Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Gazlaýtiň termini Oskar baýragyna mynasyp bolan "Gaz yşygy" ("Газовый свет") filminden gelip çyksa-da, gazlaýtiň hadysasynyň gyzyklanma, höwes ýa-da söýgi bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur.
Ýylylygy bolmadyk ýagtylyk
Gazlaýtiň – bilkastlaýyn edilýän psihologik zorluk bolup, adamda öz düşünjelerine, ýadyne ýa-da daş-töweregindäki bolup geçýän zatlara şübhe döredýär. Netijede, adam hakykat bilen gatnaşygyny we özüne bolan ynamyny ýitirýär; özüni däli hasaplaýar, sussupeslige uçraýar.
1. Erkegiň, hamana has gowy bilýänsiräp, aýala bir zat düşündirjek bolmagy.
2. Patriarhal jemgyýetiň aýalda özüne bolan ynamsyzlyk we özüni çäklendirmek häsiýetlerini terbiýelemegi, şol bir wagtyň özünde erkekde, sebäpsiz, aşa özüne göwni ýetme häsiýetini terbiýelemegi.
Öýdäki zuluma gezek gelende, maglumatyň azlygy ýa-da ýoklugy diňe tablisadaky sanlaryň kemdigini aňlatman, eýsem has uly meseleden habar berip bilýär. Öýdäki zorluk ölüm howply hadysadyr. Türkmenistanda öýdäki zulum köplenç hökümet, polisiýa, kazyýetler, hassahanalar we halkara guramalar tarapyndan ünsden sowulýar we hasaby ýöredilmeýär. Munuň esasy sebäbi bolsa, zulumly hadysalara gözegçilik edilýän dürli usullaryň kemçilik etmegidir. Gynansakda, maglumat kemçiligi gymmada düşüp bilýär we käbir ýagdaýlarda ölüm howply netijeleri berip bilýär.
2015-nji ýylda Türkmenistan BMG-nyň Durnukly Ösüş Maksatnamasyny (DÖM) kabul etdi. Bu uniwersal hereket 2030-njy ýyla çenli häzirki global meselelere çözgüt tapmagy maksat edinýär. Olaryň içine gender deňligi (5-nji maksat) hem girýär. Gender deňligi aýallaryň häzirki döwürde ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine üns gönükdirip, öýdäki zulumy hem öz içine alýar. Bu maksatlara ýetmek üçin, her ýurt ýerlikli metodologiýalary we maglumat ýygnaýyş usullaryny ulanmaly.
Gyrgyzystanda 2017-nji ýylda kabul edilenÖýdäki zuluma garşy kanun– öňki sowet döwletleriniň arasynda iň öňdebaryjylardan biridir. Kanuna görä, diňe bir pidalar däl, eýsem şaýatlar hem hukuk goraýjy edaralaryna habar berip bilýärler. Netijede polisiýa, mysal üçin, äriniň aýalyna ýakynlaşmagyny gadagan etmäge haklydyr. Emma hakykat ýüzünde kanun işlemeýär diýen ýaly we zulum edýänleriň köpüsi jogapkärçilikden gaçmagy dowam edýärler.
Hukuk işgärleriniň pikiriçe, aýallaryň aglabasy entegem polisiýa ýüz tutmaýarlar, köpüsi bolsa kömek alma hukuklarynyň bardygyny hem bilmeýärler. Milli statistika komitetiniň berýän maglumatyna görä, köplenç adamsy ýa-da dogan-garyndaşlary tarapyndan zulum edilýänler – aýallardyr: 2018-nji ýylda hasaba alnan maşgaladaky zulum hadysalarynyň 95% erkekler tarapyndan edilipdir.
Öýdäki zulum ýa-da zorluk – bu adamyň ýanýoldaşyna, ýakyn gatnaşykdaky ýoldaşyna ýa-da maşgalasyndakylara agalyk etmek üçin edýän islendik hereketini öz içine alýar.
Öýdäki zulum islendik ýaşdaky, jynsdaky, milletdäki, we derejedäki adamyň başyna gelip bilýär. Derňewlere görä, öýdäki zuluma aýallar has köp duçar bolýarlar, emma erkekler hem zulumyň, esasan hem dil we emosional zulumyň pidasy bolýarlar.
O döwür men 17 ýaşymdadym. Gapy öndüriji kärhanasy bolan telekeçiniň elinde işlemäge başladym. Bu meniň aýlyk alyp işlän ilkinji işimdi. Iş wagty başlygym hiç hili üm-yşarat etmeýärdi ýa-da lak atmaýardy. Onsoňam ol öýlenendi, çagalary hem bardy. Ýöne kimi bu zatlar saklap dur, dogry dälmi? Şeýle hem başlygym meniň entek 17 ýaşymdadygymy bilýärdi! Kämillik ýaşyna ýetmedikdim!
Umuman, işden soň ol hemmämizi öz maşynynda öýli-öýümize taşlaýardy. Öňdäki kürsüde hiç oturmaýardym, çünki yzda özümi has rahat duýýardym. Bir gün agşam maşynda men iň soňuna galdym. Ol öňdäki kürsä geçmegimi isledi. Men joramyň doglan gününe barýardym. Başlygym elini aýagyma goýdy – men tisginip, daşlaşdym, we ol elini çekdi. Doglan günden soň meni alyp gitjekdigini aýtdy, men kabul etmedim. Joramlardan öýe taksili gaýtdym.
Saglyk.org türkmenistanly ýaşlaryň jynsy terbiýesi ugrunda 10 ýyl bäri yzygiderli iş alyp barýar. Okyjylardan gelýän soraglaryň ýüzlerçesine jogap ýazyldy we ýazylýar. Biziň jogaplarymyz medisina, ylma we döwrebap jynsy terbiýäň standartlaryna esaslanýar. Ähli jogaplary saýtyň "gözleg bölüminden" gözläp, tapyp bilersiňiz.
Şahsy çäk – bu seniň adamlar bilen araňda goýýan göze görünmeýän araçägiň. Bu goýýan çägiňe seniň özüň hojaýyn. Başgalar muňa goşulyp ýa-da seniň kararlaryňa hiç hili täsir edip bilmeýär. Islemeýän zatlaryňa, wakalaryňa "Ýok" diýesiň gelse, hiç kimden gorkman diýip bilýärsiň.
Häzire çenli men bir türkmen adamyň "şahsy çäkler" barada ýa-da ony goramak hakynda gepläp ýa-da öwredip oturanyna, şol sanda ony durmuşa geçirýänine gabat gelmedim.
Эта история произошла со мной более десяти лет назад. Меня никто не предупредил, что отпечатки домашнего насилия будут преследовать меня отголосками травмы всю мою взрослую жизнь. Потому, я до сих пор борюсь с последствиями этих отношений.
Я всегда была прилежной и примерной девочкой. Училась хорошо, была амбициозна, любопытна, и независима. Я встретила его в свои 21 – нас познакомила наша общая подруга. Искра пробежала моментально и необъяснимо. И в скором времени я оказалась в своих первых романтических отношения – отношениях, которые я построила наперекор всему: неодобрению моего отца (привычка оспаривать и доказывать свою правоту), полной противоположности молодого человека и меня – разный социальный статус, интересы, взгляды, ценности, и т.д.
Saglyk häzire çenli öýdäki zulum barada birnäçe blog we düşündiriş işini çap etdi. Biz gelin-gyzlara we çagalara garşy öýdäki zulum hakynda has köp informasion material döredip, köpdürli okyjylarymyza ýetirmek ugrunda zähmet çekýäris. Saglyk.org türkmen dilinde öýdäki zulum we onuň zenana, maşgala we jemgyýete edýän täsirinden söz açýan ýeketäk websaýtdyr. Emma bu barada entek hem edilmeli iş kän. Çünki gelin-gyzlar fiziki, emosional, we jynsy zulumy öz içine alýan yzaly başdan geçirmelerini biz bilen sosial mediada şahsyda paýlaşýarlar, ýöne internetde köpçülik bilen paýlaşmakdan çekinýärler. Käbir zenan "il näme diýer" düşünjesi bilen paýlaşmakdan çekinse, käbiri jemgyýetimizde heniz hem maşgala meselelerini kesekiler bilen paýlaşmagyň kada däldigi üçin dymýarlar.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.