• Makalalar
  • COVID-19
  • SAGLYK, BSGG WE COVID-19 (HATLAR)

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SAGLYK, BSGG WE COVID-19 (HATLAR)

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.55 (11 Ses)

SaglykToWHO

Gadyrly okyjy,

BSGG-nyň ekspertler missiýasy 7-nji iýulda Türkmenistana bardy. Biz Siz bilen BSGG-nyň iş toparyna iberilen hatlaryň we jogaplaryň doly görnüşini paýlaşýarys.

 

Gyssagly: Türkmenistan we COVID-19 (email)

9-njy iýul, 2020

Kime: BSGG-nyň Ýewropa boýunça sebit bölüminiň adatdan daşary meseleler boýunça baş hünärmeni, Türkmenistanda BSGG-nyň COVID-19 boýunça wekilýetiniň başlygy doktor Katrin Smolwuda

Kime: WHO Turkmenistan, WHO Europe, UN Turkmenistan, UN HQ, USAID, the World Bank, the US Embassy in Turkmenistan, the Global Fund, WHO Kazakhstan, Uzbekistan, Tajikistan and Kyrgyzstan.

Gadyrly Dr. Smolwud,

Soňky 5 aýyň içinde, Saglyk.org COVID barada türkmen dilinde ýeketäk ylma esaslanýan maglumat çeşmesi bolup gelýär. Biz BSGG-nyň COVID baradaky materiallaryny ulanyp, BSGG-nyň Türkmenistandaky işini ýerine ýetirip gelýäris. Gynansakda, BSGG-nyň Aşgabatdaky ofisiniň başlygy hanym Karwowska we onuň işdeşleri biziň barlygymyzy hem kabul etmeýär. Biz olara birnäçe hat ugratdyk, olar bilen ençeme maglumat paýlaşdyk we öz kömegimizi teklip etdik. Onuň dymmasy bizi örän biynjalyk etdi. Biz BSGG we BMG bilen ýurdumyzdaky COVID we oňa jogap bermäge taýýarlyk meseleleri barada gürrüňdeşlik we hyzmatdaşlyk açmak isledik. Olaryň hatlarymyzy jogapsyz goýmagy bolsa bizi örän kemsitdi. Emma, biz bu gün BSGG-nyň Türkmenistanda iş ýerine ýetirişi barada gürrüň etmek üçin ýazmaýarys.

Biz size soňky hepdelerde COVID barada ilatdan bize gelip gowuşýan habarlaryň we soraglaryň has köpelendigini aýtmak üçin ýazýarys. Biziň Türkmenistandaky okyjylarymyz, maşgalalarymyz, we dost-ýarlarymyz COVID keseliniňkä meňzeş alamatlary başdan geçirýändiklerini habar berýärler. Olar bizden Türkmenistanda COVID hadysasynyň bardygy ýa ýokdugy barada soraýarlar. Şeýle-de, olar nirede we nädip barlagdan geçip bolýandygyny bilmek isleýärler. Adamlar antibiotikler ýa-da bu kesel üçin maslahat berilmeýän dermanlar bilen öz-özlerini bejermäge çalyşýarlar. Pnewmoniýa bilen kesellän näsaglar lukmançylyk hyzmatlarynyň we lukmançylyk merkezleriniň hiliniň pesdigi sebäpli hassahanadan doly sagalman çykýarlar. Hassahanalarda COVID alamatly näsaglar bilen beýleki näsaglar aýralanmaýar. Şeýle-de, hassahanalarda COVID barlaglary örän az geçirilýär. Lukmanlar howpsuzlyk we COVID bejeriş protokolyndan bihabar. Olar ýaramasalar işden galmaga rugsat berilmeýär we şahsy gorag esbaplaryny özleri satyn almaly bolýarlar.

Ilatyň barha artýan howsalasy hem-de biziň soňky 5 aýyň içinde Saglygy goraýyş ministrligi, BSGG we BMG bilen habarlaşma synanyşyklarymyzyň başa barmazlygy biziň şeýle netijä gelmegimize sebäp boldy: hökümet operatiw taýdan COVID hadysalaryny anyklamaga, derňemäge, we hasaplamaga, şeýle hem, oňa halkara tejribelere görä jogap bermäge taýýar däl. Bilşiňiz ýaly, taýýarlyk wajyp rol oýnaýar. Soňky 5 aýyň içinde, biziň ilat aragatnaşygy, öňüni alyş kampaniýalary, anyklaýyş we barlag hakyndaky soraglarymyza siziň işdeşleriňiz diňe "Türkmenistanda hasaba alnan COVID hadysasy ýok" diýip jogap berýärler. Biz ýurtdaky COVID protokollary, anyklamak we yzarlamak üçin gözegçilik ulgamlary, laboratoriýa barlaglary we infeksiýa çäreleri barada halka elýeter maglumatlary gözläp tapyp bilmedik. Bu bolsa biziň BSGG-nyň mediýada gürrüňini edýän COVID taýýarlygynyň operatiw däl-de, diňe kagyz ýüzündäki teoretiki meýilnamadygyna ynanmagymyza itergi berýär.

Ilat wirusa düşünmeýär we Saglygy goraýyş ministrligi ilata goranyş çäreleri (sosial daşlaşma, maskalar, çetleşme) barada maglumat bermedi. 5 aýlap ilaty hiç zatdan habarsyz saklanyndan soňra, häzir hökümet maskalaryň maksady barada ilata nädogry maglumat berýär. Ministrlik maskany "howa hapalanmasyndan" goranmak üçin geýmelidigini aýdýar. Bu maska kampaniýasy siziň ýurda gelmegiňiz bilen başladyldy. Ýurda BSGG hünärmenleriniň aprelde gelmän iýulda gelendigi, ýurtda taýýarlyk wagtynyň bisarpa tutulandygy, siziň ofisiňiziň dymyşlygy we perwaýsyzlygy, indi bolsa Ministrligiň berýän bulaşyk habarlary halka örän agyr degýär. Ilat bilen ylma we faktlara esaslanýan aragatnaşyk ýola goýulmasa, Türkmenistanda COVID-19 wirusynyň tiz ýaýrama ähtimallygy örän ýokary.

BSGG-nyň ýurtda COVID-19 wirusynyň bardygyny tassyklamagy üçin näçe adam COVID-19 bilen kesellemeli?

Siziň özüňiz hem lukmançylyk professionaly we alym. Şonuň üçin, biz arzymyzy diňlärsiňiz diýip umyt edýäris. Bize aýdyň däl, syýasylaşdyrylan jogaplary bermezligiňizi haýyş edýäris. Türkmenistanyň ilaty akylly, ylma daýanýan düşündirişe, COVID taýýarlygy we jogap beriş meýilnamasy hakynda bilmäge, hem-de aýdyň habarlary alyp durmaga mynasyp.

Biz sizden, uzak garaşman, ýurtda COVID-yň bardygyny we BSGG-nyň hökümet hem-de ilat bilen açyk hyzmatdaşlyk etmek arkaly bu saglyk krizisine çäre görjekdigini ykrar edip, bu betbagtçylygy duruzmagy we Türkmenistanda ynsan ölümçiliginiň öňüni almagy haýyş edýäris.

Sag boluň. Biz siziň tiz jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Saglyk topary

 

10-njy iýul, 2020

Mähriban Jahan,

Biz siziň emailiňizi kabul etdik we sebitdäki işdeşlerimiz bilen habarlaşýarys. Biz size ýakyn wagtda habar ýetireris.

Hormatlamak bilen,

Smailbegovic Amna

Mediýa Gatnaşyklary

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy

 

10-njy iýul, 2020

Mähriban Amna,

Bize duýduranyňyz we sözümizi degişli adamlara ýetirmäge kömek edýäniňiz üçin size minnetdarlyk bildirýäris. Email ugradylanlaryň içinden diňe siz hatymyzy alandygyňyzy tassykladyňyz. Eger tiz wagtda jogap almasak, biz bu haty mediýadaky hyzmatdaşlarymyz we okyjylarymyz bilen paýlaşmaly bolarys.

Sag boluň,

Jahan

 

11-nji iýul, 2020

Mähriban hanymlar we jenaplar,

Eger tiz wagtda jogap almasak, biz bu haty mediýadaky hyzmatdaşlarymyz we okyjylarymyz bilen paýlaşmaly bolarys. Siziň dymmagyňyz ilat arasynda nädogry maglumatlaryň ýaýramagyna we düşünişmezlige ýol açýar. Ýurtda pnewmoniýa bilen keselleýänler barha köpelýär. Olar maglumat gözläp bize ýazýarlar. Muňa gyssagly çäre görülmeli. Siz ýeke söz bilen ilata ýüzlenmeli: Türkmenistanda COVID-19-yň has beter ýaýramagynyň öňüni almak üçin maska dakynmaly, sosial daşlyk saklanmaly we eller ýygy-ýygydan ýuwulmaly.

Biz siziň jogabyňyza garaşýarys.

Sag boluň,

Jahan

 

11-nji iýul, 2020

Mähriban Jahan,

Türkmenistandaky pnewmoniýa hadysalary BSGG-ny ünjä goýýar. Siziň bilşiňiz ýaly, şu wagt BSGG-nyň COVID-19 boýunça wekilýeti Türkmenistanda saparda. Saparyň nähili geçjekdigi hakyndaky beýannama biziň websaýtymyzda goýlan. Saparyň netijeleri barada jikme-jik maglumatlar sapar tamamlanansoň ýetiriler.

Şeýle hem, BSGG ähli ýokuşýan keseller üçin zerur çäreleri ýola goýmagy maslahat berýär. Olaryň içine kesellänleriň çetleşdirilmegi, kontakt yzarlamak, karantin, gerek adamlara gowy hilli hassahana kömegini bermek, we COVID-19 bar ýaly, ilat saglygyny goramaga degişli çäreleri görmek girýär.

Metbugat Ofisi

BSGG-nyň Ýewropa boýunça Sebitleýin Ofisi

 

11-nji iýul, 2020

Biz sizden "Türkmenistandaky pnewmoniýa hadysalary BSGG-ny ünjä goýýar" (soňky emailiňizde nygtaýşyňyz ýaly), we hökümet ‘COVID-19 bar ýaly’ hereket etmeli” diýip, halka yglan etmegiňizi soraýarys. Iýulyň 7-sinden bäri BSGG bilen ilatyň arasynda mazmunly aragatnaşyk bolup geçmedi. Aşgabatdaky BSGG-nyň ilat bilen 25 ýylky aragatnaşygyny göz öňünde tutup, biz ilata üýtgeşik mazmunly maglumatyň beriljegine şübhelenýäris. Halk örän kösenýär we nirä ýörejegini bilmeýär. Maska ulanmakdan başga, Türkmenistanda ilata ylma esaslanýan maglumat berilmeýär, sosial daşlaşma we şahsy çetleşme talap edilmeýär, COVID barada toslamalar paş edilmeýär. Biz sizden syýasy bellikleri däl-de, BSGG-nyň we hökümetiň COVID barada jikme-jik edýän işlerini görkezmegiňizi haýyş edýäris. Ähli çäreleriň nähili geçirilýändigi barada jikme-jik maglumatlary bermegiňizi haýyş edýäris. Ilat kömek sorap bize ýüzlenýär. Bular ýaly söz oýunlarynyň alyş-çalyşygy diňe meseläni has-da syýasylaşdyrýar. Bu häzir biz üçin ölüm we dirilik meselesi ahyry.

 

12-nji iýul, 2020

Mähriban Jahan, men siziň ýokarky hatlaryňyza jogap ýazýaryn.

BSGG Türkmenistana döwlet häkimýetleri bilen bilelikde ilaty COVID-19-dan goramak maksady bilen sapara bardy.

Biziň mandatymyz dogry derejede gerekli çäreleri geçirmek üçin maslahat bermek: COVID-19 töwekgelçiliklerini ölçemek we şoňa görä maslahat bermek üçin wagt we mümkinçilik möhümdir. Şonuň üçin hem, biz gelen netijelerimizi saparymyzyň soňunda paýlaşyp bileris.

Biz kömek etmek üçin elimizden gelenini ederis, we biz bütin jemgyýetiň tagallalarymyzy goldaýandygyna ynanýarys.

Hormat bilen,

Kristina Salvi,

Daşary Gatnaşyklar Programma Menejeri

Adatdan Daşary Saglyk Ýagdaýlary & Ýokanç Keseller

BSGG/Ýewropa

 

13-nji iýul, 2020

Mähriban Kristina,

Şu emailiň Dr. Smolwuda we onuň toparyna baryp ýetendigini tassyklap bilersiňizmi? Biz birek-biregi eşitmeýäris. Ilat bilen hökümetiň arasynda ynam we aragatnaşyk ýok diýen ýaly. Şol ynamy gazanmak üçin, BSGG ilat bilen ilatyň öz dilinde aragatnaşyk edip, adamlary edýän işlerinden habardar etmeli. Biziň soňky 5 aýdaky ýakyn gözegçiligimiziň we material döredijiligimiziň (biz türkmen dilinde COVID-19 maglumatlaryny çykarýan ýeketäk çeşme) netijeleri Aşgabatdaky BSGG-nyň jogap bermeýändigini we hiç zada taýýarlyk görmändigini görkezýär. Ýekeje sapar bilen uzak wagt bäri dowam edip gelýän saglygy goraýyş sektorynyň dolandyrylyşyndaky meseleler we BSGG-nyň Türkmenistandaky iş alyp barşy üýtgär diýip pikir etmek hakykatdan daş düşdügimiz bolar. Siz mediýa adamy hökmünde, bize umumylaşdyrylan jogaplary berýärsiňiz. Bize bolsa, gorky, näbellilik, we howsala astynda galan ilatdan soraglar ýagýar.

Biziň häzire çenli dürli çeşmelerden habar almakda synanyşyklarymyz:

↪ 27-nji fewral – Saglygy goraýyş ministrligine hat, jogap ýok.

↪ 11-nji maý – Ministre, BSGG-a, BMG-a, we Dr. Kluga hat, (emaile berkidilen) jogap ýok.

↪ Ministrligiň pes hilli gurnalan COVID sahypasyny gowulandyrmak üçin maslahatlar, jogap ýok.

↪ Bu ýerde hem, biziň raýatlar topary bolup, Aşgabatdaky BSGG-dan we Saglyk Ministrliginden hiç hili gyzyklanma, hyzmatdaşlyk, we ýol görkezme bolmazdan eden işlerimiz. BSGG COVID barada türkmen dilinde hiç hili maglumat çykarmady.

Siz öz doglan ýa-da ýaşaýan ýurduňyzda COVID barada esasy maglumatlary almak üçin şeýle zatlary etmeli bolýarsyňyzmy?

Sag boluň,

Jahan

HATLARYŇ ASYL NUSGASY (IŇLIS DILINDE)

  • 1934 gezek okalan