Adamzat taryhynda sazyň tutýan orny örän uludyr. Ynsan şatlananda ýa-da gamgyn bolanda, saz diňleýär. Saz ynsanyň göwün syrdaşy diýsek hem ýerlikli bolar. Heniz enesiniň göwresindekä, çaga daş-töwerekdäki bolup geçýän zatlaryň täsirini duýýar, sazyň owazyny eşidýär. Saz çagany rahatlandyrýar, onuň fiziki we akyl taýdan ösmegine ýardam berýär.
Eneler öz perzentlerine hüwdi ýaly ýakymly aýdym-sazlary hiňlenip bermeli.
Saz özboluşly bejeriş usul hasaplanýar. Alymlar sazyň çaganyň fiziki ösüşine ýetirýän täsirini çuňňur öwrenmegi dowam edýärler. Olarda ene-atalara maslahat berere zat kändir.
Gowşak, wagtyndan ir doglan çagalara–da saz öz rahatlandyryjy täsirini ýetirýär. Saz biynjalyk çaganyň dem alşyny we ýürek urşuny kadalaşdyrýar, agyry-ynjylaryny kemeldýär, sagdyn çaga bolup ýetişmegine ýardam berýär. Ýedi aýlyk doglan çagalaryň madda çalşygy ýakymly sazyň kömegi bilen hem dikeldilýär. Bu bolsa öz gezeginde iglije çaganyň agramynyň artmagyna itergi berýär.
Dowamy
Gadyrly saýtyň okyjylary! Biz siziň dykgatyňyza gyrgyz kärdeşlerimiziň rus dilinde çap eden "Howpsuz oýunjaklara bolan hukuk. Kanun. Tejribe. Teklipler" atly hasabatyndan türkmen diline terjime edilen parçalary hödürleýäris. Tutuş işi rus dilinde şu salgyda okap bolar http://eco-expertise.org/. Gyrgyz kärdeşlerimiziň bu işi "Zäherlenmedik çaga harytlary: Belarussiýanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Ermenistanyň we Gyrgyzstanyň maglumat-magaryf kampaniýasy" atly sebitleýin taslamanyň çäginde taýýarlanan. Ol Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitine düzüminde howply žäherli maddalary bolan oýunjaklaryň milli bazara getirmek töwekgelçiligine baha bermek we ony peseltmek boýunça geçirilýän giň gerimli kampaniýasyny dowam edýär. Gyrgyzystan Respublikasynda taslama "Garaşsyz ekologik seljeriş" jemgyýet birleşigi we Döwlet sanitariýa-epidemiologik gözegçilik departamenti bilen bilelikde amala aşyrylýar. Awtorlar we düzüjiler: Andreýçenko Ý. I., Gawrilowa Ý. A., Konýuhowa I. A., Ruşubakowa M. Y., Peçenýuk O. W., Sliwçenko L. Ý.
Dowamy
Salam, gadyrly saýtyň okyjylary! Siziň maşgalaňyzda 1-nji sentýabrda 1-nji synpa gitjek çaga barmy? Eger bar bolsa, onda şu makalamyz hut Siziň üçindir!
Ine, tomus pasly hem tamamlandy. Täze okuw ýyly başlanýar. Muňa aýratyn hem 1-nji synpa gitjek körpeler sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olar özleriniň täze portfeline, onuň içini doldurýan täzeje galamdyr kitaplaryna guwanýarlar. Olar indi mekdebe gatnap, özlerini ulularyň hataryna goşulan diýip saýýarlar.
Dowamy
Her bir ene-ata işjeňligiň çaga üçin näderejede wajypdygyna örän oňat düşünýär. Çagany dogry iýmitlendirmegi, oňa mynasyp ýaşaýyş şertlerini döretmegi başarýan ene-ata, çagasynyň sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullanjakdygyny kesgitlemekde kynçylyk çekýär. Ene-ata özlerine şeýleräk soraglary berýärler: Sportuň bu görnüşi çaga laýyk gelýärmi? Çaga kynçylyklara döz gelip bilermi ýa-da ejizlärmi? Bu türgenleşikler bedenterbiýe ýaly bolarmy? Ýa-da olar uly sporta eltýän ýolmy? Umuman, bu soraglaryň ählisi-de ähmiýetli. Emma iň esasy zatlaryň biri – çagaňyzyň fiziki taýdan işjeň bolmagydyr.
Ýetginjegiň sportuň bir görnüşinden beýleki görnüşine ýygy-ýygydan geçip durmagy islenilmeýär. Gowusy – onuň sportuň bir ýa-da iki görnüşi bilen meşgullanmagydyr. Ol köp zada ýetjek bolman, belli bir ugurda uly üstünlikleri gazanar. Bu bolsa ol ugruň dogry saýlanylmagyny talap edýär. Ene-ata hem çagany ugrukdyrmagy, oňa maslahat bermegi unutmaly däl.
Dowamy
Ençeme ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglaryň netijesinde hemme eneleriň ýaňy doglan balalary babatda şol bir hereketi gaýtalaýandyklary anyklanyldy. Eneleriň hemmesi öz balalaryny ilkinji gezek görenlerinde, olara barmaklarynyň ujyny emaý bilen degirýärler.
Biraz wagtdan ene öz balasyny eliniň aýasy bilen sypalap başlaýar. Bize ýetip gelen taryhy maglumatlar arkaly irki döwürlerde-de çaga owkalalamalarynyň bolandygy mälimdir.
Dowamy
Çaganyň birinji yyly onuň fiziki ösüşiniň çalt depginler bilen öňe gidýän wagtydyr. Körpejik doglandan bäri agramyny üç esse artdyrdy, boýy 25sm.-e çenli ösdi. Onuň birinji dişleri çykdy. Ol diňe ene süýdi bilen iýmitlenmän, başga önümleri hem iýmäge başlaýar. Çaganyň beden agzalary ösüp, olaryň işi daşky gurşawyň üýtgeýän şertlerine uýgunlaşmalydyr. Şol uýgunlaşmalar dowam edýänçä, körpejikde dürli kynçylyklar ýňze çykyp biler.
Dowamy
Ejesiniň içinde oňaýly şertlerde ösüp, ulalýan çaga doglandan soň, daşky gurşawyň hemme üýtgeşmelerine uýgunlaşmaly bolýar. Ol indi özbaşdak dem almaly, temperaturanyň üýtgemegine, täze iýmiti özleşdirmäge öwrenişmeli...
Çaga lukmanlaryň bellemegine görä, çaganyň ömrüniň birinji aýy, çaga üçin kyn, köp üýtgeşmeli döwür bolýar. Dogabitdi şikeslenmeler, keseller hem şu döwürde ýüze çykyp, köp kynçylyklary döredip bilýär.
Täze doglan çaganyň beden agzalarynyň anatomiki aýratynlyklary, olaryň işiniň kämil däldigi sebäpli ýüze çykýan käbir kynçylyklary bilmek ene-atalara peýdaly bolar. Olary bilmek bilen, olar çaga seretmegiň aýratynlyklaryny öwrenip, özlerini howsala salýan ýagdaýlaryň öňüni alarlar.
Dowamy