1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

sebitimizde azyk howpsuzlygyIýul aýynda ÝUNISEF "Azyk howpsuzlygynyň we iýmitiň ýagdaýy 2024" atly global hasabaty çap etdi. Hasabatda dünýä ýüzündäki açlyk ýagdaýlary iýmitden alynýan ýokum ýetmezçiligi bilen ölçenildi. Dünýä ilatynyň açlykda ýaşaýan bölegi 2019-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli ep-esli artyp, ondan soňky 3 ýylyň dowamynda onçakly üýtgemedi. Afrikada bu görkeziji iň ýokary bolup, ilatynyň 20.4% açlykdan ejir çekýän bolsa, Aziýa 8.1% bilen ikinji orunda durýar (üçünji Okeaniýa (7.3%) we Latyn Amerika we Karib adalary (6.2%) dördünji). Şeýle-de bolsa, açlykda ýaşaýan adamlaryň sany boýunça (384.5 million) Aziýa sebitleriň başyny çekýär. Merkezi Aziýa sebitinde ýokum ýetmezçiliginden ejir çekýänleriň sany 2006-njy ýyldan 2023-nji ýyla çenli 8.2 milliondan 2.4 milliona düşdi, emma Türkmenistanda şol ýyllar aralygynda bu görkeziji 0.2 milliondan 0.3 milliona çykdy.

Dowamy

  • 407 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

hcv testIlkinji gepatit C ekspres-testi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hil, howpsuzlyk we netijelilik barlagyndan üstünlikli geçip, 2024-nji ýylyň iýulynda guramanyň prekwalifikasiýasyny gazandy. "OraQuick HCV self-test" atly bu önüm BSGG-nyň 2017-nji ýylda diňe hünärmenleriň ulanmagy üçin tassyklan "OraQuick® HCV Rapid Antibody Test" atly espres-testiň bir görnüşi bolup, OraSure Technologies kompaniýasy tarapyndan öndürilýär. Ekspres-testiň bu görnüşi ýörite adaty adamlaryň ulanyp bilmesi üçin taýýarlanylan we öz-özüňde barlag geçirmek üçin ähli gerekli zatlary özünde jemleýär.

Dowamy

  • 459 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tkm apw waksinasyBSGG-nyň Türkmenistandaky edarasy ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanda ilkinji hil derňewini geçirdi. Derňew ene-atalaryň çagalaryna adamyň papillomawirusyna (APW) garşy waksina almak baradaky pikirlerine nämeleriň täsir edýändigini öwrenmäge gönükdirildi. Saglygy goraýyş işgärleri, ene-atalar we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri bilen interwýular geçirilip, olaryň APW we beýleki çaga waksinalaryny almagyna ýa-da almazlygyna itergi berýän bilimleri, garaýyşlary we endikleri derňeldi. Derňew 2023-nji ýylyň soňunda 3 hepdäniň dowamynda ýurduň şäherlerinde, paýtagtda we 2 welaýatyň obalarynda geçirildi.

Dowamy

  • 463 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ganyn gyt yerlerinde diri galmagyn yollaryGan önümleri diňe bir operasiýa we trawma ideginiň möhüm bölegi bolman, lukmançylyk bejergileriniň ençemesinde ulanylýar. Meselem, gemofiliýaly (gan durmazlyk) adamlara donoryň ganyndan arassalanyp alnan ýörite gan duruzyjylary goýbermeli bolýar; ýa-da dogumdan soňky aşa gan ýitirme we çaganyň düşmesi ýaly ýagdaýlarda hem gan önümleri ulanylýar.

Dowamy

  • 423 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

red data book tkm5-nji iýunda, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününde, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi. Gyzyl kitap ýurtdaky ýabany ösümlikleriňdir haýwanlaryň seýrek duş gelýän, sany azalýan hem-de ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleri barada möhüm maglumatlary özünde jemleýär.

Dowamy

  • 739 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

howanyn insult olumlerine tasiriAşa gyzgyn ýa-da sowuk howa insult ölümlerini köpeldip biler, esasan-da pes girdejili ýurtlarda.

Maý aýynda Garward uniwersiteti tarapyndan çap edilen ylmy barlagyň netijeleri howanyň çakdanaşa temperaturalary bilen insult ölümleriniň artma töwekgelçiliginiň arasynda baglanyşyk görkezýär. Bu baglanyşyk hem ýokary girdejili ýurtlara garanyňda pes girdejili ýurtlarda has berk.

Dowamy

  • 633 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Adamyň papillomawirusyapw we yatgynyn boyunjygynyn ragy (APW) derä we dürli organlaryň nemli bardasyna (meselem, ýatgynyň boýunjygyna ýa-da çatalba aralygyna) ýokuşýan wirusdyr. Kä halatlarda ýokançlyk siňňile meňzeş ösüntgüleriň döremegine alyp barýar. APW wirus ýokuşan derä, nemli barda galtaşmak arkaly ýa-da beden suwuklyklarynyň üsti bilen adamdan adama ýokuşýar.

Dowamy

  • 498 gezek okalan