Beýleki tarapdan: Global saglyk guramalary COVID-19-a garşy göreş tagallalarynda aç-açan iş alyp barmandyklary üçin tankytlanylýar.
Lancet komissiýasynyň eden açyşlary: Lancet-iň 40 sany eksperti döwlet baştutanlaryny "institusional rasionalizmiň we aç-açanlygyň esasy kadalaryny berjaý etmezlikde" we döwlet bähbitlerini halkara hyzmatdaşlykdan ileri tutmakda aýypladylar.
Dünýäniň geljekki pandemiýalara taýýarlygynyň ýaramazdygyny duýduryp, ekspertler paneli birnäçe maslahat berdiler:
↪ BSGG-ny ýüze çykýan ýokanç kesellere jogap bermekde baş edara edip bellemek.
↪ BSGG-nyň dolandyryş ulgamyny özgertmek we derwaýys, jedelli meseleler boýunça karar kabul etmegi goldamak üçin BSGG-nyň Global Saglyk Geňeşini döretmek.
↪ Pes we orta-girdejili ýurtlaryň maliýe, gözleg, ösüş we önümçilik kuwwatyna goldaw bermek.
Wirusyň laboratoriýadan ýaýrama konspirasiýasy: Hasabat pandemiýanyň laboratoriýadan gelip çykandygy baradaky teoriýalary hem täzeden gözden geçirdi. Şol bir wagtda, komissiýanyň başlygy we Kolumbiýa uniwersitetiniň ykdysatçysy Jefri Säksiň jedelli teoriýalary aç-açan goldamagy komissiýanyň käbir agzalaryny gaharlandyrdy.
"Beýleki birnäçe ekspertler bilen bilelikde, manysyz we bolgusyz konspirasiýa teoriýalaryny jemleýji hasabatdan daşda tutmaga kömek etdim" diýip, Baylor lukmançylyk kollejiniň wirusology we komissiýanyň agzasy Peter Hotez belleýär.
Galyberse-de: Politico gazetiniň we Germaniýanyň Welt gazetiniň bilelikdäki 7 aýlyk derňewi pandemiýa garşy göreşde 4 sany global saglyk guramasynyň möhüm rol oýnandygyny anyklady. Adatça olary hökümetler dolandyrdy, ýöne jogapkärçiligi öz üstlerine almadylar. Hasabata görä, 2020-nji ýyldan bäri The Gates Foundation, Gavi, the Wellcome Trust we The Coalition for Epidemic Preparedness Innovations guramalary COVID-19-a garşy göreşmek üçin BSGG-nyň başlangyjyny maliýeleşdirmäge 10 milliard dollar sarp etdiler. Başlangyç dowamly täzelenip duran ABŞ-ly, ýewropaly we BSGG-dan gelen işgärlerden düzülip, iň esasy maksadyna ýetmekde we waksinany deň ýaýratmak kasamynda durmakda şowsuzlyga uçrady.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.