Bu hasabat
2019-njy ýylyň ýanwarynda çykaryldy we ozalky Sowet Soýuzynyň düzüminde bolan 15 ýurduň jynsy zorluga degişli kanunlarynyň gysgaça mazmunyny, kanunyň kemçilikleriniň derňewini hem-de jynsy zorluga baş goşýanlaryň jogapkärçilige çekilmezligine mümkinçilik berilmeginiň mysallaryny özünde jemleýär. Ozalky Sowet Soýuzynyň 15 ýurdunda (Ermenistan, Azerbeýjan, Belarussiýa, Estoniýa, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Latwiýa, Litwa, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Ukraina, we Özbegistan) jynsy zorlama bilen bagly kanunlar we tejribeler zorlugyň pidasy bolýanlara adalatyň elýeterliligini üpjün etmeýär. Çünki kanunlaryň aşaky böleklerinde hukuk bozujylara jenaýat jogapkärçiliginden ýa-da jezadan sypmaga ýol berýän birnäçe kemçilikler bar:
Dowamy
Alkogoly artyk kabul etmek dünýäde iň köp gabat gelýän, emma öňüni alyp bolýan ölümçiligiň bir görnüşi bolup, her ýylda 3 milliondan köp adamyň ölümine sebäp bolýar. Şeýle-de bu iň köp ünsden düşürilýän meseleleriň biri bolup galýar. Muňa hem esasy alkogol söwdasyndan 1.5 trillion dollar girdeji gazanýan alkogol senagaty sebäp bolýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) kiçi bir bölegi dünýäde alkogolyň artyk içilmegini azaltmak üçin ilata gönükdirilen syýasatlary pugtalandyrmaga bagyşlanýar. Onuň ýolbaşçysy Huan Tello öz alyp barýan işleri barada Think Global Health toparyna gürrüň berdi.
Dowamy
Dünýä ýüzünde takmynan 2 milliard adamyň dogluş şahadatnamasy ýok we ölýänleriň diňe ýarysy hasaba alynýar. Bu maglumat ýetmezçiligi pes girdejili ýurtlarda has ýaýgyn, hususan-da oba ýerlerinde we oturymly taýpalaryň arasynda.
Dowamy
Modelirleme arkaly geçirilen täze ylmy iş antimikrob durnuklylygy barada geň galdyryjy netijeleri görkezdi: Adamlarda antibiotikleriň ulanylmagynyň artmagy iýmit öndürýän haýwanlarda (maýda we iri şahly mallar, guşlar) ýokarlanan antimikrob durnuklylygy bilen baglanyşykly.
Dowamy
Saglygy goraýyşdaky gender deňsizligi zerarly dünýäniň dürli künjeklerinde aýal-gyzlar özlerine zerur saglyk hyzmatlaryny alyp bilmeýärler. Aýallaryň göwreliligi we çaga dogumyny başyndan geçirýändigi sebäpli, olar ömürleriniň dowamynda erkeklerden has köp diagnostik barlaglardan geçmeli bolup bilýärler. Emma welin, aýallar üçin zerur, emma erkeklere gerek bolmaýan ýönekeý barlaglar köplenç tapdyrmaýar ýa-da tapdyrsa-da elýeterli däl. Käbir ýurtlarda aýallaryň bary-ýogy 13%-i göwrelilikde maslahat berilýän antenatal barlaglaryň ählisinden geçip bilýärler.
Dowamy
Haçanda erkegiň ýa-da aýalyň reproduktiw ulgamyndaky näsaglyk zerarly 12 aýlap ýa-da ondan uzak wagtlap dowamly goragsyz geçirilen jynsy gatnaşyklar göwrelilige eltmese – muňa önelgesizlik diýilýär. Önelgesizlik dünýäde her 6 adamdan birine täsir edýär we bu meselede pes, orta hem-de ýokary girdejili ýurtlaryň arasynda uly tapawut ýok.
Dowamy
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Azerbeýjana we Täjigistana öz ýurtlarynyň çäginde malýariýa (gyzzyrma) keseliniň soňuna çykandyklary üçin şahadatnama gowşurdy. Bu iki ýurt keselden azat bolmak üçin bir asyrlap irginsiz göreşipdiler.
Malýariýanyň ýok edilendigini kepillendirýän şahadatnama BSGG tarapyndan malýariýadan azat bolan ýurda berilýär. Bu şahadatnamany almak üçin ýurt soňky 3 ýylda yhlasly tagallalar edip, Anopheles çybynlarynyň ýaýradýan gyzzyrma keselinden saplanandygyna ygtybarly subutnama görkezmeli. Şeýle-de, ýurt keseliň gaýtadan ýüze çykmagynyň öňüni almaga ukyplydygyny subut etmeli.
Dowamy
Örän ähmiýetli ynsan gormony insulin bedene iýmiti energiýa öwürmäge hem-de gandaky şekeriň mukdaryny sazlamaga kömek edýär. Süýji keselli adamyň bedeni ýeterlik insulin gormonyny bölüp çykaryp bilmeýär ýa-da ony ýerlikli ulanyp bilmeýär. Şonuň üçin süýjülikli adamlaryň köpüsi insulini derman görnüşinde kabul etmeli bolýarlar. Dünýä ýüzünde näçe adamyň yzygiderli insulin ulanmaly bolýandygy näbelli, emma onuň 200 milliondan köpdügi çaklanylýar.
Dowamy
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) bu ýyl Bütindünýä saglyk gününde guramanyň düýbüniň tutulmagynyň 75 ýyllygyny belleýär.
BSGG-nyň biziň durmuşymyzda ähmiýeti
BSGG 1948-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň bir bölegi hökmünde döredilýär. Onuň wezipesi we borçlary halkara saglyk syýasatyny ugrukdyrmagy we sazlaşdyrmagy, beýleki global saglyk başlangyçlary bilen hyzmatdaşlyk etmegi, ylmy barlaglary geçirmegi, normalary bellemegi, tehniki goldaw bermegi, şeýle-de dünýä ýüzündäki saglyk tendensiýalaryna gözegçilik etmegi öz içine alýar. BSGG-nyň ýene bir wezipesi hem ýurtlara ylma esaslanýan saglyk maslahatlaryny bermekdir. Meselem, her ýurduň öz resurslaryny göz öňünde tutup, ol ýerde haýsy esasy derman serişdeleriniň, diagnostikalaryň we bejergileriň bolmalydygyny maslahat berýär. Emma, gurama hiç bir ýurda rugsatsyz girip ýa-da hiç bir ýurdy maslahatyny almaga mejbur edip bilmeýär.
Dowamy

Häzirkizaman bilim ulgamlarynda okuwçylaryň arasyndaky tapawutlyklara düşünmekde, hormat goýmakda we ähli okuwçylar üçin deň mümkinçilikleri döretmekde öňegidişlikler gazanyldy. Köp ýurtda aýratyn zerurlyklary ýa-da aýratyn öwreniş zerurlyklary bolan çagalar üçin zerurlyklary kesgitlemegiň we bilim almakda goldaw bermegiň ýörite sosial-pedagogik modeli ornaşdyrylan. Gazagystanyň bilim ulgamynda welin, heniz hem könelişen lukmançylyk ýa-da kemçilikli model saklanyp galýar.
Dowamy