Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Awtoulag köpümiziň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegini tutýar. Hatda doglanyna diňe birnäçe gün bolan çagalary-da awtoulaglarda görmek bolýar. Çagalaryň ulagdaky howpsuzlygyny gazanmak üçin, awtoulag oturgyçlary we goşmaça ýassyklar ýaly ýörite enjamlar zerurdyr.
Çaganyň awtoulag oturgyjy – bu çaganyň anatomiki ösüş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp ýasalan, ýörite maksatly oturgyçdyr. Bu oturgyç awtoulag hereketde wagty çaganyň howpsuz syýahat etmegi üçin işlenilip düzülýär.
Her bir ene-ata wagtly-wagtynda çagasyna sanjym etdirmek barada jogapkärli karara gelmeli bolýar. Çaganyň saglygynyň hatyrasyna dogry netijä gelmek üçin özbaşdak maglumat gözlemekden we sanjymlar barada öwrenmekden çekinmäň. Häzirki wagtda sanjym barada dürli-dürli toslamalara duş gelmek bolýar. Olaryň iň kän ýaýranlaryna mysallar:
Okuw ýylynyň öňsyrasynda oglumyň kitaply torbasyny göterip onuň agyrlygyna geň galdym. "Beýle agyr torbany göterip arkaňy agyrdaýma! Bu azyndan 5 kilo barla! Partadaşyň bilen gepleşip, getirilmeli kitaplary böleşseňiz bolmaýarmy?" diýip ogluma ýüzlendim.
Mekdep okuwçysy bütin gün okuw torbasyny (rýukzagyny) göterip gezende, siz onuň agyrlygynyň bedene ýetirýän zyýany barada pikir edýärsiňizmi? Kadada içi okuw esbaply okuw torbasynyň agramy çaganyň öz agramynyň 10%-den ýokary bolmaly däl. Ýöne gündeki alynmaly kitaplaryň, depderleriň, umumy depderleriň, galamdyr-ruçkalar salynýan penalyň agramyny göz öňüne tutaňda, bu kadadan çykman saklanma kyn bolýar. Onuň üstesine, mugallym goşmaça umumy depderi tutmagy talap etse ýa-da okuwdan daşary edebiýaty getirmegi tabşyrsa, garbanmak üçin iýmit ýa-da içmäge arassa suw almakçy bolsaň torbanyň agramlylygy has hem artýar.
Bäbek emenden soň, agzyndan az-kem emen süýdüniň süzülip yzyna çykmagy kada hasap edilýär. Kiçi çagalaryň 80%-niň ömrüniň ilkinji 3 aýynda azyndan bir gezek gaýtarýandygy we onuň ösüşiň kadalygy ýaly kabul edilýändigi bellenip geçilýär. Bu ýagdaý ýaňy doglan çaganyň iýmit siňdiriş ulgamynyň işleme aýratynlyklary, kabul edilýän iýmitiň suwuk bolmagy, çaganyň dik saklanman, ýatyrylmagy we aşa iýmitlendirilmegi bilen düşündirilip bilner. Şonuň ýaly hem, çaganyň ömrüniň birinji aýynda nädogry emdirilmegi hem gaýtarmanyň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir.
Şeýle häsiýetli gaýtarma kiçi çaganyň umumy ýagdaýyna ýaramaz täsirini ýetirmeýär, gaýtarma bolsa myşsalar gatnaşmazdan, "özbaşdak" bolup geçýär. Emdirilen süýt yzyna gaýtmaz ýaly, bäbegi emdirlenden soň 20 min. dowamynda dik ýagdaýda saklamalydyr.
Sagdyn çaga her bir ene-ata üçin bolup biljek iň uly gymmatlyklaryň biridir. Şonuň üçin hem, çaga bedeninde döreýän islendik üýtgeşiklik ene-atalarda uly howsalalygy döredýändir. Esasan hem ýaş eneleri, çagalaryň emdirilýän wagtynda, ýatanda, oýnanda derlemekligi alada goýýar. Şol pursatda ene: "Çagam iglilik-rahit bilen kesellän-ä däldir-dä?" diýip howsalaly pikir edip biler. Çagalarda döreýän derlegenligiň sebäpleri dogrusynda maglumatlar azdyr. Ýöne hakykatdan hem rahit bilen kesellän çagalar iýmitlendirilende, ýatanlarynda derlegen bolýandyrlar. Çaganyň maňlaýynda, kesellesinde iri der damjalary emele gelýär. Çaganyň deri adaty bolmadyk turşy ysa eýedir. Der çaganyň kellesini gijedip, kellesini hemişe ýassyga süýkemekligi mejbur edýär. Şonuň üçin hem rahitden tapawutlandyrýan alamata diňe bir köp mukdarda derlemeklik däl-de, kelläniň ýeňsesinde kelligiň peýda bolamagy hem degişlidir. Şulardan başga-da, çagada rahitiň bardygyny gümän etdirýän: aglak bolmagy, işdäniň peselmegi, horlanmagy we ukusynyň bimaza bolmagy ýaly alamatlary hem göz öňüne tutmalydyr.
Täze ýyl baýramçylygy, gyşky dynç alyş günleri – bu çagalar üçin diňe bir köp garaşylan günleriň biri bolman, eýsem bu döwür dürli howply ýagdaýlaryň döreme wagty hem bolup biler. Şadyýan we ýakymly duýdansyzlyklara baý bu baýramçylygy ýatdan çykmajak we howpsuz ýagdaýda geçirmek üçin birnäçe peýdaly maglumatlary bilmek hökmandyr.
Täze ýyl arçasy
Kürteli gelin ýaly başyny aşak sallap, owadanlygy bilen her täze ýylyň öňsyrasy peýda bolýan, bezelen arçanyň diňe bir täze ýyl şatlygyny bermän, öýde alnan şikesleri hem döredip biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Arçaňyzyň hakykydygyna ýa-da emelidigine garamazdan, onuň ýerleşdirilşine, düzüliş howpsuzlygyna üns bermek hökmandyr:
Okuw ýylynyň başlanmagy bilen ene-atalaryň aglabasy öz çagalaryna okuwdan daşary goşmaça sapaklary, kämilleşdiriş merkezleri gözläp, bir hepdelik dersleriň arasyndaky boş wagtlary doldurmaga ymtylýarlar. Öz islegleriň esasynda saýlanyp bilinjek gyzyklanmalaryň sany kändir: sport we tanslar bilen meşgul bolmak, matematika we kompýuter grafikasy bilen gyzyklanma, surat çekmegi, aýdym aýtmagy öwrenme, mekdepde goýulýan oýunlara gatnaşma ýa-da saz çalma bilen meşgullanma. Mekdepden boş wagtlary goşmaça dersler bilen, öz gyzyklanýan işleri bilen meşgullanmak çagada adamlar bilen gatnaşyk açmak, öz-özüňe ynamly bolmak, kämilleşme ýaly peýdaly häsiýetleriň döremegine kömek edýär. Şeýle birleşmelerde we bölümlerde meşgullanma öz gyzyklanmalary bilen meňzeş bolan boýdaşlaryny tapyp, öz tanyşlarynyň we dostlarynyň sanyny artdyrmaga, öz mümkinçilikleriňi ýüze çykaryp, geljekde hünäriňi dogry saýlamaga kömek edýär.
Tomus çagalaryň sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýörýän paslydyr. Çagalar üçin bu buz gaýmak iýmegi, suw sepişmegi, howuzda suwa düşmegi, deňiz ýa-da köl kenarynda dynç almagy aňladýar. Ÿöne käbir türkmen çagalary üçin fontanlarda suwa düşmek iñ elýeterli hezillikleriñ biri bolup durýar.
Kerim, 12 yaşynda:
"Ejem işdekä dostlarym bilen fontanda suwa düşmäne gelýäris. Ýöne, ejem bilse sögýär. Biz şonuň üçin gaçyp giryäris-dä!"
Aşgabat şäheri, Atamyrat Seýilgähi.
Nury, 13 yaşynda:
"Bizde basseýn ýog-a! Grantdan suw hem režimli akýar. Şonuň üçin biz wokzalyň ýanyndaky fontanda suwa düşýäris".
"Iýesim gelenok, bu kaşany meniň ýanymdan aýyr, men diňe köke iýjek!" Şuňa meňzeş boýun gaçyrmalary her gün ejeler, kakalar, eneler we atalar eşidýärler we alaçsyzlyk bilen eginlerini gysýarlar. Çaga işdäsiniň ynjyklygyndan baş alyp çykmak üçin onuň peselmeginiň esasy sebäplerini bilip, çagalaryň işdäsini açmak üçin kömek etjek kiçijek ugur tapyjylyklara üns berme peýdaly bolardy.
Elektronika enjamlary çagalara peýda berip bilermi?
Gündelik durmuşymyzda eýeleýän ornuny ýyldyrym çaltlygynda mäkämleşdirip barýan tehnologiýa enjamlary, ylaýtada ýaş çagaly ene-atalary uly alada goýýar. Ýaş çagalaryň tehnologiýanyň gazananlaryny ulanmalaryna Amerikan Pediatorlar Akademiýasy (AAP) tarapyndan 90-njy ýyllarda goýlan çäklendirmesi, häzirki günlerimizde ene-atalaryň soraglaryny günsaýyn artdyrýar. AAP 2 ýaşdan kiçi çagalara telewizory, kompýuteri we akylly telefony hiç görkezmeli däldigi, 2 ýaşdan uly çagalara hem günde 2 sagatdan artyk ulanmaga rugsat bermeli däldigi dogrusynda maslahat berýär.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.