• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

16 sunnet edilen ujytSünnet geçirme käbir milletleriň wekilleriniň arasynda ýörgünli bolup galýar. Ony geçirmegi her maşgala öz maşgala, dini ynançlaryna görä kesgitleýär.

Sünnet etmek (oňa lukmançylykda "sirkumsiziýa" diýilýär) – bu ujydyň pürçügini onuň kellejiginiň töwereginden kesip aýyrmakdyr. Netijede, sünnet edilen ujydyň kellejigi ýalaňaçlanýandyr. Edil şu alamat bilen sünnet edilen ujyt edilmedikden tapawutlanýandyr.

Dowamy

  • 2250 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)

15 ujyt toslamalaryAdamlar belli bir adamynyň ujydynyň uzynlygyny kesgitlemek üçin dürli deňeşdirmeleri oýlap tapypdyrlar.

Meselem:

↪ Burnunyň uzynlygyna baglylyk;

↪ Daban näçe uly bolsa, ujyt hem şonça uly;

↪ Erkek adamynyň ujydynyň uzynlygyny anyklamak üçin onuň uly barmagyna seretmeli;

↪ Erkek adam näçe uzyn we daýaw bolsa, ujyt hem şonça uludyr.

Ujydyň ululygyna bagly hemme toslamalaryň dogrulygyny geçirlen barlaglar ret edýärler. Ujydyň ululygy diňe nesil yzarlama häsiýetine we endokrin ulgamynyň işjeňligine baglydyr.

  • 2078 gezek okalan

MENIŇ UJYDYMYŇ ULULYGY KADALYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (6 Ses)

14 ujyt kadalymyÝetginjek oglanlaryň aglabasyny ujydyň ululygynyň, uzynlygynyň we ýogynlygynyň nämelere baglydygy baradaky soraglar gyzyklandyrýar. Elbetde erkek adamynyň durmuşynda bu möhüm agzadyr. Köpçülikleýin jemgyýetçilik medeniýetimiz bolsa ujyda degişli belli bir düşünjeleri öňe sürüp, ýetginjekleriň öz-özüne berýän bahasyna ýaramaz täsir edip biler. Erkek adamlaryň pikir edişiçe, ujyt näçe uly boldugyça, ol öz eýesini şonça abraýly edýär we oňa jynsy kuwwatlylygy berýär. Hakykatda bolsa ujydyň ululygy diňe nesil yzarlama we seniň bedeniňdäki erkeklik gormonynyň (testosterona) derejesine baglydyr.

Dowamy

  • 2947 gezek okalan

MASTURBASIÝA ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (12 Ses)

13 masturbasiya zyyanlymyMegerem sen masturbasiýanyň (ony "onanizm" diýip hem atlandyrýarlar) nämedigini entek bilmeýän bolmagyň hem mümkin. Ýa-da sen wagtal-wagtal onuň bilen meşgullanýan bolmagyň hem mümkin. Elbetde, sen onuň bilen meşgullanýan bolsaň sende utanjaňlyk duýgusynyň döremegi mümkindir. Sen ene-ataň, doganlaryň masturbasiýa bilen meşgullanýan wagtyň seni görmeginden gorkýansyň. Bu endigiň seniň saglyk ýagdaýyňa zeper ýetirer diýip çekinýänsiň. Köp halatlarda bolsa sen onuň bilen meşgullanýandygyň üçin özüňi günäkär duýýansyň.

Hakykatda bolsa hemme zat seniň pikir edişiňden has ýönekeý we howpsuzdyr.

Dowamy

  • 4732 gezek okalan

JYNS DODAKLARY HEMMELERDE DEŇMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.10 (10 Ses)

12 jynsy dodaklarBedende goşa bolan agzalaryň (gözleriň, elleriň, aýaklaryň) takyk deň bolmaýşy ýaly, jyns dodaklary hem käwagtlar deň bolman biler. Bu lukmanlar tarapyndan bozulma hasaplanmaýar. Köp halatlarda gyzjagazlarda doga (esasan hem ol wagtyndan öň dogan bolsa) ýa-da jynsy taýdan ýetişme döwründe gormonlaryň täsiri bilen, daşky agzalaryň şikeslenmesinden soň kiçi jyns dodaklary ulalyp, uly jyns dodaklaryň aşagyndan çykyp biler. Lukmanlaryň bellemegine görä, kiçi jyns dodaklaryň ini 5 sm-den uly bolmaly däldir. Köp halatlarda jyns dodaklaryň deň bolman, biriniň ulalmagy, gyza hereket etmäge (welosiped sürmäge, oturmaga, içki eşik geýmäge we baş) päsgelçilik bermese, bozulma hasaplanmaýar we bejergini geçirme hökman hem bolmaýar. Jyns dodaklaryň aşa deň bolman ulalan, gyzy biynjalyk eden halatynda, elbetde lukmanyň maslahatyny almak gerekdir.

Jyns dodaklaryň ulalmagy hirurgiki usul bilen bejerilýändir we gyz diňe 18 ýaşa ýetenden soň geçirilýändir.

  • 2894 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

11 yumurtga haltajygyOglan çaga enesiniň içinde ösüp ulalýan wagty ýumurtgajyklary onuň garyn boşlugynda emele gelip, ösýärler. Eger ösüş dogry gidýän bolsa, soňrak ol ýörite gasykdaky "ýodajygyň" üsti bilen ýumurtga haltajygyna düşýär. Çaga doglanda ýa-da doglandan soň 6-8 aýyň dowamynda ýumurtgajyklar öz ýerine düşýändirler.

Eger birnäçe sebäplere görä ýumurtgajyklaryň biri (käwagtlar ikisi hem) öz ýerine düşmän garyn boşlugynda ýa-da gasykda saklanyp galsa, onda lukmana ýüz tutup onuň maslahatyny diňlemek hökmandyr. Sebäbi garyn boşlugynyň temperaturasy ýokary bolup, ol ýerde düşmän "saklanan" ýumurtgajykda erkek öýjükleriniň emele gelmegine ýaramaz täsirini ýetirip biler. Bu bolsa oglanjygyň soňundan önelgesiz bolmagyna getirip bilýändir.

Ýumurtgajyklaryň biriniň ýa-da ikisiniň hem ýumurtga haltajygyna wagtynda düşmedik ýagdaýynda lukmanlar hirurgiki usul bilen bejergi geçirýärler. Bejergi esasan çaga 1 ýaşandan soň geçirilýär.

  • 1835 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)

10 gowus agyrysyJynsy gormonlaryň işjeňleşmegi we olaryň deňagramlylygynyň wagtlaýyn bozulmagy seniň ýetginjeklik döwrüne mahsusdyr. Gormonlaryň täsirine süýt mäzleri (göwüsler) juda duýgur bolýarlar.

Gyzjagazlarda göwüsleriň ulalmagy 10-12 ýaşdan başlaýar we 11 ýaşdan 25 ýaşa çenli onuň doly emele gelmegi bolup geçýändir. Gyzjagazlarda göwüsleriň emele gelmegi we ulalmagy sanjylaryň ýüze çykmagy bilen geçip bilýändir we lukmanlar tarapyndan bu bozulma hasaplanmaýar. Şeýle hem aýbaşynyň öň ýanynda olaryň agyrmagy we emzikleriň çişmegi bolup biler. Ýöne göwüslerde gatylyklaryň döremegi, ellenilende hereketjeň togalajyk emele çişjagazlaryň duýulmagy, göwsüň üstüniň gyzarmagy, derisiniň üýtgemegi keseliň alamatlary bolup, seniň üçin lukmana ýüz tutmagyň sebäbi bolup biler.

Dowamy

  • 2318 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (5 Ses)

9 breast sizeIki sany meňzeş adam bolmaýar. Her ýetişip barýan gyz maşgalanyň öz beden gurluşy, ýüz keşbi bolýar. Bu göwüsleriň ululygyna we daş durkuna hem degişlidir. Uly göwüsleriň ýa-da kiçi göwüsleriň bolany gowymy? Dogry jogaby berip bolmaýar. Şeýle-de, bir göwsüň beýlekisinden biraz uly bolmagy hem kada hasaplanýar.

  • 2062 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (9 Ses)

8 sanitary padGyzjagaz ulalyp, onuň aýbaşysy gelende jynsy taýdan ýetişmäniň başlanandygyndan habar berýär. Gyzjagaz bu hadysa taýyn bolup, degişli gigiýeniki serişdeler barada habarly bolmalydyr.

Aýal-gyzlaryň arasynda iň belli gigiýeniki serişdeler höküminde tämizlik esgileri (prokladkalary) ulanmak ýörgünli. Olar aýallara öňden belli bolup, öz amatlylygy bilen tapawutlanýarlar. Ýöne soňky onýyllykda gigiýeniki tamponlary ulanmak diňe bir uly aýallaryň arasynda ýörgünli bolman, eýsem ýaş gyzlaryň arasynda hem belli boldy.

Dowamy

  • 2435 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.11 (9 Ses)

7 akneJynsy ýetişme döwründe, gormon üýtgeşmeleri netijesinde deridäki ýag mäzleri has hem işjeň işläp başlaýarlar. Netijede, ýüzde, boýunda, arkada döreýän düwürtikler (olary "akne" diýip atlandyrýarlar) biynjalyklyk döredip biler. Olardan dynmagyň netijeli ýoly – deriňi arassa saklap, dogry iýmitlenmekdir. Eger sende düwürtikler köp bolup, wagtynda aýrylmaýan bolsa, dermatolog lukmanyna ýüz tutmak möhümdir.

  • 2211 gezek okalan