KEMÇILIKLI RAK DERMANLARY 100-DEN GOWRAK ÝURDA ÝAÝRAN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

kemcilikli rak dermanlaryDünýä ýüzünde iň köp ulanylýan himioterapiýa dermanlary hil barlaglaryndan geçmedi. Bu nämäni aňladýar? Dünýäniň 100-den köp ýurdunda rak keselli syrkawlar bejergileriň netije bermezlik ýa-da ölüm howply gaýraüzülmelere eltmek howpy astynda ýaşaýarlar.

Bu barlagdan geçirilen dermanlar köp duş gelýän raklaryň (göwüs ragy, ýumurtgalygyň rak keseli, leýkemiýa ýa-da leýkoz) ençemesini bejermekde möhüm rol oýnaýarlar. Dermanlaryň käbirinde içinde bolmaly esasy ingrediýentler şeýle az möçberde ekeni welin, olary syrkawlara bereniň bilen bermäniň tapawut etmejekdigini hünärmenler aýdýarlar. Käbir dermanlaryň düzüminde bolsa işjeň ingrediýentler aşa köp mukdarda bolup, olar syrkawa organ zaýalanma ýa-da ölüm howpuny salýarlar.

Standartlara laýyk gelmeýän bu rak dermanlary diňe Efiopiýa, Nepal we Malawi ýaly garyp ýurtlarda däl, eýsem ABŞ, Birleşen Patyşalyk we Saud Arabystan ýaly baý döwletlere hem ýaýran.

Kemçilikli dermanlaryň köpüsiniň Hindistanda öndürilýändigi hem mälim boldy.

Birnäçe ýurduň lukmanlary eýýäm gürrüňi edilýän dermanlaryň güýjüniň aşa pesdigine ýa-da aşa ýokary bolup, näsaglary zäherleýändigine nägilelik bildirdiler.

Bu ýagdaý öndürijilere girizilen global düzgün-kadalaryň uly kemçiliklerini açyp görkezýär.

Zabun kesel

Rak keseli ýylda 10 milliona golaý adamyň janyny alyp, dünýäde iň köp ölümçilige sebäp bolýan keselleriň biridir. Keseliň salýan ýitgisi esasan-da pes we orta-girdejili ýurtlarda ýyl-ýyldan agralýar. Dünýäde bu kesel üçin iň zerur bolan dermanlara "umumy rak dermanlary" diýilýär. Bu dermanlary ilkinji çykaran öndürijiniň wagtlaýyn hukuklarynyň möhleti dolansoň, ony başga öndürijilere hem çykarmaga rugsat berilýär – şeýle edilende dermanlary has amatly bahadan çykaryp bolýar. Ýokarda agzalýan dermanlaryň ählisi şu umumy dermanlara degişlidir.

Umumy rak dermanlary ähli ýurtda giňden ulanylsa-da, az resursly we gymmat bahaly dermanlara köpçüligiň ýagdaýynyň ýetmeýän ýurtlarynda olaryň ähmiýeti has uly bolup galýar.

Himioterapiýada ulanylýan dermanlaryň rak öýjüklerini güýçden gaçyrýan işjeň ingrediýentleri örän zäherli bolýar. Şonuň üçin bu dermanlaryň mukdaryny ragy gowşatjak emma syrkawy zäherläp kösemejek derejede ölçäp ulanmaly bolýar. Saglyk işgärleri dermany ölçemek üçin hem dermanyň ýüzündäki kagyzynda ýazlan sanlara bil baglamaly bolýarlar.

Ýakynda çap edilen ylmy derňewde bu aktiw ingrediýentleriň mukdary 7 dürli umumy rak dermanlarynda ölçenilip barlanyldy: sisplatin, siklofosfamid, doksorubisin, ifosfamid, leýkoworin, metotreksat, oksaliplatin – bu dermanlaryň ählisi BSGG tarapyndan esasy dermanlar diýlip kabul edilendir. Derňelen 189 nusganyň her bäşden biri hil barlagyndan geçmedi. Halkara standartlar bilen deňeşdirilende, kemçilikli çykan dermanlaryň köpüsiniň düzüminde aşa az işjeň ingrediýent bolup, käbirinde aşa köp mukdarda işjeň ingrediýent tapyldy.

  • 264 gezek okalan