Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

ynsanperwerlik 08022018

Duralgada maşyna garaşyp durşuma, oturan ýaş gelin bilen gürrüňdeşlik açdym. Ol gelin 6 ýaşly oglunyň Onkologiýa Ylmy Merkezinde bejergi alýandygyny, häzir hem gerek zatlaryny alyp onuň ýanyna barýandygyny aýtdy. Gelin gürrüň berip, bejerginiň üçünji tapgyryny geçýändigini we her üç aýdan barlaga gelýändigini belledi. Men ondan: "Hassahana, bejergi üçin pula köp gerek bolýandyr?" diýip soradym. Ol esasan hem himiýa bilen bejergi almak üçin dermanlaryň gymmatdygyny, maşgalanyň hemme girdeýjisiniň hem ýetmän, garyndaşlardan karzyna pul almaly bolýandygyny aýtdy.

Ýaňy-ýakynda bolsa, men Internetde sosial ulgamda bir ýaş enäniň akganlylyk keseli bilen kesellän bäş ýaşly çagasy üçin pul kömegini sorap, haýyş bilen ýüz tutanyna düş geldim.

Onkologiýa keselleriň, nesil yzarlaýan dogabitdi keselleriň bejergisiniň dowamly bolup, köp harajaty talap edýändigini biz bilýäris. Bu harajatlar bir maşgalanyň göterip biljek "ýükünden" has agyr bolup, töweregindäki adamlaryň – dost-ýarlaryň, garyndaşlarynyň kömegini talap edip biler.

Duralgada duşan gelniň ýagdaýy barada pikir edip, şunuň ýaly keselli näsaglar üçin ýörite kömek berýän fondlaryň döredilmeginiň zerurdygyna göz ýetirdim. Goý olar garaşsyz bolsun ýa-da hassahanalaryň çäginde döredilip, aýry adamlaryň, uly girdeýjili kärhanalaryň, edaralaryň ynsanperwerlik kömegi höküminde geçirip biljek pul serişdelerini berk gözegçilige alyp, ýerlikli ulansynlar. Ol pul harajatlary agyr näsaglaryň sagalyp, jemgyýete goşulmagy üçin uly, bahasyna ýetip bolmajak kömegini berer. Biziň bolsa ynsanperwerlik kömegimiz bolup, Hudaýolyna aýdan-goýanlarymyzyň tüýs ýerine düşdügi bolar.

Elbetde, bu meniň öz pikirim, islegim. Siziň pikiriňizçe,

Biziň jemgyýetimizde ynsanperwerlik kömegini nähili görnüşde bermeli?

Adamlar, jemgyýet üçin wajyp sorag babatda siziň pikiriňizi bilmek islegi bilen, JAHAN.

  • 7363 gezek okalan

Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (8 Ses)

Meniň joram gatyrganyp gürrüň berýärdi "Aýda-ýylda bir gezek Orazy oglumyzyň ene-atalar ýygnagyna ugratdym. Mundan öň özüm gidýärdim. Alty ýylyň içinde bir gezek gidip bolara?! Ol bolsa ýalňyşyp onuň öňki okan mekdebine barypdyr. Biz ony alty aý mundan öň başga, goňşy mekdebe geçirdik ahyryn. Näme üçin şeýdendigini sorasam: "Men üns berip durynmy! Işim bilen başyma gaý" diýip jogap berýär".

Dogrudan hem, biziň jemgyýetimizde çagalaryň terbiýesini eneleriň geçirmelidigi, atalaryň bolsa esasy eklenç etmek işi bilen meşgullanmalydygy baradaky pikir berk ornaşan. Terbiýeçilik işinde temmi bermeli halatlary bolaýmasa ("Ynha kakaň gelsin. Seniň gulagyňdan çeker welin..."), terbiýe we bilim berme işiniň labyrly bölegi öý-hojalyk işleri bilen birlikde eneleriň (olaryň köpüsi hem işleýär) paýyna düşýär.

Psihologlaryň bellemegine görä, ösüp barýan çaganyň içki dünýäsi, okuwy, höwesleri bilen gyzyklanma, onuň bilen wagtyňy peýdaly geçirme, bilelikde belli bir işleri etmek, gerek wagtynda oňa goldaw we kömek berme onda jogapkärlik häsiýetlerini terbiýeleýär, çaga atasyny esasy görelde alma ülňüsi höküminde kabul edýär. Göreldeli atanyň maşgaladaky orny geljekde ata bolmaly oglanjyga öz guran maşgalasyndaky ornuny görkezýän bolsa, gyzjagaza geljekki saýlap aljak ýanýoldaşynyň obrazyny kesgitleýär.

Döwürdeş atalar öz çagalarynyň terbiýesine günde näçe wagt sarp edýärlerkä? Bu sorag bilen gyzyklanyp çeşmelere ýüzlenemde, iňlis atalaryň çagalary bilen gatnaşygyna günde 24 min wagty, italýan we fransuz atalaryň 50 min, rus atalaryň bolsa ortaça 1 sagatdan 2 sagada çenli wagt sarp edýändigi barada maglumat aldym.

Ýöne meni gyzyklandyrýan

Türkmen atalary çagasynyň terbiýesine günde näçe wagt sarp edýär?

mazmunly soraga bolsa jogap tapma maňa başartmady.

Çagalarymyzyň terbiýesi we geljekki durmuşy üçin wajyp sorag babatda siziň pikiriňizi bilmek islegi bilen, JAHAN.

  • 5800 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.19 (31 Ses)

Eger siziň dostuňyzda (joraňyzda) ýa-da hossaryňyzda AIW-ýokançlygy bar bolsa, size öň pikir edip görmedik we duçar bolmadyk köp soraglary çözmek zerur bolar. Ýakyn adamlaryňyza kesele garşy göreşde kömek etmäge taýyn boluň we şeýle kömegiň we goldawyň size hem gerek boljakdygyny nazara alyň.

Duçar bolan keselini kabul etmek üçin adama wagt gerek bolýar. Ähtimal, ilkibaşda näsag öz keseli barada hiç kime aýtman gizlin saklap biler. Köplenç AIW-ýokançlygy göterijiler ň ýakyn adamlary (enesi ýa-da atasy, köplenç ikisine hem, dosty) bilen öz syrlaryny, howsalalaryny paýlaşýarlar. Öz syryny size aýan edýän adama ýokançlygyň nähili ýol bilen ýokuşandygy sizde esasy gyzyklanma döretmeli däl. Bu indi wajyp däl. Siziň artykmaç we ýerliksiz soraglaryňyz adamda özüni günäkär duýma duýgusyny döredip, ony sizden daşlaşdyryp biler. Esasy delil – oňa gamgynlylygy, alaçsyzlygy ýeňip geçmäge kömek edip, ony öz keseli bilen ýalňyz goýmazlyk. Günäkärleri gözlemän, soralmasa maslahatlary bermän, oňa agyr keselli höküminde garaman, onuň ýaşaýşynyň hilini gowlandyrmaga we dowamlylygyny uzaltmaga goldaw we kömek beriň.

Dowamy

  • 4749 gezek okalan

Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.58 (12 Ses)

Meniň mekdepde mugallyma bolup işleýän goňşym, soňky wagtlarda ýetginjeklik göwreliligiň köp duş gelýändigi barada aýdyp zeýrendi. Men mekdebiň bu ugurda nämeleri edýändigini soramda, "Nikadan öňki jynsy gatnaşyklaryň türkmen däp-dessurlaryna deň gelmeýändigi we gyzyň we onuň maşgalasynyň abraýyna şek ýetirýändigi barada gyzlaryň arasynda gürrüň geçirýäris. Lukmanlar gelip, bu gatnaşyklaryň islenilmedik göwrelilige getirip biljekdigi barada düşündiriş berýärler" diýip jogap berdi. Ýöne meniň pikirimçe, bu gürrüňdeşlik has giňişleýin görnüşde diňe gyzlaryň arasynda geçirilmän, eýsem ýetginjek oglanlaryň arasynda hem geçirilmelimikä diýýärin.

Obada işläp ýören mugallymyň aýtmagyna görä, onuň pikiriçe obada bu mowzuk barada düşündiriş berip biljek taýynlykly mugallyma hem ýokmuş. "Şonuň üçin "Durmuş esaslary" derslerinde hem jynsy gatnaşyklary barada aýdylman geçilýär, çünki bu barada söz açylsa, mugallymlaryň özleri gyzaryp, aljyraýarlar" diýip, düşündirýär.

Men tanaýan aýal lukmanymdan ýetginjeklik jynsy gatnaşyklary barada  öz pikirini aýtmagyny soramda, lukman: "Lukmanlar mekdeplerde ýetginjeklik jynsy gatnaşyklaryň howplulygy barada gürrüňdeşlik geçirýärler.Ýöne meniň pikirimçe, biz sözümizi soňlaman gutarýan ýaly. Häzirki wagtda maglumat we gatnaşyk çeşmeleri köpeldi we gymmatlyklar üýtgeýär. Gynansakda, ýaşlaryň däp-dessurlara we jemgyetçilik  gymmatlyklaryna bizden tapawutlylykly garaýyşlary bar. Şonuň üçin hem, biz bu soragy biri-birimizden utanman aç-açan açyp görkezmeli. Göwnüme bolmasa, lukmanlaryň we mugallymlaryň özleri utanýan ýaly, ýaşlaryň bolsa bu zatlardan habarlylygy biziňkiden hem ýokary ýaly bolup dur. Häzir jynsy gatnaşykda ýaşaýan ýaşlar bar we olar iki-ýeke diýip biljek däl" diýip, pikirini jemledi.

16 ýaşly ýetginjek oglanyň ýa-da gyzyň jynsy gatnaşyklaryň hemme aýratynlyklary barada habardar bolmagy zerurdyr. Şonuň ýaly hem, ulularyň gadagan etmelerine garamazdan birden bu gatnaşyklary başlama islegi dörän wagty,  goragly bolmagy hem zerurdyr. Şonuň üçin hem,

Ýetginjeklere göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri  barada maglumat bermek zerurmy?

Uly adamlaryň köpüsi, bu maglumatyň berilmeginiň ýetginjekde jynsy gatnaşyklary geçirmäge gyzyklanma döreder diýip pikir edýärler.

Şeýle wajyp  sorag babatda pikiriňizi bilmek umydy bilen, JAHAN.

  • 3723 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.73 (15 Ses)

Ýaşaýan podýezdimizi süpürip öýe girenime iki sagat hem geçmändi. Işe gitmek üçin çykanymda, podýezden çykalgada ýene polietilen paketden dökülen kagyzlaryň ýaýrap ýatandygyny görüp, ýarym sagat geçiren tämizleýiş işlerimiň biderek bolandygyna göz ýetirdim. Üstesine hem, aşaky gatdaky goňşymyň gapysynyň agzyna uly pakeda salnan öý zibillerini çykaryp goýandygyny görüp has hem lapym keç boldy. Esasy zibil atylýan konteýnerleriň bary-ýogy birnäçe metr daşlykda ýerleşendigine garamazdan, meniň ençeme goňşularymyň öz öý zibillerini daşyna çykaryp goýup, ony birnäçe wagtdan taşlamaklary indi bir adat bolup barýardy. Ýokarky gatdan düşüp barýarkaň, goňşularyň gapysyndaky zir-zibil salnan uly paket haltalar olaryň gapysynyň goragçysy ýaly sömelşip, has hem tomus aýlary ýakymsyz yslaryň çeşmesine we wazzyllaşýan siňekleriň mesgenine öwrülýädiler.

Meniň işdeş ýoldaşym meniň janygyp aýdýan nalyşlarymy diňläp: "Bu dagy nämejik! Meniň ýaşaýan 12 gatly jaýymyň ýokarky gatlaryndan zibilli torbalar zyňlyp, hatda galyndy, aşly çorbalar hem guýulýar" diýip güldi.

Ýaşaýyş jaýlaryň ýanynda zyňylýan öý-hojalyk zibilleri, dynç alynýan seýilgählerde biziň günämiz bilen döreýän zibilli ýygyndylar, gidip barýan maşynyň aýnasyndan ýola zyňylýan hapalar, edaralarda nobata duran adamlaryň bäş ädim aňyrsynda zibil üçin niýetlenen bedrä atman, öz yzlarynda kagyzlary we plastik paketleri, çüýşeleri taşlap gitmegi...

Biziň durmuşymyzdan alnan bu parçalar

Bizde arassaçylyk medeniýeti barmy? Onuň bolmazlygy jemgyýetde umumy medeniýetiň pesliginiň alamaty bolup bilýärmi?

görnüşli soraglaryň ýüze çykmagyna itergi berýär.

Biziň her birimiziň ýaşaýşymyz üçin wajyp mesele babatda pikirleriňizi, teklipleriňizi bilmek umydy bilen, JAHAN.

  • 8782 gezek okalan

Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.69 (13 Ses)

"Adama hemişe saýlamaga mümkinçilik bolmaly" diýýärler. Deňeşdirme mümkinçiligini alan goňşym Şeker daýza, bu gün goňşylara barlagdan geçmek üçin şäherimizdäki hususy lukmançylyk maslahatyny beriş merkezine barşyny aýdyp berýärdi. Ýaşaýan ýerine degişli Saglyk Öýünde nobata durmalardan zeýrenýän goňşym, hususy merkezde ol diýen nobatlaryň ýoklugyny, näsaglaryň kabul edilşiginiň tertibe salnandygyny, lukmanlaryň hem-de şepagat uýalarynyň mähirli we ünslidigini gaýtalap, bejergi bellenen kagyzy alnan lukmançylyk maslahatynyň subutnamasy höküminde öwran-öwran görkezýärdi. Özüni kabul eden lukmandan we alnan maslahatdan göwni suw içen Şeker daýza: "Hususy merkeziň tölegi köpräk bolsa-da, menä olaryň näsagy kabul edişini haladym" diýip, sözüni jemledi.

Meniň bilşime görä, şäherimizde hususylaşdyrylan maslahat beriş we bejeriş merkezler ol diýen köp däl. Ýöne öz saglyk ýagdaýlary sebäpli olara ýüz tutýanlar hem az däl. Kimler olaryň tölegleriniň ýokarylygy, bejergi dermanlaryň bolmalysyndan köp bellenilýändigini aýtsalar, köpler berilýän lukmançylyk kömeginiň hiliniň ýokarylygyny we işleýän lukmançylyk işgärleriniň gatnaşyklarynyň gowulygyny nygtap geçýärler.

Aýdylanlary nazara alanyňda,

Hususylaşdyrylan lukmançylyk bejeriş merkezleriň bolmagyna Siz nähili garaýarsyňyz? Olaryň sanyny köpeltmek zerurmy?

Biziň her birimiziň saglygymyz üçin zerur şeýle meselä siziň garaýşyňyzy bilmek islegi bilen, JAHAN.

  • 4458 gezek okalan

Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (10 Ses)

Siz bir gezek ulanylýan plastik paketlarynyň howpuny we zyýanyny azaltmak maksady bilen girizilen ujypsyz tölegi goldarsyňyzmy?

Meselem, bir zat satyn alanyňyzda her plastik paket üçin 20 teňňe tölemeli bolsaňyz. Şu wagt paketler dükanlarymyzda mugt berilýär. 

  • 5081 gezek okalan

Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (11 Ses)

Men awtobusda barýakam, yzda oturan ýetginjek oglanlaryň özara gürrüňleri ünsümi çekipdi. Olar diňe meni däl, barýan ýolagçylaryň köpüsini diň salmaga mejbur etdiler. Özara başdan geçirilen wakany täzeden seljerýän oglanlar, gülşüp, wakanyň bir gahrymanyny makullasalar, başga ýoldaşlarynyň hereketleriniň üstünden gülýärdiler. Her sözlemiň soňy uzyn paýyş sözlerden düzülen düzümler bilen tamamlanýardy. Biri-biri bilen paýyş sözleri aýtmakda ýaryşýan ýaly, gaýtalanmaýan gelşiksiz sözler bu oglanlaryň agzyndan çykyp durdy, çykyp durdy...

Biziň özara gürrüňdeşliklerimizi, pikirlerimizi beýan etmelerimize paýyş sözleriň berk ornaşandygy barada siz pikir edýärsiňizmi? Ol biziň döwrümizde diňe bir erkek adamlaryň ýaramaz endigi bolman, eýsem aýal maşgalalaryň, hatda mekdep okuwçylarynyň hem endikli gylygyna öwrüldi. Öz hünäriniň aýratynlyklaryna (öňler işçiler köp sögünýär diýip hasaplanylýardy), bilimlilik derejesine we ýaşyna bagly bolmazdan, adamzadyň iň möhüm gymmatlyklaryny harlaýan paýyş sözleri ulanma tutuş bir epidemiýa öwrüldi. Ol biziň baý, gadymy dilimizi garyplaşdyrýar, ony kemsidýär. Biziň bolsa jemgyýetçilik medeniýetimizi peseldip, özara gatnaşyklarymyzyň "süýjüliginiň", emosional öwüşginliliginiň ýitmeginiň sebäbi bolup durýar.

Eger bu şeýle bolup durýan bolsa, onda,

Adamlar näme üçin paýyş sözleri ulanýarlar? Bu biziň medeniýetimiziň peselendiginiň ýa-da dil garyplygynyň öwezini doldurma synanşygynyň nyşanymy? Belki-de, käbir adamlar üçin bu sözler duýgularyny äşgär etmegiň usuly bolup hyzmat edýändir?

Şu günki jemgyýetçilik gatnaşyklaryň bu möhüm meselesi barada siz bilen pikir alyşma islegi we haýyşy bilen JAHAN.

  • 9405 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (12 Ses)

Pikir edip otursaň, edil iýmitlenmäniň, daşky gurşawyň oňaýly şertleriniň, lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň adam saglygy üçin wajyp bolşy ýaly, onuň öz durmuşyndan kanagatlanma derejesi hem saglyga köp derejede täsir edýär. Dogrudan hem, durmuşyndan kanagatlanan adamyň hemişe şähdiaçyk bolýar, ol az keselleýär we ruhy gamgynlylyga ýol bermeýär.

Meniň pikirimçe, durmuşdan kanagatlanma – bu hemme durmuşy mätäçlikleriňi üpjün edip, hemme meýilleriňi amala aşyryp bilme mümkinçiligiň bolmagyny aňladýarmyka  diýýärin. Ýöne biziň mätäçliklerimiz hem, mümkinçiliklerimize görä dürli-dürli bolýar. Kim durmuşda kanagatlanmany egsilmez baýlykda we şady-horramlykda gözlese, başgalar agzybir maşgaladan hem-de akylly çagalaryndan, beýlekiler bolsa meşgullanýan hünärinden tapmaga ymtylýarlar.

Gowy ýaşamaga, öz durmuşymyzy islegimiz boýunça abadanlaşdyrmaga ymtylma, bizi hemişe öňe hereket etmäge mejbur edýär. Amerikan ýazyjysy Kristian Bouwi: "Belli bir ýeten netijeleri bilen kanagat tapan adam, hiç haçan şundan artyk abraýa eýe bolmaz. Ol eýýäm ölmäge taýynlanýar we onuň üstünde otlar ygşyldaşyp başlady" diýip, durmuş ýolunda hereketini bes eden adamyny suratlandyrmaga çalyşýar.

Eger durmuşyndan kanagatlanmak adam üçin wajyp bolýan bolsa, onda Siziň pikiriňizçe,

Durmuşda kanagatlanma ýetmek mümkinmi we Siz öz durmuşyňyzdan kanagatlanýarsyňyzmy?

Saýtymyzyň dürli ýaşdaky okyjylarynyň bu durmuşy soraga garaýşyny bilmek islegi bilen

Jahan.

  • 6118 gezek okalan