Ene-atalaryň aglabasy gyzjagazlary ginekolog lukmanyň barlagyndan geçirmegi gerekmejek çäre hasaplaýarlar. Köp adamlarda ginekolog lukmanyna gyzjagaz ulalyp, durmuşa çykandan soň barmaly diýen pikir bar. Şonuň üçin hem, kiçijik gyzjagazlarda ýüze çykýan ginekologik kesel, ene-atalary üçin duýdansyz bir alada bolýar. Ondan başga-da, ene-atalar garyn boşlugynda ýüze çykýan islendik agyrynyň sebäbi, aşgazanyň, içegäniň, peşew bölüp çykaryş ulgamynyň keselleridir diýip pikir edýärler. Hakykatdan bolsa, ol gyzjagazlarda köp duş gelýän sistitiň (peşew haltanyň sowuklamagy) ýa-da wulwowaginitiň (jyns agzalaryň sowuklama keseli) alamaty hem bolup biler.
Dowamy
... Hemişe şähdiaçyk, mylaýym bolup görünýän Gözeliň bu gün hemme zat gaharyny getirýärdi. Ol jorasy Jahana demi-demine sygman, janygyp gürrüň berýärdi:
-Şu gün hiç keýpim ýok. Düýn ýadap öýe özümi atdym. Adamym ýagdaýymy hem soramady. Göwni bir ýaly. Çagalarym hem diýenimi edenok. Üstesine işde-de edenim ugruna bolanok. Başlyk işler bilen howlukdyryp alyp barýar. Hemme zadyň üstüne, kelläm agyryp, endam-janym kül owram bolup barýar. Duran görgüçilikdä...
Öz jorasyny gowy tanaýan Jahan ýylgyrdy-da:
-Bolýala Gözel, köşeşsene. Juda beýle hemme zat erbet hem däl ahyryn. Hemme zat düzeler.
Ýogsa-da, seniň aýbaşyň başlanmagyna näçe gün galdy?- diýip, duýdansyz soragy berdi.
-Aýbaşymy? 3-4 günden gelmeli. Näme üçin soradyň?- diýip, Gözel gözüni tegeledi...
Dowamy
Biziň özümiz, bu täsin, adaty durmuş ritmini bozýan, şol wagt biraz gorkunç bolup görünýän üýtgeşmeleriň başlanan wagtyny belki ýadymyza hem düşürip bilmeris. Ýöne günlerde bir gün öz gyzyňyz bilen, aýal maşgalada bolýan şol ýagdaý barada gürrüň etmeli bolýar. Şol wagt hem, göräýmäge ýönekeý bolup görünýän zat ýaly bolup görünse-de, biziň utanýanlygymyzy, çekinýänligimizi özümiz duýýarys, nämeden başlajagymyzy bilmeýäris.
Ýetginjeklik döwrüne gadam basýan gyzjagazlarda ýüze çykýan soraglara, dogry, öz wagtynda jogap berip, kömek eder ýaly, biz sorag-jogap görnüşinde düzülen makalamyzy siziň dykgatyňyza hödürleýäris.
Mende bolup geçýän üýtgeşme nämekä?
Dowamy
Soňky ýyllarda ýer ýüzünde süýt mäziniň howply täze döremeleri (SMHTD) bilen keselleýänleriň sany artdy. Ösen ýurtlarda rak keselli aýallaryň her 100-siniň 18-zinde süýt mäziniň howply çişleri ýüze çykaryldy. Bütündünýa Saglygy Goraýyş Guramasynyň 2006-njy ýyldaky maglumatlaryna görä, Fransiýa süýt mäziniň ragy bilen kesellänleriň sany boýunça dünýäde 1-nji orny eýeleýär. Ýurtda hasaba alnan çiş keselleriniň 32%-ni süýt mäziniň howply täze döremeleriniň emele getirýänligi anyklanyldy. ABŞ-da her 8-nji aýalda SMHTD-i ýüze çykaryldy.
Alymlaryň çaklamagyna görä, şu asyrda süýt mäziniň howply çişine ýolugan aýallaryň sany 1 milliondan geçer.
Eýsem bu kesel barada biz nämeleri bilmeli we ondan nähili goranmaly?
Dowamy
Perzent islendik maşgalada esasy durmyşy gymmatlyk, ajaýyp, süýji arzuwlaryň gözbaşy bolup durýar. Dünýä injek çaganyň sagdyn bolmagy üçin, meýilleşdiriljek göwrelilige geljekki eneler gowy taýynlanmalydyr.
Çaga dogurmagy niýet edinen bolsaňyz haýsy barlaglardan geçmeli?
Dowamy