• Makalalar
  • Ruhy keseller

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SÖHBETDEŞ BOLMAGYŇ PSIHOLOGIÝASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.42 (26 Ses)

Her bir adam  bitewi jemgyýetiň aýrylmaz bir bölegidir. Ynsanlar şol jemgyýetde bir-birleri bilen hemişe sazlaşykly gatnaşykda bolmalydyr. Şeýle gatnaşyklar bolsa esasan dil, sözleýiş, umuman – gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrylýar. Siziň her bir aýdýan sözüňiz, gepläniňizde edýän hereketleriňiz, bütin durkuňyz diňleýjä öz täsirini ýetirýär. Biz geplänimizde, haýsydyr bir psihologik täsir barada pikirlenmeýäris, emma adamlaryň arasynda aýdýan her bir sözümiz olara özboluşly täsir edýär. Bary-ýogy iki adamyň arasynda bolup geçýän söhbetdeşligiň hem psihologiýasy bolýandyr. Bu bir özboluşly kanun ýalydyr. Biz bolsa öz gezegimizde bu kanunlary berjaý etmelidiris.

Dowamy

  • 8142 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.45 (20 Ses)

Adamynyň günde ençeme kynçylyklary ýeňip geçýän, daşdan köp müňlerçe gelýän habarlary kabul edip seljermeli bolýan, okgunlylygy, tizligi, ýygjamlylygy talap edýän döwrümizde ruhy gamgynlylyk ýagdaýy (depressiýa ýa-da depressiw bozulmalar) has ýygy duş gelýändir.

Ruhy gamgynlylyk (depressiýa) – ruhy keseller toplumy bolup, keýpiň pesligi, durmuşa bolan höwesiň ýitmegi, öz-özüňe kast etme (suisidal) pikirleriň döremegi bilen häsiýetlendirilýär.

Depressiýanyň ýüze çykyş sebäpleri belli däldir. Psihiatrlaryň bellemegine görä, depressiýanyň döremegi adamynyň nerw ulgamynyň ýagdaýyna, onuň gylyk-häsiýetleriniň aýratynlygyna, daş-töweregine we dürli ýaşaýyş kynçylyklaryna garaýşy we ýeňip geçişine bagly bolup durýandyr.

Dowamy

  • 8393 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.53 (17 Ses)

Çagalykda, esasan hem çaganyň 3 ýaşyna çenli döwründe onuň ruhy taýdan ösüşiniň binýady tutulyp, gylyk-häsiýetler toplumynyň emele gelmegi we kebşirlenmegi bolup geçýändir.

Autizm keseliniň alamatlary hem çaganyň 3 ýaşyna çenli döwründe ýüze çykýandyr.

Çaga autizmi – beýniniň ösüşiniň bozulmalary netijesinde döräp, hemmetaraplaýyn sosial aragatnaşyklaryň, esasan hem gürrüňleşme ukybynyň ýetmezçiligi, gyzyklanmalaryň çäkliligi we şol bir hereketleri gaýtalap durma endiginiň döreýänligi bilen häsiýetlendirilýär.

Barlaglaryň görkezişi ýaly, autizmiň alamatlary her 1000 çaganyň 6-da duş gelip bilýär. Gyzjagazlara garanyňda, oglanjyklarda bu ýagdaý 4 esse ýygy duş gelýändir.

Autizm keseliniň sebäpleri beýniniň nerw öýjükleriniň geçirijilik ukybyna täsir edýän genler bilen baglanyşdyrylýar. Ýöne keseliň gelip çykmagynyň sebäpleri çylşyrymly bolup, onuň ýüze çykmagynda haýsy ýagdaýyň has täsir edýänligini bilip bolmaýar: gen toplumynyň özara arabaglanşygymy ýa-da  belli bir faktorlar sebäpli geniň häsiýetleriniň üýtgemegimi (gen mutasiýalary).

Dowamy

  • 5748 gezek okalan

NERW DARTGYNLYGYNY NÄHILI AÝYRMALY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.32 (25 Ses)

Biziň döwrümizde nerw dartgynlygy  her üç adamyň birinde duş gelýär. Şäheriň hysyrdyly durmuşy, ýollardaky dartgynlylyk, jemgyýetçilik ulagyndaky adamlaryň hyryn-dykynlygy, iş ýerimizdäki kynçylyklar, dem alýan howamyzyň hapalanmagy – bularyň bary güýçli nerw dartgynlygynyň döremegine sebäp bolýar. Bu dartgynlykdan özbaşdak dynmak aňsat däldir. Ýöne bu ýagdaýa biperwaý garamakda bolýan däldir. Sebäbi tiz wagtda bu ýagdaý siziň daş keşbiňize, soňra bolsa saglygyňyza zeper ýetirmegi ahmal.

Dowamy

  • 6297 gezek okalan

STRESS BARADAKY TOSLAMALAR WE HAKYKAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.48 (23 Ses)

Stress — bu adam bedeniniň dartgynlylyk ýagdaýy. Ol daş-töwerekdäki ýaramaz täsirlerden (fiziki we ruhy şikesler, ölüm, ýakynlaryňdan jyda düşmek we ş.m)  goranmak üçin edilýän hereketleriň netijesinde ýüze çykýar. Stress ýagdaýyny dogry kesgitlemek we oňa garşy göreşmek üçin, ol baradaky ýalan toslamalary we hakykaty bilmelidir.

Aşakda giňden ýaýaran toslamalaryň 15-si berlendir. Her toslamanyň aşagynda bolsa olary ýalana çykarýan düşündirişler bar:

1-nji toslama:

Stress meniň saglyk ýagdaýyma zeper ýetirip bilmeýär, sebäbi ol meniň diňe aňymda bolýar.

Bu ýalan! Stress diňe bir ruhy ýagdaýa däl, eýsem bedeniň fiziologiki işlerine hem täsir edýändir. Stressiň netijesinde ýüze çykýan kesel adamyň saglygyna howp salýar. Muňa mysal hökmünde ýürek tutgaýlary, ýokary gan basyşy, immunodefisit, aşgazan we içege ýaralary ýaly keselleri getirmek bolýar.

Dowamy

  • 5783 gezek okalan
  • 1
  • 2