Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Içegäniň adaty däl başly keseli – ýogyn içegäniň nemli gatlagynyň dowamly sowuklama keseli bolup, onuň nemli gatlagynyň agyr zeperlenmeleri bilen häsiýetlendirilýär. Bu kesel genetiki we daşky gurşawyň faktorlarynyň özara täsiriniň netijesinde döräp, wagtal-wagtal ýitileşýär. Içegäniň adaty däl başly keseli adatça "başly kolit" diýip atlandyrylyp, ýer ilatynyň her 100 000-sinden 35-100 adamda duş gelýär. Bu kesele esasan hem 20-40 ýaş aralygyndaky adamlar ýolugýandyr. Erkekler bu kesele aýallara garanda has köp (1,4:1) ýolugýarlar.
Arterial gan basyşynyň peselme keseli damarlaryň tonusynyň peselmegi netijesinde döreýän keseldir. Gipotoniýada arterial gan basyşy 20% peselip, sistoliki gan basyş 90 mm simap sütüninden, diastoliki gan basyş bolsa 60 mm simap sütüninden pese düşýändir.
Arterial gan basyşynyň peselmegini özbaşdak bir kesel däl-de, bedeniň fiziologik aýratynlygy hasaplamak nädogrudyr. Kellagyry, ysgynsyzlyk, başaýlanma ýaly aýdyň alamatlar yzygider biynjalyk edende, arterial gan basyşyň peselmegi düýpli barlagy we bejergini talap edýär. Gipotoniýada damarlaryň tonusynyň peselmegi sebäpli gan üpjünçiligi bozulýar we kelle beýnisine, bedeniň içki agzalaryna kislorod ýetmezçilik edip başlaýar. Netijede, adamyň fiziki we akyl taýdan işjeňligi peselýär.
Perinatal ensefalopatiýa (PEP) (peri + natus (lat.) – "dogulma" + encephalon (grek.) – "beýni" + patiýa (grek.) – "bozulma") – göwrelilik we dogrum döwründe ýüze çykýan beýniniň dürli sebäpli bozulmalaryny uly topara birikdirýän düşünjedir.
PEP dürli alamatlar bilen ýüze çykyp biler. Meselem, çaganyň aşa ynjyklygy, işdäsizligi, haýal uka gidýänligi, ukusynyň bozulmalary, emýän süýdüni gaýtarýanlygy, onda nerw ulgamynyň ýokary duýujylykly alamatlar toplumynyň barlygyndan habar berýär.
Owadan, sagdyn aýaklar her bir adamyň, esasy hem zenan maşgalanyň bezegidir. Olar – ýeňil ýöreýiş, çalasynlyk, bedeniň durkunyň gözelligi, görmegeýlik, sagdynlyk we ajaýyp keýpihoşlukdyr. Ýöne iň owadan we sagdyn aýaklar hem yzygiderli ideg-aladany talap edýär. Sebäbi, iru-giç torjagaz bilen örtülen ýaly damar "ýyldyzjyklary" ýa-da düwün-düwün çişip duran damarlar aýagyň gelşigini gaçyrmagy ahmal. Ýöne keseliň esasy howpy aýagyň görküniň ýitmeginde hem däldir. Eger damar bozulmalary wagtynda bejerilmese, aýagyň çuňňur we ýüzleý wena damarlaryndaky gan basyş has ýokary galyp, birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler.
Çaganyň syrkawlamagy hemişe uly alada, gaýgy, betbagytçylyk. Ony näçe aýasaň-da, käbir ýagdaýlarda keselden gorap saklap bolmaýar. Körpejäniň inçekesel ýaly uly adamlara mahsus kesele sataşmagy bolsa öränelhenç ýagdaýdyr. Ony wagtynda ýüze çykaryp, öte geçmeginiň öňüni almak üçin, ata-eneler çaga inçekeseli, onuň geçiş aýratynlyklary we alamatlary barada içgin bilmegi zerurdyr.
Statistiki maglumatlara görä, ýer ýüzünde azyndan her ýylda ýarym million kiçi çaganyň bu kesele sezewar bolup, olaryň 70 müňüsi onuň pidasy bolýar. Şonuň üçin-de, çagalar babatda bejeriş we öňüni alyş çärelerine has hem ýokary derejede üns berilmelidir.
2012-nji ýylyň 28-nji iýuly – gepatit keseline garşy bütündünýä göreş güni. Bu sene Bütündünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan 2011-nji ýylda resmileşdirilip, halkyň gepatit keseli barada düşünjesini artdyrmaga, ony bejermek we öňüni alyş çärelerini ýerlikli geçirmek baradaky işleri alyp barmaga gönükdirilendir
Gepatit sözi, gadymy grek dilindäki hepar, hepatos sözlerinden gelip çykýar we bagyr diýmegi aňladýar. Bagyr adamyň bedeniniň iň uly mäzidir. Onda ýüze çykýan näsazlyklar bolsa bedende düýpli bozulmalara getirip biler. Hytaý lukmanlarynyň bellemegine görä, adam bedeniniň garramagy bagrynyň ýagdaýy bilen gönüden-göni baglydyr. Sagdyn bagyr doly gymmatly ýaşaýyşyň girewidir. Şeýle-de, ol bedeniň özboluşly "biohimiýa laboratoriýasy" bolup durýar. Bagyr zäherleýji maddalary zyýansyzlandyrýar, ganyň belokly maddalaryny işläp çykarýar, onda öt we glikogen emele gelýär, şeýle hem bagyr limfa suwuklygynyň emele gelmesine gatnaşýar, ganyň mukdaryny we uýamagyny sazlamak we saklamak wezipesini ýerine ýetirýär.
Gan basyşynyň ýokarlanma keseli (arterial gipertoniýa) – ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň içinde iň giňden ýaýran görnüşidir. Bu kesel arterial gan basyşynyň kadaly ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýär. Gan basyşynyň ýokarlanmagynyň esasynda arteriýa damarlarynyň we olaryň has ownuk şahalary bolan arteriollaryň gysylmagy ýa-da olaryň diwarlarynyň galňamagy we içiniň daralmagy netijesinde gan akymynyň kynlyk bilen geçme ýagdaýy ýatandyr. Gan akymyny gysylan we daralan damarlardan geçirmek üçin ýüregiň işi has hem çaltlaşyp, damar ulgamyna gan akymynyň has uly bölegi zyňylýandyr. Bu ýagdaýlaryň döremeginde süýri beýnide ýerleşýän gan basyşy kadalaşdyryjy merkeziň işiniň bozulmalary hem esasy orny eýeleýändir.
Ateroskleroz dowamly kesellere degişli bolup, "athere" – şüle hem-de "skleroz" – gysylma, dykylma diýmegi aňladýan grek sözlerinden gelip çykýar.
Uzak wagtyň dowamynda gan damarlarynyň içki gatyna holesteriniň we beýleki ýaglaryň, kalsiý duzunyň çöküp durmagy kem-kemden damaryň içini daraldyp, diwarlaryny galňadýar, damarlar çeýelegini ýitýär. Netijede esasy uly (magistral) gan damarlary zeperlenip, bedende kadaly ganaýlanyş bozulýar. Aterosklerozyň ýüze çykmagy adamzady maýyplyga sezewar edýän, onuň ömrüni gysgaldýan birnäçe beýleki keselleriň döremeginiň, ýagny ýüregiň işemiýa keseliniň, miokardyň infarktynyň, kardiosklerozyň, damar anewrizmasynyň, insultyň (beýnä gan inmegiň) esasy sebäbi bolýar. Ateroskleroz kelle beýnisiniň, ýüregiň, böwregiň, aýaklaryň, garyn boşlugynyň agzalarynyň esasy arteriýalaryny zaýalaýar. Netijede bu agzalaryň ganaýlanyşygy peselip, uzagyndan näsagy biwagt ölüme eltýär.
Ganly içgeçme – içege ýokançlyklarynyň keselleri toparyna degişli bolup, iýmit siňdiriş ulgamynyň, esasan hem ýogyn içegäniň zeperlenmesi bilen geçýän keseldir. Il arasynda muňa "hapa elleriň keseli" hem diýilýär. Bu keselde esasan-da ýogyn içegäniň aşakybölüminiň nemli gatlagy zeperlenýär. Keseliň alamatlary bedeniň umumy zäherlenmesi, içagyrylar, gan we nem gatyşykly içgeçmeler görnüşinde ýüze çykýar.
Ýokançlygyň ýokuşma ýollary we keseliň geçiş aýratynlyklary
Ganly içgeçme näsag adamdan sagdyn adama täret bilen hapalanan iýmit önümleri, suw we öýdäki gatnaşyklar arkaly ýokuşyp bilýär.
Bu kesel şu topara degişli adamlar arkaly giňden ýaýrap bilýär:
Gastrit iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleriniň içinde has ýygy duş gelýän keseldir. Ol aşgazan diwarlarynyň nemli bardasynyň (käbir ýagdaýlarda has çuň gatlaklarynyň) dürli sebäplere görä üýtgemegi we aşgazan şiresini bölüp çykarýan öýjükleriň işiniň bozulmalary bilen häsiýetlendirilýär. Bu keseli derman serişdeleri bilen bejermek mümkindir.
Keseliň görnüşleri we alamatlary
Gastrit keseliniň ýiti we dowamly görnüşleri bardyr.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.