Dünýä ýüzünde iň köp ulanylýan himioterapiýa dermanlary hil barlaglaryndan geçmedi. Bu nämäni aňladýar? Dünýäniň 100-den köp ýurdunda rak keselli syrkawlar bejergileriň netije bermezlik ýa-da ölüm howply gaýraüzülmelere eltmek howpy astynda ýaşaýarlar.
Bu barlagdan geçirilen dermanlar köp duş gelýän raklaryň (göwüs ragy, ýumurtgalygyň rak keseli, leýkemiýa ýa-da leýkoz) ençemesini bejermekde möhüm rol oýnaýarlar. Dermanlaryň käbirinde içinde bolmaly esasy ingrediýentler şeýle az möçberde ekeni welin, olary syrkawlara bereniň bilen bermäniň tapawut etmejekdigini hünärmenler aýdýarlar. Käbir dermanlaryň düzüminde bolsa işjeň ingrediýentler aşa köp mukdarda bolup, olar syrkawa organ zaýalanma ýa-da ölüm howpuny salýarlar.
Dowamy
Biziň Saglykda iň bir ähmiýetli we barha göwrümi giňeýän proýektimiz bolan BILIM mobil priloženiýesi 2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanda gelin-gyzlaryň biliminiň we özynamlylygynyň artmagyna goşant goşup gelýär. Bu türkmen dilinde çykarylan ilkinji we ýeketäk aýbaşy kalendary bolup, gelin-gyzlara aýbaşy halkasyna, owulýasiýasyna, gündelik endiklerine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär we olaryň saglygy hem-de hukuklary barada maglumat hödürleýär.
Dowamy
Eger ulanyş üçin tassyklanylsa, eýýäm aýallarda peşew ýollarynyň ýokançlygyny bejermekde ulanylýan bu derman serişdesi soňky 20 ýylyň içinde jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän kesellere garşy ilkinji täze antibiotik bolar.
GSK farmasewtik kompaniýasy tarapyndan oýlanylyp tapylan tabletka ylmy barlaglarda sözenegi (gonoreýa) bejermekde netijelilik görkezdi. "Blujepa" ady bilen satylýan bu tabletka mart aýynda ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri administrasiýasy tarapyndan 12 ýaşdan uly aýal-gyzlarda peşew ýollarynyň ötüşmedik ýokançlyklaryny bejermek üçin tassyklanylypdy.
Dowamy
2025-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-iň bilelikde aýallarda we çagalarda milli mikroelementler barasyndaky geçiren pikirsoraşmanyň netijeleri çap edildi.
Pikirsoraşma ýurtdaky 6-59 aý aralyk çagalarda, 15-49 ýaş arasyndaky aýallarda we göwreli aýallarda ganazlygyň (anemiýa), demir kemçiliginiň we beýleki mikroelementleriň kemçiliginiň ýaýbaňlylygyny ölçedi.
Dowamy
Gyzamyk örän ýokanç wirusdyr. Bu ýaş çagalar üçin ölüm howply hem bolup bilýär. Dünýäniň ençeme ýerinde gyzamyk sanjymlarynyň ýeterlik berilmezligi bu wirusyň ýaýramasyna oňaýly şert döredýär.
Soňky 5 ýylyň dowamynda gyzamyk dünýäniň çagalarynyň 75%-iniň ýaşaýan ýerleri bolan 100-den köp ýurda ýaýrady. Emma biz bu wirusa bäs gelip bilýäris – gyzamyk waksinalary howpsuz we netijelidir. Çagalaryň gyzamyk bilen kesellemesiniň we ony başgalara ýaýratmasynyň öňüni almagyň iň gowy ýoly olary sanjym etdirmekdir. Gyzamyk barada her kimiň bilmeli 5 zady:
Dowamy
2024-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň parlamenti Maşgala kodeksine we Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgeşmeler girizdi. Bu üýtgeşmeler nika bozmagy kynlaşdyrdy. Şol sanda, bu üýtgeşmeler öýdäki zorlugyň pidalaryna hem zulum ediji ýanýoldaşlaryndan aýrylmagy has howply eder.
Dowamy
Klimaty hapalaýan
maddalaryň az sanlysy – şol sanda howany hapalaýan gara uglerod, metan we ozon – häzire çenli hasaba alnan global maýylganlygyň tas ýaryna sebäpkärdir.
Bu hapalaýjylaryň ömri atmosferada bir asyrdan hem gowrak saklanýan kömürturşy gazy (CO2) bilen deňeşdireniňde has gysga hem bolsa, olaryň bölünip çykýan her tonnasynyň kömürturşy gazyndan 80-2000 esse köp howa maýladyjy güýji bolýar. Bu hapalaýjylaryň indiki asyrda hem klimaty kömürturşy gazyndan has beter maýlatmagy dowam etmesine garaşylýar.
Dowamy
Equality Now
guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň oktýabrynda çap edilen hasabat 7 sany Ýewraziýa ýurdunda (Ermenistan, Azerbeýjan, Gruziýa, Gyrgyzystan, Russia, Täjigistan we Özbegistan) irki we mejbury çaga nikalarynyň ýaýbaňlylygyny we sebäplerini derňeýär. Bu hasabata Türkmenistan degişli däl hem bolsa, sebitimizdäki ýagdaýlar barada öwrenmek ýurdumyzdaky irki nikalara düşünmegimize saldamly goşant goşup biler.
Dowamy
BMG-nyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (UNFPA) 2024-nji ýylyň awgustynda öz Instagram sahypasynda zenanlar we maşgalalar üçin "Ynam telefony" hyzmaty barada maglumat paýlaşdy. Postda durmuşyň kynçylyklary ýa-da stresli hadysalar bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda Ynam gyzgyn liniýasyna jaň edip, hünärmenlerden maslahat we goldaw alyp bolýandygy aýdylýar hem-de her welaýat üçin gyzgyn liniýanyň nomerleri berilýär. Bu jemgyýetçilik meselelerini çözmekde, esasan-da aýal-gyzlara we maşgalalara psihologik kömek almaga howpsuz gurşaw döretmekde saldamly ädimdir. Şeýle hyzmatyň barlygy we onuň ýurduň ähli ýerindäki adamlara elýeterlidigi guwandyrýar. Şeýle başlangyçlar ilatyň ýaşaýşyna ýaramly täsir edip, gelejekde has uly göwrümli jemgyýetçilik hyzmatlarynyň döremegine ýol açyp biler.
Dowamy
2024-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistandaky BMG-nyň ösüş maksatnamasy (UNDP) Türkmenistanda inçekesel ýagdaýynda jyns taýdan aýratynlyklary derňeýän, bu kesel bilen bagly stigmany we diskriminasiýany anyklamaga synanyşýan, şeýle-de ýurtdaky inçekesel hyzmatlarynyň elýeterliligini we hilini bahalandyrýan hasabat işini çap etdi. Bu hasabat rus dilinde bolup, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň UNDP we Saglyk syýasatlarynyň we bilimleriniň merkezi (PAS Centre) bilen hyzmatdaşlyk etmeginde geçirildi hem-de Global gazna tarapyndan mäliýeleşdirildi.
Dowamy