1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

hroniki yadawlykUzak dowam edýän COVID-19-yň giň ýaýbaňlanan simptomlarynyň biri hem hroniki ýadawlyk bolup, bu iň nädogry düşünilen alamatlardandyr. "Ýadawlyk diňe aklyňda bolup geçýän zat" diýip, ondan ejir çekýän adamlara köplenç mert bolmak maslahat berilýärdi. Bu bolsa dartgynlylykdan soň bedeniň halsyzlygynyň (PEM) ýitileşmegine getirýär.

Ýönekeý ýadawlykdan ötri: PEM bolan adamlar alawlaýan, dümewlemede ýüze çykýan zäherlenmä meňzeş agyrylary başdan geçirýärler.

Dowamy

  • 1094 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dogrumdan sonky depressiyaAwgustyň başynda ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri administrasiýasy dogrumdan soňky depressiýany (DSD) bejermek üçin ilkinji gerdejigi tassyklady. DSD giň ýaýbaňlanan, emma ýeterlik bejerilmeýän ýagdaýdyr.

Zurzuvae markasynyň "zuranolone" atly dermany göwrelilik bilen bagly agyr depressiýany başdan geçirýänler üçin niýetlenip, 3 günde simptomlary ýeňilleşdirip bilýär. Ozal dermanyň diňe wena damarynyň içine goýberilýän ergin görnüşi elýeterlidi.

Dowamy

  • 1041 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

tm metan jogapkar2022-nji ýylda Türkmenistanyň iki sany uly nebit-gaz ýataklaryndan çykan metan zyňyndylarynyň sebäp bolan bütindünýä maýylganlygy tutuş Birleşen Patyşalygyň kömürturşy gaz (CO2) zyňyndylarynyň döreden maýylganlygyndan hem geçdi. Bu iki türkmen gaz ýataklaryndan howa zyňylan CO2 möçberi 366 tonna ýetdi. 

2007-nji ýyldan bäri, bütin dünýäde metan zyňyndylary barha artyp gelýär – munuň bolsa maýylganlygyň derejesini 1.5 gradusdan aşakda saklamagy kynlaşdyrjakdygyny alymlar aýdýarlar.

Dowamy

  • 1044 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gyrgyz dilinde autizm barada ilkinji kitapZeýnep Ibrahim kyzy gyrgyz we iňlis dillerinde çykan "Өзгөчө бөбөгүм" (Aýratynlykly oglan jigim) çagalar kitabynyň awtory we autizmli Urmat atly oglanjygyň uýasydyr. Urmatyň ejesi Baktygul Çynybaýewa bolsa, žurnalist, ýazyjy we ululara niýetlenen "Аутизм менен жашоо" (Autizm bilen ýaşamak) atly kitabyň awtory.

Dowamy

  • 916 gezek okalan

ESASY DERMANLARYŇ TÄZE SANAWY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

esasy dermanlaryn taze sanawy26-njy iýulda BSGG ýaýraň sklerozy, ragy, ýokanç keselleri we ýürek-damar kesellerini bejermek üçin möhüm dermanlary öz içine alýan Esasy dermanlaryň (EDS) we Çagalar üçin esasy dermanlaryň (EDSç) model sanawynyň täze neşirini çap etdi. Täzelenen sanaw kliniki taýdan peýdalary subut edilen innowasion dermanlara elýeterliligi ýeňilleşdirmek üçin taýýarlanyldy.

Dowamy

  • 1070 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

taze aiw gollanmasyAntiretrowirus (ART) terapiýasy AIW-e garşy göreş usulyny üýtgetdi. Ýakynda, Halkara AIDS jemgyýetiniň AIW ylmy boýunça konferensiýasynda BSGG bedende wirusyň mukdaryny azaltmaga gönükdirilen täze gollanmany çykardy.

Gollanma täze ulgamlaýyn syna esaslanyp, eger AIW keselliler wirusyň mukdaryny juda pes derejede saklasalar, AIW-iň jynsy gatnaşyk arkaly ýokuşma howpunyň tas ýok bolýandygyny görkezýär.

Dowamy

  • 847 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (2 Ses)

covid simptomlary yuze cykmadyCOVID ýokuşsa-da keselden ejir çekmedik birini tanaýaňmy? Ýa-da ýoldaşy erbet syrkawlasa-da, özüne wirusyň ýokuşman geçendigini aýdýan adamlar bardyr.

Alymlaryň çaklamalaryna görä, COVID ýokuşan adamlaryň 20% -den gowragynda hiç hili simptom ýüze çykmandyr we olaryň käbiri wirusyň ýokuşandygyndan hem habarsyz galypdyrlar. Täze barlaga görä, olaryň wirus bilen syrkawlamazlygynyň sebäbi genetika bolmagy mümkin.

Dowamy

  • 852 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gyrgyzystanda telewizor mahabatlaryMerkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynda ulularyň we çagalaryň arasynda semizlik epidemiýasy ýaýbaňlanan. BSGG-nyň Ýewropa sebitindäki ulularyň 60%-i we mekdep ýaşyndaky çagalaryň üçden bir bölegi aşa semiz ýa-da semiz.

Merkezi Aziýada 6-9 ýaş aralygyndaky her üç çaganyň biri aşa semiz ýa-da semiz. Aşa agramly çagalaryň iň azy Täjigistanda (10% -den az) bolup, ikinji orunda Gyrgyzystan (~10%), üçünji ýerde Türkmenistan (10% -den biraz kän) we dördünji orunda Gazagystan (20% -den az) durýar.

Çagalar aşa şekerli gazlandyrylan içgileri köp mukdarda sarp edýärler.

Dowamy

  • 1022 gezek okalan