HEREKETSIZLIGIŇ ÝOKARY BAHASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

hereketsizlikBSGG-nyň ilkinji gezek çap eden global fiziki işjeňlik hasabatyna görä, 2030-njy ýyla çenli dünýäde ýarym milliard adamda fiziki işjeňligiň kemçiligi sebäpli süýji ýa-da ýürek keseli ýaly ýokanç däl keselleri (ÝDK) ýüze çykar.

Aladalandyryjy sanlar:

↪ Ýetginjekleriň 81%-iniň we kämillik ýaşyndan geçenleriň 27.5%-iniň fiziki işjeňligi BSGG-nyň maslahat berýän derejesine laýyk gelmeýär;

↪ Maşk etmezlik her ýylda saglyk çykdajylaryny 27 milliard dollar artdyrar;

↪ Täze ÝDK hadysalarynyň 47%-i gipertoniýa sebäpli dörär;

↪ ÝDK-nyň 43%-i depressiýanyň netijesinde ýüze çykar;

↪ Gözleg geçirilen 194 ýurduň ýarysyndan hem azy milli fiziki işjeňlik syýasatyny alyp barýar, emma olardan hem diňe 40%-den azragy syýasaty doly amala aşyrýar.

Öňüni alyş: BSGG-nyň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Ghebreyesus "hökümetler gyssagly ýagdaýda bedenterbiýäni we onuň peýdalaryny öňe sürmeli" diýip belledi.

Hasabata görä, maşk etmegiň peýdalary baradaky subutnamalar ynandyryjy, tygşytly we amatly. Yzygiderli maşk etmek wagtyndan öň ölme howpuny 20%-30%-e çenli kemeldýär.

BSGG-nyň ýurtlara durmuşa geçirmegi maslahat berýän 20 sany syýasy çareleriniň käbiri: welosiped sürmegi we pyýada ýöremegi ýeňilleşdirmek üçin ýollaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak; çagalara ideg programmalarynda, mekdeplerde, iş ýerlerinde bedenterbiýäni ornaşdyrmak; jemgyýetçilik we saglyk işgärlerini ýeterlik bilim we resurslar bilen üpjün etmek arkaly ilatyň fiziki işjeňligini artdyrmak we hereketsizligi azaltmak ugrunda barlag we maslahat çärelerini ösdürmek.

  • 1208 gezek okalan