Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DEMIR ÝETMEZÇILIKLI GANAZLYLYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (14 Ses)

Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň hasabatyna görä, dünýädäki adamlaryň 2 milliarddan gowragy ganazlykdan ejir çekýär. Ganazlygyň birnäçe görnüşleri bellidir. Bedende demriň gorlarynyň azalmagynyňnetijesinde döreýän ganazlyga demir ýetmezçilikli ganazlygy diýilýär. Bu ganazlygyň iň giň ýaýran görnüşidir.

Demir ýetmezçilikli ganazlygy barada giňişleýin gürrüňimiziň başynda demir mineralynyň adam bedeni üçin örän ähmiýetidigini bellemek gerek. Beden ulgamlarynyň köpüsiniň öýjükleriniň işlemeginde demir mineralynyň ornuny tutup biljek element ýokdur. Demriň okislenme we dikelme ukyby onuň biologik taýdan ähmiýetini artdyrýar. Demriň şeýle ukyby onuň beden dokumalarynyň dem alyş prosessine gatnaşmagyny üpjün edýär. Bedeniň agramynyň diňe 0, 0065%-ni demir tutýar. Agramy 70 kg deň bolan erkek adamyň bedeninde 3,5 g demir bolýar.  Agramy 60 kg barabar aýal maşgalanyň bedeninde bolsa 2,1 g demir bardyr. Demir birleşmeleri dürli gurluşly bolýar. Olar özboluşly funksional işjeňlige eýe bolup, wajyp biologik orny eýeleýär. Düzüminde demir bar bolan birleşmeleriň iň esasylaryna gemoproteinler (demir bilen bagly beloklar), käbir  fermentler, ferritin, gemosiderin, transferrin degişlidir. Demir birleşmeleriň düzümine girip, bedende şeýle ýerleşdirilendir:

Dowamy

  • 9973 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (12 Ses)

Adamyň ýaşy ulaldygyça, onuň saglygynda dürli näsazlyklar ýüze çykyp ugraýar.  Katarakta hem şeýle näsazlyklyklaryň biri bolup, görüş ukybynyň kütelmegi bilen häsiýetlendirilýär.   Köp adamyň pikirine görä, katarakta belli bir ýaşda boýun bolaýmaly keselleriň biri.  Emma lukmançylyk bir ýerde duranok. Onuň täze döwrebap tehnologiýalary kataraktadan üstün gelip,  sanlyja günüň içinde adamyň görüş ukybyny 100% dikeldip bilýär.

Dowamy

  • 7830 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.30 (30 Ses)

Mugthor gurçuklar ýa-da ylmy dil bilen aýdanymyzda gelmintler – adamyň bedenine ornaşyp, onda dürli gurçuk kesellerini – gelmintozlary döretmäge ukyply ýönekeý gurçuklaryň uly toparydyr. Olar adamzadyň saglygyna howp salýan musallatdyr. Göräýmäge arassaçylyk şertlerini berjaý edýänlere gurçuk ýolukmajak ýaly, emma öýde arassaçylyk kadalary doly saklansa-da, köpçülik ýerlerinde dürli ýollar bilen bu kesel ýokuşyp bilýändir.

Gelmintleriň ýaýramagy ilki bilen howa şertlerine, soňra bolsa ýerlerdäki durmuş-ykdysady ýagdaýa baglydyr. Hemmetaraplaýyn ösen ýurtlarda gelmintoza ýolukmagyň derejesi yzagalak tropiki we subtropiki guşaklykdaka ýurtlara garanyňda mes-mälim pesdir.

Dowamy

  • 16815 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.32 (19 Ses)

Sözenek keseliniň taryhyndan gysgaça maglumat

Sözenek (gonoreýa) – jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keselleriň arasynda iň ýygy duş gelýän görnüşi bolup, ol dürli alamatlaryň ýüze çykmagy we gaýraüzülmeleriň döremegi bilen tapawutlanýandyr.

Adamzada sözenek keseli gadymy asyrlardan bäri belli bolup, onuň alamatlaryna meňzeş keseliň häsiýetlendirmesine b. e. öň IV asyra degişli kitaplarda duş gelmek bolýar.

Dowamy

  • 12096 gezek okalan

KRIPTORHIZM

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.27 (15 Ses)

Kriptorhizm (grek dil – kriptos – gizlin, orhis – ýumurtgajyklar) – ýumurtgajyklaryň öz anatomiki ýerine düşmekliginiň bozulmasy bolup, onuň ýumurtga haltajygyndan başga ýerlerde ýerleşýän ýagdaýyna aýdylýandyr. Ol garyn boşlugynda ýa-da gasyk kanalynda ýerleşip biler.

Ondan başga-da, aşak düşmeginiň bozulmagy netijesinde öz ugruny üýtgedip we gasyk kanalyndan çykyp, ol deriniň aşagynda, butlarda, ýamyzda, gasyk süňküniň üstünde ýerleşip biler.

Dowamy

  • 7439 gezek okalan

SIRINGOMIÝELIÝA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Siringomiýeliýa (grek dilinde sirinx - gamyş, boş tüýdük; miýelon - oňurga ýiligi) – dowamly kesel bolup, oňurga ýiliginde we süýri beýnide boşluklaryň emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýär. Bu üýtgemeleriň netijesinde bedeniň uly meýdanlarynda  agyryny we temperaturany aňşyrmak duýgurlylygy ýitýändir.

Emele gelýän boşluklar adatça oňurga ýiliginiň boýun bölüminiň aşaky böleginde, döş bölüminiň ýokarky böleginde ýa-da boýun bölüminiň ýokarky böleginde emele gelip, süýri beýnä (siringobulbiýa) ýaýrap biler. Seýrek ýagdaýlarda bil bölümi ýa-da tutuş oňurga ýiligi zeperlenip bilýändir.

Dowamy

  • 6156 gezek okalan

PIÝELONEFRIT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (13 Ses)

Piýelonefrit (grek dil. piýelos - çanajyk, ýargak, nefros - böwrek) böwrek dokumasynyň sowuklama keselidir. Bu kesel peşew çykaryş ulgamynyň keselleriniň içinde ýygy duş gelip, ol dürli ýaşdaky adamlarda ýüze çykyp bilýär.

Aýallar we gyzlar erkeklere we oglanlara garanda piýelonefrit bilen has ýygy keselleýärler. Aýallaryň peşew çykaryş kanalynyň erkekleriňkiden gysga bolýanlygy sebäpli, dürli ýokançlyklar aňsatlyk bilen peşew halta we böwreklere ýetip bilýändir.

Çagalarda bolsa bu kesel dem alyş ýollarynyň kesellerinden soň ýygylygy boýunça ikinji ýerde durýandyr.

Dowamy

  • 9598 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.70 (10 Ses)

"Käwagtlar men özümi, öz derimi ýigrenýärin..."

"Ýene bejergi almagyň nämä geregi bar? Köp serişdeler ulanylyp görüldi, emma kesel ýene gaýdyp gelýär. Men ýadadym."

"Men gysga ýeňli köýnekleri hem geýip bilemok..."

"Häzirki zaman lukmançylygy peýdaly bejergini tapyp bilmeýärmikä?"

Şeýle jümleleri lukman teňňeli demrew (psoriaz) keselinden ejir çekýän näsaglardan köp gezek eşidýär.

Dowamy

  • 10065 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.10 (31 Ses)

Ilkinji adamyň aýagyna galyp ýöräp gitmegi, onuň gelejekki nesillerini oňurga bilen bagly bolan ezýetlere sezewar etdi. Dört aýakly haýwanlarda oňurga keselegine ýerleşip, hemme beden böleklerini deňagramlylykda saklamaga kömek berýändir. Şunuň ýaly oňurga hemme ýaramaz täsirleriň, dartgynlylygyň hötdesinden gelip, uzak wagt şikessiz ýagdaýda hyzmat edýär.

Adamda oňurga sütüniň işini ýerine ýetirip, ýeňillik bilen zeperlenýän beden bölegine öwrüldi. Adamynyň ýaşaýyş ýörelgesi, şertleri ony oňurga şikeslenmelerine sezewar edip bilýär. Statistiki maglumatlara görä, her ikinji adamy arkada ýüze çykýan agyrylar biynjalyk edýär. Oňurgalaryň üýtgemelerinden 50 ýaşa ýeten erkek adamlaryň 80%-i, aýallaryň bolsa 60%-i ejir çekýärler. Alamatlaryň ýüze çykmagy bolsa zähmete ukyply ýaşda (ortaça 35 ýaş) başlap biler.

Dowamy

  • 11637 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.74 (23 Ses)

Uçuk (gerpes) ýokançlygy – belli bir kesel däl-de, öz içine keseller toplumyny alýan düşünjedir. Ol uçuk wirusynyň täsiri bilen ýüze çykyp, deriniň, nemli örtükleriň, merkezi nerw ulgamynyň we başga beden agzalarynyň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýär.

Janly tebigatda uçuk ýokançlygynyň 80-e golaý görnüşi belli bolup, şolardan 6-sy adamda duş gelýändir. Bu uçuk maşgalasyna agzyň, jyns agzalaryň uçugy, garamygyň, sitomegalowirusyň, ýokançly mononukleazyň, gurşaýjy uçugyň wirusy, Berkittyň uçugy degişlidir.

Dowamy

  • 10147 gezek okalan