Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Dogurumdan öňki we soňky iýmit ýetmezçiliginiň beýniniň gurluşynda we işleýşinde uzak möhletli üýtgeşmelere sebäp bolup, çagalykda we ýetginjeklikde ýatkeşlik hem-de öwreniş bozulmalaryna eltip biljekdigini öňki barlaglar görkezipdi.
Alymlar dünýäde millionlarça çaganyň wagtyndan öň we pes agramly dogmagynyň hapa howanyň uzak wagtlyk täsiri bilen baglanyşykly bolup biljekdigini aýdýarlar.
Ýer ýüzünde hapa howa sebäpli ýylda ortaça ýedi million adam ölýär. Täze barlag işlerine görä, howanyň hapalygy diňe bir ýer ýüzündäki ähli adamlaryň saglygyna howp salman, eýsem heniz dünýä inmedik çagalaryň saglygyna hem howp salýar.
Lukmançylyk resminamasynda bellenilşi ýaly, medikamentoz abort Saglyk öýlerinde lukmanlaryň gözegçiligi astynda geçirilmelidir we abortyň geçişi näsagyň lukmançylyk kartasynda beýan edilmelidir.
Ünsüň ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromy (ÜÝAHS) – merkezi nerw ulgamynyň işiniň bozulmagy netijesinde ruhy we emosional ösüşiň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýän ýagdaýdyr. Beýnide noradrenaliniň we dofaminiň ýetmezçiligi netijesinde ünsüňi jemleme, çözgüt tapma ýaly endiklere jogapkär merkezleriň beýni öýjükleriniň arasynda aragatnaşyk bozulýandyr.
Dünýäde, statistika boýunça gyzjagazlar bilen deňeşdirlende, oglanjyklarda 3 esse ýygy duş gelýär.
Preeklampsiýa – gan basyşynyň ýokarlanmagy we peşewde belogyň döremegi bilen häsiýetlendirilýän, göwreliligiň 20 hepdesinden soň döreýän ýagdaýdyr. Ol bedende çişleriň döremegi we beden agzalarynyň utgaşykly bozulmalary bilen birlikde hem döräp bilýändir.
Dogabitdi merezýel (sifilis) – bu keselli enäniň göwrelilik döwründe ýokançlygy çagasyna geçirende döreýän keseliň görnüşidir.
Dogabitdi merezýel çaga nähili täsir edýär?
Dogabitdi merezýeliň çaganyň saglygyna çynlakaý, ýaramaz täsiri bar. Keseliň bäbejikleriň saglygyna ýetirýän täsiri enede sifilisiň dörän möhletine we ýokançlyga garşy bejerginiň alnyşyna ýa-da keseliň bejerlen wagtyna baglydyr.
↪ Ene-atanyň düşünişi: Çagam utansyn we özünden gowy çagalardan görelde alsyn.
↪ Çaganyň düşünişi: Iliň çagasyny menden gowy görýärler. Men hiç kimçe ýok. Dogulmadyk bolsam gowy bolardy.
↪ Zyýansyz ýoly: Çagaňyza başarnyklaryna guwanýandygyňyzy bildiriň we gowşak taraplary barada ony hiç kime deňemän gürrüň ediň. Ondan kynçylyk çekýän zatlary barada soraň we hemişe kömege, goldawa taýýardygyňyzy düşündiriň.
Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrliginiň işläp düzen kliniki beýanlaryna görä "çaga düşmesi – bu ene bedeninden embrionyň ýa-da düwünçegiň göwreliligiň 22 hepdesine çenli özbaşdak düşmegidir". Möhletine görä irki (12 hepdä çenli) we giçki (13 hepdelikden 22 hepdelige çenli) düşükler tapawutlandyrylýar. 22-nji hepdede ýa-da ondan soň enesiniň içinde ölýän çaga "çaganyň öli dogulmasy ýa-da antenatal ölümi" diýilýär.
Hemme anyklanan göwrelilikleriň arasyndan göwreliligiň özbaşdak düşmeginiň ýygylygy 15-20% deň bolup durýandyr. Hemme düşükleriň arasyndan, irki möhletlerde (6-8 hepdede) bolup geçýän düşükleriň ýygylygy 40-80% düzýändir. Göwreliligiň möhletiniň ulalmagy bilen özbaşdak düşmeleriň ýygylygy hem peselýändir.
Aşak sanalyş – sanlary belli bir ýerden yzlygyna nola çenli sanamak. (esasan raketa uçurylanda edilýär)
Ynsanlaryň köp zada gadyrbilmezlik edýändigi täzelik däldir. Olaryň biri hem önelgelik. Edil durmuşda esasy zerurlyklaryň we belli erkinlikleriniň hemişe elýeter boljakdygyna ynanyşlary ýaly, köp adam çaga etmegiň hem islän wagtlary mümkindigine ynanyp gezýärler. Bu ynançlar köplenç bir zady ýitirýänçäk onuň gadyr-gymmatyny bilmeýändigimiziň mysalydyr.
Saglygyň täze hasabata syny we Türkmenistanyň Saglyk ministrligine we BSGG guramasyna maslahatlary
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) 2021-nji ýylyň maý aýynda BSGG-nyň Ýewropa boýunça çagalaryň arasynda aşa semizlige gözegçilik ediş başlangyjynyň (COSI) hasabatynyň dördünji tapgyryny (2015–2017 ýyllar üçin) çap etdi. Maglumatlary yzygiderli ýygnamak we derňemek, Ýewropada çagalaryň arasynda aşa semizlik ýagdaýyna we onuň ösüş depginine has gowy düşünmäge we ýurtlaryň arasynda deňeşdirmeler geçirmäge mümkinçilik berýär. Maglumatlara görä, BSGG-nyň Ýewropa sebitinde (içine Türkmenistan hem girýär) çagalaryň arasyndaky aşa semizlik jemgyýetçilik saglygynyň esasy meselesi bolmagyna galýar.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.