• Makalalar
  • COVID-19
  • COVID-19 TARAPKEŞLIK ETMEÝÄR. BIZ HEM ETMELI DÄL.

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

COVID-19 TARAPKEŞLIK ETMEÝÄR. BIZ HEM ETMELI DÄL.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.78 (9 Ses)

Covid 19 tarapkeslikHormatly okyjy,

Biz Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş Ministrliginden COVID-19 krizisi barada aýdyň we takyk maglumat almak ugrunda synanyşyklarymyzy dowam edýäris. Bu baradaky soňky täzeliklerden seni habardar etmek isleýäris.

Soňky dört aý bäri Saglyk.org ilata COVID-19 barada ygtybarly maglumatlary ýetirip gelýär. 2020-nji ýylyň 28-nji fewralynda biz Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri jenap Nurmuhammet Amannepesowa hat ýazdyk. Hatymyzda COVID-19 barada köpçüligi gyzyklandyrýan soraglary belläp geçdik. Şeýle-de, Saglyk Ministrliginiň ilat bilen ýakyn aragatnaşyk saklamazlygynyň biziň her birimize, maşgalalarymyza, we jemgyýetimize ýetirýän täsirleri barada ýazdyk. Biz Ministrlige COVID-19 temasynda ilat bilen aragatnaşygy berkitmäge kömek etjek anyk maslahatlary hödürledik. Biz bu ugurda sebitdäki iň gowy tejribeleri paýlaşyp, öz kömegimizi hem teklip etdik. Saglyk Ministrligi hatymyza jogap bermedi. Biz haty halamak we paýlaşmak arkaly goldaw görkezenleriň her birine minnetdarlyk bildirýäris.

2020-nji ýylyň 11-nji maýynda biz Saglyk ministri Nurmuhammet Amannepesowa; BSGG-nyň Ýewropadaky sebitleýin müdiri Hans Kluge; Türkmenistandaky BSGG wekili we döwlet ofisiniň müdiri Paulina Karwowska; Türkmenistandaky BMG-nyň rezident kordinatory Elena Panowa ýene bir hat ugratdyk. Haty şu ýerde okap bilersiň. Bu hatymyzda biz BSGG hünärmenleriniň ýurda gelmegine garaşýan Saglyk Ministrligine we halkara guramalara anyk maslahatlary teklip etdik.

2020-nji ýylyň 11-nji maýynda hanym Elena Panowa mylakatlylyk bilen BMG-nyň Türkmenistanda alyp barýan işleri dogrusynda jaňlaşyp gürleşmäge isleg bildirdi. 13-nji maýda biz hanym Panowa bilen gysga bolmadyk söhbetdeşlik geçirdik. Söhbetdeşlikde hatymyzda belläp geçen meselelerimizi giňişleýin ara alyp maslahatlaşdyk. Biziň jemgyýetimiz barada edýän aladamyzy we haýyşymyzy jogapsyz goýmadyklary üçin Türkmenistaky BMG ofisine minnetdarlyk bildirýäris.

BSGG hünärmenleri 2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistana syýahata taýýarlanyp başladylar. Biz taýýarlygyň heniz hem dowam edip durandygyna düşünýäris. Emma, gynansakda, COVID-19 hiç ýere gitmeýär we hiç kimiň planyna garaşmaýar. Biz soňky hepdelerde Aşgabatda "atipiçnaya pnewmoniýa" bilen kesellän näsaglar barada tassyklanylmadyk habarlary eşidýäris. Biz bular COVID-19 hadysalarymyka diýip aladalanýarys. Şeýle-de, bizi bu hadysalara nähili çemeleşilişi alada goýýar. Bu epidemiologik mesele barada hökümetiň dymmagy adamlarda uly howsala döredip, hakykaty bilmekden has agyr degip biler.

Biz, şeýle-de, lukmançylyk işgärleriniň köp ýyl bäri işde ulanmaly maskalaryny özleriniň satyn almaly bolýandygy barada eşitdik. Hassahanalar olary maska ýa-da beýleki goraýjy esbaplar bilen üpjün etmeýär. Bu ýagdaý bolsa, ilkinji kömek işgärleriniň we jemgyýetiň saglygyny goraýjylaryň janyny howp astynda goýýar. Entek hem, bular ilaty aladalandyrýan ýagdaýlaryň ujypsyz bölegi.

Biz ýurdumyzda hiç hili COVID-19 hadysasynyň ýokdugyna ynanmak isleýäris, emma adamlaryň ynanjyny gazanmak wagtly-wagtynda barlag geçirmegi we ilata anyk maglumatlary habar berip durmagy talap edýär. Goşmaça maglumat bermezden "bizde bu kesel ýok" diýmek jemgyýetde gorky we ynamsyzlyk döredýär.

Biz Saglygy Goraýyş Ministrliginden mediýa we ilata olaryň saglygy we howpsuzlygy barada ideologiýa däl-de, ylmy faktlara esaslanýan maglumatlary ýetirip durmagyny soraýarys.

Biz Türkmenistandaky halkara guramalardan ylma we logika ters gelýän tejribelerden boýun towlamaklaryny soraýarys. Biz olardan diňe syýasy habarlary däl-de, COVID-19 barada ilata düşnükli we peýdaly maglumatlarydyr täzelikleri çap edip we paýlaşyp durmaklaryny soraýarys. Şeýle-de, biz senden we her bir türkmen raýatyndan bu haýyşymyzy goldamagyňy soraýarys. Çünki sen hakykaty bilmäge mynasyp.

Hormat bilen,
Saglyk

BU PIKIRLERI NÄDIP GOLDAP BILERSIŇ?

1. Bu haty öz tanyş-bilişleriň bilen paýlaş;

2. Bu haty sosial mediýada paýlaş;

3. Saglyk Ministrliginiň COVID-19 gyzgyn liniýasyna jaň et (73-95-35) we sora:

◉ Ýurdumyzda nähili görnüşli COVID-19 barlaglary geçirilýär?

◉ Häzire çenli näçe sany barlag geçirildi?

◉ Her welaýatdaky hassahanalaryň, laboratoriýalaryň göwrümi nähiliräk?

◉ Wirusyň alamatlaryny görkezmeýän, emma barlagy pozitiw çykan näçe adam bar?

◉ Ýurdumyzdaky karantin çäreleri nähili?

IŇLIS GÖRNÜŞI

  • 728 gezek okalan