Soňky ýyllarda garaşsyz çeşmeler Türkmenistanda tozanly tupanlaryň turýandygy barada ýygy-ýygydan habar berýärler. Sen şeýle ýagdaýy başdan geçirip gördüňmi? Tozanly howanyň saglygyňa täsirlerinden habaryň barmy?
Türkmenistandaky tozanly tupanlar barada ylmy barlaglar näme diýýärler?
BMG-nyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) 2021-nji ýylyň awgustynda çykaran hasabatyna görä, çägeli we tozanly tupanlar Türkmenistanyň, Päkistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ilatynyň 90%-den köp böleginiň dem alýan howasyny hapalap durýar. Türkmenistanyň ekerançylyk ýerleriniň 71%-i tozanyň täsirine sezewar bolýar. Bu tozanyň düzüminde köp mukdarda duz bolup, ösümlikleri zäherleýär.
ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos gullugy (NASA) sebitde soňky ýigrimi ýylyň içinde guran ençeme kölleriň tozanly tupanlary ýitileşdirýän bolmagynyň ahmaldygyny belleýär. Çünki guran köl çöketliklerinde köp mukdarda tozan ýygnanýar we tozanly ýelleriň turmagyna alyp barýar.
Bütindünýä Banky hem 2021-nji ýyldaky hasabatynda Türkmenistanyň ýerleriniň 16%-ine orta derejeli, 6%-ine bolsa ýokary derejeli çölleşme howpunyň abanýandygyny duýduryp, onuň netijesinde tozanly tupanlaryň köpelip biljekdigini, emma bu babatda ylmy barlaglaryň ýeterlik däldigini aýdýar.
BMG-nyň Azyk we oba-hojalyk guramasynyň (FAO) tehniki ofiseri Feras Ziadat 2023-nji ýylyň noýabrynda BMG-nyň Çölleşmä garşy göreş boýunça Özbegistanda geçirilen konwensiýasynda "Çägeli we tozanly tupanlar barha ýygjamlaşyp we ýitileşip, olaryň täsiri serhetlerden aşýar. Çägeli tupanlar ekinleri we topragyň üstki gatlagyny zaýalaýar, mallara zyýan berýär şeýle-de aragatnaşyga, tok önümçiligine, transporta we önümleriň üpjünçiligine howp salýar" diýdi.
Tozanly tupan nädip döreýär?
Güýçli ýelleriň uly mukdarda tozan ýa-da çäge bölejiklerini belentliklere çykarmagy netijesinde tozanly tupan emele gelýär. Tozanly tupanlar soňky onýyllyklarda bütin dünýäde uly meselä öwrüldi. Çägeli we tozanly tupanlar planetamyzyň tebigy bio-himiki aýlawynyň esasy bölegi bolsa-da, olaryň azyndan 25 göterimine adam işjeňligi sebäp bolýar (meselem, ýeriň we suwuň tagaşyksyz dolandyrylmagy).
Çägeli we tozanly tupanlar howanyň üýtgemegine we hapalanmagyna goşant goşýarlar. Güýçli we uzaga çekýän gurakçylyk ägirt tozanly tupanlaryň has köp döremegine mümkinçilik döredýär. Tozanly tupanlar diňe bir howany hapalaman, eýsem daşarlarda görnüşi peseldýär we adamlaryň saglygyna, esasan-da öňden dem alyş meselelerinden ejir çekýänlere zyýan berýär.
Tozanly tupanlar saglyga nähili täsir edýär?
Tozan bölejikleri dürli ululykda bolýarlar. PM10 ady bilen tanalýan iri bölejikler burny, agzy we bokurdagy irizip bilýärler. Ownuk bölejikler, ýagny PM2.5 bolsa, dem alyş ýolunyň we öýkenleriň ynjyk ýerlerine, hatda gana hem düşüp bilýärler. Tozanly tupan turanda köp adam esasan gözlerde we ýokarky dem alyş ýollarynda irizmäni başdan geçirýär. Çagalar, ýetginjekler, garrylar, dem-alyş bilen bagly keselliler, ýürek we süýji keselliler welin aşakdaky alamatlary başdan geçirip bilerler:
↪ Allergik reaksiýa we demgysma;
↪ Çynlakaý dem alyş kynçylyklary;
↪ Ýürek-damar keselleri;
↪ Ömrüň gysgalmagy.
Tozanly howadan uzak wagtlap dem almak hroniki dem alyş we öýken kesellerine, şeýle-de ýürek kesellerine eltip biler.
Nädip goranmaly?
Aşaky seresaplylyk çäreleri tozanly tupan turanda goranmaga ýa-da tozanyň zyýanly täsirlerini azaltmaga kömek edip biler:
↪ Daşaryk çykmajak bol. Çykmaly bolsaň hem köp eglenmejek bol.
↪ Agzyňy we burnuňy maska ýa-da öl mata bilen ört.
↪ Aşa ýadadyjy maşklary etmekden saklan, esasan hem demgysmaň, süýjüligiň ýa-da dem alma kynçylygyň bar bolsa.
↪ Gapylary we penjireleri ýapyk ýerde otur.
↪ Mümkin bolsa kondisionerli ýerde otur.
↪ Ýolda bolsaň ulagyňy haýal sür we görüş juda ýaramazlaşsa gyra çekilmäge taýýar bol.
↪ Howany tozanlandyrýan işleriňi soňa goý.
Eger dem alşyň kynlaşmagy, üsgülewük, öýkenlerde hyžžyldy ýa-da döşde agyry ýaly simptomlar ýüze çyksa lukmana ýüz tut.