2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanda kliniki we laboratoriýa hyzmatlaryny kuwwatlandyrmaga gönükdirilen taslamanyň çäginde BMGÖM (UNDP) ýurt boýunça 114 sany laboratoriýany döwrebap enjamlar bilen üpjün etdi. Bularyň içine Ahal welaýatynda 10 kliniki laboratoriýa, Aşgabat şäherinde 28 laboratoriýa, Mary welaýatynda 19, Lebapda 27, Daşoguzda 16 we Balkanda 14 laboratoriýa girýär.
Laboratoriýada gurnalan enjamlar dürli görnüşli barlaglary, şol sanda ganyň umumy we biohimiki barlaglaryny, koagulýasiýa, peşew we mikroskopiýa barlaglaryny geçirmäge niýetlenen. Şeýle-de, laboratoriýalar reagentler we sarp ediş materiallary bilen hem üpjün edilýär.
Dowamy
Mähriban okyjy,
Sen ýurdumyzda öýdäki zorlugy azaltmaga goşant goşup bilersiň. Nädipdigini aşakda öwren:
Aýal-gyzlara el galdyrmak, haýbat atmak, islemeýän zatlaryny etmäge mejbur etmek, onuň geýnişine, puluna, gatnaşyklaryna kontrollyk etmek ýaly meseleler öýdäki zorlugyň alamatlary bolup, Türkmenistanda giňden ýaýran meseledir. Emma ol barada köpçülikleýin gürrüň edilmeýär, maglumat ýygnalmaýar we oňa çözgüt gözlenilmeýär. Saglyk.org türkmen dilinde öýdäki zulum we onuň aýal-gyza, maşgala we jemgyýete edýän täsirinden söz açýan ýeketäk websaýtdyr. Biz öýdäki zorlugyň adaty zat hökmünde kabul edilmeli däldigine, onuň ýaşyrylmaly we çydalmaly däldigine ynanýarys. Öýdäki zorluga öwrenilmeli we düşünilmeli mesele diýip çemeleşýäris.
Dowamy
Çaga düwünçeginiň we ýaş çagalaryň beýnisiniň sagdyn ösmeginde ýoduň wajyp orny bar. Ýod ýetmezçiligi adamyň diňe saglygyna zyýan salmak bilen çäklenmän, onuň ykdysady önjeýliligini we durmuş hilini peseldýär. Ýoduň azyk önümlerinde örän az mukdarda tapylýandygy sebäpli, köp adama goşmaça ýod zerur bolýar. Ilatyň ýod kabul ediş derejesini ýokarlandyrmagyň iň bir netijeli usuly duzy ýod bilen baýlaşdyrmakdyr.
1996-njy ýylda Türkmenistanyň prezidenti "Duzy ýodlamak we uny demir bilen baýlaşdyrmak hakynda" karara gol çekip, ýurtda öndürilýän we import edilýän ähli azyk duzlarynyň ýodlaşdyrylan bolmalydygyny girizdi we 1kg duzuň ýodlulyk derejesini 23±11.5mg bolmaly diýip belledi.
Dowamy
Gazagystanda erkek adamlaryň 73 göterimi aýallaryň ýurtda ýeterlik hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýarlar.
Ýakynda Gazagystanyň hökümeti BMG-nyň aýallar we Ösüş programmasy bilen hyzmatdaşlykda gender deňligi boýunça uly göwrümli sosiologik derňew geçirdi. Onda erkekleriň 73, aýallaryň 58 göteriminiň ýurtdaky aýal-gyzlara berilýän hukuklar we mümkinçilikler bilen kanagatlanýandygy belli boldy. Derňewe gatnaşanlaryň aglabasy aýallara garşy zorluga garşy çykýan bolsalar hem, aýallaryň razyçylyksyz jynsy gatnaşyga mejbur edilmeginiň, olary gorkuzmagyň we haýbat atmagyň, we erkekleriň ýakyn gatnaşykdaky aýallarynyň daşky keşbini, puluny we adamlar bilen gatnaşyklaryny öz kontrolynda saklamasynyň hem gender zorlugyna degişlidigine köpüsi düşünmeýärdi. Gatnaşyjylaryň 18%-i erkekleriň aýallaryna ýa-da ýakyn gatnaşykdaky ýoldaşyna el galdyrmagyny doly ýa-da belli bir derejede goldaýarlar. Şeýle-de, gatnaşyjylaryň 60 göterimden köpüsi erkegiň öz aýalynyň ýa-da ýakyn ýoldaşynyň daşky keşbini, adamlar bilen aragatnaşyklaryny we duşuşyklaryny kontrol etmäge doly ýa-da belli bir derejede "hakynyň bardygyny" aýtdylar.
Dowamy
2024-nji ýylyň aprelinde ABŞ-nyň Daşky gurşawy goraýyş gullugy (EPA) metilenhloridiň müşderiler tarapyndan ulanylmagyny gadagan edýän karara gol çekdi. Metilenhlorid gurluşyk boýaglaryny aýryjy serişdelerde giňden ulanylýan himikat bolup, bagyr ragyna we beýleki saglyk bozulmalaryna sebäp bolýar.
Dowamy
2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde, Bütindünýä ýer güni mynasybetli, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistana wekiliýeti özüniň X (ozalky Twitter) we beýleki sosial mediýa sahypalarynda ýurtdaky eýesiz haýwanlaryň saklanýan ýerleriniň birnäçesiniň telefon belgilerini paýlaşdy.
Dowamy
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bellemegine görä, gartaşan aýallaryň, şeýle-de maýyplygy bolan aýallaryň zuluma duçar bolma töwekgelçiligi has uly bolsa-da, ýerli we halkara gözleglerde we derňewlerde olar ünsden düşürilýär. Bu toparlardaky aýal-gyzlaryň ýagdaýlaryna has içgin düşünmek we olara ýokary hilli goldaw bermek üçin, BSGG ýurtlary ýerlikli barlaglarydyr derňewleri geçirmäge çagyrýar.
Gender esasly zorluk boýunça häzire çenli geçirilen sanlyja barlaglar bu topardaky aýallara köp zorluk edilýändigini görkezýär. Barlaglaryň biriniň netijesine görä, maýyplygy ýok aýallar bilen deňeşdirilende maýyplygy bolan aýallara ýakyn gatnaşykdaky ýoldaşlary tarapyndan has köp zulum edilýän bolsa, ýene bir barlag maýyplygy bolan aýallaryň jynsy zorluga has ýygy duçar bolýandyklaryny görkezdi.
Dowamy
I tipli süýjüli diabetli adamyň aşgazanasty mäzi insulin gormonyny bölüp çykarmaýar ýa-da ýetersiz mukdarda çykarýar. Insuliniň kömegi bilen gandaky şeker öýjüklere barýar we energiýa üçin harçlanýar. Insulin bolmasa gandaky şeker öýjüklere paýlanylmaýar we ganda üýşüp durýar.
I tipli süýjüli diabet dünýä ýüzünde ýetginjeklerde we ýaşlarda barha artyp barýar. Çagalar insulin ýetmezçiligine has duýgur bolýarlar we olarda diabet ketoasidozynyň ýüze çykma töwekgelçiligi ýokarydyr.
Dowamy

↪ 1990-njy ýyldan bäri prezerwatiwleriň barha köp ulanylmagy takmynan 117 million täze AIW ýokuşmalarynyň öňüni aldy.
↪ 2020-nji ýylda dünýä boýunça 15-49 ýaşlylaryň arasynda 374 million sany täze jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyk hadysalary hasaba alyndy. Bu ýokançlyklaryň aglabasynyň prezerwatiwleri dogry ulanmak arkaly öňüni alyp bolardy.
↪ Erkek prezerwatiwleri dogry we her gezekki jynsy gatnaşykda ulanylanda niýetlenilmeýän göwrelilikden goranmakda 98% netije berýär, aýal prezerwatiwleri 95%.
↪ Jynsy gatnaşyklar we jynsy lezzet barada pozitiw gürlemek arkaly geçirilýän çäreler prezerwatiwleriň has köp ulanylmagyny gazanmakda oňaýly netije berýär.
↪ Prezerwatiw ulanmagy maslahat berlende tankylaýjy dilden uzak durup, adamyň mertebesini üns merkezinde saklamaly.
↪ Gender deňsizligi, esasanda romantik gatnaşyklardaky gender deňsizligi prezerwatiw ulanylmagynda uly päsgelçilik döredýär.
Haçanda dogry we yzygiderli ulanylanda, prezerwatiwler jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň, şol sanda AIW-iň we niýetlenilmedik göwreliligiň öňüni almak üçin howpsuz we örän netijeli çözgütdir.
Prezerwatiwleriň iki görnüşi bar: daşky (erkek) prezerwatiwler we içki (aýal) prezerwatiwler. Bularyň ikisi hem dogry ulanylanda ýokary netije berýär. Daşky prezerwatiwler has giňden ýaýran bolup, olar jynsy galtaşmadan öňürti erkegiň gönelen ujydyna geýdirilýän örtükdir. Içki prezerwatiwler hem köp ýerde elýeterli örtükdir we jynsy galtaşmadan öňürti waginanyň içinde oturdylýar.
Prezerwatiwler lubrikantlar bilen bile ulanylanda olaryň deşilme, sypma ýa-da gaçma ähtimallygy peselýär. Düzümi suwly esasly ýa-da silikon esasly lubrikantlary ulanmak maslahat berilýär, çünki onuň beýleki görnüşleri (ýagly, mesgeli ýa-da losonly) prezerwatiwleriň ýyrtylmagyna eltip bilýär.
Lubrikantlar prezerwatiwli geçirilýän waginal jynsy gatnaşyklaryň we esasan-da anal jynsy gatnaşyklaryň lezzetli we netijeli bolmagyna kömek edýär. Adamyň artbujagy (anus) jynsy gatnaşyk wagtynda wagina ýa-da ujyt ýaly tebigy taýdan ýeterlik derejede nemlenmeýär. Şonuň üçin anal jynsy gatnaşyklarda bol lubrikant ulanylmalydyr. Jynshananyň aýbaşydan galma bilen baglanyşykly guramasyny başdan geçirýän aýallara hem lubrikantlar peýda berip biler. Umuman, lubrikant ulanýan adamlar jynsy gatnaşygyň dowamynda agyryny we birahatlygy az başdan geçirýärler we gatnaşykdan has uly lezzet alýarlar.
Netijeliligi
Prezerwatiwleriň netijeliligi olaryň dogry ulanylyşyna baglydyr. Haçanda prezerwatiwler her gezekki jynsy gatnaşykda nädogry ulanylanda göwreliligiň döreme we AIW-i hem öz içine alýan jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklaryň ýüze çykma töwekgelçiligi artýar. Prezerwatiwleriň sypmasy ýa-da ýyrtylmasy sebäpli döreýän göwrelilikler ýa-da ýokançlyklar juda azdyr. Waginal, oral we anal jynsy gatnaşyklarda dogry we yzygiderli prezerwatiw ulanylanda jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklaryň ýokuşma howply örän peselýär. Prezerwatiwler adam bedeniniň bölünip çykmalary arkaly geçýän AIW, gonoreýa we hlamidioz ýaly ýokançlyklardan goraýarlar. Şeýle-de olar uçuk we adamyň papillomawirusy ýaly derä galtaşma arkaly geçýän ýokançlyklardan hem goraýarlar.
Netijeli bolmasy üçin prezerwatiwler Halkara standartlaşdyrma guramasynyň (ISO) standartlaryna we BSGG/UNFPA guramalarynyň kadalaryna eýermeli.
BSGG
Gazagystanda soňky wagtlarda ilat içinde stalking hadysalary barada aç-açan gürrüňler edilip başlandy. Meselem, Instagramda Gazagystanly aýal-gyzlaryň birnäçesi erkek adamlar tarapyndan hem onlaýn hem oflaýn haýbatlara we zuluma duçar bolandyklaryny we kazyýetiň jenaýatkärlere beren jezasy bilen kanagatlanmaýandyklaryny gürrüň berdiler.
Stalking – bu biriniň seni dowamly synlamak, irizmek, ýa-da yzarlamak arkaly hakyky durmuşda ýa-da internetde (kiberstalking) biynjalyk etmegidir. Bu hereket köplenç gorkuzmalary we haýbatlary hem öz içine alýar – bu hem pidanyň özüni howp astynda duýmagyna sebäp bolýar. Köp halatlarda stalking jenaýat bilen tamamlanýar.
Dowamy