Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Iglilik (rahit) – bedende D witaminiň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýan kesel. D witamini deride ultramelewşe şöhleleriniň täsir etmegi bilen emele gelip, ol balyk ýagy, ýumurtganyň sarysy, süýt önümleri ýaly iýmitleriň düzüminde hem duş gelýändir. Bu witamin süňk dokumasynyň ösmegi, merkezi nerw ulgamynyň işjeňligi we beýleki beden agzalary üçin zerur bolup, içegeden kalsiniň işjeň özleşmegine we bedende dogry ulanylmagyna ýardam berýär.
Uglerod saklaýjy maddalaryň doly ýanmagyna şert bolmadyk islendik ýerlerde bogujy gaz ýa-da uglerodyň okisi (CO) emele gelip bilýär. Bu gaz reňksiz, tagamsyz häsiýetli bolup, onuň ysyny duýup bolmaýar. Uglerod okisiniň iki göwrümi bilen kislorodyň bir göwrüminiň garyndysy ýakylanda partlama ýüze çykaryp biler.
Öý şertlerinde bogujy gaz bilen zäherlenme ýyladyjy peçlerden, suwy ýyladyjy gaz enjamlaryndan nädogry peýdalanmak zerarly döräp biler.
Sagdyn oňurga sütüni adamyň hereketleriniň erkinligini, sazlaşykly bolmagyny üpjün edýär. Ýeterlik hereket edilmedik ýagdaýynda, osteohondroz döreýär. Sizde osteohondrozyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak isleseňiz, aşakdaky soraglara jogap berip görüň:
Arkaňyzda agyry, guruşma, dartgynlyk duýýarsyňyzmy?
Boýnuňyzdan, arkaňyzdan, biliňizden garynjalar ýöreýän ýaly bolýarmy?
Arkaňyzda sanjylar bolýarmy ýa-da eliňizde we boýnuňyzda dartyp durýän agyry bolýarmy?
Soňky ýyllarda öt haltanyň daş keseli (ÖHDK) bilen keselçilik ýokarlandy. Bu "abadançylygyň keseli" ösen ýurtlarda ýygylygy boýunça aşgazanyň we onkibarmak içegäniň baş keseli bilen deňleşip, sosial taýdan ähmiýetli keselleriň hataryna girýändir.
Dürli sebäplere görä ýogalan adamlaryň jesedi kesilip öwrenilende, olaryň her onunjysynyň öt haltasynda daş tapylypdyr. Oňa garamazdan, özünde daş göterijileriň diňe 10%-de keseliň alamatlary ýüze çykyp, ol esasan 30-55 ýaş aralygyndaky aýallarda has ýygy duş gelýändir.
Öt haltada daşlaryň emele gelýän wagtyny doly anyklamak kyndyr, sebäbi birinji klinlki alamatlaryň ýüze çykmagy daşlaryň emele geliş wagty bilen deň gelmeýär. Ýöne ömrüň her onýyllygynda öt haltanyň daş keseliniň ýygylygynyň ýokarlanýandygy takyk subut edilendir.
Dümew – agyr wirus ýokançlygy. Ol adamyň ýaşyna ýa-da jynsyna garamazdan, hemmelere ýokup bilýär. Bu ýiti kesel duýdansyz başlanýan rinit, burnuň bitmegi, bronhlary şikeslendirýän üsgülewügiň ýüze çykmagy bilen tapawutlanýar.
Her ýylyň sowuk paslynda dümewiň epidemiýasy ýer togalagynyň ilatynyň 15%-ni şikeslendirýär. Dümew we ýiti respirator wirus ýokançlygy ýokanç keselleriň umumy göwrüminiň 95%-ni tutýar. Her ýyl dünýäde 500 million adam dümewläp, olaryň 2 million töweregi aradan çykýar. Dümew we ýiti respirator keseli ýygy-ýygydan gaýtalanyp, biziň kadaly durmuşymyzyň 1 ýyla barabar döwrüni eýeleýär. Şol bir ýylyň dowamynda adam gyzdyrmadan, wirus beloklary zerarly bedeniniň zäherlenmesinden, kellagyrydan, ysgynsyzlykdan, umumy gowşaklykdan ejir çekip, ygtyýarsyz ýagdaýda ýatýar. Dümew agyr geçende, ýürek-damar ulgamyny, dem alyş agzalaryny, merkezi nerw ulgamyny şikeslendirilip, agyr gaýraüzülmeler ýüze çykýar. Bu bolsa öz gezeginde ýürek-damar keselleriniň, dem alyş ýollarynyň we öýken sowuklamasynyň, beýniniň we onuň bardalarynyň (meningoensefalit) zeperlenmeginiň döremegine sebäp bolup biler.
Otit – bu gulak sowuklamasydyr. Onuň birnäçe görnüşleri bolýar. Agyrynyň toplanýan ýerine laýyklykda, daşky, ortaky we içki otiti bellemek bolýar. Şeýle hem otitiň ýiti we dowamly görnüşleri bardyr.
Daşky otitde gulak perdesiniň we gulagyň girelgesiniň arasynda ýerleşýän eşidiş geçelgesi çişýär. Ortaky otitde gulak perdesiniň aňyrsynda, sesleri içki gulaga ýetirýän üç sany süňkden emele gelen boşlukda ýerleşýän ortaky gulak çişýär. Içki otitde içki gulak çişýär.
Bronhit — bu bronhlaryň sowuklamasydyr. Bronhitde esasan hem bronhlaryň nemli bardasy zeperlenýär. Dem alyş bilen bagly keselleriň arasynda bronhit iň köp duş gelýän keseldir. Bronhitiň özbaşdak, bir-birinden tapawutlanýan dowamly we ýiti görnüşi bolýar.
Ýiti bronhit
Ýiti bronhitiň esasynda respirator wiruslar zerarly döreýän bronhlaryň nemli bardasynyň alawlama ýagdaýy ýatyr. Respirator wiruslaryna streptokokklar, pnewmokokklar, gemofiliýa taýajygy ýaly ýokançlyklar birigip bilýär. Şeýle hem traheit, laringit, rinofaringit ýaly keseller bilen ýüze çykyp bilýär.
Stenokardiýa (tutgaýly ýüregagyry keseli) – ýürek myşsasynyň (miokardyň) gan aýlanyşygynyň ýiti ýetmezçiligi netijesinde, döşde duýdansyz döreýän agyryly tutgaýlardyr.
"Ýüregiň infarkty" diýen düşünje kesgitlenýänçä, 140 ýyldan hem köp wagtlap stenokardiýa ýüregiň işemiýa (ýerli gan ýetmezçiligi) keseliniň ýeke-täk häsiýetlendirijisi hökmünde kesgitlenipdir.
Stenokardiýanyň alamatlary Gippokrata we Galena hem belli bolupdyr. Birinji gezek "stenokardiýa" ýa-da "döş gurbagasy" (onuň başga sinonimy) diýen düşünjäni 1768-nji ýylda B. Gaberden ulanýar. 1772-nji ýylda bolsa onuň alamatlaryny doly we düşnükli beýan edýär.
Radikulit – daşky nerw ulgamynyň oňurga ýiliginden gaýdýan nerw süýmleriniň çogdamjyklaryny şikeslendirýän keseldir. Radikulitiň iň ýygy duş gelýän sebäpleriniň biri oňurga keseli osteohondrozdyr.
Osteohondrozda oňurgara kitirdewük diskleri çeýelegini ýitirip, nerw çogdamjyklaryny gysýar. Diskleri üýtgän oňurga birikmelerinde duz ýygnanýar. Munuň netijesinde döreýän çykytlar agram salnanda nerw çogdamjyklary gysyp, agyryny döredýärler. Birden çalt hereket edilende, oňurgada ýiti agyrylar döredýär.
Jyns agzalarynyň papillomawirus ýokançlyklary adamyň papilloma wirusy (APW) arkaly döräp, gadymy wagtlardan bäri bellidir. APW-nyň jyns agzalarynyň rak keseline getirýän keselleriniň hem-de aýallarda we erkek adamlarda duş gelýän tekiz öýjükli rak keseliniň sebäbi bolup durýanlygy subut edildi. APW-nyň dürli görnüşleri adam bedeniniň dürli dokumalaryna zeper ýetirýändir.
APW-nyň 60-a golaý görnüşi bellidir. Wiruslar deriniň we nemli örtügiň diňe ýokary gatlagyna zeper ýetirýändirler. APW-y bilen dörän siňňiller öz-özünden ýitip hem bilýändir, käbir zeperlenmeler howply täze döremelere hem öwrülip bilýändirler.
Soňky 10-15 ýylda siňňilleriň dürli görnüşini göterýän adamlaryň sany artdy. Häzirki wagtda jyns ýollary arkaly geçýän ýokançlyklaryň içinde ol iň giňden ýaýranlaryň biri bolup, jyns gatnaşyklary-ny işjeň alyp barýan aýallaryň we erkek adamlaryň arasynda deň ýygylykda duş gelýändir.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.