1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

Garward Uniwersitetiniň alymlarynyň pikirine görä, adamyň özüni hemişe bagtly duýmagy üçin oňa kadaly syýahat etmek ýeterlikdir. Onuň üçin hökman daşa ýollanma hökman bolman, goňşy şäherlere gitmek hem bolar.

Barlagçylar "Adamyň özüni hemişe bagtly duýmagy üçin näme etmeli?" diýen soragyň üstünde ýedi ýylyň dowamynda, Cancer Research iňlis merkezinden bolan kärdeşleri bilen işlediler.

Görlüp oturylsa, onuň ýönekeý usuly bar ekeni. Syýahat etmek – adamyny bagtly edip biljek esasy şertleriň biri bolup durýar. Onuň üçin aýda iki gezek, hepdäniň ýekşenbe günleri maşgalaňyz ýa-da dostlaryňyz bilen öýden çykma ýeterlikdir. Esasy göz öňüne tutmaly şertleriň biri – siz öň görmedik ýerleriňize baryp görmelisiňiz.

Bagtlylyk duýgusy öz gurşawyňyzy täzeleme mümkinçiliginden, täze duýgulary we bilimleri, maglumatlary almakdan döreýändir. Ýöne siziň syýahat etmeleriňiz bir aýda iki gezekden ýygy bolsa, duýgular kütelişip, bagtly bolmagyň bu usuly öz güýjüni ýitirýändir.

  • 2109 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Barlaglara 35-65 ýaş aralykdaky 64 sany maşgala jübütleri gatnaşdylar. Hemme jübütleri iki toparlara böldüler. Birinji topara jynsy gatnaşyklary her gün geçirýän maşgala jübütleri, ikinji topara bolsa hepdede bir gezek ýa-da ondan hem seýrek jynsy gatnaşygy geçirýän jübütler degişli edildi.

Sorag etmeler, jynsy gatnaşyklary ýygy geçirýänler bilen deňeşdirlende, ikinji topardaky jübütleriň has berk maşgala gatnaşyklary alyp barýandygyny aýan etdi. Jynsy gatnaşyklaryň juda ýygy geçirilmegi jübütleriň çalt biri-birine öwrenişmegine we özara gyzyklanmanyň, syrlylygyň ýitip gitmegine getirip bilýär.

Şonuň bilen birlikde hem, Kembridž Uniwersitetiniň barlagçylary, Internetiň döremegi bilen adamlaryň jynsy gatnaşyklarynyň seýrekleşendigini subut etdiler. Meselem, ortaça alanyňda jübütler bir aýda 3 gezek är-aýal gatnaşyklaryny ýerine ýetirýärler. 2000-nji ýylda bu görkeziji 4 jynsy gatnaşyga deň bolsa, 1990-njy ýylda bäşe deň boldy. Ykjam tehniki enjamlar we sosial ulgamlar gürrüňleşmeler üçin hem wagt goýmaýarlar.

  • 2466 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Ak madda beýni öýjükleriniň süýüm böleklerinden ybarat bolup, ol beýniniň dürli bölümleriniň arasynda aragatnaşygy üpjün etmäge ýardam berýändir. Barlaglara 60-78 ýaş aralykda bolan 88 adam gatnaşdy. Olaryň hemmesi sag. Synalýan adamlardan bir hepdäniň dowamynda olaryň hereketjeňlik derejesini öwrenmek maksady bilen akselerometrleri götermegi haýyş etdiler. Gartaşan adamlara bir hepdäniň dowamynda 150 minutdan az bolmadyk orta derejedäki fiziki agramly işleri amala aşyrma ýa-da 75 minudyň dowamynda maşklary etme maslahat berilýär.

Şonuň ýaly-da, ak maddanyň gurluşyny öwrenme maksady bilen, alymlar meýletinçileriň beýnisini tomografiýa barlagyndan geçirdiler. Barlaglar adamlaryň orta we ýokary fiziki agramlylygy näçe köp geçirişine baglylykda, şonça hem beýnileriniň ak maddasynyň az şikeslenendigini görkezdi.

Ekspertleriň bellemegine görä, täze barlaglar fiziki işjeňligiň artmagynyň we oturymly ýaşaýyş düzgüninden ýüz döndürilmeginiň beýniniň saglygyna peýdaly bolup durýandygyny görkezdi.

  • 1995 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Birleşen Milletler Guramasynyň saglygy goraýyş agentligi öz-özüňe kast etmegiň öňüni almagyň çäreleri hakynda taýynlan birinji uly çykyşynda, öz-özüňe kast etme ýagdaýlaryň 75%-iň pes ýa-da orta girdeýjili ýurtlaryň adamlarynyň arasynda bolup geçýändigini belläp geçdi. Ekspertler öz-özüňe kast etmegiň derejesini dünýä boýunça peseltmek üçin köp işleriň amala aşyrylmagynyň zerurlygyny nygtaýarlar.

Çykyşda öz-özüňe kast edilmeginiň bütün dünýä boýunça, dürli ýaşlarda ýüze çykýandygy bellenilýär. Dünýäde özüňe kast edilmegiň iň ýokary derejesi 70 ýaşdan uly adamlaryň arasynda hasaba alyndy. Bu ýagdaý boýunça ikinji ýokary dereje 15-29 ýaş aralygyny öz içine alýandyr.

Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory Margaret Çeniň aýtmagyna görä, bu çykyş aýdylmaga uzak wagt gadagan edilen, saglygy goraýşyň uly bir kynçylykly meselesini çözmäge çagyryş bolup durýandyr.

  • 2121 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

Amerikan alymlarynyň pikirine görä, gazlandyrylan süýjüli içgiler beden öýjükleriniň garramagyna getirýär.

Alymlaryň düşündirmegine görä, "telomer" diýip atlandyrylýan, hromosomlaryň uçlarynyň ýelmeşmeginden goraýan bölekler öýjükleriň her bölünmesi bilen gysgalýarlar. Ondan başga-da, telomeriň uzynlygy adamynyň biologiki ýaşyna bagly bolup, garrama getirýän faktorlaryň biri bolup durýandyr. Barlaglar hetijesinde gazlandyrylan süýjüli içgileri kadaly we uly mukdarda kabul edýän adamlarda, içgileri içmeýän adamlar bilen deňeşdirlende, olaryň gysga bolýandygy anyklanyldy.

Täze barlaglaryň gidişinde, alymlar süýjüli içgileriň täsirini süýji keseli we ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden ejir çekmeýän, 20-65 ýaş aralygyndaky 5309 meýletinçilerde öwrendiler. Barlaglar her gün 2,5 stakan gazlandyrylan, süýjüli içgileriň telomerleriň gysgalmagyna getirýändigini we biologiki ýaşyň goşmaça 4,6 ýyla köpelýändigini äşgär etdi. Şeýle netijeler çilimkeşligiň täsiri bilen deňeşdirilip, telomeriň uzynlygyny kadaly saklamaga fiziki işjeňligiň ýaramly täsir edýändigi aýdylýar.

Ekspertler iýmit faktorynyň telomerleriň gysgalmagyna ýa-da uzalmagyna edýän täsirine düşünmegiň wajypdygyny belleýärler. Barlaglaryň netijeleri adam bedenine gazlandyrylan süýjüli içgileriň edýän täsiri barada täze maglumatlary goşarlar.

  • 2070 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Loma Linda Uniwerstitetiniň lukmançylyk mekdebiniň alymlary et önümlerinden ýüz döndürmekligiň erkeklik tohumynyň hil we mukdar taýdan peselmegine getirýändigini kesgitlediler. Şol sebäpli, Meddaily neşirýaty wegetariançylygyň erkekleriň nesil öndürijiligini peseldip biljekdigi barada ýazýar.

Dört ýylyň dowamynda ekspertler iýmit önümleriniň erkeklik tohumlygynyň hiline edýän täsirini öwrendiler. Görlüp oturulsa, et iýmeýän erkek adamlaryň dölüniň 1 ml. mukdarynda 50 mln. erkeklik öýjükleri (spermatozoidler) saklanýar ekeni (et iýýänlerde 70 mln.). Ondan başga-da, et iýmeýän barlanýanlaryň spermatozoidleriniň pes hereketli bolýandygy hem anyklanyldy. Et iýmeýänleriň erkeklik öýjükleriniň umumy mukdarynyň diňe 1/3 bölegi kadaly hereketli bolýan bolsa, bu görkeziji et söýüjilerde 60%-e eýe bolupdyr.

Barlagçylaryň pikirine görä, soili önümleriň köp kabul edilmegi we peýdaly maddalaryň ýetmezçiligi şeýle kynçylyklaryň döremegine getirip bilýändir. Soýa öz düzüminde, täsiri boýunça aýal gormony estrogene meňzeş fitoestrogenleri saklaýarlar. Eger erkek adam ömrüniň dowamynda eti soýaly önümler bilen çalyşýan bolsa, onuň dölüň hiline täsir edip biljegi ikuçsyzdyr. Hünärmenler çaga etmegi meýilleşdirmezden 74 gün öň soýaly önümleri kabul etmekden saklanmagy maslahat berýärler.

  • 2163 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.47 (19 Ses)

Gadyrly dost, jora!

Martyň 4-ne Saglyk.org "Türkmen aýdymlary we sagdyn durmuş" atly aýdym-saz bäsleşigini yglan edipdi. Saýtyň iş topary bäsleşige gatnaşyjylar sagdyn durmuş ýörelgeleriniň bähbitli taraplaryny görelde hökmünde döredijilikli, durmuşy we adamlary pikirlenmäge we üýtgeşmeleri girizmäge çagyrýan usullaryň üsti bilen görkezmäge ymtylarlar diýip umyt edipdi we baýraklary kesgitläpdi. Bäsleşik her adamyň çylşyrymly meseleleriň çözgüdüne pikirleri, döredijiligi bilen goşandyny goşyp biljegine ýnanyp gurnaldy.

Bu işe goşandyny goşup we gyzyklanma bildirip, bäsleşige gatnaşmak uçin diňe bir adam öz aýdymyny iberdi.

Resul Almyradow, 23 ýaşynda, Hytaý Halk Respublikasynyň Harbin şäherinde okaýar. Resul boş wagtlarynda saz we goşgy düzýär.

Aýdymyň ady: Durmuş seň eliňde. (Ululygy 6.2 MB)

Resul, gatnaşanyňyz uçin Size tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris. Geljekde Siz ýaly ýaşlaryň sany köpeler diýip umyt edýäris. Okuwyňyzda üstünlik, janyňyzyň sag bolmagyny arzuw edýäris!

Saýtyň işgärler topary.{jcomments off}

  • 3315 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.72 (18 Ses)

INÇEKESEL WE ADAM GATNAŞYKLARY

Inçekesel özboluşly, geçişi jähtden ýaýbaňlanma häsiýetli bolup, inçekesel taýajyklarynyň (Kohuň taýajyklary, inçekeseliň mikobakteriýalary) bedene düşmegi hemişe diýen ýaly ýokuşma ýagdaýyna, seýrek ýagdaýlarda – keseliň işjeň görnüşiniň döremegine getirip bilýändir. Birinji gezek Kohuň taýajyklary bilen ýokuşma, çagalyk ýa-da ýetginjeklik döwründe, adamynyň bu bakteriýa bilen ilkinji galtaşygy netijesinde bolup geçýär. Bir-iki sany çaganyň dem alyş ýollaryna düşen Kohuň taýajyklary ýerli zeperlenme hadysalaryny döretse hem, bedeniň kesellere garşy durma ulgamynyň (immunitet) ýokary işjeňligi keseliň ýaýbaňlanmagyna ýol bermän, özbaşdak sagalma ýagdaýyny gazanmaga kömek edýär. Bu hadysalaryň hemmesi alamatsyz geçip, inçekeseliň işjeň görnüşiniň döremegine getirmeýär. Keseliň ýokuşmagynyň bolup geçendigi barada maglumaty lukmanlar Mantu synagyny ulanma netijesinde kesgitleýärler. Inçekeseliň ýokuşmagy bedende özboluşly immunologiki "yz" galdyryp, mundan beýläk bedeniň immun ulgamyna inçekeseli tanamaga we onuň bilen göreşmäge şert döredýär. Şeýlelikde, inçekesele garşy immunitet döreýär.

Dowamy

  • 4404 gezek okalan

NOWRUZ BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (16 Ses)

HORMATLY SAÝTYMYZYŇ OKYJYLARY!

Gözel Nowruzyň gelmegi tebigaty janlandyryp, oňa köpdürli reňkleriň öwüşginini, syrlylygy, owadanlygy we täze, täsin üýtgeşmeleri peşgeş berýär. Onuň gelmegi bilen adamlarda hem täze özgermelere, täzeliklere, ösüşlere bolan isleg döreýär.

Baýramyňyz bilen gutlap, Biz Size berk saglyk, göwünleriňiziň galkynmagyny, maşgala abadançylygyny, hemme maksatlaryňyzyň rowaçlanmagyny arzuw edýäris. Durmuşyňyz ýylyň bahary ýaly ajaýyp bolsun!

Gutlaglar bilen, saýtyň işgärler topary.

  • 3761 gezek okalan

BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (27 Ses)

Gözel baharyň gelmegi näzenin gelin-gyzlarymyzyň güni bolan 8 Mart baýramçylygy bilen utgaşyp, bu baýramçylyga aýratyn bir öwüşgin we syrlylyk berýär. Biziň enelerimiz, ýarlarymyz we uýalarymyz bu gün has hem näzenin, mähirli bolup görünýär. Şeýle günde olara ýüregiňden çykýan gutlag sözlerini, arzuwlary beýan edesiň gelýär.

HORMATLY ZENANLAR!

Biz hem Size berk jan-saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlygy, ýüregiňizde besleýän hemme arzuw-hyýallaryňyzyň bökdençsiz amala aşmagyny arzuw edýäris. Wagtyň öçürip bilmejek zenan gözelliligini saklap, hemişe söýüp we söýlüp ýaşaň.

BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Gutlaglar bilen, saýtyň işgärler topary.


  • 6697 gezek okalan