Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

"GYZLYK PERDESI" BARADA PIKIR ÝÖRETME

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.16 (149 Ses)

Türkmen ýaşlary "gyzlyk perdäniň" ýagdaýy barada aladalanyp, ol hakda kän gürrüň edýärler. Saglyk we başga saýtlarda, sosial ulgamlarda türkmen ýaş oglan-gyzlary "gyzlyk perdesi" baradaky düşünjelerini aýdyň beýan edýärler. Şol düşünjeleriň arasynda bolsa lukmançylyk, ylmy taýdan nädogry maglumatlar, toslamalar agdyklyk edýär.

Bu tema sosiologiýa, medeniýete, aýal-gyzlaryň ýagdaýyny, olaryň jemgyýetdäki hukuklaryny öwrenýänlere, syn edýänlere bir uly akademiki iş bolmaly temadyr.

Meniň maksadym hemme soraglara jogap tapmak ýa-da türkmen gyzlarynyň jynsy gatnaşyklara haçan başlamalydyklary hakyndaky pikirlerini, kararlaryny beýan etmek däl. Gürrüň düýbünden başga zatda. Şu döwürde türkmen ýaşlarynyň arasynda gyzyň "ahlaklylygy", "abraýy" barada söz açylanda "gyzlyk perde" sanawda ilkinji bolup durýandyr diýsem ýalňyşmaryn. "Gyzlyk perdesine" çenden aşa üns berilýär. Şol sebäpli hem ylmy taýdan nädogry düşünjelere esaslanyp, ony gudrata deňeýän kult günsaýyn ýaýbaňlanyp ösýär. Men hem bu ýagdaýyň ýaş gyzlaryň we oglanlaryň özlerine bolan ynamyna we geljegine edýän tasiri barada gürrüň alyp barmakçy. Men bu makalanyň üsti bilen ýaşlary we ýaşlarymyzyň geljegi bilen gyzyklanýan şahsyýetleri şu gurrüňdeşlige goşulmaga çagyrýaryn.

Gyzlyk perde – seniň "ahlaklylyk kompasyň", namysyň!

Men geň galdyryjy, gaýtalanyp durýan ýagdaýa şaýat bolýaryn. Gyzyň "ahlagy", "abraýy" barada gürrüň edilende gyza mähirlilik, dogruçyllyk, mertlik, halallyk, gadyrly bolmak ýaly anyk, adamkärçiligiň gowy häsiýetleriniň, nusgalarynyň öwredilýändigine duş gelmek gaty seýrek. Erkek oglanlarymyza bolsa hakyky "erkeklik" ündelende olara bütin dünýäde erkeklere mahsus bolan ahlak häsiýetleri kesilýär – güýç, mertlik, tutanýerlilik. Emma nämüçindir aýal-gyzlarymyz näme etselerem, olaryň hereketleri, namysy aýagyň arasyndaky "ahlak kompasy" bilen ölçelýär. Meniň pikirimçe, ahlaklylygy, edepliligi diňe gyzlyk perde bilen ölçemek gyzlarymyza, olaryň geljegine erbet täsir ýetirýär. Bu olaryň köpüsiniň bagtly geljeginiň diňe beden seksuallygy we önelgelilik ukyby bilen kesgitlenilýändigine ynamlaryny artdyrýar. Şu wagt ýaş gyzlaryň arasynda başga alternatiw görelde modeli ýok diýsek hem bolar.

"Nähili gyz, söýgüli isleýärsiň?" diýlen soraga oglanlar köplenç: "gowja, arassa maşgala" diýip çäklenýärler. "Arassa maşgalanyň" takyk nämäni aňladýanyny anyklaşdyrmak gaty kyn bolýar. Dörüp başlasaň, gyzyň nikadan öň jynsy gatnaşyklara başlamazlygy islenilýär. Halaýan gyzynyň adamkärçilik häsiýetleri oglanlar üçin kän bir uly rol ýa-da asla hiç hili rol oýnanok diýsek hem bolar.

Meniň pikirimçe, biz jemgyýet bolup türkmen gyzlaryna päk ynsan bolmagyň diňe gyzlyk perde bilen ölçenilmän, adamkärçilikli bolmaga garaşlydygyny öwretmeli, ündemeli.

Arassa maşgala, hapysa gyzlar

Jemgyýetimizde giňden ýaýran aýal-gyzlaryň klassifikasiýasy şu iki esasy topara bölünýär: perişde (gyzlygy bar) we jelep aýal-gyzlara. Perişde bilen jelebiň arasynda hiç hili başga aýal gyzlaryň topary bolup bilmeýänligi ündelýär. Şeýle bölünşik aldawlyga sebäp bolýar. Ýöne bu bir aldaw bilen çäklenmän, jemgyýetiň bütin sosial durmuşyna täsirini ýetirýär. Munuň üstünde näçe ýaşlaryň durmuşy bozulýar, ýowuz ýalňyşlyklara sebäp bolunýar.

"Gyz päkligi" meseläniň çylşyrymlylygyny, tapawutlylygyny ünsden düşürip, ony diňe "gyzlyk" perdesi bilen ölçeýänler, gyzy iki sany çykalga bilen ýuzbe-ýüz edýärler: sen ýa jelep ýa-da jelep däl! Aýal-gyzlara şeýle düşünje bilen çemeleşýän jemgyýeti sagdyn jemgyýet diýip hasaplap bolarmy? Meniň pikirimçe şeýle düşünjä eýerýän jemgyýetde deň derejede gyzlaram, oglanlaram ejir çekýärler.

Gyzlyk perdesi: hakykymy ýa-da emeli?

Şu döwürde gyzlyk perdäni täzeden dikeldilme operasiýasy – "gimenoplastika" bilen dikeldip bolýandygy hemmelere mälimdir. Jemgyýetimizde şeýle ýagdaýlaryň bardygyny ret etmek, oňa göz ýummak aýal-gyzlaryň hukuklarynyň çäklenmegine, kemsitmelere, ummasyz psihologiki stresse, kök urup galýan ýalňyş pikirlere we erkek oglanlaryň aladalanmagyna eltýär.

Bütindünýa Saglygy Goraýyş Guramasy gyzlyk perdäni barlamagy düýpli ýazgarýar we bu tejribäni hiç hili ylmy esassyz, aýal-gyzlaryň mertebesini peseldýän, kemsidýan tejribe hasaplaýar. Şuňa baş goşýan lukmanlara bolsa, bu hereketleriň olaryň lukmançylyk borçlaryna ters gelýändigini ýatladyp gelýär.

Şuňa garamazdan, oglanyň maşgalasynyň öýlenjek gyzyny lukmana äkidip barladýandygy barada häli-şindi eşdilýär. Açyk söhbetdeşligiň, ynamyň bolmadyk ýerinde, nähili ahlaklylyk bolup bilerkä diýen sorag döreýär? Dogruçyllygy nirede we näçe barmak bilen ölçemeli? Şeýle tejribeler olar barada eşidip ulalýan ýaş nesilde, türkmen gyzjagazlarda "söýgi", "maşgala durmuşy" barada nähili düşünjer döredip biler?

Gyzlyk perdesi harytmy, ahlaklylykmy ýa-da aldaw?

Şu döwürde gyzlar hem, oglanlar bilen deň derejede jyns gatnaşyklar barada maglumat alyp bilýärler. Munuň üçin bilesigeljilik we Internet ýeterlikdir. Türkmen dilinde, lukmançylyk we ylmy maglumatlara esaslanyp, diňe www.saglyk.org saýty yzygiderli, düşnükli dilde degişli maglumatlar bilen üpjün edýär we iş alyp barýar. Eger öz dilinde düşnükli maglumatlar elýeter bolmasa, ýaşlar soraglarynyň jogaplaryny pornografiýadan ýa-da ylmy taýdan nädogry çeşmelerden gözlemäne başlaýarlar. Pornografiýa jyns gatnaşyklary barada bilim çeşmesi bolup bilmez we bolmaly hem däl!

Şu döwürde türkmen gyzlary üçin gyzlyk perdesi "ahlagyňy" gowlandyrmak üçin aňsat çözgüt ýaly görünýär. "Sen iň nejis, akylsyz, ahlaksyz gyz bolsaňam, hiç haçan jynsy gatnaşykda bolmadyk bolsaň, onda sen perişde kimin öwgä mynasyp" diýen, giňden ýaýran düşünje bar. "Gyzlyk perdesine" haryt kimin çemeleşme hem bar. Ony satyn almak, satmak we oglanlaryň oňa hojaýyn çykmagy adaty zat ýaly görkezilýär. Gyzlygyny dürli sebäplere görä ýitiren, jynsy gatnaşykda bolmadyk gyzlar bolsa zaýa haryda deňelýär. Şeýle naçarlary "brak çykypdyr" diýip, bir kilo çüýrük kartoşka alan ýaly, yzyna taşlap gaýdylýan wakalardan hemmamiz habarlydyrys.

Lukmanlaryň, mugallymlaryň bellemegine görä, türkmen ýaş gyzlary gyzlyk perdä degmezlik maksady bilen anal we oral gatnaşyklary geçirýärler. Gynansakda, olaryň aglaba bölegi goragsyz geçirlen şeýle gatnaşyklaryň saglyga howpludygyndan habarsyz galýarlar.

Pornografiýadaky, internetdäki, mediadaky nädogry düşünjeleriň giňden ýaýramagyna, gyzyň "abraýy" baradaky düşünjä ýetirýän täsirine göz ýumup gezmek aňsat, ýöne seniň çagalaryň geljegine ýetirjek ýaramaz täsirini ret etmek kyn bolýar.

Täze hormata çagyryş. "Abraý", "edeplilik" nähili ölçenilmeli?

Durmuş talaplarynyň, medeniýetiň uýtgemegi, tehnologiýanyň ösmegi bilen biz "gyzlyk perdesine", biri-birimizden talap edýän hereketlerimizi derňäp, täzeden düşünmäne synanyşmaly. Eger gyzyň päkliligi, adamkärçiligi diňe ýeke-täk gyzlyk perdesi bilen ölçenilse, onda gyzlar özlerini diňe öz seksuallygy, seksual obýekt bolmagy bilen ölçemäni dowam ederler. Oglanlarymyz bolsa ömürlerini "arassa maşgala tapyp" bilemok diýip, zeýrenip, kösenip geçirmäni dowam ederler. Onuň soňy üzülmez.

"Nikadan öň jynsy gatnaşyk edilmeli däl" diýip, hiç bir ylma esaslanan maglumat bermän, ýaşlary okatmak netijesiz we zyýanly bolup durýar. Muňa birnäçe düşündiriş bar. Biz islesek, islemesek ýaş nesil indi diňe maşgala gurmak, çaga edinmek üçin jynsy gatnaşyklara başlanok. Ýaşlar üçin "seks" diňe önelgeligi, çaga edinmegi aňladanok. Seks aýal, erkek arasyndaky lezzetli gatnaşyklary aňladyp başlady. Munuň ýaly özgermäni diňe biziň jemgyýetimiz başyndan geçirenok. Başga-da kän ýurtlar şunuň ýaly ugur bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Eger ýaşlaryň bilimsiz "tejribe geçirmeleri" pajygaly ýagdaýlara getirmeýän bolsady, onda belki hem, muňa göz ýumup gezip bolardy.

Mekdeplerde ökde, halypa mugallymlaryň matematikadan başy çykyp, tejribeli mugallym bolýan bolsalar, jyns gatnaşyklaryň psihologiýasyna gezek gelende olar "aýyp" diýip, ýaşlary utandyryp, gürrüňi çürt-kesik gutarýarlar. Olarda ne bu ugurdan iş alyp barmak üçin gerekli taýýarlyk bar, ne-de isleg. Şu babatda lukmançylyk, ylmy taýdan dogry maglumat berilmedik nesliň geljegi gowy bolar diýip umyt edip bolarmy? Türkiýe, ABŞ, Niderlandiýa ýaly ýurtlarda ýaşlary utandyrmak, gorkuzmak usullaryny zyýanly, netijesiz diýip subut etdiler. Dogry maglumat berilmezlik ýaşlara erbet täsir edýär we olaryň geljegine howp salýar. Adamyň seksuallygy, önelgelilik kesel däl, aýyp hem bolmaly däl.

Ilkinji edilmeli ädim aýal, erkek bedeni "aýyp", "utanç" diýen toslamardan daşlaşmaly. Ýaşlara dogry maglumat berilmeli. Ýaşlar gelnejelerinden däl, mekdepde ýörite taýýarlykly psihologlardan, lukmanlardan gyzlyk perdesi barada ylma esaslanan, döwrebäp maglumatlary öwrenseler; ony "gudrata" deňemän, gyzlaryň "ahlaklylygy", "abraýy" diňe "gyzlyk perde" bilen ölçelmän, adamzadyň etiki normalaryna görä kesgitlenilen goreldeli bir model hödürlense, döwrüň talaplaryna laýyk bolardy diýip pikir edýärin. Ýaşlara saýlan, söýýän, hormat goýan gyzy, oglany bilen durmuş gurmazdan öň açyk we dogry söhbetdeş bolmak usullary öwredilmeli.

Gyzyň gyzlyk perdesiniň bolmagy maşgalanyň agzybir, bagtly bolup, nikanyň bozulmajagyna güwä geçenok. Emma, gowy gylyk-häsiýetli, ynsançylygyň gowy nusgalaryny özleşdiren, gymmatlyklary bolan gyz güwä geçip biler. Gyz päkligi çylşyrymly mesele. Geliň oňa "ak-gara" diýip çemeleşmäliň! Gyz päkligi diňe perdede däldir!

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir.

Awtor: Maral Nazarowa

  • 21968 gezek okalan

Teswirler (52)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Jemsit

Men durmysymda seyle vaka boldy men only soydim ona ynandym ol gyzlygy yok ekeni mana yaman yaman gepledim mama etmeli aydynda

 
  1. Jemsit

Bu dunyada hakykat yok gyzlara vapse ynam yok

 
  1. arslan

baryñuzy cukura gimmelli

 
  1. ..

Gyzlyk perdanin balygyny ya ýoklugyny nadip bilmeli aydayyn

 
  1. Adyñyz (Gerekli)

Gyzlyk aldyrmasan seni Kim alar hemmekim caga ucun alyar heleyi

 
  1. Adyñyz (Gerekli)

Gyzlyk hokman alynmaly bu tebigy dusnuklimi

 
  1. Adyñyz (Gerekli)

Gidinde kitap okan ya kino gorun basga gurrun yokmay ejen

 
  1. Jeren

Menin pikirim, dogrudanam yashlara hakyky maglumatlary bermeli. Gyzlyk perdani Gudrata denap gyzlygyny nabelli sebaplere gora yitiren (jyns gatnashygyny gechirmedik) gyzlarymyzy harlamaklyk duybunden yalnyshmyka diyyan

 
  1. Arslan

Salam. Men Amerikada okap yoren talyp. Aslym turkmen. Men 6 sany gyzyn gyzlyk perdesini allym we shol 6 gyzlaryn 4-sinin gyzlyk perdesini alamda gan akdy we 2-sinden akmady, name ucin gan akmadygyna ozumem dushunmedim. Lukman mana shony...

Salam. Men Amerikada okap yoren talyp. Aslym turkmen. Men 6 sany gyzyn gyzlyk perdesini allym we shol 6 gyzlaryn 4-sinin gyzlyk perdesini alamda gan akdy we 2-sinden akmady, name ucin gan akmadygyna ozumem dushunmedim. Lukman mana shony dushundurayin! Jogabynyza garashyan.

Dowamy
 
  1. Myrat

Men pikirimce gaty agyr temany yonekeyje edep bn cozup boljagy anladyan yaly. Gyzlyk perde barada bolsa birzady aydyp biljek. Her ene ata oz gyzynyn gyz daldigini bilse nahili yagdaya dusup biler. Sol gyzy alan oglan barada sozumem yok

 
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location