TÜRKMENISTANDA ABORTA BOLAN HUKUGYŇ ÇÄKLENDIRILMESI RESMILEŞDIRILDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

turkmenistanda abort2022-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi "Göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagynyň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda" 108 belgili buýrugy çap etdi. Buýruga görä, aýalyň islegine görä abort etdirmek 5 hepdä çenli rugsat berilýär we diňe belli sebäpler ýüze çykan ýagdaýynda 22 hepdä çenli rugsat berilýär.

Bu karar 2015-nji ýyldan bäri ýöredilip gelinse-de, onuň anyk nähili durmuşa geçirilişi baradaky maglumatlar köpçülige elýeterli däldi. 2015-nji ýyldan oň aýalyň islegine görä abort etdirmek 12 hepdä çenli rugsat berilýärdi.

Howply we netijesiz: Saglygyň analizleri beýle çäklendirmeleriň jemgyýetde deňsizlige we howply abortlara ýol açýandygyny görkezýär. Bu BSGG-nyň kadalaryna we ündeýän tejribelerine hem çapraz gelýär. Subutnamalara görä, abortyň elýeterliligini çäklendirmek abortlaryň sanyny azaltmaýar. Gaýtam, çäklendirmeler aýal-gyzlary howply proseduralardan geçmäge sezewar edýärler. Abortyň çäklendirilen ýurtlarynda diňe her 4 abortyň 1-i howpsuz şertlerde geçirilýär, abortyň giňişleýin rugsat berilýän ýurtlarynda welin her 10 abortyň 9-sy howpsuz geçirilýär.

Deňsizlige ýol açýar: Aborta çäklendirmäniň girizilmegi jemgyýetde jynslaryň deňsizliginiň döremegine, aýal-gyzlarynyň hukuklarynyň ownamagyna goşant goşýar. BSGG-nyň seljermelerine görä, eger aýal maşgala abort etdirmegi ýüregine düwen bolsa, ýurtda aborta rugsat berilýändigi ýa berilmeýändigi aýalyň gelen kararyna täsir edip bilmeýär. Şeýlelikde, aborta girizilen çäklendirilmeler we gadagançylyklar abort etdirýan aýallaryň sanyny azaltmaýar.

Korrupsiýanyň pajarlamagyna goşant goşýar: 2021-nji ýylda Türkmenistan dünýäde korrupsiýanyň iň ýaramaz 10 ýurdunyň sanawyna girdi. Ýurtda gurply maşgalalar, jübütler para berip, islendik möhletde abort etdirip bilýärlar we muňa käbir lukmanlaryň gazanç üçin baş goşýandygy barada ilat arasynda düşünje bar. Bu bolsa, maddy ýagdaýy pes aýal-gyzlaryň ýüküni has-da agraldýar. Çäresiz aýal-gyzlar abortyň howply ýollaryny tapmaly we ulanmaly bolýarlar. Bu bolsa ölüme, pajygaly ýagdaýlaryň döremegine eltip bilýär.

Hakyky durmuşdan üzňe: 5 hepde bolmanka göwrelidigini bilýän zenanlaryň sany ujypsyzdyr. Aýallaryň aglaba bölegi aýbaşynyň gelmezligine şübhelenip ýa-da oňa garaşyp, göwreliligiň 6-8 hepdelerinde hakykaty bilip galýarlar. UNIСEF-iň barlaglaryna görä, Türkmenistanda 15-45 ýaş aralygyndaky zenanlaryň 50% kontrasepsiýa ulanmaýar. Kontrasepsiýanyň elýetersizligi (gymmat, tölegli, üpçünçiligi pes, habarsyzlyk) bolsa türkmenistanly aýallaryň abort etdirmek, islenilmedik göwreliligi aýyrmak islegleriniň ýokarlanmagyna elter.

Statistikanyň elýetersizligi: Gynansakda, ýurdumyzda aborta degişli hiç hili statistiki maglumatlar, hasabatlar elýeter däl. Statistikanyň elýetersizligi kanunlaryň ähmiýetini, täsirini we netijeliligini ölçemegi kynlaşdyrýar.

Munuň maksady ilat sanyny artdyrmakmy?

Eger şeýle kanun ilat sanyny artdyrmak üçin girizilen bolsa, onda meýilleşdirilmedik we islenilmedik göwrelilikleriň artmagy maddy we sosial taýdan goragsyz maşgalalaryň, ýeke eneleriň ýagdaýlaryny has hem kynlaşdyrar, olary garyplaşdyrar we geljekki nesillerde aýrylmajak yz goýar. Dünýä tejribesinde ilat sanyny artdyrmak üçin başga netijeli usullar ulanylýar: ene-atalary maddy taýdan höweslendirmek, zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagy, migrasiýa.

Netijeli çözgüt barmy?

Abortyň elýeterliligi çäklendirilen jemgyýetde her bir aýalyň saglygyna howp salynýar we aborty geçirmek üçin "başga ýollar" gözlenilýär. Döwrebap jynsy terbiýe, ýetginjeklere we ýaş adamlara niýetlenilen maşgalany meýilleşdirmek babatdaky bilim, abort baradaky bilim, kanunylaşdyrylan we howpsuz abort, elýeterli kontrasepsiýa serişdeleri, döwrebap reproduktiw hyzmatlar ýaly çäreler abortyň öňüni almakda oňaýly netijeleri berýär we onuň sanyny azaldýar.

  • 340 gezek okalan