• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Erkek saglygy
  • NÄME ÜÇIN ERKEK ADAMLARYMYZ LUKMANDAN GORKÝARLAR?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NÄME ÜÇIN ERKEK ADAMLARYMYZ LUKMANDAN GORKÝARLAR?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

erkekler lukmandan gorkyarlarÝurdumyzda dürli ýaşdaky erkek adamlar lukmana ýüz tutmakdan gorkýarlar. Aýallar öz saglygyna jogapkärli çemeleşip, çydamlylygy bilen tapawutlanýarlar, emma erkekler barada beýle diýip bolmaýar. Olaryň aglabasyny lukmançylyk enjamlarydyr-gurallary gorkuzýan bolsa, köpüsi tötänleýin anyklanan keseliň öňünde ejizlemekden çekinýärler. Aslynda erkek adamlar hassahanada barlagdan geçmegi boş wagt ýitirme hasaplaýarlar. Şeýdip, wagtynda anyklananda doly bejerip boljak keseller dowamly görnüşe ýa-da gaýraüzülmeli ýagdaýa geçýärler we erkek adamyň durmuşynyň hilini peseldýärler.

BMG-nyň 2021-nji ýylky görkezijilerine görä, Türkmenistanda erkek adamlaryň ömür dowamlylygy 65.9 ýyl bolup, olar aýallardan ortaça 7 ýyl az ýaşaýarlar.

Erkek saglygyna nämeler täsir edip bilýär?

Hemme adamlaryň saglygyna ekologiýa we durmuş endikleri uly täsir ýetirýär. Erkekler bolsa zyýanly endiklere (alkogolly içgiler, nas, çilim we ş.m.) ýykgyn bolýarlar, köplenç zyýanly zähmet şertlerinde işleýärler we howpsuzlyk serişdelerini hemişe ulanmaýarlar. Bu ýagdaýlar öýkeniň, ýüregiň, galkan şekilli mäziň, bagryň keselleriniň döremegine itergi berip biler.

Sporty, fiziki işjeňligi oňlamaýanlar, agyr we zyýanly iýmitleri söýüjiler bolsa, ýürek-damar ulgamyna täsir edýän semizlige ulaşagan bolýarlar. Şeýle endikler aterosklerozyň we süýji keseliniň döremegine hem itergi berip biler. Tersine, sportuň agyr görnüşleri bilen işjeň meşgullanýan erkek adamlaryň gan aýlanyş ulgamyna we bogunlaryna agram düşüp bilýändir. 30 ýaşdan uly erkek adamlarda ýüregiň infarktynyň döreme töwekgelçiligi ýokarlanýar.

Ýaş erkek adamlar jyns gatnaşygy arkaly geçýän ýokançlyklaryň barlaglaryndan kadaly geçmelidir. Çünki jyns ulgamynyň köp bozulmalary alamatsyz (meselem, azoospermiýa) geçip bilýändir.

Haýsy barlaglardan geçmek maslahat berilýär?

Barlag çärelerine maşgala lukmanyňyz bilen gürrüňdeşlikden başlaň. Eger öňden dowamly keseliňiz bar bolsa ýa-da biynjalyk edýän arzlaryňyz bolsa, hökman olar barada aýdyň. Özüňiz barada anyk maglumatlary bermek maşgala lukmanyna barlag meýilnamasyny düzmäge kömek edip biler.

40 ýaşa çenli geçmeli barlaglaryň görnüşleri:

↪ Ganyň umumy barlagy – bedende bar bolan alawlama ýagdaýyny, gan azlylygy, ýürek-damar ulgamynyň ýagdaýyny anyklamaga kömek edýär;

↪ Peşewiň umumy barlagy – böwregiň bozulmalaryny, bedende alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmalaryny anyklaýar;

↪ Ganyň biohimiki barlagy we lipidogramma – bedende ýag çalşygynyň bozulmasyny, aterosklerozy, gandaky glýukozanyň derejesini anyklamaga, bagryň, böwregiň we aşgazanasty mäziň işini bahalandyrmaga kömek edýär;

↪ Ganyň merezýel, gepatitiň B we C görnüşiniň we AIW barlagy;

↪ Tireotrop gormonlaryň barlagy – galkan şekilli mäziň işiniň bozulmalaryny anyklamaga kömek edýär;

↪ EKG – ýüregiň işiniň bozulmalaryny anyklaýar: kadasyz puls, ritmiň bozulmagy, miokardyň alawlama hadysasy, infarkty;

↪ Öýkeniň kompýuter tomografiýasy – inçekeseli, öýkeniň rak keselini anyklamak maksady bilen;

↪ Garyn boşlugynyň agzalarynyň (bagyr, öt halta, dalak, aşgazanasty mäz) ultrases barlagy;

↪ Böwregiň we böwreküsti mäziň ultrases barlagy;

↪ Galkan şekilli mäziň ultrases barlagy;

↪ Kiçi çanaklygyň we daşky jyns agzalaryň ultrases barlagy.

Maşgala lukmany barlaglaryň netijesine baglylykda kardiolog, endokrinolog, urolog, gastroenterolog lukmanlarynyň maslahatyna iberip bilýär. Erkek adamyň ilkinji barlagdan geçmeli inçe hünärmen lukmany-urologdyr. Erkekler ýyllap urologa barmaýarlar. Ýöne şeýle geleňsizligiň jyns mäziniň (prostata) we ýumurtgajyklaryň ragy ýaly, çynlakaý gaýraüzülmelere getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr. Lukmanlar 35 ýaşdan başlap, her ýyl jyns mäziniň rak keselini ir tapgyrda anyklamak üçin barlagdan geçmegiň zerurlygyny belleýärler. Ýumurtgajyklaryň ragy seýrek duş gelýän kesel bolup, esasan genetiki töwekgelçiligi bolan ýa-da ýumurtgajyklary ýerine düşmedik (kriptorhizm) erkek adamlarda duş gelýändir.

Ýaş aýratynlygyna görä barlaglar üýtgäp bilýärmi?

Ýaş ulaldygy saýyn göz saglygy hem peselip, gözüň görşi üýtgäp bilýär. Göz lukmanyna ýylda bir gezek görünmek maslahat berilýär. Eger erkek adamda gözüň dowamly keselleri, süýjüli diabet bar bolsa, onda göz lukmanyna has ýygy görünmek zerurdyr.

45 ýaşdan soň gastroenterolog lukmanyň barlagyndan kadaly geçmek wajypdyr. Çünki şol ýaş araçäginden başlap içegäniň ragynyň we oňa getirýän içege polipleriň döreme töwekgelçiligi ýokarlanýar. Aslynda uly ýaşly erkek adamlara onkomarkerleriň barlagy zerurdyr, çünki ýaş ulaldygyça rak keseliniň döreme mümkinçiligi artýar.

Şeýle hem, infarktyň, insultyň, aterosklerozyň öňüni almak üçin 45 ýaşdan soň ýüregiň, beýniniň gan damarlarynyň ultrases barlagyndan geçmek zerurdyr.

Elbetde, aýdylan ýagdaýlar hemme duş gelip biljek kynçylyklar bolmasa hem, ýylda bir gezek lukmanlaryň barlagyndan geçmek köp keselleriň öňüni alyp, erkek adamyň ömrüniň dowamlylygyny hem-de hilini uzaltmaga kömek edip biler.

Selbi Myradowa, lukman

Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

  • 541 gezek okalan