Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1

Maglumatlar kampaniýasy – bu ilatyň haýsydyr bir toparyna (meselem, ýetginjekler, çagalar, uly ýaşly ýa-da gartaşan adamlar we başg.) özleri we tutuş jemgyýet babatda täze, peýdaly maglumatlary kabul etmäge ýardam berýän dürli çäreleriň toplumydyr. Şeýle maglumatlar köpçülikleýin ýa-da indiwidual habar beriş serişdeleri arkaly amala aşyrylyp, durmuşyň haýsydyr bir çäkleridäki endikleriň ýa-da ýörelgeleriň oňat tarapa özgermegine kömek edýär.

Önelgelilik saglygy umumy beden saglygynyň möhüm düzüjileriniň biri bolup, onuň binýady çagalyk we ýetginjeklik döwründe tutulýandyr. Önelgelilik saglygy adam ömrüniň dürli döwürlerinde önelgelilik ulgamynyň kadalay işiniň çäginde fiziki, ruhy we sosial görkezijileriň deňagramlylyk ýagdaýydyr. Önelgelilik ulgamy nesil öndürme işini amala aşyrýan beden agzalarynyň toplumydyr.

Biziň kampaniýamyzyň esasy maksady – önelgelilik saglygy babatda halkymyzyň  bilimini artdyryp, adamlaryň endiklerini üýtgetmek

Önelgelilik saglygynyň meseleleri boýunça maglulamatlar kampaniýasynyň esasy maksady adamyň önelgelilik ulgamynyň anatomiýasyny we fiziologiýasyny, oňa ýaramaz täsir edýän faktorlary, sagdyn jynsy gatnaşyklar, sagdyn göwrelilik ýagdaýy barada adamlara dogry maglumatlary ýetirip, bu babatda olary bilimini artdyrmakdan ybaratdyr. Biz şeýle bilimi alan adamyň öz saglygy barada alada etjegine, önelgelilik ulgamy babatda ýüze çykaýjak kynçylyklarynyň öňüni almaga ymtyljakdygyna umyt baglaýarys. Bu soraglar adam durmuşynyň syrly, pynhan bölegini tutup, köp adamlaryň hemişe olar barada aç-açan gep agmaga utanýandyklaryny hem göz öňünde tutanýarys. Şonuň ýaly-da, bu soraglar babatda her adamyň öz tejribesi, bilimi, şahsy garaýyşlary, milli däp-dessurlaryna laýyklykda öz pikirleriniň bolup biljekdigini hem bellemelidiris.  

Önelgelilik saglygynyň hili köp babatda adamyň ýaşaýyş tertibine, endiklerine, onuň jynsy gatnaşyklaryna jogapkärli çemeleşme derejesine bagly bolup durýandyr. Şonuň üçin-de, biziň saýtymyz belli bir netijä gelmäge ýardam berýän dürli nukdaýnazarlaryň we pikirleriň orta atalyp, çekeleşikleriň geçirilmegini goldaýar. Biz saýtda berilýän maglumatlaryň 14-16 ýaşlaryndaky juwanlar üçin-de, baý durmuş tejribesi bolan uly ýaşly adamlar üçin-de deň derejede gyzykly, düşnükli we peýdaly bolmagyny maksat edinýäris.

Bedeniň önelgelilik ulgamynyň ýagdaýyna köp faktorlar täsirini ýetirip biler:

  • Ata-enäniň ýaşy. Nesil öndürmek üçin iň amatly ýaş aralygy-20-35 hasaplanýar.
  • Aýalda çaga dogrumlarynyň arasynyň ýygylygy. Çaga dogrumlarynyň arasynyň 2-2,5 ýyldan az bolmaly däldigini lukmanlar nygtap belleýärler.Bu möhlet geljek dogrum üçin güýç toplamaga we aýalyň hem-de çaganyň saglygyny berkitmäge ýardam berýär.
  • Abort etmek – nesil öndürmäni kadalaşdyrmagyň oňaýly usuly hasaplanmaýar. Ol zenan saglygy üçin howply bolup, dürli gaýraüzülmelere getirip biler. Häzirki zaman göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini dogry we ýerlikli ulanmak, bu kynçylyklaryň öňüni alyp, adamyň seksual durmuşyny dartgynlylykdan, gerekmejek ýaramaz tolgunmalardan azat etmäge kömek edip biler.
  • Jynsy gatnaşygy arkaly geçýän keseller (weneriki keseller) önelgelilik agzalarynyň keselçiliginiň, köplenç hem aýal we erkek önelgesizliginiň sebäpleri bolup bilerler. Öz saglygyňa jogapkärli garama we goraýyş çäreleri ulanma (meselem, prezerwatiw) Sizi köp kynçylyklardan halas edip biler.

Maşgalany meýilleşdirmek, göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň howpsuz usullaryny ulanmak Siziň saglygyňyzy gorap, sagdyn we garaşylýan çagalary dünýä indirmäge, maşgala durmuşynda bagtyýar bolmaga kömek eder.

Su maksat üçin Biz:

  • pikir alşylýan mesele boýunça belli bir netijä gelmäge ýardam berýän çekeleşikleriň we pikir alyşmalary medeniýetli esasda aç-açan gurnamak isleýäris.
  • önelgelilik saglygy, jynsy gatnaşyklar bilen bagly wajyp meseleleri hemme taraplaýyn açyp görkezýän we olar barada doly maglumatlary berýän makalalary taýynlap Siziň dykgatyňyza ýetireris.
  • Saýtyň okyjylaryna bu babatda gyzyklanýan soraglaryna doly jogaby we düşündirişi düşnükli we sada dilde bermäge çalşarys.

Sizden saýtyň okyjylaryndan bolsa, biz:

  • jemgyýetimizdäki saglyk meselelerini ýüze çykarmaga we olaryň çözgüdini tapmaga işjeň gatnaşmagyňyza garaşýarys.
  • öz sowallaryňyz bilen ýüzlenip, pikirleriňizi, bellikleriňizi mälim etmek arkaly, saýtyň işine ýardam bermegiňize garaşýarys.
  • alan maglumatlaryňyz öz durmuşyňyzda, maşgalaňyzda ulanyp, olary dost-ýarlaryňyz, tanyşlaryňya bilen paýlaşmagyňyza garaşýarys.

ÝÖRITE ŞU MAGLUMATLAR KAMPANIÝASY ÜÇIN TAÝÝARLANAN MAKALALAR

1. MEREZÝEL KESELI

2. AÝBAŞYDAN GALMA DÖWRÜNIŇ KYNÇYLYKLARY

3. GÖWRELILIK WE JYNSY GATNAŞYKLAR

4. EJE JAN, MENI HALAS ET!

5. JYNSY GATNAŞYKLARY "AJADÝAN" ÝENE BIR SEBÄP

6. ÝATGYDAN DAŞARKY GÖWRELILIK

7. AÝALYŇ WE ERKEGIŇ JYNSY ISLEGINIŇ ARASYNDA TAPAWUT BARMY?

8. ERKEKLIK JYNS MÄZINIŇ ADENOMASY: SEBÄPLERI WE KLINIKI ALAMATLARY

9. GÖWRELILIGIŇ GORMONAL ÖŇÜNI ALYŞ SERIŞDELERI: TOSLAMALAR WE HAKYKAT

10. PREZERWATIW: SAGLYGYŇ BARADA ALADA

  • 30698 gezek okalan
1 1 1 1 1

Maglumatlar kampaniýasy – bu ilatyň haýsydyr bir toparyna (meselem, ýetginjekler, çagalar, uly ýaşly ýa-da gartaşan adamlar we başg.) özleri we tutuş jemgyýet babatda täze, peýdaly maglumatlary kabul etmäge ýardam berýän dürli çäreleriň toplumydyr. Şeýle maglumatlar köpçülikleýin ýa-da indiwidual habar beriş serişdeleri arkaly amala aşyrylyp, durmuşyň haýsydyr bir çäkleridäki endikleriň ýa-da ýörelgeleriň oňat tarapa özgermegine kömek edýär.

Sanitariýa (lat. sanitas "saglyk") – saglygy goramaga we keselleriň öňüni almaga ýardam berýän çäreler toplumy. Şeýle hem sanitariýa saglygy goramak maksady bilen okuw, ýaşaýyş, zähmet, dynç almak, iýmitlenmek şertlerini kämilleşdirmegi amala aşyrýan gigiýena ylmynyň işläp düzen sanitar düzgünlerini we maslahatlaryny amallaşdyrmaga kömek edýän çäreler toplumydyr.

Adam jemgyýetçilik önümi bolup, onuň kanunalaryna görä ýaşaýar. Adamyň saglygy ýaşaýan öýüniň amatlyklaryna, bolýan jemgyýetçilik ýerleriniň (zähmet çekýän ýerleri, okuw jaýlary, sprotzallar, hammamlar we başg.) şertlerine, iýýän iýmitiniň hiline juda bagly bolup durýandyr.

Sanitariýa düzgünlerine döreýän zerurlyk  biziň durmuşymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýändir. Geliň, birnäçe mysallara ýüzleneliň:  

  • Kommunal-hojalyk sanitariýasy – adam nejesatlary suwy, topragy, azyk önümleri hapalap, adam saglygynyň çynlakaý kynçylyklaryna uçradyp biler. Şonuň üçin hem adam nejesatatynyň ýetiräýjek zyýanynyň öňüni almak üçin,  elleri ýuwmak ýa-da oba ýerlerinde hajathanalaryň dogry gurluşyna (sanitariýa çäreleri) üns bermek ýaly çäreler arkaly ýokançlyklaryň öňüni almaga we peýdaly endikleriň ýaýramagyna kömek edip biler. Ýalňyş gurlan hajathanalar hem-de lagym ulgamlary agyr keselleriň ýüze çykmagynyň we ýerasty suwlaryň hapalanmagynyň sebäpleri bolup bilerler. Arassa suwuň ýetmezçilik edýän halatlarynda, suwuň hapalanmagyna getirýän usullar bilen adam nejesatlaryny ýok etmek has hem wajyp sorag bolup durýandyr.
  • Azyk önümlerini goramagyň sanitariýasy – dukanlarda, bazarlarda azyk önümleriniň görnüşine baglylykda taýýarlaýyş, saklaýyş, geçiriş, ýaýratma tapgyrlaryna bildirilýän sanitariýa talaplarynyň bozulmagynyň, adam saglygyna zyýan ýetirýän azyk zäherlenmeleriň döremegine getirjekdigi ikuçsuzdyr.
  • Önümçilik sanitariýasy – degişli sanitariýa talaplary berjaý edilmedik ýagdaýynda, önümçilikde zähmet çekýän işgär kadasyz temperaturanyň, ýokary ultramelewşe şöhlelenmeleriň, kadasyz basyşyň, sesiň, önümçilik tozanynyň, zäherleýji maddalaryň bugarma ýagdaýynyň, howply ýokançlyklaryň täsirine düşüp biler.

Bu faktorlar yzygider täsir eden halatynda olar hünärmenlik keselleriň döremegine, adamyň işe gelmezden öň bar bolan keselleriniň beterleşmegine ýa-da umumy saglyk ýagdaýynyň peselmegine getirip biler.

Biziň kampaniýamyzyň esasy maksady – sanitariýa düzgünleri babatda halkymyzyň  bilimini artdyryp, adamlaryň endiklerini üýtgetmek.

Elbetde, ösüp kemala gelen adamynyň gylyk-häsiýetini we endiklerini üýtgetmek aňsat däldir. Bu hat-da ýeterlik maglumat alan adama hem çalt başartmaýar. Endikleriňi üýtgetmek örän göwrümli iş bolup, ol köp halatlarda ençeme sebäplere (suwuň ýetmezçiligi, bilimiň ýeterlik bolmazlygy, serişdeleriň ýetmezçiligi, hökümet edaralarynyň işine we başgalar) bagly bolup durýandyr.

Biz öz jemgyýetimizi sanitariýa meseleleri bilen tanyşdyrmaga goşandymyzy goşarys diýip tama edýäris.

Şu maksat üçin: 

  1. Jemgyýetimizde bar bolan sanitariýa we gigiýena degişli esasy soraglar we kynçylyklar babatda maglumat berýän makalalary taýynlap, okyjynyň dykgatyna hödürlemek.
  2. Bar bolan soraglary we kynçylyklary ara alyp maslahatlaşyp, netijeli çözgütleri tapmak üçin saýtyň okyjylaryna  şert döretmeli.

Jemgyýetimizdäki ýagdaýy oňat tarapa özgertmek üçin, saýtyň okyjylary bolan Siziň her biriňizden bolsa:

  1. Arassaçylyk babatda döreýän kynçylyklary anyklap, täze usullar arkaly olaryň çözgüdini tapmakda kömek etmegiňize garaşýarys.
  2. Sanitariýa barada bilýän maglumatlar bilen paýlaşmagyňyza garaşýarys. Meselem, eger Siz türkmen ýa-da rus dilinde bar bolan maglumatyň, makalanyň ýa-da taýynlanan kitapçalaryň salgysyny bilýän bolsaňyz, bize habar beriň. Biz olar barada öz saýtymyzda habar bereris.
  3. Alan maglumatlaryňyzy dost-ýarlaryňyz, goňşularyňyz bilen paýlaşarsyňyz diýip umyt edýäris.
  4. Alan peýdaly maglumatlaryňyzy öz durmuşyňyzda nähili ulanýandygyňyz barada aýdyp berseňiz, biziň üçin örän gyzykly bolardy.

ÝÖRITE ŞU MAGLUMATLAR KAMPANIÝASY ÜÇIN TAÝÝARLANAN MAKALALAR

1. PEDIKULEZ (BITLILIK): KIÇIJIK BITLERE GARŞY ULY GÖREŞ

2. ÝUWUJY SERIŞDELER WE OLARYŇ ZYÝANY

3. AZYK ÖNÜMLERI SAKLAMAGYŇ DÜZGÜNLERI

4. OŇAÝLY ÖÝ — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

5. KONSERWIRLENEN ÖNÜMLERDEN ÄGÄ BOLUŇ: BOTULIZM

6. HOWPSUZ OÝUNJAKLARA BOLAN HUKUK. KANUN. TEJRIBE. TEKLIPLER

7. JEMGYÝETÇILIK ÝERLERINIŇ ARASSAÇYLYGY KIME BAGLY?

8. ARASSA SUW - SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

  • 21520 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.00 (1 Ses)

Maglumatlar kampaniýasy – bu ilatyň haýsydyr bir toparyna (meselem, ýetginjekler, çagalar, uly ýaşly ýa-da gartaşan adamlar we başg.) özleri we tutuş jemgyýet babatda täze, peýdaly maglumatlary kabul etmäge ýardam berýän dürli çäreleriň toplumydyr. Şeýle maglumatlar köpçülikleýin ýa-da ýekeleýin habar beriş serişdeleri arkaly amala aşyrylyp, durmuşyň haýsydyr bir çäkleridäki endikleriň ýa-da ýörelgeleriň oňat tarapa özgermegine kömek edýär.

Inçekesele garşy göreş kampaniýasynyň esasy maksady – bu keseliň ýüze çykyş sebäplerini, bejergi usullaryny, getirýän gaýraüzülmelerini, şahsyýet we jemgyýet derejesinde döredýän howpy barada doly maglumaty ýetirip, bu kesel babatda ilatda belli bir hüşgärligiň döremegini gazanmakdyr.

Inçekesel – inçekesel mikobakteriýasy arkaly ýüze çykýan we dürli agzalarda, ylaýtada öýkende (80-85% ýagdaýlarda) ýeke ýa-da birnäçe zeperlenme ojaklaryň döremegi bilen häsiýetlendirilip, dowamly geçýän ýokanç keseldir.

Keseliň ýokançlylygy 1882-nji ýylda nemes alymy Robert Kohuň keseli dörediji mikobakteriýany (oňa Kohuň taýajyklary hem diýilýär) açmagy bilen subut edildi. Ýöne bedene düşen mikobakteriýa hemişe keseliň döremegine getirmeýär. Adatça, adama öz ömründe "Kohuň taýajyklary" birnäçe gezek ýokuşyp biler. Tersine, gowşak, keseliň döremegine getirip bilmejek inçekesel taýajyklaryny biziň immunitetimizi inçekesele garşy  tijendirmek üçin ulanýarlar.

Immunlaşdyrma maksatlary üçin biziň bedenimize ýörite BSŽ ady bilen ýa-da Kalmeta-Cerena basillasy ady (BCG, ony açan basillo de Kalmette-Guerin) bilen belli gowşan mikobakteriýalary goýberip, kesele garşy durnuklylygy gazanýarlar.

Keseliň ýokuşmagy, onuň açyk görnüşi bilen kesellän näsagyň gepleşmegi, üsgürmegi ýa-da asgyrmagy arkaly daş-töwerege ýokançlygy ýaýradanda bolup biler.

Barlaglaryň görkezişi ýaly, bejergi almaýan näsag her ýyl ortaça 40 adamyny inçekesel bilen ýokuşdyrmaga ukyply bolup, şolaryň 10-sy bu kesel bilen keselleýärler. Adam seýrek ýagdaýlarda keselli haýwanlaryň etini ýa-da olaryň süýdünden taýynlanan önümleri kabul edende hem ýokuşma sezewar bolup biler.

Keseliň döremegine ýaramaz sosial we ekologiki ýaşaýyş şertleri, iýmitlenmegiň ýetmezçiligi, bedeni tapdan düşürýän arakhorluk, çilimkeşlik, neşekeşlik ýaly endikler, uzaga çekýän stress ýagdaýy, bedeniň dowamli keselleri (süýji keseli, AIDS, öýkeniň dowamly keselleri) ýaly sebäpler itergi berip bilýändir.

Ýokarda bellenişi ýaly, öýken inçekeselinden başda, süňkleriň, böwregiň, deriniň, içegeleriň, gözüň, beýniniň   inçekeseli hem ýüze çykyp biler.

Mälim bolşy ýaly, Ýer togalagynyň ilatynyň 75-80%-i inçekesel taýajyklary göteriji bolup, olaryň diňe 10-15%-inde dürli bellenen sebäpleriň täsir etmegi netijesinde kesel ýüze çykyp bilýändir.

Ýaramaz sosial şertleriň (adamlaryň köpçülikleýin bir ýerde ýaşamagy, ýaramaz kommunal şertler, sanitar kadalaryň bozulmagy, iýmit we derman serişdeleriň ýetmezçiligi), uruşlaryň, tussaghanalardaky ýaramaz şertleriň, ilat migrasiýasynyň köpelmeginiň hem inçekeseliň ýaýramagyna getirip biljekdigini bellemelidiris.

Soňky ýyllarda dermanlara durnukly inçekeseliň ýüze çykmagy hem uly kynçylygy döredip, geçirilýän göreş çäreleriniň üýtgedilmegine esas döretdi. Inçekeselli näsag bellenen dermanlary nädogry tertipde kabul edende ýa-da bejergini doly almadyk ýagdaýynda derman serişdelerine durnuklylyk döräp biler. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bellemegine görä, her ýyl Ýewropa ýurtlarynda dermanlara durnukly inçekesel bilen 81 müňden gowrak adam keselleýär. Şunuň ýaly näsaglaryň özwagtlaýyn anyklanylman galýan halatlary hem bolýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, ýüze çykan kynçylygy aradan aýyrmak üçin, inçekeseliň başlangyç görnüşleriniň ylmy taýdan barlaglary geçen serişdeler bilen bejermek, bejergini tapgyrlaýyn alyp barmak hem-de sagalmany gazanmak üçin näsaglaryň öz jogapkärçiligini duýmagyny gazanmak wajyp ädimlerdir.

1993-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň inçekeseliň ýaýrama häsiýetini halkara derejesinde adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi. Şol ýyl hem bu gurama resmi taýdan DOTS (Directly Observed  Treatmnt, Short-course) meýilnamasyny inçekesele garşy täze göreş usuly höküminde hödürledi.

DOTS – gözegçilik astynda himioserişdeleriň gysga tapgyry bilen bejergi geçirmekdir.

DOTS – inçekeseliň ýaýramagyna garşy gönükdirilen esasy çäre bolup, ol daş-töweregi üçin has howply bolan näsaglary anyklamaga we bejermäge ýardam berýär.

DOTS adalgalary hemme döwletler üçin hem umumy bolup, onuň bejergi syýasaty häzirki wagtda dünýäniň 180-den gowrak döwletinde, şol sanda Türkmenistanda hem  durmuşa geçirilýändir.

Biziň her birimiz, özümizi we ýakynlarymyzy inçekeselden goramak üçin degişli öňüni alyş çäreler toplumyny ünsden düşürmeli däldigini ýatda saklamalydyrys:

  • Öz saglyk ýagdaýymyza gözegçilik etmek (dogry we peýdaly iýmitlenme, ýaramaz endiklerden daşda durma, sport bilen meşgullanma, öz wagtynda öňüni alyş sanjymlary almak);
  • Sanitar-gigiýeniki  kada-düzgünleri berjaý etmek (ýaşaýan we işleýän otagyňyzy ýelejiretmek, şahsy arassaçylygy saklamak, üsgürýän adamlardan daşda durmak);
  • Maşgalaňyzda inçekesel bilen näsaglan bar bolsa, ony aýratyn otag, gap-gaç bilen üpjün edip, arassaçylyk çärelerini dogry geçirmek. Maşgala agzalarynyň barlag we öňüni alyş bejergi tapgyryny geçirmegini gazanmak;
  • Bejergini keseliň irki tapgyrlarynda, kadaly, bellenilen düzgün boýunça, lukmanyň gözegçiliginde almagy gazanmak.

Inçekeseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen saýtyň işgärleri bolan biz:

  • Inçekesel barada hemmetaraplaýyn maglumatlary berýän makalalary taýynlamagy göz öňünde tutýarys.
  • Daşary ýurt lukmançylygynda inçekeseli bejermekde ulanylýan usullar we bu ugurda toplanan tejribeler barada peýdaly maglumatlary Size ýetirmegi meýilleşdirýäris.
  • Inçekeseliň öňüni alyş çäreleri babatda, keseliň ýaýramagynda esas bolýan wajyp sebäpler barada saýtyň okyjylarynyň pikirini bilmek üçin şert döretmegi hem peýdaly hasaplaýarys.

Öz gezeginde, saýtyň okyjylary bolan Sizden:

  • Keseliň öňüni alyş çäreleri barada pikirleriňiz bilen paýlaşmagyňyza garaşýarys.
  • Alan maglumatlaryňyzy özüňizi we ýakynlaryňyzy keselden goramaga ulanjakdygyňyza tama edýäris.

ÝÖRITE ŞU MAGLUMATLAR KAMPANIÝASY ÜÇIN TAÝÝARLANAN MAKALALAR

1. INÇEKESEL

2. BRITANIÝANYŇ ALYMLARY INÇEKESELI ANYKLAMAGYŇ TÄZE USULYNY TEKLIP EDÝÄRLER

3. INÇEKESELDEN GORANYŇ!

4. ORSÝET DERMAN SERIŞDELERINE DURNUKLY BOLAN INÇEKESEL BOÝUNÇA BIRINJI ORNY EÝELEÝÄR

5. "BIZIŇ NESLIMIZ INÇEKESELI SAKLAMALYDYR"

6. GÖWRELILIK DÖWRÜNDE INÇEKESELIŇ GEÇIŞ AÝRATYNLYKLARY

7. ÇAGA INÇEKESELI: ALAMATLARY, BEJERGISI, ÖŇÜNI ALMAK

8. INÇEKESELDEN GORANMAGY BAŞAR

  • 24526 gezek okalan