ÝALŇYZLYK EPİDEMİÝASY ÜÇIN RESEPTLER - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

ÝALŇYZLYK EPİDEMİÝASY ÜÇIN RESEPTLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

yalnyzlyk epidemiyasyÝalňyzlygyň fiziki täsirleri barada subutnamalar barha artyp, barlaglar onuň insultyň, ýürek keselleriniň we demensiýanyň ýüze çykma howpuny ýokarlandyrýandygyny görkezýär.

2016-njy ýylda "Project UnLonely" başlangyjyny ýola goýan we bu mesele boýunça täze kitap çykaran lukman Jeremi Nobeliň pikiriçe, ýalňyzlygyň fiziki täsirleriniň köpelýänligi sebäpli lukmanlara ýalňyzlygy bejermek üçin has kän protokol zerur.

Nobeliň belleýän käbir çemeleşmeleri:

Ýalňyzlygy anyklamak: PROMIS sosial çetleşme ölçegi (çagalaryň we ulularyň ruhy, fiziki we sosial saglygyna aýratynlykda baha berýän we gözegçilik edýän çäreleriň toplumy ) we UCLA ýalňyzlyk ölçegi ýaly bahalandyrmalar standart prosedura bol

Aragatnaşyk şypasy: Birleşen Patyşalykdaky "sosial resept" tejribesiniň görkezişi ýaly, lukmanlaryň köpçülikleýin çärelere ýa hyzmatlara gatnaşmagy maslahat bermegi pasiýentlerde ýalňyzlyk duýgusyny peseldip bilýär.

Sungatyň güýji: Barlaglaryň görkezişi ýaly, sungat bilen meşgullanmak adama sosial baglanyşygy duýmaga kömek edip biler.

Dykgatlylyk priloženiýeleri: Bir barlaga görä, ýörite priloženiýelerde aňyňy durlap, ähli ünsüňi häzirki pursata bermäge we özüňi bolşuň ýaly kabul etmäge gönükdirilen meditasiýalary etmek ýalňyzlygyň ýüküni ýeňletmäge kömek edip biler.

Çeşme

  • 557 gezek okalan