Siziň dokuz aýlyk azaplaryňyz, aladalaryňyz, arzuwlaryňyz ýerine gowuşýar – siz owadan gundaga dolanan bäbejik bilen öýňüze gaýdyp gelýärsiňiz. Size öýde bir topar aladalar garaşýar: çaganyň iýmitini ýola goýmak, arlykdyr-eşiklerini ýuwmak, ony suwa düşürmek, gezelenç etmek, öýüň işlerini ýerine ýetirmek. Başagaýlykda esasy zady ýatdan çykarmaly däldir: körpejik bilen aragatnaşygy ýola goýmak. Bu çaganyň fiziki we emosional taýdan dogry kämilleşmegine, berk aragatnaşygyň ýola goýulmagyna ýardam berer.
Dowamy
Aglamak – sözleşme usulydyr.
Uly adamlar sözleşme arkaly aragatnaşyk saklaýarlar. Ýöne ýaňy doglan çagajyga entek dil açardan ir, şonuň üçin hem, ol sözleşmäniň ýeke-täk usuly hökmünde agyny ulanmaly bolýar.
Bäbejikleriň ýygy aglamagy kada hasaplanýar. Sözleşip bilmeýän çaga aglamak bilen haýsy hem bolsa bir biynjalyklygy ýa-da talaby barada habar bermäge ymtylýar. Ene-atany 20-30 min dowamynda uzaga çekýän, dyngysyz çaga aglamalary has-da uly alada goýýar, aljyraňňylyk, alaçsyzlyk döredýär.
Dowamy
"Salam! Meniň 1 ýaş 3 aýlyk oglum bar. Oglum hiç semremeýär – agramy 8 kg 200 gr, boýy 73 sm. Ene süýdünden başga ýanyndan nahar hem berýän, ýöne işdäsi kän gowy dal. Süýtli önümleri hiç hem iymeýär: owsýanka kaşasyny, süýt-gatyk hem içenok. Men oglumy semredip, immun ulgamyny berkitmek üçin näme etsem gowy bolarka?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka
Eger sen hem çagalaryňy elektroniki enjamlaryň öňünden aýyrmakda kynçylyk çekýän bolsaň, synanyşmagy bes etmezlige ýene bir sebäp: Daşarda her gün azyndan 2 sagat wagt geçirmek çagalaryň görejini goramak üçin edip boljak iň möhüm zatlaryň biridir.
1970-nji ýyllarda ABŞ-nyň ilatynyň diňe 25%-inde miopiýa (şowalyk) bolan bolsa, häzirki wagtda ol 42%-e çykdy. Gündogar Aziýa ýurtlarynyň käbirinde ýaş oglan-gyzlaryň 90%-i kämillik ýaşyna ýetýänçä miopiýa ulaşýarlar.
Dowamy
Çagaň kellesinde bitiň ýa-da sirkäniň bardygyny görüp howsala düşmezlik mümkin däl bolsa gerek. Eger bitleriň kesel ýokuşdyrmaýandygyny we olaryň saglyga ýetirýän iň uly zyýanynyň gijiletmekdigini bilseň gaýgyň azalarmy?
Dowamy
Dowamy
"Ogul bolmasy üçin nädip hasaplamaly?", "Ogul çaga isleýäris?", "Oglan çaganyň galmasy üçin nämeler etmeli?" ýaly soraglar redaksiýamyza iň köp gelýän soraglaryň hataryna girýär. Aýallar we erkekler dürli sebäplere görä edinjek çagalarynyň jynsyny saýlamak isläp bilerler:
Dowamy
Akuşer-ginekolog lukmanlary dogumdan soňky birinji dört-alty hepdäniň dowamynda jynsy gatnaşykdan saklanmagy maslahat berýärler. Dogumyň geçişine baglylykda bu möhlet her aýalda dürli dowamlylykda bolup biler. Bu döwürde ýatgynyň uly ölçegde bolup, onuň nemli gatlagynyň dikelmä mätäçligi we gelýän ganly bölünip çykmalar oňa ýokançlyklary düşürme howpuny ýokarlandyrýar. Ýaňy dogumy başyndan geçiren aýalyň önelgelilik agzalary dikelip, fiziki we emosional saglygy kadalaşýança jynsy gatnaşyklary geçirmezlik dogry hasaplanýar.
Dowamy
Şu ýylyň iýulynda, ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti Roe v Wade aborta rugsat berýän dawasyna täzeden garady we aborta bolan konstitusion hukugy ýatyrdy. 2020-nji ýylyň güýzünde, Polşa hem abort gadagançylygyny girizipdi. Şeýle tendensiýalar bütin dünýädäki adam hukuklaryny goraýjylary ynjalyksyzlandyrýar.
Abort örän jedelli mesele. Käbir adamlar aborty her bir aýalyň esasy hukugy hasaplaýarlar. Käbirleri ony çaga öldürmäge deňeýär we abortyň önelgesizlige eltýändigine ynanýarlar. Beýlekiler bolsa, abortyň filosofiki we dini taýdan etika dogrylygyny ýa nädogrylygyny soraglaýarlar.
Dowamy
Aýal öz göwreliligi barada bileninden soň durmuşy endiklerini, ýaşaýyş düzgünini öz täze ýagdaýyna görä uýgunlaşdyrmaly bolýar. Işlemek meselesi hem bu döwürde esasy seredilmeli ýagdaýlaryň biri bolýar, çünki göwrelilik bilen işlemegi utgaşdyryp bilmezlik ýa-da göwrelilige işleme bilen bagly ýetirilip bilinjek howp baradaky gorkular göwreli aýaly az alada goýmaýar.
Dowamy