÜRKMENBAŞY-OGUZHAN ŞAÝOLY, 82-NJI JAÝ.
"KEÝIK OKARA" GYZGYN LINIÝASY: 22-86-68
Eger sen maşgala zorlugynyň pidasy bolsaň ýa-da pidasy bolýanlary tanaýan bolsaň, onda sen haýal etmän aşakdakylary berjaý etmelisiň:
↪ Öz ynanýan ene-atalaryňa, psihologa ýa-da uly adamlaryňa (bu seniň garyndaşyň, garry ene-ataň, doganyň, ýa goňşyň hem bolup biler) habar ber;
↪ Zorlugyň fiziki ýa jynsy bolmagyna garamazdan, saglyk ýagdaýyňy barlatmak üçin trawmatologiýa punktuna ýüz tut;
↪ Ulularyň ýa ene-atalaryň kömegi bilen polisiýa habar ber we edilen hüjüm ýa jynsy zorlama barada arza ýaz.
Aýdaly, bir çaga häli-şindi öýleriniň gapysynyň daşynda aglaýar. Bu ýagdaýda ara goşulmak zerurmy?
Goňşularyň biri-biriniň maşgala durmuşyna goşulmagyny her bir kişi oňlamaýar. Şu düşünjeden ugur alyp, köpüňiziň "goşulanyň bilen üýtgän zat bolasy ýok" diýip, pikir etmegiňiz mümkin. Emma siz çaganyň ene-atasyna syn edip bilersiňiz. Eger çaga köp aglaýan bolsa, onda onuň bilen gürleşip hem bilersiňiz. Eger onuň urlandygynyň ýa gynalandygynyň üstüni açsaňyz, ine şonda siz herekete geçip bilersiňiz. Beýle maşgalalar bilen dawalaşmak gowulygyň üstünden eltmez. Emma, oňa derek siz muny beýleki goňşularyňyz bilen maslahatlaşyp bilersiňiz. Çünki olaryň hem çaganyň agysyny eşidýän bolmaklary we ol barada aladalanýan bolmaklary örän mümkindir. Muny maslahatlaşyp, polisiýa ýüz tutup bilersiňiz. Polisiýa bolsa, öz gezeginde, çaganyň hossarlaryna, sosial, fiziki we ahlak taýdan sagdyn ulalmagyna gözegçilik edýän edaralara habar berer.
Gynansakda, hökümet pudaklary bu zerur meselä baş galdyrmaýarlar. Olara öýlerde zorlugyň bolup geçýändigini kabul etmezlik has aňsat düşýär. Zorluk ýok diýlip hasap edilýäni üçin hem, onuň öňüni almak we onuň pidalaryna kömek etmek üçin ýörite hyzmatlary gurnamak hem gerek bolmaýar. Emma muňa garamazdan, biz elimizden geldiginden çagalaryň hukuklaryny goramakdan we özümize elýeterli bolan hyzmatlary ulanmakdan çekinmeli däldiris.
Çaga zorlamagyň jogapkärçiligi: zorlaýja näme garaşýar?
Zorlugyň islendik görnüşine duçar bolan adam kanun tarapyndan goralýar. Kanun zorlugyň öýdäki zorluk görnüşini aýratyn belläp geçmese-de, bu hereket ADAMA GARŞY JENAÝATÇYLYK bölümine degişli edilýär we bikanun hereket diýlip hasaplanylýar. Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 131-nji maddasyna laýyklykda, adamy gynamak ýa onuň fiziki ýa-da ruhy taýdan ejir çekmegine sebäp bolmak jenaýatçylyk hasaplanylýar. Eden hereketiniň netijelerine görä, jenaýatkär Kodeksiň bu bölüminiň beýleki maddalaryny hem bozup bilýär.
Meselem, eger zorlugyň pidasy bolan çaga janyna kast etmäge synanyşsa, zorlaýjy Kodeksiň 106-njy maddasyna görä, gorkuzmak, ýowuz daraşmak, töhmet atmak, namysyna degmek arkaly adamy janyna kast etmäge itekländigi üçin günäkärlenip bilinýär.
1994-nji ýylda Türkmenistan Halkara Çaga Hukuklary Konwensiýasyna goşuldy. 2014-nji ýylda kabul edilen "Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri" kanuny bolsa, çaganyň esasy hukuklaryny we wezipelerini hasam köpeltdi. Şeýle hem, bu kanun çaganyň özbaşdak şahsyýet hökmündäki hukuk derejesini takyklaýar we onuň hemmetaraplaýyn ösmeginiň üpjün edilmegine, onda belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine gönükdirilendir. Galyberse-de, kanunda çaga hukuklaryny üpjün etmäge we goramaga kepil geçilen we çagany ýetişdirip, kemala getirmekde ene-atanyň borçlary kesgitlenilen.
- 5922 gezek okalan