BMG-nyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (UNFPA) 2024-nji ýylyň awgustynda öz Instagram sahypasynda zenanlar we maşgalalar üçin "Ynam telefony" hyzmaty barada maglumat paýlaşdy. Postda durmuşyň kynçylyklary ýa-da stresli hadysalar bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda Ynam gyzgyn liniýasyna jaň edip, hünärmenlerden maslahat we goldaw alyp bolýandygy aýdylýar hem-de her welaýat üçin gyzgyn liniýanyň nomerleri berilýär. Bu jemgyýetçilik meselelerini çözmekde, esasan-da aýal-gyzlara we maşgalalara psihologik kömek almaga howpsuz gurşaw döretmekde saldamly ädimdir. Şeýle hyzmatyň barlygy we onuň ýurduň ähli ýerindäki adamlara elýeterlidigi guwandyrýar. Şeýle başlangyçlar ilatyň ýaşaýşyna ýaramly täsir edip, gelejekde has uly göwrümli jemgyýetçilik hyzmatlarynyň döremegine ýol açyp biler.
Dowamy
2024-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistandaky BMG-nyň ösüş maksatnamasy (UNDP) Türkmenistanda inçekesel ýagdaýynda jyns taýdan aýratynlyklary derňeýän, bu kesel bilen bagly stigmany we diskriminasiýany anyklamaga synanyşýan, şeýle-de ýurtdaky inçekesel hyzmatlarynyň elýeterliligini we hilini bahalandyrýan hasabat işini çap etdi. Bu hasabat rus dilinde bolup, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň UNDP we Saglyk syýasatlarynyň we bilimleriniň merkezi (PAS Centre) bilen hyzmatdaşlyk etmeginde geçirildi hem-de Global gazna tarapyndan mäliýeleşdirildi.
Dowamy
Ýaýraň miýeloma (iň: multiple myeloma; rus: множественная миелома) ýa-da miýeloma – bu ýilik ragynyň bir görnüşidir. Ýilik käbir süňkleriň içinde duş gelýän maýyşgak dokuma bolup, gan öýjüklerini öndürýär. Ýaýraň miýeloma köplenç bedeniň birnäçe ýerine täsir edýär – meselem, oňurga, kelle süňküne, çanaklyga we gapyrgalara – şonuň üçin-de oňa "ýaýraň" ady berlen. Miýeloma süňkleri zaýalaýar we sagdyn gan öýjükleriniň öndürilmesine zeper ýetirýär.
Dowamy
Bellik: Makalanyň doly görnüşi iňlis we rus dillerinde progres.online saýtynda çap edildi.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin, BMG-nyň agza ýurtlary AIW we AIDS boýunça Syýasy deklerasiýany kabul etdiler. Ilkinji gezek agza ýurtlar 2026-2030 ýyllar üçin özgerişli we ölçegli maksatlary öňde goýdular – bu bolsa AIDS-iň soňuna çykmagy hakykata öwrüp biler.
Türkmenistanyň AIW ýokanjyna garşy göreşmek boýunça milli görkezmelerinden esasy bellikler.
Dowamy
Gazagystanda we Özbegistanda saglygy goraýyş edaralary ýaş çagaly maşgalalara köpçülik ýerlerinden uzak durmagy maslahat berdi.
Hytaýda soňky hepdelerde adamyň metapnewmowirusy (AMPW) bilen kesellän bolmagy çaklanylýan näsaglaryň aşa köp sanlysy hassahanalary doldurdy. COVID-19 ýaly howply ýokançlyk däl hem bolsa, çagalara we immunoýetmezçilikli adamlara örän agyr degip bilýän bu wirusyň Merkezi Aziýa hem ýaýrandygy barada sosial torlarda gürrüňler edilip başlandy.
Dowamy
Gazagystanda 3000 sany göwreli aýalyň gatnaşmagynda ylmy derňew işi geçirilip, sosial-ykdysady ýagdaýyň çaganyň ir dogulmagyna täsir edip etmeýänligi öwrenildi. Derňew kliniki hasabatlaryň we soragnamalaryň üsti bilen geçirildi.
Dowamy
BMG-nyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň hökümetiniň ýokanç däl keselleri gözegçilikde saklamak boýunça hyzmatdaşlygynyň netijesinde, 2024-nji ýylyň 19-njy noýabrynda ýurtda Lantus insulininiň täze tapgyrynyň kabul edilendigi habar berilýär.
2021-nji ýyldan bäri BMGÖM we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýokanç däl kesellere garşy göreşmek üçin dermanlar bilen üpjün etmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýärler. Umumy býujeti 92 million ABŞ dollaryndan geçýän bu taslamalar bütinleý Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Dowamy
Dünýäniň iň uly iýmit we içgi kompaniýalarynyň ýokary-girdejili döwletlerde satýanlary bilen deňeşdireniňde, pes-girdejili döwletlerde satýan önümlerine saglyga has ýaramsyz diýlip baha berildi.
Dowamy
2023-nji ýylda dünýä ýüzünde 8.2 million adamda inçekesel ýokanjy anyklanyldy – bu san BSGG 1995-nji ýylda kesel boýunça global gözegçilik işlerine başlaly bäri hasaba alnan iň ýokary san boldy. Şeýlelik bilen, inçekesel iň köp ölümçilige sebäp bolýan ýokançlyk hökmünde COVID-19-dan hem öňe geçip, ýene-de iň ýokary orna çykdy.
Özi bakteriýalar tarapyndan döredilýän ýokançlyk bolup, inçekesel onuň bilen kesellän adamyň üsgürende ýa-da asgyranda syçradýan suw damjalary arkaly ýokuşýar. Bu agyr kesel hem bolsa, ýerlikli bejergi bilen ondan gutulyp bolýar. Inçekesel esasan öýkenlere täsir edýär, emma bedeniň islendik bölegine, şol sanda mäzlere, süňklere we nerw ulgamyna hem ýaýrap bilýär.
Dowamy
Jynsy zorlugy başyndan geçirýän çagalar bu ýagdaýa gaýtadan uçramaga ýa-da ulalanlarynda özleri şeýle jenaýata baş goşmaga ýakyn bolýarlar. Şonuň üçin-de, adamyň çagalyk döwrüniň zorluksyz geçmegini gazanmak onuň zorluksyz ömür sürmesi üçin möhümdir.
Çagalara edilýän jynsy zorluk näme?
Şikeslenmä, agyra ýa-da psihologik ejir çekmä sebäp bolýan ýa-da sebäp bolmaga iterýän, bilkastlaýyn, razyçylyksyz, zerurlyksyz edilen ýa-da etmäge synanyşylan seksual hereket. Çagalara edilýän jynsy zorluk giňden ýaýran bolup, dünýäniň ähli böleginde, medeniýetinde we ykdysadyýetinde duş gelýär. Emma bu meseläniň göwrümini uzak wagtlap ölçemek kyn boldy. ÝUNISEF ýakynda çap eden "Çagalara garşy jynsy zorlugyň global göwrümi bilen ýüzleşmek" atly hasabatynda çagalaryň sezewar bolýan jynsy zulumynyň global we sebitleýin çaklamalaryny aýan etdi.
Dowamy