Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
SIZDEN GELEN SORAGLARA JOGAPLAR: TÜRKMENISTANYŇ ABORT KANUNY
Abort näme bolýar?
Abort – bu ýatgyda ösýän çaga düwünçegini derman serişdesi ýa-da lukmançylyk gurallary bilen aýyrmakdyr. Başgaça aýdylanda, göwrelilik emeli usul bilen togtadylýar. Abort aýalyň islegi bilen diňe ýörite taýynlykly lukman tarapyndan, ýöriteleşdirilen lukmançylyk edarasynda geçirilmeli. Abort – kanuny, howpsuz we seýrek bolmalydyr.
Türkmenistanda aborta girizilen çäklendirmeler myş-myşmy ýa diňe dilden berlen buýrukmy? Meselem, aýal-gyzlaryň daş keşbine, eşigine girizilen dilden berlen görkezme ýaly zatmy?
Ýok, Türkmenistanda aborta girizilen çäklendirme dilden berlen buýruk däl-de, kanun taýdan kabul edilen we kanunçylykda çap edilen çäklendirmedir. 2022-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi "Göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagynyň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda" 108 belgili buýrugy çap etdi. Bu buýruga görä, aýalyň öz islegi boýunça abort etdirmek 5 hepdä çenli rugsat berilýär we ondan soň ýörite lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň rugsadyny almaly bolýar. Şeýle-de, bu buýrukda abortyň tertibi we şertleri barada jikme-jik maglumatlar berilýär. Emma welin, buýrugyň nusgasy häzirki wagtda hökümet saýtlaryndan aýrylypdyr.
Buýruk internet torundan aýrylsa-da, bu çäklendirme Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky kanunyň 19-njy maddasynda anyk bellenilýär: "Göwreli aýalyň on sekiz ýaşyna ýetenden soň, bäş hepdä çenli göwreliliginiň möhleti bolan mahalynda göwreliligini emeli usul bilen aýyrmaga hukugy bar".
Bu kanun 2015-nji ýylda güýje girizildi, emma onuň anyk nähili durmuşa geçirilişi baradaky maglumatlar köpçülige aýan edilmändi. Kanunyň taslamasy, onuň aýalyň saglygyna we hukuklaryna ýetirjek täsiri, abortyň moral we kanuny jähtleri, şeýle-de onuň ýurduň ykdysadyýetine nähili täsir etjegi barada gürrüňdeşlikler we ilat bilen sala salşyklar geçirilmedi we öwrenilmedi. 2015-nji ýyldan öň aýalyň islegine görä abort etdirmek 12 hepdä çenli rugsat berilýärdi. 12 hepdä çenli rugsat Sowet döwründen bäri ýöredilýän lukmançylyk tejribesidi.
"Men-ä abort barada hiç zat bilemok. Ylmy taýdan, lukmançylyk taýdan türkmen dilinde nireden maglumat tapyp öwrenip bilerin?"
Gadyrly okyjy, şeýle maglumatlar türkmen dilinde diňe Saglyk.org saýtynda elýeter. Biz seni saýtyň "gözleg" bölümine "abort" sözüni ýazyp, ähli maglumatlary tapyp okamaga çagyrýarys. Bu maglumatlaryň käbirini Saglykgram Instagram sahypamyzda hem yzygiderli paýlaşyp gelýäris.
"Türkmenistanda de jure – köp zat gadagan, de facto – pula ähli zat bitýär"
Biz şeýle pikir edýän okyjylaryň ählisini konstruktiw pikirlenmäge çagyrýarys: Sen, seniň maşgalaň, seniň çagalaryň şeýle jemgyýetde ýaşamaga mynasypmy? Sen şeýle ýagdaýda kanagat tapýarmyň? Beýle düşünje jemgyýetde deňsizligiň we korrupsiýanyň ösmegine goşant goşmaýarmy?
Ylym we lukmançylyk aborta girizilýän çäklendirmeler barada näme diýýär?
Taryhda aborta gadagançylyk girizen Rumyniýa we Irlandiýa ýaly ýurtlarda geçirilen ylmy barlaglar çäklendirmeleriň peýdasyndan zyýanynyň köpdügini görkezýärler.
Näme üçin peýdasyndan zyýany köp?
↪ Howply we netijesiz: Subutnama esaslanan medisina beýle çäklendirmeleriň jemgyýetde deňsizlige we howply abortlara ýol açýandygyny görkezýär. Bu BSGG-nyň kadalaryna we ündeýän tejribelerine hem çapraz gelýär. Subutnamalara görä, abortyň elýeterliligini çäklendirmek abortlaryň sanyny azaltmaýar. Gaýtam, çäklendirmeler aýal-gyzlary howply proseduralardan geçmäge sezewar edýär. Abortyň çäklendirilen ýurtlarynda diňe her 4 abortyň 1-i howpsuz şertlerde geçirilýär; abortyň giňişleýin rugsat berilýän ýurtlarynda welin her 10 abortyň 9-sy howpsuz geçirilýär.
↪ Deňsizlige ýol açýar: Aborta çäklendirmäniň girizilmegi jemgyýetde jynslaryň deňsizliginiň döremegine, aýal-gyzlaryň hukuklarynyň ownamagyna goşant goşýar. BSGG-nyň seljermelerine görä, eger aýal maşgala abort etdirmegi ýüregine düwen bolsa, ýurtda aborta rugsat berilýändigi ýa berilmeýändigi aýalyň gelen kararyna täsir edip bilmeýär. Şeýlelikde, aborta girizilen çäklendirilmeler we gadagançylyklar abort etdirýän aýallaryň sanyny azaltmaýar. Abort etdirmek isleýän elmydama ýol tapýar.
↪ Korrupsiýanyň pajarlamagyna goşant goşýar: 2021-nji ýylda Türkmenistan dünýäde korrupsiýanyň iň ýaramaz 10 ýurdunyň sanawyna girdi. Ýurtda gurply maşgalalar, jübütler para berip, islendik möhletde abort etdirip bilýärler we muňa käbir lukmanlaryň gazanç üçin baş goşýandygy barada ilat arasynda düşünje bar. Bu bolsa maddy ýagdaýy pes aýal-gyzlaryň ýüküni has-da agraldýar. Çäresiz aýal-gyzlar abortyň howply ýollaryny tapmaly we ulanmaly bolýarlar. Bu bolsa pajygaly ýagdaýlaryň döremegine, hatda ölüme-de eltip bilýär.
↪ Hakyky durmuşdan üzňe: 5 hepde bolmanka göwrelidigini bilýän zenanlaryň sany ujypsyzdyr. Aýallaryň aglaba bölegi aýbaşynyň gelmezligine şübhelenip ýa-da oňa garaşyp, göwreliligiň 6-8-nji hepdelerinde hakykaty bilip galýarlar. Mundan ugur alsak, Türkmenistanyň kanuny aborty tas düýbünden gadagan edene meňzeýär. UNIСEF-iň barlaglaryna görä, Türkmenistanda 15-45 ýaş aralygyndaky zenanlaryň 50% kontrasepsiýa (göwreliligiň öňüni alýan serişdeler) ulanmaýar. Ýurtda aýallaryň kontrasepsiýa bolan islegi kanagatlandyrylmaýar. Kontrasepsiýanyň elýetersizligi (gymmat, tölegli, üpjünçiligi pes, habarsyzlyk) bolsa türkmenistanly aýallaryň abort etdirmek, islenilmedik göwreliligi togtatmak islegleriniň ýokarlanmagyna eltýär.
↪ Statistikanyň elýetersizligi: Gynansakda, ýurdumyzda aborta degişli hiç hili statistiki maglumatlar, hasabatlar elýeter däl. Statistikanyň elýetersizligi kanunlaryň ähmiýetini, täsirini we netijeliligini ölçemegi kynlaşdyrýar.
Kanun taýdan çäklendirmäniň maksady nämekä?
Gynansakda häkimiýetler bu soraga jogap we düşündiriş bermeýärler. Karary kabul edijileriň logikasy we pozisiýasy belli däl. Biz Türkmenistandaky UNFPA edarasyna, ähli halkara guramalara ýüzlenip, olardan reaksiýa görkezmegi soraýarys. Häzire çenli hiç hili jogap ýok.
Resmi taýdan sebäpleriň aýdyňlaşdyrylmaýandygy üçin, ilat arasynda birnäçe düşündirişler we çaklamalar döredi:
◈ Ilatyň bir bölegi bu çäklendirmäniň aýallary çaga dogurmaga itermek we ilat sanyny köpeltmek üçin edilýän çäredigine ynanýar. Eger şeýle kanun ilat sanyny artdyrmak üçin girizilen bolsa, onda meýilleşdirilmedik we islenilmedik göwrelilikleriň artmagy maddy we sosial taýdan goragsyz maşgalalaryň, ýeke eneleriň ýagdaýlaryny has hem kynlaşdyrar, olary garyplaşdyrar we geljekki nesillerde aýrylmajak yz goýar. Dünýä tejribesinde ilat sanyny artdyrmak üçin başga netijeli usullar ulanylýar: ene-atalary maddy taýdan höweslendirmek, zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagy, migrasiýa.
◈ Ilatyň ýene bir bölegi bu çäkledirmäni yslamda dininde aborta bolan dini garaýyşlar we düşünjeler bilen baglanyşdyrýar (islamizasiýa).
◈ Ýene käbirleri muňa "aborty düýbünden gadagan eden ýaly eden-etdilik" hökmünde garaýar (repressiýa, gödek hukuk bozulmasy).
Aborty azaltmagyň has netijeli ýoly barmy?
Abortyň elýeterliligi çäklendirilen jemgyýetde her bir aýalyň saglygyna howp salynýar we aborty geçirmek üçin "başga ýollar" gözlenilýär. Döwrebap jynsy terbiýe, ýetginjeklere we ýaş adamlara niýetlenilen maşgalany meýilleşdirmek babatdaky bilim, abort baradaky bilim, kanunylaşdyrylan we howpsuz abort, elýeterli kontrasepsiýa serişdeleri, döwrebap reproduktiw hyzmatlar ýaly çäreler abortyň öňüni almakda oňaýly netijeleri berýär we onuň sanyny azaldýar.
Saglyk, siz bu barada näme etmek isleýärsiňiz?
Biz Saglyk Ministrligi we halkara guramalar, başga hem degişli edaralar bilen şu meseläni ara alyp maslahatlaşmak we derňemek isleýäris. Biziň jogap gözleýän esasy soraglarymyz: 5 hepdeden soňky çäklendirme nähili anyk logika, subutnama esaslanyp girizildi? Näme üçin kanuny öňküsi ýaly 12 hepdä çenli galdyryp bolmaýar? Şeýle çäklendirme zenanlaryň saglygyna, geljegine nähili täsir ýetirýär?
Men näme edip bilerin?
◉ Ylmy taýdan nädogry maglumatlary paýlaşmakdan saklan. Abort meselesini ylmy taýdan ygtybarly çeşmelerden hem-de aýal-gyzlaryň özünden sorap öwrenmeli we derňemeli.
◉ Durmuşda dürli ýagdaýlaryň bolýandygyny bil. Meselem, abort etdirýän aýallaryň aglaba bölegi maşgalaly aýallar bolup biler. Olaryň maddy taýdan kynçylyk çekip, çaga sanyny köpeltmejek bolup, aborty nädogry kontrasepsiýa hökmünde ulanýan bolmagy mümkin. Olaryň köpüsinde kontrasepsiýa barada maglumat bolmaýar ýa-da kontrasepsiýa olar üçin elýeterli däl.
◉ Özüňe sorag berip, jogap gözle. Seniň aborta özüň garşy hem bolsaň, dürli sebäplere we şertlere görä kyn ýagdaýa düşen garyndaşyň, aýal doganyň, ejeň, dostuň, tanyşyň şu esasy, döwrebap lukmançylyk hyzmatyndan mahrum edilmelimi?
◉ Başdan geçirenleriňi paýlaş. Eger seniň özüň, dogan-garyndaşyň ýa-da tanyş-bilişleriň aborta degişli başdan geçiren wakalary bar bolsa, ony biziň bilen anonim şekilde paýlaşmaga çagyrýarys. Başdan geçirenleriňi we bilýänleriňi köpçülik bilen paýlaşmak jemgyýetde abort meselesi barada tabu we nädogry düşünjeleriň azalmagyna we birek-birege bolan duýgudaşlygyň artmagyna ýardam eder. Biziň adreslerimiz: This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it., instagram: Saglykgram
◉ Eger sen Türkmenistanda Saglyk ministrliginde, karar çykaryjy edaralarda ýa-da halkara guramalarda işleýän türkmenistanly bolsaň, biziň maglumatlarymyzy karar berijiler bilen paýlaş we bize olar bilen duşuşmana kömek ber.
- 1526 gezek okalan