1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yartygulak we onun dostlary2023-nji ýylyň maýynda ÝUNISEF Türkmenistandaky çagalara sagdyn endikleri ösdürmäge kömek etmek maksady bilen "Ýartygulak we onuň dostlary" atly çagalar kitabyny çap etdi. Kitap Türkmenistanda COVID-19-a jogap taslamasynyň çäginde Bütindünýä banky we Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirildi. Ýigrimi sahypalyk kitap esasan 4-10 ýaş aralygyndaky çagalar üçin niýetlenip, türkmen we rus dillerinde elýeterlidir.

Saglyk.org redaksiýasy kitap barada synyny paýlaşýar.

Dowamy

  • 202 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Adaty sowuklamaadaty sowuklamadan acylmaga ýa-da dümew üçin derman gözläniňizde dykylan burny açmagy, burnuň akmasyny duruzmagy we üsgülewügi aýyrmagy wada edýän birnäçe serişdelere duş gelip bilersiňiz.

Emma, lukmanlar şol dermanlaryň sowuklamany bejerýändigi barada ylmy subutnamalaryň ýetersizdigini aýdýarlar.

Dowamy

  • 204 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Gyzamykgazagystan gyzamyk hadysalary örän ýokanç keseldir. Wirusa ýakynlaşan, emma zerur goranyşy bolmadyk 10 adamdan 9-syna gyzamyk wirusy ýokuşýar. Gyzamygyň möwjemesi sebitde habar berilýän hadysalaryň sany garaşylýan mukdardan köp bolanda yglan edilýär. Häzirki wagtda, gyzamyk hadysalary dünýäniň ähli sebitlerinde ýüze çykýar. 12,985 sany habar berlen hadysa bilen Gazagystan gyzamygyň iň köp ýaýran on ýurdunyň arasynda üçünji orunda durýar.

Dowamy

  • 247 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dowlet asgermezlik edyarGyrgyzystanda öýde we daşarda aýal-gyzlara garşy gender esasly zorluk giňden ýaýrandyr we onuň jemgyýetde adaty zat hökmünde kabul edilmegi çynlakaý alada döredýär.

Hökümet öýdäki zorluk barada maglumat ýygnasa-da, maglumatlarda belli ilat toparlary, şol sanda maýyplygy bolan aýallar we gyzlar kesgitlenilmeýär. Gender esasly zorluk, öýdäki zorluk, mejbury we çaga nikasynyň pidalary baradaky resmi statistika maýyplyk barada maglumatlary öz içine almaýar.

Dowamy

  • 245 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

cagalaryn inklyuziyasyna bowetlerÝewropada we Merkezi Aziýada ~11 million çaga maýyplygyň haýsydyr bir görnüşi bilen ýaşaýar. Dünýädäki her çaga ýaly, maýyplygy bolan çagalaryň hem her biriniň ýerlikli ideg we bilim bilen terbiýelenmäge we goldanylmaga, ýeterlikiýmitlenmäge, sosial goraglylyga, oýnamakdan we dynç almakdan lezzet almaga hukugy bardyr. Emma, bu hukuklar köplenç ret edilýär. Onuň sebäplerine stigma, hyzmatlaryň elýetersizligi, fiziki päsgelçilikler we beýlekiler degişlidir. 2023-nji ýylyň noýabrynda ÝUNISEF-iň çap eden "Ýewropada we Merkezi Aziýada maýyplygy bolan çagalar: Olaryň abadançylygyna statistiki syn" atly hasabaty sebitimizdäki 9 ýurtda (Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gruziýa, Belarussiýa, Serbiýa, Kosowa, Demirgazyk Makedoniýa, Çernogoriýa) maýyplygy bolan çagalaryň aýratynlyklary we hal-ýagdaýy barada maglumatlar berýär. 

Dowamy

  • 198 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

kz gyzamyk keseli28-nji noýabrda Gazagystanyň Saglyk ministri Ajar Giniýat Gazagystanda 17 müňden gowrak gyzamygyň hasaba alnandygyny, kesellänleriň 82%-den köpräginiň esasan waksina almadyk çagalardygyny habar berdi.

Häzirki wagta 2375 çaga keselhanada bolup, olaryň 30-sy agyr ýagdaýda reanimasiýa ýerleşdirildi. Olardan 15-si bir ýaşa ýetmedik çagalar. Ölümçilik entek hasaba alynmady.

Dowamy

  • 250 gezek okalan