TÄJIGISTAN AIW ÝOKUŞDYRMAGY JENAÝATÇYLYKDAN ÇYKARMAKDA ÖŇE ÄDIM ÄDÝÄR
2023-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Täjigistanyň ýokary kazyýeti AIW ýokançlyklaryna garamak işi barada möhüm karary kabul etdi. Bu karara görä, ýurduň kazyýetleri AIW ýokuşdyrandygy üçin jenaýata çekilme işlerine seredenlerinde halkara kadalara we maslahatlara eýermeli bolarlar. Bu kadalaryň içine UNAIDS we BSGG tarapyndan öňe sürülýän "anyklap bolmaýar = ýokuşdyryp bolmaýar" düşünjesi hem girýär: ýagny, eger AIW bilen ýaşaýan adam antiretrowirus bejergisini alýan bolsa we bedeninde wirusyň mukdary anyklap boljak derejelerden pes bolsa, onda ol AIW keselini başgalara ýokuşdyryp bilmeýär.
Ýurtda has adalatly kanunçylyga tarap ädilen bu ädim Baş kazyýetiň raýat jemgyýeti guramalary, UNAIDS, UNDP we AIDS, inçekesel we malýariýa bilen göreşmek boýunça Global Gazna bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň netijesidir.
Häzirki wagtda Tajigistanyň Jenaýat kodeksiniň 125-nji maddasyna görä, adama AIW ýokuşdyrana ýa-da ýokuşma howpuna salana 2 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilme, özünde keseliň bardygyny bilip, bilkastlaýyn başga adama AIW ýokuşdyrana bolsa 5 ýyla çenli türme jezasy berilýär. Bu jezalandyryjy kanunlar soňky 10 ýylda ýurtda täze AIW hadysalarynyň 20% artmagyna getirdi. Kanuny jogapkärçilige çekilýänleriň hem 70%-i aýallardyr. AIW bilen ýaşaýan aýallara öýdäki zorluga, biabraýçylyga we diskriminasiýa sezewar bolma howpy hem abanýar. Olar AIW statuslarynyň aýan bolmagyndan we jezalandyrylmakdan gorkup, kazyýetlere adalatyň dikeldilmegi üçin ýüz tutup hem bilmeýärler.
"Bu täze karar umyt berýär, çünki bu häzirki kanunlaryň has adalatly ulanylmagyna ýol açýar, emma bu täze kanunlary döretmeýär ýa-da Jenaýat kodeksini üýtgetmeýär. Şonuň üçin-de, Jenaýat kodeksini üýtgetmäge we AIW ýokuşdyrmagy ýa-da ýokuşma howpuna salmagy jenaýatçylykdan çykarmaga çagyrmagy dowam etmek wajypdyr" diýip, Tajigistanda AIW bilen ýaşaýan aýallar torunyň ýolbaşçysy Tahmina Haýdarowa belleýär.
UNAIDS