Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (9 Ses)

dymma kampaniya

Mähriban dostlar we joralar,

Saglyk häzire çenli öýdäki zulum barada birnäçe blog we düşündiriş işini çap etdi. Biz gelin-gyzlara we çagalara garşy öýdäki zulum hakynda has köp informasion material döredip, köpdürli okyjylarymyza ýetirmek ugrunda zähmet çekýäris. Saglyk.org türkmen dilinde öýdäki zulum we onuň zenana, maşgala we jemgyýete edýän täsirinden söz açýan ýeketäk websaýtdyr. Emma bu barada entek hem edilmeli iş kän. Çünki gelin-gyzlar fiziki, emosional, we jynsy zulumy öz içine alýan yzaly başdan geçirmelerini biz bilen sosial mediada şahsyda paýlaşýarlar, ýöne internetde köpçülik bilen paýlaşmakdan çekinýärler. Käbir zenan "il näme diýer" düşünjesi bilen paýlaşmakdan çekinse, käbiri jemgyýetimizde heniz hem maşgala meselelerini kesekiler bilen paýlaşmagyň kada däldigi üçin dymýarlar.

Dowamy

  • 4956 gezek okalan

ABORT – ÇYKALGA DÄL

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.06 (17 Ses)

abort cykalga dal

 

MÄHRIBAN JORA WE DOST!

Gynansakda, zenan öz durmuşynda diňe bir bäbekhana çaga dogurmak üçin aýagyny basman, abortyň kömegi bilen çagasyndan dynmak üçin lukmanyň otagyndan hem ätlemeli bolýar. Şu eliňe alan kitapçaňda zenan üçin wajyp bolup görünýän ikinji çözgüdiň howply taraplaryna degişli soraglar babatda gysgaça maglumat berilýär. Kitapçadaky abort barada lukmançylyk jähtinden dogry maglumatlar saňa öz çözgüdiňi saýlap almana kömek berer diýip umyt edýäris.

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÇEP TARAPDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈ 2.4 MB)

  • 6633 gezek okalan

BU SENIŇ ÇÖZGÜDIŇ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.36 (33 Ses)

SALAM, GADYRLY OKYJYMYZ!

Biz "Önelgelilik we onuň meseleleri" boýunça geçirýän maglumatlar kampaniýamyzyň dowamynda "BU SENIŇ ÇÖZGÜDIŇ" atly kitapçany taýýarladyk. Bu kitapçanyň maksady ýaşlary jynsy gatnaşyklary geçirmäge çagyrma däl-de, bu gatnaşyklary başlamagy ýüregine düwen ýetginjeklere bu meselede wajyp bolan esasy maglumatlary ýetirmedir. Kitapçada jynsy gatnaşyklaryň ýetginjegiň durmuşyňy üýtgedip, uly jogapkärçiligi talap etjekdigi üns merkezinde goýulýär. Jynsy gatnaşyklaryň başlanmagynyň hemişe söýgüni alamatlandyrmaýany ýatladylýär. Kitapça bu gatnaşyklara mahsus kynçylyklar barada (islenilmedik göwrelilik, jyns ýollary arkaly geçýän ýokanç keseller) habardar edýär we goraglylyk babatda maglumat berýär.

Kitapçada beýan edilen maglumatlar ýetginjeklere ýagdaýa dogry baha bermäge kömek berer diýip umyt edýäris. Türkmen ene-atalaryna bu barada habarly bolup, dogry maglumatlar bilen bu wajyp meseleden ýetginjek çagalary bilen söz açmaga, gürrüňdeş bolmaga kömek berer diýip tama edýäris.

Sen kitapçany saýtyň sahypasyndan indirip, ony islendik printerde çap edip bilersiň. Biz şu kitapçany okanyňdan soň, ony öz dost-ýarlaryňa, tanyşlaryňa ýetirersiň diýip umyt baglaýarys. Eger şu kitapçany ýaýratmak babatda haýsydyr bir pikirleriň bar bolsa, olary biziň bilen paýlaş. Biz Seniň bilen hyzmatdaşlyk etmäge elmydama taýýar!

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÝOKARDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈350 KB)

  • 8119 gezek okalan

ÇAGA GARAŞYLAN BOLMALYDYR!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (30 Ses)

SALAM, GADYRLY OKYJYMYZ!

Biz "Önelgelilik we onuň meseleleri" boýunça geçirýän kampaniýamyzyň dowamynda ""Çaga garaşylan bolmalydyr" ýa-da göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri barada nämeler bilmeli?" atly kitapçany taýýarladyk. Bu kitapça maşgalany meýillerşdirmegiň wajyp meselelerine degişli maglumatlary sada dilde okyjylaryň giň köpçüligine ýetirmek üçin niýetlenendir.

Biz öz kitapçamyzda has ýörgünli ulanylýan göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri barada esasy maglumatlary bermäge çalyşdyk. Şu wagt ene-ata bolmaga howlukmaýan bolsaň, öz durmuşy meýilleriňize, saglyk ýagdaýyňa we ýaramlylygyna baglylykda, sen öz kontraseptiw serişdäni saýlap bilersiň. Bu saýlawy Sen diňe lukman bilen bilelikde amala aşyrmalysyň!

Dogjak çaga garaşylan bolanda – diňe şu ýagdaýda ol ene-atanyň bagtlylygyny, maşgalanyň berkligini we mähirli gurşawy üpjün edip biler!

Türkmenleriň "Ýekäniň çaňy çykmaz" diýip aýdyşy ýaly, biz ýekelikde köp zady etmegi başarmarys. Şonuň üçin-de, biz Seniň ýardamyňa mätaç! Il saglygyna öz goşandyňy goşup bilýandigiňi unutma!

Sen kitapçany saýtyň sahypasyndan indirip, ony islendik printerde çap edip bilersiň. Biz şu kitapçany okanyňdan soň, ony öz dost-ýarlaryňa, garyndaşlaryňa, tanyşlaryňa ýetirersiň diýip umyt baglaýarys. Eger şu kitapçany ýaýratmak babatda haýsydyr bir pikirleriň bar bolsa, olary biziň bilen paýlaş. Biz Seniň bilen hyzmatdaşlyk etmäge elmydama taýýar!

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÝOKARDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈2.2 MB)

  • 14530 gezek okalan

HEMIŞE MERDEM BOLAÝYN DIÝSEŇIZ...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.26 (34 Ses)

Hormatly okyjy!

Saglyk.org saýtynyň sahypalarynda önelgelilik meselelerini dürli taraplaýyn beýan edýän makalalaryň, teswirlemeleriň saldymly bölegine duş gelmek bolýar. Bu bolsa jemgyýet üçin şeýle wajyp meseläniň aýratynlyklarynyň özboluşly ünsi talap edýändiginden güwä geçýär.

Önelgelilik meseleleriniň çözgüdi aýal we erkek saglygynyň hil görkezijilerine baglydyr. Ýöne aýallar öz tebigy ykjamlygy we jogapkärçiligi sebäpli öz saglyk ýagdaýlaryna ünsli çemeleşselerde, erkek adamlar barada şeýle diýip bolmaýar.

Erkek adamlaryň hem öz saglygyna ünsli bolmalydygyny ündäp, biz Siziň dykgatyňyza "Hemişe merdem bolaýyn diýseňiz..." atly kitapçany hödürleýäris.

Bu kitapça biziň ýan ýoldaşlarymyzyň, atalarymyzyň, erkek doganlarymyzyň saglygyna howp salyp biljek sebäpler we olaryň öňüni almaga kömek etjek çäreler baradadyr. Bu kitapçany okap we dost-ýarlaryňa hem hödürläp, öz saglygyň barada alan bilimleriňi artdyrarsyň we ony ýerlikli ulanarsyň diýip umyt edýäris.

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÇEP TARAPDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈1.7 MB)

  • 8787 gezek okalan

ARASSA SUW - SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.52 (27 Ses)

SALAM, GADYRLY OKYJYMYZ!

"Suw-ýaşaýşyň gözbaşy" diýilşi ýaly, biziň durmuşymyzy suwsyz göz öňüne getirme asla mümkin hem däldir. Teşneligi gandyryjy suw diňe bir ýaşaýşa ylham beriji, kuwwatlylyk çeşmesi bolman, eýsem ol adamynyň hojalygynda hem peýdaly, örän gerekli tebigy resurs bolup durýandyr. Suwy giňden ulanmak bilen birlikde, ondan peýdalanyş we saklanyş düzgünleri dogry berjaý edilmedik ýagdaýynda, saglyk babatda çynlakaý meseleleriň ýüze çykjakdygy ikiuçsyzdyr. Şol sebäpden hem, biz suwuň ulanylşy bilen bagly durmuş ýagdaýlaryna syn edip, saglyga zyýan ýetirilmeginiň öňüni almaga kömek edip biljek peýdaly çäreler babatda söz açýan kitapçany, Siziň dykgatyňyza hödürlemegi makul bildik.

Sen kitapçany saýtyň sahypasyndan indirip, ony islendik printerde çap edip bilersiň. Biz şu kitapçany okanyňdan soň, ony öz dost-ýarlaryňa, garyndaşlaryňa, tanyşlaryňa ýetirersiň diýip umyt baglaýarys. Il saglygyna öz goşandyňy goşup bilýändigiňi unutma! Eger şu kitapçany ýaýratmak babatda haýsydyr bir pikirleriň bar bolsa, olary biziň bilen paýlaş. Biz Seniň bilen hyzmatdaşlyk etmäge elmydama taýýar!

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÇEP TARAPDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈2.2 MB)

  • 8431 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (13 Ses)

SALAM, GADYRLY OKYJYMYZ!

Neşekeşlik belasy müňlerçe türkmen oglan-gyzlarynyň durmuşyny dargatsa, ençemesiniň ömür tanapyny gyrdy. Şonuň bilen birlikde, öz maşgalasyna abanýan howp barada pikir hem etmeýän ene-atalarynyň hem ýaşaýşyny bulap, olaryň durmuşynyň manysyny üýtgeden bir musallat bolup başa indi. Şonuň üçin-de, jemgyýetde ýaşaýan adam onda ýüze çykýan meselelerden üzňe ýaşap bilmeýär. Adam "Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok" diýip-de ýaşap bilmeýär, sebäbi bir adama galtaşan meseläniň günleriň birinde başgalara-da galtaşmagy mümkin. Şonuň üçin-de, biziň şu kitapçamyzy ýaýratmaga kömek et! Ýaş oglan-gyzlarymyzy neşe belasyndan halas edeliň!

Sen kitapçany saýtyň sahypasyndan indirip, ony islendik printerde çap edip bilersiň. Biz şu kitapçany okanyňdan soň, ony öz dost-ýarlaryňa, garyndaşlaryňa, tanyşlaryňa ýetirersiň diýip umyt baglaýarys.  Il saglygyna öz goşandyňy goşup bilýandigiňi unutma! Eger şu kitapçany ýaýratmak babatda haýsydyr bir pikirleriň bar bolsa, olary biziň bilen paýlaş. Biz Seniň bilen hyzmatdaşlyk etmäge elmydama taýýar!

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÇEP TARAPDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈1.6 MB)

  • 7275 gezek okalan

INÇEKESELDEN GORANMAGY BAŞAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.55 (22 Ses)

SALAM, GADYRLY OKYJYMYZ!

Inçekesel ýokançlygy göze görünmeýän bela bolup, biziň her birimize howp salýandyr. Köpçülik ýerlerinde, köpçülik ulaglarynda, üýşmeleňlerde bu kesele ýolukmak howpy has hem artýandyr.  Bu kesele ýolugyp, ony bejereniňden, öňüni almagyň has aňsatdygy hemmelere mälimdir. Şonuň üçin-de, biz inçekesele garşy göreşmek we onuň öňüni almak ugrunda geçirýän kampaniýamyzyň dowamynda "INÇEKESELDEN GORANMAGY BAŞAR" atly kitapçany taýýarladyk.  Bu kitapça inçekesel ýokançlygy, onuň alamatlary we öňüni alyş çäreleri baradaky maglumatlary sada dilde okyjylaryň giň köpçüligine ýetirmek üçin niýetlenendir.

Sen kitapçany saýtyň sahypasyndan indirip, ony islendik printerde çap edip bilersiň. Biz şu kitapçany okanyňdan soň, ony öz dost-ýarlaryňa, garyndaşlaryňa, tanyşlaryňa ýetirersiň diýip umyt baglaýarys.  Il saglygyna öz goşandyňy goşup bilýandigiňi unutma! Eger şu kitapçany ýaýratmak babatda haýsydyr bir pikirleriň bar bolsa, olary biziň bilen paýlaş. Biz Seniň bilen hyzmatdaşlyk etmäge elmydama taýýar!

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÇEP TARAPDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈1.6 MB)

<------->

  • 8456 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.81 (53 Ses)

SALAM, GADYRLY OKYJYMYZ!

Biz "Önelgelilik we onuň meseleleri" boýunça geçirýän kampaniýamyzyň dowamynda "PREZERWATIW: SAGLYGYŇ BARADA ALADA" atly kitapçany taýýarladyk. Bu kitapça önelgeliligiň wajyp meselelerine degişli maglumatlary sada dilde okyjylaryň giň köpçüligine ýetirmek üçin niýetlenendir. Türkmenleriň "Ýekäniň çaňy çykmaz" diýip aýdyşy ýaly, biz ýekelikde köp zady etmegi başarmarys. Şonuň üçin-de, biz Seniň ýardamyňa mätaç! Il saglygyna öz goşandyňy goşup bilýandigiňi unutma!

Sen kitapçany saýtyň sahypasyndan indirip, ony islendik printerde çap edip bilersiň. Biz şu kitapçany okanyňdan soň, ony öz dost-ýarlaryňa, garyndaşlaryňa, tanyşlaryňa ýetirersiň diýip umyt baglaýarys. Eger şu kitapçany ýaýratmak babatda haýsydyr bir pikirleriň bar bolsa, olary biziň bilen paýlaş. Biz Seniň bilen hyzmatdaşlyk etmäge elmydama taýýar!

Saýtyň işgärler topary.

KITAPÇANY AÇMAK ÜÇIN ÇEP TARAPDAKY SURATA BASYŇ!!!
(KITAPÇA PDF FORMATYNDA ≈1.5 MB)

  • 12862 gezek okalan
1 1 1 1 1

Maglumatlar kampaniýasy – bu ilatyň haýsydyr bir toparyna (meselem, ýetginjekler, çagalar, uly ýaşly ýa-da gartaşan adamlar we başg.) özleri we tutuş jemgyýet babatda täze, peýdaly maglumatlary kabul etmäge ýardam berýän dürli çäreleriň toplumydyr. Şeýle maglumatlar köpçülikleýin ýa-da ýekeleýin habar beriş serişdeleri arkaly amala aşyrylyp, durmuşyň haýsydyr bir çäkleridäki endikleriň ýa-da ýörelgeleriň oňat tarapa özgermegine kömek edýär.

Neşekeşlige garşy göreş kampaniýasynyň esasy maksady – neşekeşlige getirýän sebäpler, onuň şahsyýet, jemgyýet derejesinde ýetirýän zyýany we sosial, lukmançylyk hem-de habar berme arkaly göreş usullaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezip, bu babatda adamlaryň, ylaýta-da ýaş nesliň bilimni artdyrmakdan ybarat.

Neşekeşlik belasy müňlerçe ýaş adamlaryň durmuşyny dargatsa, ençemesiniň ömür tanapyny gyrdy. Şonuň bilen birlikde, öz maşgalasyna abanýan howp barada pikir hem etmeýän ene-atalarynyň hem ýaşaýşyny bulap, olaryň durmuşynyň manysyny üýtgeden bir musallat bolup başa indi. Şonuň üçin-de, jemgyýetde ýaşaýan adam onda ýüze çykýan melelerden üzňe ýaşap bilmeýär. Adam "Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok" diýip-de ýaşap bilmeýär, sebäbi bir adama galtaşan meseläniň günleriň birinde başgalara-da galtaşmagy mümkin. Şonuň üçin-de, bu kampaniýanyň berýän maglumatlary diňe neşekeşlere ýa-da olaryň dogan-garyndaşlaryna däl, eýsem jemgyýetiň her bir agzasyna hem degişlidir.

Kampaniýanyň maksatlarynyň biri – neşekeşlige ýoluganlara goldaw bermekden ybarat. "Her derdiň öz dermany bar" diýlişi ýaly, neşekeşligiň-de öz bejergileri bardyr. Neşekeşlere dürli jemgyýetlerde dürli garýarlar. Bu garaýyşlar esasan-da jemgyýetiň ösüş derejesine bagly bolýar. Ösüşi ýokary derejede bolan jemgyýetler neşekeşlere kesel adam hökmünde garap, oňa kömek etmäge çalyşýarlar. Şeýle jemgyýetlerde neşekeşi türmä ibermezden, oňa dogry ýola düşmäge kömek edýärler. Şeýle edilen ýagdaýynda neşekeş keselden saplanar diýen umyt döreýär.

Neşe serişdelerinden azat edip biljek erklilik, öz hereketleriňe we durmuşyňa jogap berip bilmek, sowatlylyk, pikir edip, dogry netije çykaryp bilmek ýaly adamda wajyp häsiýetleri terbiýelemegiň möhümdigini ündemek hem bu işiň uly bir bölegi bolup durýandyr.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýäde neşekeşleriň umumy sany 70 mln adama barabardyr.

Birleşen milletler Guramasynyň 117 sany döwletden alan maglumatynda geroin, kokain, tirýek (gaşiş), meň (marihuana), morfiý ýaly howply neşe serişdeleriniň ulanylşynyň ýylsaýyn artýandygy bellenilýär.

Alnan maglumatlara görä, neşe serişdelerine imrikme möwridi ortaça 15-23 ýaş aralygy düzüp, her neşekeş özi  bilen neşe serişdelerini kabul etmäge 13-15 adamy çekip bilýändir.

Neşe serişdeleri hemme beden agzalarynyň, ylaýtada hem beýniniň, bagryň zeperlenmegine getirip, beden saglygynyň görkezijilerine uly zarba urýandyr.

Neşekeşleriň ýaşaýyş düzgüni olaryň arasynda gepatit B, C, AIDS, inçekesel, jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keselleriň köpelmegine getirýär. AIS-i göterijileriň 55%-den gowragyny neşekeşler düzýändir.

Neşe serişdeleri ruhy keselleriň ýüze çykmagyna ýa-da olar öňden bar bolsa beterleşmegine itergi berip biler. Niderlandiýanyň ruhy saglygy institutynyň alymlarynyň barlagy neşe serişdelerniň, ylaýta-da meň neşe serişdesiniň ulanylmagy ýaş adamlaryň arasynda şizofreniýa keseliniň iki esse köp döremegine getirip bilýändigini mälim etdi.

Şonuň ýaly hem, himiki neşe serişdeleriniň adamyň önelgelilik ulgamyna ýaramaz täsirini ýetirýänligini hem belläp geçmek möhümdir.

Meňiň düzümine girýän tetragidrosannabinol maddasynyň, erkeklik jyns öýjükleriniň hereketjeňligini gowşadyp, önelgesizlik ýagdaýyny döredip biljekdigini alymlar subut etdiler.

Neşekeşiň ömrüniň ortaça dowamlylygy 25-26 ýyla barabar bolup, olar neşe serişdelerini kadaly kabul edip başlandan soň 7-8 ýyl ýaşaýandyr. Neşekeş neşe serişdelerini tapmak üçin dürli jenaýatçylyklara hem baş urmaga mejbur bolýar.

Hukuk goraýjy guramalaryň belleýşi ýaly, emläk jenaýatçylyklaryň 60%-i neşe serişdelerine garaşly adamlar tarapyndan amala aşyrylýandyr.

Neşe serişdesi diňe bir adamyň saglygyna zyýan ýetirmän, eýsem onuň ruhy dünýäsini hem üýtgedip, adamy öz guluna öwürýär.Ol adamy öz hereketlerine jogap bermeden, döretmeden, zähmet çekmeden, söýgi ýaly belent duýgyny başdan geçirmeden, maşgala gurmadan, şatlanmadan, umuman ADAM bolma mümkinçiliginden mahrum edýär...

Eýsem-de bolsa, neşe belasynyň penjesine düşen ýakyn adamlarymyza Biz näderejede degerli kömek berip bilerkäk?!

Jemgyýeti neşekeşlikden halas etmegiň anyk çäreleri barmyka?

Neşekeşligiň döremeginiň öňüni almakda kim esasy orny eýeleýär? Maşgalamy? Mekdepmi? Sosial-döwlet edaralarymy? Hukuk goraýjy edaralarymy?

Şahsyýet derejesinde neşekeşlige garşy yglan edilen göreş, örän çylşyrymly we uzaga çekýän çekeleşik bolup, ol diňe adamyň özünden däl-de , eýsem onuň ýakyn adamlaryndan hem ägirt uly güýji, yhlasy talap edýändir.

Neşekeşlige garşy göreşi pugtalandyrmakda hem-de ony hemmetaraplaýyn äşgär etmek üçin biz:

  1. Neşekeşlige getirýän sebäpleri, onuň beden we ruhy saglyga ýetirýän zyýany, sosial we lukmançylyk göreş usullaryndan doly we hemmetaraplaýyn maglumat berýän makalalary, başga ýurtlaryň iş tejribesini, bejergi we öňüni almagyň usullaryny, çärelerini beýan edýän makalalary taýynlamagy maksat edinýäris.
  2. Neşekeşlik kynçylygy we onuň peýdaly göreş usullary babatda sosial gullugynyň işgärleriniň, lukmanlaryň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň, hukuk goraýjy işgärleriň pikirlerini bilmäge mümkinçilik döretmegi we mesele barada söhbetdeşlik açmagy makul bildik.
  3. Saýtyň okyjylarynyň arasynda pikir alyşmalary, eger bar bolsa neşekeşlige garşy göreşde şahsy durmuş tejribesini, oýlanmalaryny beýan etmek üçin şertleri döretmäge çalşarys.

Saýtyň okyjylary bolan, her biriňizi bolsa:

  • Neşekeşlik kynçylygy we oňa garşy göreş usullary barada öz pikirleriňiz, şahsy tejribäňiz bilen saýtyň sahypalarynda paýlaşmaga çagyrýarys.
  • Özüňiz we dost- ýarlaryňyz üçin alan maglumatlaryňyzy ulanyp, neşe belasyndan gaça durmaga, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, özüňizde öndürijikli ýaşamaga ymtylyşy döretmäge çagyrýarys.

ÝÖRITE ŞU MAGLUMATLAR KAMPANIÝASY ÜÇIN TAÝÝARLANAN MAKALALAR

1. NEŞEKEŞLIK

2. ZENANLAR WE NEŞE

3. NEŞE WE MAŞGALA

4. BMG NEŞELERIŇ DEREGINI TUTÝAN DERMAN SERIŞDELERINIŇ KANUNYDYGY BABATDA YNJALYKSYZLANÝAR

5. NEŞEKEŞLIK WE MAŞGALA GATNAŞYKLARY

6. MAŞGALADAKY TERBIÝE WE NEŞEKEŞLIK

7. NEŞEKEŞLIK WE BEDEN SAGLYGY

8. ÖÝE BARÝAN ÝOL...

9. ÇAGAŇYZY NEŞE BELASYNDAN HALAS EDIŇ!

  • 25681 gezek okalan