DIŞLERIŇI ÝUWMAK ÜÇIN ÝENE BIR SEBÄP
JAMA Internal Medicine žurnalynda çap edilen ylmy derňewe görä, hassahanada örän ýarawsyz ýatan syrkawlaryň içinde dişlerini günde iki gezek çotgalap ýuwýanlary pnewmoniýa (öýken sowuklamasy) bilen has az keselleýärler.
Barlagda 2800 sany örän ýarawsyz syrkawy öz içine alýan 15 dürli synaglaryň netijeleri derňeldi. Ol synaglaryň ählisinde hem günde dişini ýuwýan syrkawlar bilen ýuwmaýanlaryň soňky düşen ýagdaýlary deňeşdirilipdi. Günde iki gezek dişlerini çotgalap ýuwýan syrkawlaryň:
↪ hassahanada wagty pnewmoniýadan ejir çekme ähtimallygy 33% pes çykdy;
↪ reanimasiýada ölme ähtimallygy 19% peseldi;
↪ reanimasiýadan has çalt çykyp bildiler.
Syrkawlaryň hassahanada näçe wagtlap galandygy ýa-da hassahanada wagtlary antibiotikleri kabul edip-etmändikleri pnewmoniýa hadysalarynyň mukdaryna täsir etmedi. Şeýle-de, dişiňi günde 3 ýa ondan köp gezek ýuwmagyň peýdalary 2 gezek ýuwmagyň berýän peýdalaryndan tapawutlanmady we artmady.
Dişiňi ýuwmak nädip hassahanada döreýän pnewmoniýanyň öňüni alyp bilýär?
Muňa düşünmek çylşyrymly däl. Hassahana düşen syrkawlaryň köpüsi mikroblaryň dem bilen agza düşmegi netijesinde pnewmoniýa sezewar bolýarlar. Mikroblaryň 700-den köp dürli görnüşi bolup, olaryň içine bakteriýalar, kömelekler we wiruslar hem girýär. Eger syrkaw ýörite turbajygyň kömegi bilen dem almaly bolsa, onda pnewmoniýanyň döremegi üçin şertler has oňaýly bolýar, çünki dem alyş turbajygy bokurdaga salnanda ol agyzdaky bakteriýalary dem alyş ýolunyň has içine dogry äkidip bilýär.
Hassahanada däl adamlar üçin dişleri ýuwmak nähili derejede möhüm?
Eger-de sen bu derňewiň netijeleri diňe hassahanada ýatan adamlara degişlidir öýdýän bolsaň, ýene bir gezek oýlan. Bu netijeler dişlere we dişleriň etine ideg etmegiň her bir adam üçin nähili wajypdygyny tassyklaýar. Çünki takmynan 300 sany kesel we saglyk bozulmasynyň bir gyrasy agyz boşlugynyň saglygyna direýär. Agyz boşlugyna ýeterliksiz ideg edilmegi käbir saglyk meseleleriniň döremegine ýol açýan bolsa, käbir keselleri beterleşdirýär. Meselem, diş etiniň keselleri we çüýreýän dişleri bolan adamlaryň infarkt bolýanlary has kändir. Ýa-da bolmasa, diş etiniň kesellerini gözegçilikde saklamaýan adamlar ganyň düzümindäki şekeri hem gözegçilikde saklamakda kynçylyk çekýärler.
Çeşme