INÇEKESEL WE SOSIAL FAKTORLAR.
Inçekesel düýpli gaýraüzülmelere getirýän infeksion kesel bolup, soňky ýyllarda bu keseliň ýayramaklygynyň ýokarlanandygy ýüze çykdy. Bize belli bolşy ýaly, bu kesel, bedeniniň kesellere durnuklylygy pes adamlarda ýüze çykýar. Ýer ýüzüniň ilatynyň 1/3 bölegi inçekesel basillasyny göterýändir. Kesel ýokuşanlaryň her 10-dan biri kesel bilen keselleýändir.
Sosial-ykdysady ýagdaýlaryň durnuksyzlygy, işsizligiň ösmegi, ilatyň migrasiýasynyň ýokarlanmagy, arakhorlyk, neşekeşlik, öýsüzlik inçekesel bilen kesellemegiň ýokarlanmagyna we onuň ýaýramagyna sebäp bolýar.
Dowamy

"Güller açylýandyr diňe suw bilen,
Toprak eçilýändir diňe suw bilen,
Suw içinde almasam-da demimi,
Ullakan bir parhym ýokdur luw bilen."
Berdinazar Hudaýnazarow.
Biziň ata-babalarymyz ene topragymyzyň bütin durkunyň täzelenmegine, Ýer togalagyndaky materiýanyň dürli görnüşleriniň hereket etmegine ýardam berýän suwy ýaşaýşyň gözbaşy hasaplap, onuň her damjasyny gymmatly derman saýyp, oňa çäksiz hormat goýupdyrlar.
Dowamy
ONKOLOGIKI KESELLER KIME HOWP SALÝAR?
Howply täze döremeleriň (HTD) gelip çykyşyny öwrenmek, olary bejermek, öňüni alyş çärelerini anyklamak, häzirki zaman lukmançylygynda iň bir wajyp meseleleriň biridir. Esasan hem keseliň öňüni alyş çärelerini bilmekligiň zerurlygyny nygtamak möhüm bolup durýandyr.
Çiş kesellerinde bedeniň käbir agzalarynda ýa-da dokumalarynda täze öýjükler saklap bolmaýan derejede köpelýär, ösýär. Agzada çiş emele gelip, ol onuň ýerine ýetirýän işini bozýar. Wagtyň geçmegi bilen ulalyp, ol töweregindäki agzalary hem gysyp, olaryň işini hem bozup biler. Şonuň ýaly ýagdaý, esasan «howply däl» çişlerde ýüze çykýar. Olar öz wagtynda ýüze çykarylyp, hirurgiki usul bilen aýrylanda, uly bir zyýan ýetirilmeýär.
Ýöne käbir ýagdaýlarda öýjükler gaty çalt köpelip, olaryň görnüşleri adaty, sagdyn öýjüklerden düýpgöter tapawutlanýar. «Howply çişler» diýip atlandyrylýan bu öýjükler bir ýerde ösüp köpelmän, ýanyndaky agzalara, hatda limfa arkaly bütün bedene ýaýraýar. Ýaýran ýerinde hem bölünip, täze çişleriň döremegine sebäp bolýar.
Dowamy

Her ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara maýyplar güni geçirilýär. Bu günüň geçirilmegi maýyplaryň durmuşda gabat gelýän kynçylyklaryna has oňat düşünip, olaryň hak-hukuklaryny durmuşa geçirmegiň ýollaryny tapmaga ýardam edýär.
Maýyplyk — bu jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmak mümkinçiligini we işjeňligi çäklendirýän islendik beden bozulmasyny aňladýan adalgadyr. Bozulmalar – bu organizmiň gurluşynda ýa-da funksiýalarynda ýüze çykýan kynçylyklardyr; hereketiň çäklendirilmegi — adamyň haýsydyr bir hereketleri ýa-da ýumuşlary berjaý etmekde çekýän kynçylyklarydyr; emma haýsydyr bir çärä, işe we ş.m. gatnaşmaklygyň çäklendirilmegi — adamyň durmuş ýagdaýlaryna gatnaşmakda çekýän kynçylyklarydyr.
Dowamy