• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • TÜRKMENISTANDA JYNSY ZORLANMANYŇ PIDASY BOLSAŇ NÄME ETMELI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÜRKMENISTANDA JYNSY ZORLANMANYŇ PIDASY BOLSAŇ NÄME ETMELI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

keik okaraMöhüm bellik: Aşakdaky maglumatlar toplumy Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan Türkmenistanda jynsy zorlanma sezewar bolup biljek britan raýatlary üçin taýýarlanyldy. Biz Saglykda türkmenistanlylaryň özleri üçin şeýle resurslaryň kemçiligini nazarda tutup, bu maglumatlary ildeşlerimize ýetirmek isledik. Ýurdumyzda aç-açan gürrüň edilmese-de, jynsy zorlanma hadysalary bolup durýar we pidalar ýyllarboýy ýa-da ömürboýy onuň yzasyny çekip ýaşaýarlar. Biz jemgyýet hökmünde bu meseläni ara alyp maslahatlaşmaga we oňa çözgüt gözlemäge başlamalydyrys.

Keýik Okara jemgyýetçilik guramasy zorlanmanyň pidalaryna kanuny maslahat we goldaw berýär:

Türkmenbaşy şaýoly 83/2

Mir 4/1 Jaý 5

Aşgabat 7440011

Türkmenistan
Tel: +993 12 44 54 69 / +993 12 44 39 15

Email: This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it.

Eger sen jynsy zorlanma sezewar bolan bolsaň, ýadyňdan çykarma: bu seniň günäň däl. Nirede we kim tarapyndan edilendiginiň parhy ýok, jynsy zorlanma hemişe ýalňyşdyr! Bu trawmatik hadysa saňa hem fiziki, hem emosional taýdan täsir edip bilýär. Şonuň üçin, hiç haçan kömek almakdan gorkma.

Bu hadysadan soňra näme etmelidigini diňe seniň özüň kesgitleýärsiň. Emma, haýsy ýoly saýlasaň hem, ol seniň howpsuzlygyň üçin iň gowy ýol bolmalydyr. 

Eger sen hadysanyň derňelmegini isleseň, onda iň ýakynyňdaky polisiýa edarasyna 02 ýa-da 002 belgi arkaly jaň et we bolan waka barada habar ber. Zorluk barada hakyky adyňy ýaşyryp hem habar berip bolýar, emma derňew işini başladyp bolmaýar. Eger zorlanmanyň netijesinde hassahana düşen bolsaň, tiz kömek gullugy ýa-da hassahana polisiýa habar berer, emma jenaýaty resmi taýdan habar bermek pidanyň özüni bagly bolýar (eger pidanyň fiziki ýa-da akyl maýyplygy sebäpli özbaşdak karar kabul etme ukyby çäklendirilmedik bolsa).

Jenaýat işi, esasan-da jynsy zorluk hadysasy polisiýa habar berlende çylşyrymly we uzak wagt alýan prosese taýýarlykly bolmak möhümdir, çünki ýerli polisiýa işgärleriniň pidalara goldaw bermekde ýeterlik bilim-tejribeleriniň bolmazlygy mümkin. Pida prokuroryň edarasynda birnäçe sagat geçirmeli ýa-da kazyýetde görkezme bermeli bolup biler. Eger hadysa Türkmenistanda bikanun bolan neşe serişdelerini, alkogoly ýa gomoseksual hereketleri öz içine alýan bolsa, pida tankytlanylma bilen hem ýüzbe-ýüz bolup biler. 

Jenaýaty habar bereniňden soňra

Jenaýat habar berlenden soňra, polisiýa jenaýaty hasaba alýar we pidany işe garaýan degişli bölüme ugradýar. Bu proses birnäçe hasabat bermegi we hatda wakanyň bolup geçen ýerine barmagy we kazyýet-lukmançylyk barlagy üçin hüjümiň bolup geçen wagty egniňdäki eşikleri tabşyrmagy öz içine alyp biler. Polisiýanyň pidalary ýerli hassahana ýa-da kazyýet-lukmançylyk edarasyna ýollamagy hem mümkin. Aşgabat şäherinde jynsy zorlugyň pidalaryna lukmançylyk kömegini berip bilýän lukmançylyk merkezleri:

Ady Telefon belgisi Salgysy
Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi 03; +99312907927; +99312907945 Görogly köçesi 120, Aşgabat
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkez +99312369271; +99312369276 Atamyrat Nyýazow şaýoly, 192, Aşgabat
Halkara stomatologiýa merkezi +99312487103; +99312487105 Berzeňňi, köçe 1970, Aşgabat
Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi +99312489603; +99312489604; +99312489704 Berzeňňi, köçe 1970, Aşgabat
Ýokanç keselleri bejeriş öňüni alyş merkezi +99312739926; +99312739927 Çoganly ýaşaýyş toplumy, 2255 (O.Annaýew köç,79), Aşgabat
Halkara kardiologiýa merkezi +99312487210; +99312487211; +99312487212; +99312487213 Berzeňňi, köçe 1970, jaý 30, Aşgabat
Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi +99312489423 Berzeňňi, köçe 1970, jaý 27, Aşgabat
Halkara iç keselleri merkezi +99312489032; +99312489089 Berzeňňi, köçe 1970, jaý 30, Aşgabat
Şikesleri bejeriş halkara merkezi +99312341429 Görogly köçesi, jaý 118, Aşgabat
Halkara "Ene mähri" merkezi +99312489301; +99312489302; +99312489303; +99312489304; +99312489305 Berzeňňi, köçe 1970, jaý 30, Aşgabat

Lukmançylyk barlagy we bejergisi

Türkmenistandaky lukmançylyk edaralarynyň diňe az sanlysy jynsy zorlugyň pidalaryna hyzmat edip bilýärler. Şeýle ýagdaýlarda geçirilýän lukmançylyk barlagy bedendäki daşky şikesleriň barlagyny, ginekologik barlagy, jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokanç keselleriň barlagyny we suratlary düşürmegi öz içine alyp bilýär.

AIW keseliniň öňüni alyş dermanlary "Milli AIDS-iň öňüni alyş merkezinde" elýeter bolup, hadysadan soňra 72 sagadyň içinde kabul edilmeli.

Gyssagly kontrasepsiýany dermanhanadan alyp bolýar we ol hem hadysadan soň 72 sagat geçmänkä kabul edilmeli. Gyssagly kontrasepsiýany lukmanyň dermannamasy bilen satyn almaly bolmagyň mümkin. Jynsy zorlugyň pidalaryna göwreliligiň 22-nji hepdesine çenli abort etdirme hukugy berilýär. Pidalar üçin gyssagly lukmançylyk kömegi mugt bolsa-da, soňra gerek boljak bejergiler töleglidir.

Derňew işleri

Ýeterlik subutnama ýygnalanyndan soň, iş hasaba alynýar we ýörite sülçä derňewe başlamak tabşyrylýar. Sülçi işiň gidişi barada pida habar berip durýar. Işiň dowamynda hadysanyň bolup geçen ýerine baryp görmek we prokuroryň edarasynda güman edilýän adamy anyklamak gerek bolup biler. 

Pidanyň hukuklaryndan doly peýdalanyp bilmesi üçin, ilki başdan aklawçy tutunmak maslahat berilýär. Çünki döwlet jemgyýetçilik aklawçylary bilen üpjün etmeýär. Aklawçynyň işe degişli materiallary görmäge hukugy bolýar we ol kazyýetiň öňünde pidanyň adyndan çykyş edip bilýär.

Jynsy zorluk hadysalarynyň derňewi 2 aýdan uzak wagt almaly däldir. Sülçi prokurordan aşakdakylar üçin rugsat sorap bilýär:

↪ Derňew işiniň möhletini uzaltmak; 

↪ Kazyýet işini gozgamak;

↪ Kazyýet işine garalmagyny buýurmak.

Kazyýet işiniň geçirilişi

Türkmenistanda adam zorlamak jenaýatdyr we jenaýatyň agyrlyk derejesine görä, 3 ýyldan 25 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilme jezasy berlip bilinýär (Türkmenistanyň jenaýat kodeksi, maddalar 132, 134, 135). 

↪ Aýal-gyzy zorlan, ýagny fiziki zorlugy ulanyp ýa-da haýbat atmak bilen gorkuzyp, şeýle hem jebir çekeniň biçäreliginden peýdalanyp, zyna eden 3 ýyldan 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilýär.

↪ Eger zorlama iki ýa-da şondan köp adam tarapyndan edilse; jebir çekeni horlamak bilen edilse ýa-da jebir çekene weneriki kesel ýokuşdyrylsa; kämillik ýaşyna ýetmedik adama edilse, günäkär 5 ýyldan 15 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilýär.

↪ Eger zorlama jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr zyýan ýetirse ýa-da oňa AIW ýokanjyny ýokuşdyrsa; on dört ýaşyna ýetmedik adama edilse, 10 ýyldan 25 ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Kazyýet jenaýatça maddy ýa-da ahlak taýdan ýetiren zyýanynyň öwezini dolmagy hem buýrup biler. Kazyýetiň öňünde görkezme bermek hökmanydyr we razyçylygyň berilmezligi jynsy zorluk hasap edilýär. Emma welin, bedende şikesler ýa-da egin-eşiklerde ýyrtylmalar ýok bolsa, razyçylyk berlen hasaplanylyp bilner. 

Derňew tamamlananyndan soňra iş kazyýete ugradylýar. Kazyýet işi birnäçe aýa çekip biler. Kazyýet karar çykaranyndan soňra, pida hem aýyplanýan hem 10 günüň içinde kazyýetiň kararyna garşy çykyp bilýärler. Eger garşylyk ýok bolsa, 10 günden soňra karar güýje girýär.

Maglumatyň asyl nusgasy: Turkmenistan: Information for victims of rape and sexual assault

Tema barada goşmaça okamak üçin:

JYNSY ZORLANMA SEZEWAR BOLAN ÇAGALARA NÄDIP KÖMEK BERMELI?

ZORLANYLAN ADAMA BERILMELI ILKINJI KÖMEK

ZORLANYLAN ADAMA NÄMELER DIÝMELI DÄL?

JYNSY ZORLUGYŇ BEÝNÄ TÄSIRI WE NÄME ÜÇIN POLISIÝA IŞGÄRLERI MUNY BILMELI?

  • 490 gezek okalan