Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Aýbaşydan galma tebigy hadysa bolup, her aýda gelýän aýbaşynyň soňlanandygyny habar berýär. Bu döwürde aýallyk ýumurtgalary kem-kemden ýumurtga öýjügini bölüp çykarmagy bes edýärler. Aýbaşydan galma adatça 45-55 ýaş aralygynda başlanýar we giňişleýin 3 döwre bölünýär:
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň websaýtynyň reproduktiw saglyk bölüminde aýal-gyzlaryň her ýaşda nähili saglyk meselelerinden ägä bolmalydygy we haýsy öňüni alyş barlaglaryndan geçmelidigi barada maglumatlar ýygyndysy çap edilen. Bu ýygyndy köpçülige elýeterli we tölegsiz ýükläp alyp bolýar.
Endometrit – ýatgynyň içki gatlagynyň (endometriý) sowuklama keselidir. Ýatgynyň içki gatlagyny düzýän öýjükler aýbaşy halkasynyň doly düzülmegini, şeýle hem önelgelilik ukybynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler. Endometriý gatlagy aýbaşynyň kadaly gelmegi, çaga düwünçegiň berkäp galmagy üçin şertler döredýändir. Şol sebäpden hem, endometrit keselini wagtynda we doly bejermek wajypdyr.
Maşgala gurmak gyzdan hem, oglandan hem uly jogapkärçiligi talap edýär. Maşgalada ýaşamak günsaýyn jogapkärli çözgütleri gözlemegi, öz endikleriňi üýtgetmegi, başgalaryň aladasyny etmegi, köplenç hem maşgala bähbitlerini özüňkiden ýokary goýmagy talap edýär.
Ýatgy boýunjygynyň displaziýasy ragyň öňýanyndaky kesellere degişli edilýän bolsa-da, ol hemişe rak keseline öwrülmeýär. Wagtynda ýüze çykarylyp bejerilen ýagdaýynda, onuň raga öwrülmeginiň öňüni alyp bolýandyr.
Kada görä, ýatgy boýunjygyny örtýän köpgatlakly ýasy epiteliý aýdyň araçäkli gatlaklara bölünendir. Edil önümleriň gatlak-gatlak goýlup işdäaçar taýynlanyşyny göz öňüne getiräýiň. Iň aşaky gatlak-bazal, soň parabazal, soň aralyk gatlak, ondan soň epiteliniň üstki gatlagy tapawutlandyrylýar. Ýatgy boýunjygyny örtýän epiteliýada döreýän kadasyz üýtgemeleri III derejä bölýärler:
Möhüm bellik: Aşakdaky maglumatlar toplumy Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan Türkmenistanda jynsy zorlanma sezewar bolup biljek britan raýatlary üçin taýýarlanyldy. Biz Saglykda türkmenistanlylaryň özleri üçin şeýle resurslaryň kemçiligini nazarda tutup, bu maglumatlary ildeşlerimize ýetirmek isledik. Ýurdumyzda aç-açan gürrüň edilmese-de, jynsy zorlanma hadysalary bolup durýar we pidalar ýyllarboýy ýa-da ömürboýy onuň yzasyny çekip ýaşaýarlar. Biz jemgyýet hökmünde bu meseläni ara alyp maslahatlaşmaga we oňa çözgüt gözlemäge başlamalydyrys.
Abort – bu ýatgyda ösýän çaga düwünçegini derman serişdesi ýa-da lukmançylyk gurallary bilen aýyrmakdyr. Başgaça aýdylanda, göwrelilik emeli usul bilen togtadylýar. Abort aýalyň islegi bilen diňe ýörite taýynlykly lukman tarapyndan, ýöriteleşdirilen lukmançylyk edarasynda geçirilmeli. Abort – kanuny, howpsuz we seýrek bolmalydyr.
Türkmenistanda aborta girizilen çäklendirmeler myş-myşmy ýa diňe dilden berlen buýrukmy? Meselem, aýal-gyzlaryň daş keşbine, eşigine girizilen dilden berlen görkezme ýaly zatmy?
Ýatgynyň rak keseli – ýatgynyň nemli bardasyndan (endomertiýa) ýa-da başga gatlagyndan döreýän howply täze döremedir. Bu keseli şeýle hem ýatgy bedeniniň ragy ýa-da endometriýanyň ragy diýip hem atlandyrýarlar. Köplenç 50-65 ýaş aralygyndaky aýallarda ýygy duş gelýän bolsa hem, soňky ýyllarda ýaş aýallarda hem duş gelme ýygylygy ýokarlanma ýykgyn edýär.
Dünýä boýunça aýallaryň ölümçiliginiň sebäpleriniň arasynda ýatgy boýunjygynyň rak keseli ikinji orny eýeleýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna (BSGG) görä, bu kesel her ýylda 500 müňe golaý aýalda ýüze çykyp, şolardan 275 müň aýal aradan çykýar.
Goltugyň ýakymsyz ysyny aýyrmaga niýetlenen iki dürli önüm giňden peýdalanylýar: antiperspirantlar we deodorantlar:
↪ Antiperspirantlar esasan derlemä garşy ulanylýar, çünki olar düzüminde dere böwet bolýan alýuminiý duzlaryny saklaýarlar.
↪ Dezodorantlar goltukdaky ýakymsyz yslary aýyrmak üçin niýetlenen we derlemä täsir etmeýärler. Olaryň düzüminde alkogol esasly maddalar bolýar we alýuminiý bolmaýar.
Soňky ýyllarda antiperspirantlaryň düzümindäki alýuminiý baradaky aladalanmalar köpeldi. Käbir adamlar goltukdaky limfatik düwünleriň bu alýuminiýi özüne siňdirip, wagtyň geçmegi bilen öýjüklere zeper ýetirýändigine we rak keseline eltýändigine ynanýarlar.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.