• Makalalar
  • COVID-19
  • TÜRKMENISTANDA GÜÝÇLENDIRIJI СOVID-19 SANJYMLARY (TÄZELENEN - 02.2022)

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMENISTANDA GÜÝÇLENDIRIJI СOVID-19 SANJYMLARY (TÄZELENEN - 02.2022)

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

tkm booster dose

Türkmenistanyň Saglyk ministrliginiň saýtynda Covid-19 waksinalarynyň "güýçlendiriji" (buster) dozalary (3-nji doza) barada ilata hiç hili maglumat we düşündiriş berilmeýär. Ýurduň waksinasiýa meýilnamasy aýan edilmeýär.

BSGG-nyň maglumatlaryna görä: Türkmenistanda kesellänler: 0, ýogalanlar: 0, berlen waksina dozalary: 7,580,976 (awgust 2021). Ilata sanjylan waksinalaryň 600 müň dozasy Sputnik V diýip habar berilýär. Onda, galan sanjymlaryň aglaba böleginiň Hytaýda ödürilen waksinalardygyny çaklap bolar. Resmi mediýada BSSG-nyň ýurduň waksinasiýasyna degişli sanlary berilmeýär.

BSGG görä, Türkmenistanda:

↪ COVID-19-a garşy waksinasiýa 2021-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlandy we maglumat soňky gezek 29-njy awgustda täzelendi.

↪ Ilatyň 72,53% waksinanyň birinji dozasyny we ilatyň 53.16% 2 dozasyny aldy.

↪ Ýurtda waksinanyň 3-nji "güýçlendiriji" dozasynyň berlip başlandygy we ony ilatyň näçe göteriminiň alandygy barada heniz hiç bir maglumat çeşmesinde habar berilmedi.

Sputnik Lt

↪ 2021-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi "Sputnik Laýt" sanjymyny hasaba aldy. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň çaklamasyna görä, hut şu waksina Türkmenistanda güýçlendiriji doza hökmünde ulanylar.

↪ 2021-nji ýylyň dekabrynda "Sputnik Laýt"-yň ilkinji partiýasynyň 10 mün dozasy Russiýa tarapyndan Türkmenistana sowgat berildi.

↪ 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda "Sputnik Laýt" waksinasynyň ikinji partiýasyndan 800 müň waksina Türkmenistana getirildi. Bularyň 300 müň dozasy tölegsiz esasda üpjün edildi, emma ilki başda sowgat berlen 10 müň dozanyň bu sanyň içine girýändigi ýa girmeýändigi belli edilmeýär.

↪ 2021-nji ýylda Russiýa Türkmenistana "Sputnik V" sanjymynyň 600,000 dozasyny we az mukdarda EpiVacCorona (anyk sene, san berilmeýär) sanjymlaryny iberdi. BSGG "Sputnik V" waksinasyny heniz hem tassyklamady.

Hytaýyň waksinalary

5-nji fewral, 2022-nji ýyl: Hytaý Türkmenistana koronawirus sanjymynyň 5 million dozasyny iberer. Sanjymyň ady we nyrhy barada maglumat berilmeýär.

Güýçlendiriji 3-nji dozalar haçan berlip başlanar?

Güýçlendiriji waksinanyň Türkmenistanda nähili, nirede we näwagt ulanyljakdygy barada milli habar beriş serişdelerinde anyk maglumatlar berilmedi we berilmeýär.

Hronikatm, 1-nji fewral: 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan başlap Aşgabatda 65 ýaşdan uly bolan pensionerlere 3-nji doza waksina urlup başlanar;

Turkmennews, 2-nji fewral: 3-nji doza welaýatlar arasynda deňsiz şekilde urulýar. Aşgabatda 65 ýaşdan ululara berilýän bolsa, käbir welaýatlarda heniz lukmanlara hem urulmandyr;

Azathabar, 20-nji ýanwar: "şu ýylyň ilkinji günlerinden başlap saglyk işgärlerine, polisiýa wekillerine, aeroportlaryň we başga-da birnäçe edaranyň işgärlerine COVID-19 sanjymynyň ýene bir dozasynyň edilendigini habar berdiler. Indi waksinanyň üçünji dozasyny mekdep mugallymlarynyň we çagalar baglarynyň işgärleriniň almagyna garaşylýar";

Azathabar, 2-nji fewral: "Aşgabatda ýaşy 65-den geçen adamlara, şeýle-de mugallymlara, polisiýa işgärlerine we medisina işgärlerine gaýtadan waksina edilýär. Sanjym üçin Russiýanyň "Sputnik Laýt" sanjymy ulanylýar".

Ýatlatsak

Türkmenistanyň çäginde COVID-19-a garşy jemi 6 sany waksina hasaba alnan we ulanylýar:

↪ Sputnik V (Russiýa);

↪ EpiVacCorona (Russiýa);

↪ CoviVac (Russiýa);

↪ Biowak/Sinopharm (Hytaý);

↪ CoronaVac/Sinovac (Hytaý);

↪ AstraZeneca (Britaniýa-Şwesiýa).

Türkmenistandaky ulanylýan we tassyklanan 6 waksinanyň arasynda diňe Sinopharm, Sinovac we AstraZeneca waksinalary BSGG tarapyndan tassyklanan.

Haýsy waksina gowy?

1. Sputnik V waksinasynyň "Sputnik Laýt" görnüşi Russiýada güýçlendiriji hökmünde urulmaga başlandy. Waksinanyň synaglarynyň 1-nji we 2-nji etaplarynyň netijeleri meşhur lukmançylyk žurnaly "The Lancet"-de çap edildi. Russiýa bu waksinanyň 79.4% täsirlidigini aýan etdi, emma synaglaryň jikme-jiklerini we täsirliligiň näçe wagtlap dowam edýändigini çap etmedi. Şeýle-de bolsa, bu san ygtybarly däl, sebäbi "Sputnik Laýt" synaglarynda ýekeje dozany alan adamlar gözegçilik (kontrol) topary bilen deňeşdirilmedi. Mundan başga-da, başga alymlaryň, toparlaryň gatnaşmagyndaky möhüm gözden geçiriş prosesi entek bu synaglaryň netijelerini tassyklamady. Argentinada bu waksinanyň täk dozaly görnüşi ilata berlip başlanyndan soňra, waksina 78.6-83.7% netijelilik görkezdi. Ýatlatsak, BSGG Sputnik V we Sputnik Laýt waksinalaryny henizem tassyklamady. Bu waksinalaryň koronawirusyň "delta" we "omikron" görnüşlerine garşy täsirliligi barada maglumat çykmady.

2. Russiýanyň beýleki iki waksinasynyň (EpiVacCorona we CoviVac) güýçlendiriji dozalarynyň urlup başlanandygy barada heniz maglumat berilmeýär.

3. Sinovac (CoronaVac) we Sinopharm (Biowak): BSGG 60 ýaşdan uly adamlara Sinovac we Sinopharm kompaniýalarynyň öndüren COVID-19 waksinalarynyň güýçlendiriji dozalaryny almagy maslahat berýär. Şeýle hem, BSGG öz tassyklan islendik COVID-19 waksinasynyň güýçlendiriji dozasyny almagy maslahat berýär. Türkmenistandaky ulanylýan we tassyklanan 6 waksinanyň arasynda diňe Sinopharm, Sinovac we AstraZeneca waksinalary BSGG tarapyndan tassyklanan.

4. AstraZeneca: BSGG tarapyndan tassyklanan we ony 60 ýaşdan ýokary adamlara "güýçlendiriji" hökmünde bermek BSGG tarapyndan maslahat berilýär. Oxford Uniwersitetindäki barlaglarda AstraZeneca waksinasynyň "güýçlendiriji" dozasy meýletinçilerde güýçli immun jogabyny döretdi.

Ilatyň soraglary

Turkmenportal we Orient.tm habarlar çeşmeleri öz Instagram sahypalarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, "Sputnik Laýt" waksinasyna degişli habarlary çap etdiler. Biz ol habarlaryň aşagynda okyjylaryň beren soraglaryny jemledik.

Ilatyň jogapsyz galýan esasy soraglary:

↪ Rewaksinasiýa haçan başlarka?

↪ Bu waksinany nirede etdirip bolýar?

↪ Waksina etdirmegiň tölegi näçe?

Gadyrly okyjy, sende ýurtdaky waksinasiýa we СOVID-19-a degişli goşmaça maglumat bar bolsa, biziň bilen paýlaşyp bilersiň. Maglumatlaryň çäkli döwründe, özümiziň we jemgyýetimiziň saglygyna täsir edýän wakalarydyr sanlary öwrenmäge her birimiziň gatnaşmagymyz we goşant goşmagymyz möhümdir.

DEGIŞLI MAKALALAR:

ÝURDUŇ СOVID-19 WAKSINASIÝASY

TÜRKMENISTANDA СOVID-19 WAKSINASIÝASY BARADA NÄME BILÝÄRIS?

TÜRKMENISTANDAKY COVID-19 WAKSINALARY

  • 2107 gezek okalan