- Türkmençe
- На русском
- English
- Türkmençe
- На русском
- English
GADYRLY MUŞDAGYMYZ!
Sen öz saglygyň, maşgalaň, garyndaşlaryň we öz halkyň saglygy barada alada edýän bolsaň, biz bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýarys. Eger bize goşulmaga islegiň bar bolsa:
1. Web saýty ýaýratmaga ýardam ber! Web saýtyň www.saglyk.org salgysyny dostlaryňa, joralaryňa, tanyşlaryňa iber, öz halaýan saýtlaryňda ýerleşdir.
2. Makalalaryň soňunda pikiriňi beýan et, teswir galdyr! Seniň pikirleriňi bilmek biziň uçün öran wajyp. Bu diňe biz üçin däl, eýsem tutuş jemgyýet üçin hem wajyp bolup, onuň ösmegine, kuwwatlanmagyna ýardam berer. Sebäbi hakykat pikir alyşmalarda, paýhasly çekeleşiklerde döreýändir!
3. Lukman bolsaň ýa-da lukmançylygyň islendik çäginde işleýän bolsaň, biz bilen öz pikirleriňi paýlaş, garaýyşlaryňy beýan et! Biz ökde lukmanlaryň, gaýratly hünärmeleriň gözleginde! Eger özüňi gyzyklandyrýan temadan ýazylan makalany bize hödürlesiň, biz ony çap etmäge taýýar. Saýt bilen hyzmatdaşlygyň düzgünleri bilen şu salgyda tanşyp bilersiň. Saýt sahypasy üçin makala ýazýanlar ýa-da ony barlaýanlar üçin maslahatlary bolsa şu salgyda tapyp bilersiň.
4. Tölegli maslahatlary bermek we hyzmatdaşlyk etmek üçin, lukmançylygyň durli ugurlarynda işleýan lukmanlary gözleyaris!
5. Peýdaly guramalaryň, lukmançylygyň we saglygy goramagyň çäklerinde işleýän guramalaryň (rus ýa-da iňlis dillerinde) salgylaryny bilýän bolsaň, olary biziň bilen paýlaş! Biz olary web saýtda "Web salgylary" diýlen ýerde görkezeris.
6. "Maşgala Saglygy" hem-de "Amaly gollanma: Daşky Gurşaw we Adam Saglygy" atly kitaplary öz dost-ýarlaryňa, joralaryňa, dogan-garyndaşlaryňa ýetirmäge kömek et!
"Maşgala saglygy" 2010-njy ýylda terjime edildi. Bu kitaby nirede satyn alyp bolýandygy barada ençeme soraglar saýtyň administrasiýasyna gelip gowuşýar. Ýöne, gynansak-da, biziň okyjylarymyz üçin bu kitabyň diňe elektron görnüşi elýeterdir. Eger seniň joraňyň, dostuňyň ýa-da dogan-garyndaşyňyň interneti ýok bolsa, sen bu kitaby saýtdan diske geçirip, olara sowgat berip bilersiň. Sebäbi köp keseller sowatsyzlykdan, keselleri nädogry kesgitlemekden, keselleriň öňüni alyş çäreleriň geçirilmeýänliginden döreýär. Eger sen öz ýakynlaryňyň saglygy barada alada edýän bolsaň, bize bu kitaby ýaýratmaga kömek et!
"Amaly gollanma: Daşky Gurşaw we Adam Saglygy" kitaby 2013-nji ýylda terjime edildi. Bu kitapda adam saglygynyň we daşky gurşawyň ýagdaýynyň özara näderejede baglydygy beýan edilýär. Saýtyň işgärler topary bu kitap seniň üçin, dost-ýarlaryň, joralaryň üçin örän peýdaly diýip hasap edýär. Eger sen dost-ýarlaryň, joralaryň saglygy barada alada edip, saýtyň işine ýardam bermek isleýän bolsaň, onda bu kitaby hem diske geçirip, olara sowgat berip bilersiň.
7. Siz öz hak-hukuklaryňyzy bilyaňizmi? atly bölümde öz durmuş tejribäň barada ýaz, teswir galdyr.
Bu saýt seniň üçindir! Şoňa görä-de, biz seni haýsy maglumatlaryň gyzyklandyrýandygyny, tolgundyrýandygyny bilmek isleýäris. Biz öz saýtymyzy gowudan-gowy etmäge hemişe ymtylarys. Yöne bu maksada ýetmek üçun, bize seniň pikirleriňi bilmek, biziň bilen hyzmatdaşlyk etmegiň gerek.
Öz soraglaryňy Sorag-Jogap bukjasyna iberseň, tejribeli lukmanlar saňa jogap bererler. Teklipleriňi we pikirleriňi bolsa This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it. elektron poçtasyna iberip bilersiň.
Biz bilen hyzmatdaşlyk etmegiňe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.
Copyright © 2011-2022 www.saglyk.org
All Rights Reserved.