• Makalalar
  • Hyzmatdaşymyzyň pikirleri

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SEN DIPLOMLY IŞSIZLERDENMI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

diplomly issiz2015-nji ýylda Hytaýda binagärlik okaýan dostum Berdi okuwyny taşlap gelende dostlar bolup gaty gynanypdyk. Oňa bary-ýogy bir ýyl gaýrat etse diplomly bolup biljekdigini, diplomsyz geljeginiň kyn boljakdygyny näçe aýtsagam düşündirip bilmändik. Ol okamagy däl-de işlemegi saýlap aldy. Okuwda we özbaşdak öwrenen ukyplary iş tapmaga ýardam etdi, ýöne iş hemişe tapdyrýarmy näme?

Häzir Türkmenistanda ykdysady şertler özgerdi. Iş tapmagyň şertleri üýtgedi. Zähmet bazary ýokary bilimli, diplomly ýaşlardan doly. Ýöne özgeren ykdysady şertlerde olaryň diňe ujypsyz bölegi göwnündäki işi tapmagy başarýar. Mysal üçin, dostum Ýagşymyrat daşary ýurtda ykdysadyýet ugrundan ýokary bilim alyp geldi. Kiçilikden ykdysadyýet bilen gyzyklanýan Ýagşymyrat diňe resmi bilim bilen çäklenmän, özbaşdak kurslarda hem okapdy. Ýagşymyrat Türkmenistana gelen dessine ýaşlaryň aglabasy ýaly hususy pudakdan iş gözlemäge başlaýar. Kadr agentliklerine dokument tabşyrýar, tanyşlaryndan iş mümkinçiliklerini soraşdyrýar. Ýöne aradan ençeme aýyň geçmegine we abraýly diplomyna garamazdan, iş tapmak başartmaýar. Munuň sebäpleri bilen gyzyklananda kadr agentliginiň işgäri Ýagşymyrada diplomyň ýeterlik däldigini, hususy pudagyň Logo, 1C we SAP-niň programmalaryny ulanyp bilýän ekonomistleri soraýandygyny aýdypdyr. Ýagşymyrat bolsa, diňe Microsoftyň ofis programmalaryny bilmek ýeterlikdir öýdüpdir.

Dowamy

  • 2718 gezek okalan

“KEÝIK OKARA” BARADA

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

keik okaraBiz “Keýik Okara” jemgyýetçilik guramasynyň wekili bilen gürrüňdeşlik geçirdik. Guramanyň işi we jemgyýetimize täsiri barada maglumat almak üçin dowamyny okaň.

“Keýik Okara” Jemgyýetçilik Guramasynyň (JG) esasy işi barada gürrüň beräýseňiz. Guramaňyz haçan döredildi?

Dowamy

  • 3125 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.18 (11 Ses)

ozune ynamÖzüňe ynamsyzlygyň esasynda adamyň badyny güýçli derejede gowşadýan we ony bagtly bolmakdan saklaýan dereksiz gorky ýatyr. Sen şu ýalňyşlyklary goýberip-goýbermeýändigiňi barlap gör. Eger goýberýän bolsaň, olardan nädip baş alyp çykmalydygyny öwren!

Psihologlar maslahatlarynda, galyberse-de, köpsanly adamlar gündelik gürrüňlerinde şu sözlemi köp ulanýarlar: “Bu özüňe ynamsyzlyk sebäpli bolýar, özüňe berýän bahaňy ösdür". Kämahal olar gürrüňdeşini diňlemek ýa-da olara meseläni çözmäge kömek etmek islemedik wagtlary bu sözlemi başdansowma ulanaýýarlar.

Her niçik-de bolsa, käbir adamlaryň şahsy meseleleriniň we durmuşda betbagtlygynyň sebäbi özlerine, özleriniň gadyr-gymmatyna, ukyplaryna bolan hemişelik şübheleridir.

Dowamy

  • 2928 gezek okalan

AÝRYLYŞAN KAKA

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

ayrylsan kakaSalam Saglyk redaksiýasy,

Men Eziz, aýrylyşan hökmünde çagamy görmekde kynçylyk çekýän bir kaka. Türkmenistanda resmi aýrylyşanyňdan soň, sud köplenç ýagdaýda çagany ejesinde galdyrýar. Bu ýagdaý bilen ylalaşyp, aýry ýaşap başlanymdan soň gyzymy görmek maňa örän kyn düşdi. Çagamyň ejesi, maňa bolan öýke-kinesinden ugur alyp, maňa jeza hökmünde gyzymy görkezmezligi saýlap aldy. Üstesine, oňa "seniň kakaň ýok", "kakaň bizi taşlap gitdi" ýaly nädogry sözleri aýdyp, çaga manysyna düşünmejek gysga düşündirişleri bermegi netijesinde agyr ýagdaýlary başdan geçirdim. Bu meseläni çözmek üçin köp çemeleşmeli boldy. Bu barada size we okyjylaryňyza öz tejribämi, öwrenen usullarymy we pikirlerimi ýetiresim gelýär. Çünki, şeýle ýagdaýa düşen atalaryň jemgyýetimizde kändigini bilýärin.

Dowamy

  • 2621 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

isde erjesmeÝurist Maýagözel Baýramowa Saglygyň soraglaryna jogap berdi.

1. "Jynsy erjeşme" näme?

Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna, gollanmalara, we ensiklopediýalara görä, jynsy erjeşme adamyň isleginiň garşysyna gidip, ony ýakymsyz we iriziji hereketler bilen bimaza etmekdir.

Dowamy

  • 3749 gezek okalan

REDAKSIÝA HAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

okyjydan hatGündiziňiz haýyrly bolsun, Saglyk.org topary! Siziň bilim maksatly websaýtyňyz bilen tanyşanyma örän şat. Siz barada dostlaryma-da gürrüň berýärin. Edýän örän wajyp işleriňiz üçin köp sag boluň! Men size öz teklibimi hödürläsim gelýär. Maňa ýalňyş düşünmezligiňizi haýyş edýärin.

Men daglyk ýerde, daýhanlaryň arasynda ýaşaýaryn. Biziň adamlarymyz saglygy saklamakda we keselleriň öňüni almakda bilimleriniň ýetmezçiligi zerarly saglyga degişli peýdaly maglumatlaryň köpüsini düýbünden inkär edýärler. Muňa adamlaryň köne düşünjeleri hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň täjirçilige öwrülenini kabul edip bilmeýändikleri sebäp bolýar. Olaryň köne, konserwatiw düşünjeleri din bilen hem baglanyşykly däl. Meniň özüm azda-kände saglyk barada bilýärin. Men lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün edýän guramada işledim we gije-gündiz saglygymyň aladasyny edýärin. Emma obadaky garyndaşlarymyň we tanyşlarymyň köpüsinde meniňki ýaly mümkinçilik ýok. Şonuň üçinem olar nädogry hasaplaýan zatlarynyň hatarynda käwagt durmuş ähmiýetli maglumatlary hem göre-bile ret edýärler. Maşgala däplerine zyýan ýetirýän her bir zat bolsa nädogry we biderek hasap edilýär. Şol sebäpli hem, haçanda siziň saýtyňyzy ýaşaýyş ähmiýetli maglumatlaryň çeşmesi hökmünde köpçülige hödürlemek barada oýlanamda kyn ýagdaýa düşdüm. Men köp adamyň saýtyňyzdan birgiden peýdaly maglumat öwrenibem, birdenkä "transgenderlik" ýaly öz düşünjelerine kybap gelmeýän maglumatlaryň hem bardygyna göz ýetiren mahaly tutuş saýtdan ýüz öwürjegini bilýärin... Maňa görä, şeýle ajaýyp maglumat çeşmesinden okyjylaryň agramly bölegi, iň esasam bilimi pesler ýüz öwürýäne meňzeýär... Meniň özüm hem liberallary we olaryň alyp barýan syýasatyny goldamaýynymy gizlemeýärin, emma gürrüň bu barada barmaýar. Men size öz teklibimi ýagdaýlaryň gowulaşmagynyň hatyrasyna ýazýaryn. Ýokarda mysal getiren mowzugymdaky ýaly makalalaryňyzy (men olary wajyp hasaplaýaryn) websaýtyňyzyň kän göze ilmeýän, "ikinji derejeli makalar" bölümine geçirip bilersiňizmi?

Siziň işleriňize uly hormat we guwanç bildirmek bilen,
Okyjyňyz

Dowamy

  • 1968 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

yaramaz iymitÝaramaz iýmitlenýän nesliň semizlik bilen göreşi gazagystanyň garybrak goňşularyna hem semizlik öz agramyny salýar.

Joanna Lillis, Eurasianet, terjimäniň asyl nusgasy.

On bäş ýaşly Grişa Starçenko synpdaşlarynyň zyýanly endigini gaýgy edýär.

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanda ýaşaýan mekdep okuwçysyny gijelerine oýa saklaýan bu gaýgy neşe serişdeleri, alkogol ýa-da temmäki däl. Ol ýaşlaryň tabyn bolup iýýän ýokumsyz iýmitleri.

"Ýokumsyz iýmitleriň düzüminde aşa köp ýaglar bar we bu saglyk hem-de beden üçin örän zyýanly", diýip, Grişa belleýär. "Ene-atalar käwagt çagalaryny gowy bahalar alsalar McDonalds-a äkidip höweslendirýärler. Bu ýalňyşlykdyr. Çünki, netijede çaga ýokumsyz naharlara nädip tabyn bolanyny bilmän galýar".

Dowamy

  • 2875 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.93 (14 Ses)

jyns agzalaryny owretmeÇagalara jyns agzalarynyň atlaryny öwretmegiň wajyplygy barada gürrüň açylanda köp ene-atalar dürli sebäpleri mysal edip garşy çykýarlar. Erkek jyns agzalary bolsun, aýal jyns agzalary bolsun – olar barada, hatda olaryň atlary barada hem bilmegiň geregi ýokmuş, ol sözler gelşiksiz. Onsoň çagalar bu sözleri her ýerde aýdyp gezseler neneň bolar? Hamana, il içinde, esasan hem paýyş sözler (olar bilen siz tanyşsyňyz) höküminde ulanylýan sözler gelşikli ýaly?!

Dowamy

  • 3820 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

yzda galan cagalar secondSusette 4 ýaşynda. Ol ejesi bilen Wenesuelada ýaşaýar. Onuň kakasy Renato, Wenesuelanyň esasy aragatnaşyk kompaniýasynyň (Cantv) müşderi hyzmatlarynyň wekili, 2018-nji ýylyň iýulynda iş tapmak we yzynda galan maşgalasyna eklenç puluny ugratmak maksady bilen Perua tarap awtobusly ýola düşýär.

(Bu makala üçin gürrüňdeş bolnan maşgalalar we beýleki adamlar çagalarynyň şahsy maglumatlarynyň gizlinligini goramak üçin familiýalarynyň ulanylmazlygyny haýyş etdiler.)

Dowamy

  • 2419 gezek okalan

YLYM, TEHNOLOGIÝA, INŽENERÇILIK, MATEMATIKA

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

YTIM intro

Adamyň jynsy onuň ylmy-bilim almak ukybyna, islegine täsir ýetirýärmika? Oglan bilen gyzyň arasynda matematiki başarnykda tapawut barmyka? Ýakynda çap edilen ylmy işlere görä, iki jynsyň arasynda matematika bilimi boýunça tapawut ýetginjeklik ýaşyndan soň emele gelýär. Emma muňa ynsan biologiýasy däl-de, jynslar barada giňden ýaýran stereotipler sebäp bolýar. Aşakda biz Ylym, Tehnologiýa, Inženerçilik, Matematika (YTIM) ugurlarynda Türkmenistanly aýal-gyzlaryň örän az böleginiň okap-işlemegine sebäp bolýan giňden ýaýran düşünjeleri we toslamalary açyp görkezeris.

Dowamy

  • 3481 gezek okalan