Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ADALATÇY MENIŇ HUKUKLARYMYŇ BOZULANDYGY BARADAKY ŞIKAÝATYMY KABUL EDERMI?
Soraga Defakto proýektiniň ýuristleri jogap berýär.
Siziň şikaýatyňyz hukuk bozulmasy bolup geçeninden soňra bir ýylyň içinde kabul edilip bilner. Eger berlen çözgüt bilen kanagatlanmasaňyz, çözgüt çykanyndan soňra ýene bir ýylyň içinde şikaýatyňyza gaýtadan seredilmegini sorap bilersiňiz.
Esasly sebäpler bolan mahalynda şikaýat bermegiň möhleti alty aýdan köp bolmadyk möhlete uzaldylyp bilner. Tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, deslapky tussag ediş ýerlerinde, düzediş we beýleki ýöriteleşdirilen edaralarda saklanýan adamlar tarapyndan Adalatça ýazylan şikaýatlar hiç bir gözegçilikden geçirilmezden ýigrimi dört sagadyň dowamynda Adalatça iberilýär. Eger-de täze ýagdaýlar ýa-da täze faktlar görkezilmese, Adalatçy öň seredilen şikaýaty gaýtadan kabul etmeýär.
Adalatçy kim bolýar?
Adalatçy – şahsyň döwlet edaralary we şereketler baradaky şikaýatlaryny derňeýän hem-de çözgüt hödürleýän wekildir. Adalatçy öz işine garaşsyzlyk, kanunylyk, tarapgöýsüzlik, adalatlylyk, dogruçyllyk we aýanlyk bilen çemeleşýär. Adalatçy öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranda haýsydyr bir döwlet edaralaryna we wezipeli adamlara hasabat bermeýär.
Türkmenistanyň "Adalatçy hakynda" kanunynyň 17-nji maddasyna laýyklykda, Adalatçynyň çözgüdine ýa-da hereketine täsir etmek maksady bilen onuň işine gatyşylmagy ýa-da onuň işine başga görnüşde päsgel berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň wezipesi adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet tarapyndan goragynyň kepilliklerini, şeýle-de döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan şol kepillikleriň berjaý edilmegini we hormat goýulmagyny üpjün etmek maksady bilen döredildi. Adalatçy diňe bir raýatlardan gelip gowşan ýüztutmalaryň esasynda däl-de, öz başlangyjy boýunça hem (hukuk bozulmalar barada resmi çeşmelerden ýa-da mediýadan eşitse) barlag geçirýär. Adalatçynyň hasabatlary bilen adalatçynyň resmi saýtynda tanşyp bolýar.
Wekiliň ady näme?
2017-nji ýylyň 20-nji martynda Gurbannazarowa Ýazdursun Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy wezipesine saýlandy.
Şikaýatlar nähili kabul edilýär?
Kanunyň 21-nji maddasyna görä, Adalatçy Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini bozýan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň çözgütlerine ýa-da hereketlerine (hereketsizligine) bolan şikaýatlara seredýär we olar boýunça barlag geçirýär.
Adalatçy familiýasy, ýaşaýan ýeri görkezilmedik, şeýle hem şikaýaty ýazan tarapyndan gol çekilmedik şikaýatlara seretmeýär. Adalatça şikaýatyň berilmegi arza berijiniň kazyýete ýüz tutmagyna päsgel bermeýär. Adalatça berlen şikaýat arza beriji ýa-da onuň kanuny wekili tarapyndan yzyna alnyp bilner. Adalatçy kazyýetiň ygtyýaryna degişli edilen meselelere seretmeýär. Adalatça berilýän şikaýat döwlet pajy tölegine degişli däldir.
Adalatça ýüz tutulanda haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigi ýa-da hiç partiýa degişli däldigi baradaky alamatlaryna garamazdan artykmaçlyklara ýa-da çäklendirmelere ýol berilmeýär. Adalatçy anyk adamyň ýa-da adamlaryň toparynyň razylygy alnan şertinde olaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulandygy üçin üçünji şahslaryň şikaýatlaryny hem kabul edýär.
Habarlaşmak üçin Adalatçynyň salgysy: 744013, Türkmenistan, ş. Aşgabat, Аlişer Nowaýy köçesiniň (2022) 86-njy jaýy. Telefon: (+993) 12 38-05-31.
- 776 gezek okalan