1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

covid gan barlagyPandemiýanyň başlanyna 3 ýyldan gowrak wagt geçenden soň, millionlarça adamyň hakykatdanam uzak dowam edýän Covid-den ejir çekýändigine ahyry ylmy subutnamalar bar.

Alymlar uzak dowam edýän Covid-li adamlaryň ganyndaky aýdyň tapawutlary ýüze çykardylar. Bu keseli anyklamak üçin testleri işläp düzmekde ilkinji ädimdir.

Dowamy

  • 999 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

metan adam saglygyna tasiri2023-nji ýylyň awgustynda Global klimat we saglyk birleşigi (GCHA) tarapyndan "Metanyň täsirini azaltmak: Global saglyk strategiýasy" atly hasabat çap edildi. Hasabatda metanyň adam saglygyna ýetirýän täsirlerine giňişleýin garalyp geçilýär.

Kuwwatly parnik gazy bolan metan bütindünýä maýylganlygyny çaltlaşdyrýar we ýere ýakyn ozonyň emele gelmegine goşant goşmak arkaly howanyň hem hilini ýaramazlaşdyrýar. Metanyň ýany bilen howa zyňylýan hapalaýjylar bolsa, adamlara zerur bolan howany, suwy we topragy haraplaýarlar.

Dowamy

  • 955 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

covid in taze tolkunyCovid pandemiýasynyň tamamlanandygy maýyň başynda resmi taýdan yglan edilse-de, sentýabryň başyndan bäri ABŞ-da koronawirus ýokuşan adamlaryň sany çalt artmagyny dowam edýär. Ýurtdaky häzirki Covid hadysalarynyň tolkuny 2020-nji ýylyň ýazyndaky tolkunyň derejesine tas deňeçer.

"Hadysalaryň we agyr keselleýänleriň sany diňe ABŞ-da köpelmeýär. Diýmek, keseliň şeýleräk artmagyna beýleki ýurtlar hem taýýar bolmaly" – diýip, BSGG-nyň pandemiýa garşy göreşmek boýunça jogapkäri Mariýa Wan Kerhowe belleýär.

Dowamy

  • 952 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

hindistan yyllyk auditHindistanda derman öndürijiler özleriniň çig mal üpjün edijilerini ýylda azyndan bir gezek audit (resmi derňew) etmeli bolarlar. Bu düzgün Hindistanda öndürilen üsgülewük siroplary dünýäde 141 çaganyň ölümine sebäp bolanyndan soň has berkedildi. Täze düzgün iýunda ornaşdyrylan eksport edilýän üsgülewük siroplary üçin goşmaça barlag düzgünleri bilen birlikde, Hindistanyň alyjylary öz derman senagatynyň howpsuzlygyna ynandyrmak isleýändigini görkezýär. Ýurt dünýäniň iň uly derman öndürijileriniň biri bolup, derman serişdelerinden $42 milliard girdeji gazanýar.

Dowamy

  • 948 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

2023 global aidsDiňe 20 ýyl mundan öň hem global AIDS pandemiýasy ýeňip boljaga meňzemeýärdi. Her ýyl 2.5 milliondan köp adama AIW ýokuşýardy we AIDS zerarly ýylda 2 million adam aradan çykýardy. Netijeli bejergiler we dermanlar oýlanyp tapylan hem bolsa, bahasynyň gymmatdygy sebäpli olardan sanlyja adam peýdalanyp bilýärdi. UNAIDS-iň ýakynda çap eden global AIDS baradaky soňky hasabaty häzirki wagtda dünýäde AIW bilen ýaşaýan 39 million adamyň 29.8 millionynyň ölümden halas ediji bejergileri alýandygyny görkezýär.

Dowamy

  • 1023 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

kz gyzamyk keseli2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Gazagystanda 4306 sany gyzamyk keseli hasaba alyndy. Kesellänleriň 83%-i 14 ýaşa ýetmedik çagalardyr.

Epidemiologlaryň aýtmagyna görä, gyzamyk bilen kesellänleriň 70%-i waksina almadyk çagalardyr. Waksina berilmezliginiň sebäplerine waksina almakdan ýüz öwürmek, lukmançylyk garşy görkezmeleri, waksina ýaşyna ýetmezlik we beýleki sebäpler degişli. Waksina alandygy ýa almadygy näbelli ýagdaýlar bolsa hadysalaryň 18%-ini düzýär.

Dowamy

  • 1226 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

uzb den hukuklylykÖzbegistanyň parlamenti erkekleriň we aýallaryň deň hukuklydygyny aç-açan inkär etmegiň administratiw jogapkärçilige çekiljekdigini kesgitleýän kanunyň taslamasyny tassyklady.

Şeýle hem, taslamada iki ýa-da birnäçe aýal bilen ýaşaşmagy öňe sürýän propagandalara jeza bermek göz öňünde tutulýar. Raýatlaryň milleti, jynsy, etniki gelip çykyşy ýa-da dini degişliligi esasynda artykmaçlygy ýa-da pesligi baradaky propagandalar indi administratiw hukuk bozulmasy hasaplanar.

Dowamy

  • 923 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

covid 19 waksinalary12-nji sentýabrda "Amerikalylaryň köpüsi täzelenen COVID-19 waksinasyny alyp bilerler we almaly" – diýip, Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi (CDC) yglan etdi. Bu Pfizer we Moderna mRNA waksinalarynyň berilmegine ýol açdy.

Waksinany kimler alyp biler? 6 aýlyk çagalara we ondan ululara güýçlendiriji waksina berlip bilner. Saglyk resmileriniň waksina bermekde ilkibaşda ilatyň ejiz toparlaryny ileri tutmagy göz öňünde tutandyklaryna garamazdan, CDC-niň karary görkezijilerden bütinleý täsirlendi:

Dowamy

  • 1098 gezek okalan