Brusellýoz – zoonoz (haýwanlaryň üsti bilen geçýän) ýokançly kesel bolup, süňkleriň, myşsalaryň, nerw we jynsy ulgamyň şikeslenmegi bilen geçýändir hem-de bedeniň umumy zäherlenmegi bilen häsiýetlendirilýändir.
Brusellýozy döredijiler togalak ýa-da taýajyk görnüşli brusellalar bolup, olaryň esasan 6 görnüşi bellidir. Adamda keselçiligi döretmekde, ownuk şahly mallarda brusellýozy dörediji – Brusella melitasis ýokançlygynyň orny uludyr. Ol keseliň agyr görnüşini döredip, onuň giňden ýaýramagyna sebäp bolup bilýandir.
Brusellýozyň iri şahly mallaryň (B. abortus) we doňuzlaryň (B. suis) brusellalary bilen döredilmegi, keseliň onçakly bir ýaýramagyna getirýän däldir we olar ýeňil görnüşde geçýändir.
Dowamy
Gipotireoz (miksedema) – köp duş gelýän kliniki alamatlar toplumy bolup, galkan şekilli mäziň (GŞM) gormonlarynyň täsiriniň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýandyr.
GŞM-iň işläp çykarýan gormonlaryna tiroksin (T4) we triýodtironin (T3) degişlidir. T4 we T3 gormonlarynyň beden öýjüklerindäki biohimiki alyş-çalyş ýagdaýlaryna gatnaşyp, bedeniň ösüşine we kämilleşmegine täsirini ýetirýänligi üçin, olaryň ýetmezçiligi beden ulgamlarynyň köpsanly bozulmalaryna getirip biler. Gipotireozyň öte geçen görnüşleri zähmete bolan ukyplylygy peseldip, köp ýagdaýlarda näsagy maýyplyga getirýändir. Keseli irki möhletlerde anyklamak bilen, ony doly bejerip hem-de agyr görnüşleriniň öňüni alyp boljakdygyny bellemek wajypdyr.
Dowamy
Inçekesel ýokanç kesel bolup, ol adamlaryň, haýwanlaryň, guşlaryň arasynda giňden ýaýrandyr. Kesel nemes alymy Pobert Koh tarapyndan açylan inçekesel taýajyklary arkaly (oňa Kohuň taýajyklary hem diýilýär) döreýär. Kesel ýokuşandan soň birbada keseliň alamatlary ýüze çykman hem biler. Inçekesel taýajyklary köp ýyllaryň dowamynda adam bedeninde ýaşap, belli bir sebäpleriň täsiri netijesinde bedeniň kesellere durnuklylyk ýagdaýy gowşanda "oýanyp" bilerler. Ýaşaýşyň sosial şertleriniň ýaramazlaşmagy, iýmitlenmegiň ýeterlik bolmazlygy, garrylyk, nerw dartgynlylygy, alkogolizm, neşekeşlik, AIW-göterijilik, süýji keseli, öýkeniň dowamly keselleri şonuň ýaly sebäplere degişli bolup bilerler. Edil şol sebäpler netijesinde hem çagalykda (ýa-da ýetginjeklikde) ýokuşan kesel, köp ýyllardan soň, garrylyk döwründe hemme alamatlary bilen döräp bilýändir. Şonuň üçin hem çagalary daşky ýokuşmadan goramak zerur bolsa, garry adamlarda bedeniň tapdan düşmekligine ýol bermeli däldir. Oňa garamazdan, islendik ýaş üçin hem daşky ýokuşmanyň ähmiýeti uludyr.
Dowamy
Gyzylja (krasnuha) – ýiti ýokanç keseli bolup, ol deride örgüniň ýüze çykmagy we daşky limfa düwünleriniň ulalmagy bilen häsiýetlenýär. Gyzylja keselini RNK saklaýan toparyna degişli wiruslar döredýärler. Olar daşky gurşawyň täsirine çydamsyz bolup, ultramelewşe şöhleleriniň täsiri bilen tiz gyrylýarlar.
Iňlis dilinde gürleýän döwletlerde gyzyljany käwagt "nemes gyzamygy" diýip atlandyrýarlar, sebäbi bu kesel XIX asyryň ahyrlarynda Germaniýada has gowy öwrenilipdi.
Birnäçe asyrlaryň dowamynda daşky alamatlarynyň meňzeşlikleri üçin gyzylja, gyzamyk we garamyk bir kesel hasap edilip gelnipdi. Gyzylja ilkinji gezek nemes lukmany F. Hofman tarapyndan 1740-njy ýylda öwrenilýär. Ýöne gyzyljany aýratyn kesel hökmünde 1881-nji kabul edýärler.
Dowamy
Çaga ýokanç keselleriň arasynda iň giňden ýaýranlarynyň biri – gökbogmadyr. Ol howa – damja ýoly bilen ýokuşýar. Onuň esasy alamaty – tutgaýgörnüşli üsgülewük.
Gökbogmanyň ýüze çykmagyny peseltmek üçin, öňüni alyş sanjymlaryň geçirilmegi örän ähmiýetlidir. Şeýle sanjymlar çaga 2.3, 4 we 18 aýlyk döwürde geçirilyär.
Gökbogma bilen ýaňy doglan çaga hem keselläp biler. Munuň sebäbi bu kesele garşy doga beden durnuklylygynyň ýoklugyndandyr.
Dowamy
Merezýel keseli (sifilis) – dowamly weneriki kesel bolup, deriniň, nemli örtükleriň, içki agzalaryň, süňkleriň we nerw ulgamynyň şikeslenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Ýokuşma wagtyndan başlap, umumy ýokançly kesele öwrülýär we bejergi alynmadyk halatlarynda gaýtalama we gowşama döwürleriniň gezekleşmegi bilen geçýär.
Grek rowaýatyna görä, bu keseliň ady Sifilius atly (gadymy grekçede – "doňuzlaryň dosty") doňuz çopanynyň adyndan gelip çykypdyr. Rowaýatda aýdylyşy ýaly, Sifilius bu kesele "doňuzlar bilen özara dostlukly aragatnaşygy" sebäpli duçar bolupdyr.
Dowamy
Glaukoma – gözüň dowamly agyr keseli bolup, göz içindäki basyşyň hemişelik ýa-da wagtal-wagtal galmagy, görüş nerwiniň atrofiýasy we görüş meýdanynyň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýär.
Glaukoma – grekçe deňiz suwunyň reňki diýmekdir. Sebäbi keseliň ýiti tutgaýly döwründe giňän we hereketsiz görejiň reňki ýaşylymtyl reňke öwrülýär.
Bu kesel islendik ýaşda döräp biler. Ýöne kesel garrylyk döwründe has köp duş gelýändir. Dogabitdi glaukoma täze doglan 10-20 müň çaganyň arasynda diňe bir çagada duş gelmegi ahmal. 40-45 ýaş aralygynda birinji gezek ýüze çykýan glaukoma ilatyň 0,1%-de duş gelýär, 50-60 ýaş aralykda – 1,5%, 75 ýaşdan uly adamlarda-3% ýagdaýlarda duş gelýändir. Bu kesel bejerip bolmaýan körlügiň sebäpleriniň biri bolup, möhüm sosial ähmiýete eýedir.
Dowamy
Gurçuk görnüşli ösüntginiň (appendiks) yagdaýlaryny beýan edýän maglumatlar XVI asyrda Leonardo da Winçiniň hem-da Andreasa Wezaliniň ylmy işlerinde hem duş gelýär.
Birnäçe wagtdan soň Ýewropa lukmanlary hem jesetleri kesip açan halatlarynda, gurçuk görnüşli ösüntginiň sowuklama ýagdaýlaryna duş gelýändiklerini beýan edipdirler. Köriçege (appendisit) kör içegäniň sowuklamagynyň netijesi saýylyp, ol ýagdaýa kän bir üns hem berilmändir. (Kör içegäniň sowuklamagyna "typhlitis" diýilýär). XIX asyrda iňlis hirurglary Braýt we Addison ýiti köriçegäniň alamatlaryny has takyk beýan edip, ony aýratyn kesel hökmünde häsiýetlendiripdirler. Bu bolsa ýiti köriçegeli näsaglaryň bejergisinde operatiw usuly birinji orna çykarmaga itergi beripdir.
Dowamy
Hapgyrtma (parotit) – ýiti ýokanç keseli bolup, ol esasan hem tüýkülik mäzlerine zeper ýetirýär. Onuň döremegine paramiksowiruslar maşgalasyndan bolan wirus sebäp bolýar. Hapgyrtmanyň wiruslary daşky gurşawa durnukly bolýarlar.
Parotit keseliniň wirusy bu kesele uçran adamyň tüýküliginde bolup, ol howa – damja ýoly bilen ýokuşýar. Hapgyrtma bilen kesellänlerde sowuklama alamatlary bolmaýar. Şonuň üçin-de, bu kesel uly aralykdaky adamlara, ýagny syrkawdan 1-2 metr daşda bolanlara ýokuşmaýar.
Dowamy
Bazarlarda duza ýatyrylan kömelekleri satyn alyp ýa-da ulanyş möhleti geçen süýt önümleri, konserwalar bilen iýmitlenip, biz içege ýokançlyklaryna uçrap bilýäris. Nahardan öň ýa-da hajathana girenimizden soň elimizi ýuwmagy ýadymyzdan çykaran wagtymyzda, bakja önümlerini, ir-iýmişlerini göwnejaý edip ýuwmaga ýaltanýan halatymyzda hem içege ýokançlyklarynyň ýokuşma ahtimallygy artýandyr. Uzak ýola syýahata gidýän adamlarda "syýahatçynyň iç geçmegi" ýüze çykyp biler.
Dowamy