Dünýäde çaga emdirip oturan aýaldan
owadan zenan görmedim.
Etýen Reý
Gadymy rowaýatlarda aýdylşyna görä, sungatyň howandary Apollon ýediaýlyk bolup dünýä inipdir. Ol 4 günüň içinde şeýle bir ösüp bekäpdir welin, özüne ýaý bilen peýkamy getirmeklerini buýrupdyr. Onuň şeýle çalt ösmeginiň syryny hudaýlaryň iýmiti – ambroziýa bilen iýmitlenmeginden görüpdirler. Häzirki wagtda bu üýtgeşik iýmitiň nämedigini we nähili tagamynyň bardygyny bilmesek-de, ýer ýüzünde ambroziýa – hudaýlaryň iýmitine taý geljek nähili iýmit barka diýlip soralsa, säginmän – ene süýdi diýip aýtmak bolar.
Dowamy

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri!
Biz sizi baýramyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Gutlamak bilen çäklenmän, size berk jan-saglygyny, maşgala abadanlygyny, ýurt parahatlygyny, işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Hormat bilen,
saýtyň işgärleri.
{jcomments off}
 |
Sözenek keselini şu wagta çenli sefalosporinler
bilen üstünlikli bejerip bolýardy. |
Ýaponiýada antibiotikleriň täsirine durnukly bolan gonokokkyň täze ştammy ýüze çykaryldy. Gonokokkyň täze ştammy Şwesiýanyň ylmy-barlag laboratoriýalarynda öwrenildi. Bu ylmy barlaglaryň netijesinde alymlar onuň bütin adamzadyň saglygyna howp salýandygyny ýüze çykardylar. Bu alymlaryň aýtmagyna görä, gonokkokyň täze ştammyny ýok etmek üçin täze derman serişdelerini oýlap tapmaly. Ylmy-barlag işlerini geçiren alymlar täze ştammy H041 diýip atlandyryp, onuň ähli sefalosporinlere durnuklydygyny ýüze çykardylar. (Sefalosporinler – tebigy we ýarym sintetiki antibiotikler toparyna degişli bolup, dürli ýokanç keselleri, mysal üçin, öýken sowuklamasyny, sepsisi, meningiti bejermekde ulanylýar).
Dowamy
"Dünýäde kokain we geroin neşeleriniň ulanyş mukdaryny belli bir derejede kemeltmekde üstünlikler gazanyldy. Ýöne emeli usul bilen ýasalýan neşelere we serişdelere bolan isleg neşä garşy göreşýänleriň üstünliklerini puja çykarýar" – diýip, Birleşen milletler guramasy duýdurýar.
BMG-niň neşeleri ýaýratmaklyga we jeneýatçylyga garşy göreşýän gullygy özüniň ýyl hasabatynda Ýewropada ýaşaýan adamlaryň belli bir toparlarynyň psihoaktiw serişdelerine ýykgyn bolup başlandyklaryny mälim edýär.
BMG emeli usulda ýasalýan täze serişdeleriň peýda bolup, olaryň kokain we ekstazi ýaly neşeleriň deregini tutýandygyna üns berýär. Bu serişdeleri ulanmak kanun tarapyndan gadagan edilmeýändigi üçin, olar hatda jemgyýetde mahabatlandyrylýar.
Dowamy
 |
Antiholinergiki täsirli derman serişdeleriň
birnäçe görnüşini birden kabul edýän
adamlar özlerini howp astyna salýandyrlar. |
"Allergiki täsirlere, ýüregagyra we ruhyçökgünlilige garşy (antidepressantlar) niýetlenip, giňden ýaýran derman serişdelerini bir wagtda kabul etmeklik beýniniň işjeňligini peseldýär, ölüm töwekgelçiligini artdyrýar" — diýip, iňlis alymlarynyň topary hasaplaýar.
Olaryň berýän maglumatlaryna görä, ýer ýüzüniň 65 ýaşdan uly bolan ilatyň ýarysy diýen ýaly şeýle dermanlaryň birini ýa-da birnäçesini kabul edýändir.
Amerikanyň gerontolog-lukmanlaryň assosiasiýasynyň žurnalynda çap edilen ylmy makalada hem dermanlaryň köp görnüşini şol bir wagtyň özünde kabul etmek arkaly bejergi toplumyny geçýän adamlaryň uly töwekgellige baş urýandyklaryny nygtalýar. Şunuň bilen birlikde, makalanyň awtorlary bejergi geçip ýören adamlara eýýam bellenilen dermanlary kabul etmekligi şobada goýbolsun etmegi maslahat bermeýärler.
Dowamy
Bu sene meýletin we mugt gan tabşyrmak ugrunda çykyş edýän üç gurama: Gyzyl Haç jemgiýetçiliginiň Halkara Federasiýasy, Gan goýbermegiň Halkara jemgyýetçilik guramasy we Gan donorlarynyň guramalarynyň Halkara Federasiýasy tarapyndan bellenilip resmileşdirildi.
Biziň her birimiz gan donory bolup bileris!
Adam gany iň bir gerekli, gymmatly biologiki suwuklyk bolup, onuň bedendäki mukdarynyň azalmagy, emele gelşiniň, düzüminiň üýtgemegi köp keselleriň we howply ýagdaýlaryň sebäbi bolup biler. Şol sebäpden hem saglygy goraýyş ulgamynda gan donorçylygynyň (latynça "donore" — sowgat bermek) kämilleşmegine uly üns berilýär.
Dowamy
Her ýylyň 31-nji maýynda Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni bellenilip geçilýär. Bu sene 1987-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan yglan edildi. BSGG çilimkeşligiň gelin-gyzlaryň saglygyna ýetirýän zyýanyna aýratyn ähmiýet berip, şu ýyl Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş günini "Gelin-gyzlar üçin aýratyn ähmiýetlilik" diýen şygar astynda belleýär. BSGG bu senäni belläp geçmek bilen, öz Çarçuwa konwensiýasyna laýyklykda çilimkeşlige garşy göreşmegiň amaly usullary teklip edýär.
Adamlaryň ölmegine sebäp bolýan keselleriň içinde çilimkeşlik zerarly döreýän keseller ikinji orunda durýandyr (birinji orunda ýokary gan basyşy durýar). Çilimiň tüssesinden diňe ony çekýänler däl, eýsem ondan dem alýanlar-da ölüp bilýär. BSGG-niň hasaba alyş gullugynyň maglumat bermegine görä, häzirki wagtda erkekleriň 65%-i, aýallaryň 30%-i çilim çekýär. Bu erkekleriň 80%-i, aýallaryň 50%-i çilimi ýetginjeklik döwründe çekip başlapdyrlar.
Dowamy
Inçekesele ýolugan adam köp ýyllaryň dowamynda inçekeseliň taýajyklaryny göteriji hökmünde gezip bilýär.
Beýik Britaniýa göçüp barýan adamlarda inçekeseliň taýajyklarynyň bolup-bolmazlygyny ýüze çykarmak üçin, olaryň hemmesi rentgene düşürýärler. Ýöne iňlis alymlary bu usulyň köp ýagdaýlarda doly maglumaty bermeýär diýen netijä geldiler.
Bu alymlaryň aýtmagyna görä, rentgen şöhlesi inçekeseliň diňe aktiw görnüşini, ýagny ötüşen ýagdaýlaryny ýüze çykaryp bilýär. Şeýle ýagdaýlarda inçekeseliň hemme alamatlary bireýýäm mese-mälimdir.
Dowamy
Gyzzyrma (malýariýa) keseli – gyzzyrma parazitleri bilen döreýän ýokançly keseldir. Onuň esasy ýüze çykyş alamatlary gyzzyrma tutgaýlary, gan azlylyk, bagryň we dalagyň ulalmagy, gaýtalanyp durma ýagdaýy bilen häsiýetlendirilýär.
Gyzzyrma parazitleri Anopheles maşgalasyndan bolan çybynlar ýaýradýarlar. Keseliň ýaýraýşy hem şol çybynlaryň duş gelýän ýerine, olaryň bedeninde kesel döredijiniň doly ösmegine kömek edýän howa şertlerine baglydyr.
Dowamy
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününi belleýär. Bu gurama her ýyl adamzadyň saglygyny goramaga niýetlenen belli bir mowzugy saýlaýar. 2011-nji ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň mowzugy — mikroblara garşy niýetlenen derman serişdelerine bolan durnuklylyk. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bize şeýle duýduryş berýär:
Mikroblara garşy niýetlenen derman serişdelerine durnuklylyk: şu gün degişli çäreler görülmese, biz ertir dermansyz galarys.
Dowamy