• Makalalar
  • Hyzmatdaşymyzyň pikirleri

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.64 (14 Ses)

oy hojalykcyÖý hojalykçynyň durmuşyny, yagny öz durmuşymy esgeriň durmuşyna gaty meňzeş görýärin. Näme üçinmi? Aýdyp bereýin...

7:00 – Her gün biologiki sagadym oýandyrýar. Turup elimi-ýüzümi ýuwýaryn. Güllerimi suwarýaryn. Kaşa atarýaryn. Çaý demläp, ertirligi saçaga goýýaryn. Çagalarymyň okuw formasyny ütükleýärin. Emma säheriň hut şu wagty meniň bütin günümiň iň ümsüm wagty. Diňe şol wagt aralygynda ýeke özüm wagt geçirýärin.

Dowamy

  • 2803 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.88 (8 Ses)

mekdep tagamlary

Meniň mekdep döwürlerim arzan bahadan kädili we etli somsa alyp iýýänim ýadyma düşýär. Sowet döwründe-de mekdebiň naharhanasynda elýeter bahadan arkaýyn iýip-içip bolýan ekeni. Daýym: "50 köpüge gyzgyn nahar düşýärdi. Pirožka, somsa 30 köpükdi" diýip, okuw wagtyny ýatlap gürrüň berdi. Daýzamam: "Çiburek, koržik, orsuň şokolady, limonad bardy, bahalary 30-20 köpükdi" diýip, goşuldy. Bu gün mekdeplerimiziň menýusy has hem baýlaşdy. Ol dürli işdäaçarlary, 1-nji we 2-nji naharlary, garnirleri, hamyr önümlerini we dürli içgileri öz içine alýar. Çagalaryň öýde we daşarda iýmitlenişi nähili zerur mowzuk hasaplanýan bolsa, olaryň mekdepde iýmitlenişi hem şonça zerurdyr. Çünki ol ýerde çagalar her günleriniň ýarym salkynyny geçirýärler.

Dowamy

  • 3934 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (13 Ses)

chyrachy yashlar

"Türkmen ýaşlary" diýlende kimler göz öňüňize gelýär? Akylly-başly, edep-terbiýeli nesillermi ýa-da köçelerdäki çyraçylar?

"Çyraçy" sözi entek türkmen diliniň sözlügine girizilmedi. Meniň düşünjäme görä, çyraçy – bu ilden üýtgeşik, göze ilginç egin-eşikleri geýinýän, çakdan aşa bezenip, ile göwni ýetmän, özüni gopbamsy alyp barýan ýaş adamlar. Emma meniň bilen käbiriňiziň ylalaşmazlygyňyzam ahmal. Meniň sözlügimde "çyraçy" ýaramaz häsiýetleri aňlatsa-da, başgalar üçin bu elýetmez, nusga alarlyk dereje bolup biler.

Dowamy

  • 5798 gezek okalan

ÇAGAM – ÖMÜR DOWAMATYM

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

UNFPA mod turkmen family

ÝUNISEF-iň "Çaga ömrüniň ilkinji 1000 güni – onuň bagtly geljeginiň gözbaşydyr" atly bäsleşigine gatnaşyjynyň makalasyny hödürleýäris. Bäsleşik BMG-nyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalýar.

Bäşleşigiň maksady – adamyň akyl taýdan ösmegine we sagdyn ýaşamagyna täsirini ýetirýän döwri bolan çaganyň doglan gününden başlap irki döwri baradaky düşünjäni halka ýetirmek işine žurnalistleri we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň goşandyny goşmagyny gazanmakdyr.

Dowamy

  • 3519 gezek okalan

KÖP GARAŞYLAN BILDIRIŞ

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

zenanlar birlesigi2018-nji ýylyň 8-nji martynda, Bütindünýä Zenanlar Gününe bagyşlap Türkmenistanyň Zenanlar Birleşigi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasy bileleşip "Hany, Öňe Zenanlar" (HÖZ) programmasyny ýola goýarlar.

Programmanyň Baş Maksady: Türkmen gyz-gelinlerine, aýratyn hem maşgalasynda mümkinçilikleri we hukuklary çäklendirilenlere aýaga galmaga hem-de bilim, iş arzuwlaryny durmuşa geçirmäge goldaw bermek. Türkmenistanyň ösüp barýan döwletleriň hatarynda bolmagyna garamazdan, henizem ýurdumyzda müňlerçe gyzlardyr gelinler dürli sebäplere görä ýokary bilim alyp bilmeýärler, islän kärlerinde işläp bilmeýärler. Netijede olar eklenç we durmuş ukyplary babatynda erkeklere garaşly bolup galýarlar. HÖZ şol meseläni şänik döwen ýaly döwmäne we türkmen zenanlarynyň garaşsyzlygyny gazanmaga berk ymtylar.

Dowamy

  • 2512 gezek okalan

8-NJI MART: GÜN TERTIBI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

8 mart gun tertibi

Owadan çemenler, şokolad, ýakymly sözler… Şu gün men türkmenistanly zenanlaryň durmuşyny gowulaşdyryp biljek anyk teklipler etmekçi. Bir-birimize bolan ýakymsyz duýgularymyzy (bäsdeşlik, görüplik), aýratynlyklarymyzy, dini ynançlarymyzy, syýasaty bir tarapa goýup, sizi üç sany anyk öwrenip, ölçäp we tiz wagtda düzedip boljak wajyp meseleler bilen tanyşdyryp, olaryň çözgütlerini goldamana çagyrýaryn:

Dowamy

  • 3504 gezek okalan

ÇAÝ WE RAZYÇYLYK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (8 Ses)

cay we razycylyk

Türkmenleriň çaýy gowy görşi ýaly gowy görýän başga millet barmyka?! Nirede bolsagam, "çaý" diýilse, keçedir, käse-çäýnek, çaýyň ýüzündäki köpürjikleri maňlaýymyza sylyşymyz göz öňümizden geçip gidýändir. Galyberse-de, diňe bizde myhmanyň geljek-gelmejegini çaýyň şemme çöpüniň üsti bilen bilip bilýärler. Çöp çaýda dik dursa – geljegi, keseligine ýatsa bolsa – gelmejegi.

Iňlislerem çaýy gowy görýän halk. Olar, çaýa seredip myhmanyň geljegini-gelmejegini aýdyp bilmeselerem, çaý bilen razyçylygy düşündirmegi başarypdyrlar.

Dowamy

  • 3123 gezek okalan

МНЕ НЕ ДАЛИ АНТИБИОТИК!

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

mne ne dali antibiotikКак вы думаете, как лечат простуду у детей родители в Туркменистане? Я заметила следующую закономерность. В обычной семье однажды утром просыпается ребенок и его мама замечает, что он сопит, кашляет и у него есть температура. Может быть, сначала ребенка покажут врачу в поликлинике. Естественно, что врач не выпишет рецепт на антибиотик, а назначит постельный режим, обильное питье и так далее. Такие назначения не успокоят родителей, ведь нужно что-то делать. Посоветовавшись с подругами, мама ребенка может без рецепта купить антибиотик в аптеке. Хуже того, лекарство ей может предложить одна из подруг, которая недавно «вылечила» им своего ребенка. И в этой цепочке участников никто не задается вопросами: «А подходит ли этот антибиотик моему ребенку?, «Подходит ли доза лекарства?» «Лечится ли простуда антибиотиками?» и «Не наврежу ли я своему ребенку?». Так как же должен действовать родитель в таком случае? Давайте попробуем разобраться.

Dowamy

  • 3323 gezek okalan

BAGT ÝANÝOLDAŞYŇ MILLETINE BAGLYMYKA?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.82 (17 Ses)

milletara nikaEnem pahyr maňa diýýärdi: "Aýgüljan, men ýaşaýakam-a rugsat bermerin, ýöne ölenimden soňam görümde öwrülerin! Daşary ýurtla baraýmagyn!"

Men daşary ýurtlarda bilim alamsoň, pikir edişim, geýnişim, gep-gürrüňim üýtgeşik bolansoň enemjan çekinýärdi. Meniň bolsa daşary ýurtla barmak niýetim ýokdy. Öz ýurdumy, milletimi, däp-dessurlarymyzy gaty söýýärin. Nirä gitsem gideýin, Watanymy küýsäp yzyma gelýärdim. Ýöne maňlaý diýlen zat bar eken. Asyl daşary ýurtla barjagymy enem bilen ekeni.

Durmuş şeýle ajaýyp. Ol wagt gözüme kynçylyk diýip görnen zatlar soňunda durmuş ýoldaşymy tapmagyma ýol açdy. Men orta okuwy gutaryp ýokary okuw jaýynda okamak üçin stipendiýa gazandym, ýöne käbir sebäplerden okuwa gidip bilmedim. Gaty gynandym. Aglap-iňräp ýördüm. Etjek zadym ýokdy. Okuwa gidip bilmämsoň, iş gözläp başladym. Şäherimdäki birnäçe daşary ýurt firmalaryna rezumemi tabşyrdym. Iňlis, rus, türkmen dillerini we ofis programmalaryny bilýändigim üçin bir türk firmasyna işe alyndym. Ýoldaşymam şol ýerde işleýärdi. Menden hem ýaşy, hem wezipesi uludy. Gaty agras we berk ýolbaşçydy. Men türkçe bilemokdym, şonuň üçin aramyzda salam-salamdan başga gep-gürrüň ýokdy. Ol firmada 3 aý işläp, okuwyma 2-nji semesterden başlamak üçin hem işden hem ýurtdan çykyp gitdim.

Dowamy

  • 3059 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

ene dilimMožnomydyr, oglanlar!

– Geliň, geçiň, ýaşuly.

– Şu ýeri gazetiň redaksiýasymy?

– Hawa.

– Çort wozmi, häliden bäri gözläp lütüm çykdy.

– Onda ýadansyňyz, agam, oturyň.

– Spasibo. Men bir iş bilen geldim. Özem gaty serýozny iş.

– Aýdyp oturyň.

– Ponimaýeş, bi soňky döwürde dilimiziň işini gördüler...

– Näme boldy, ýaşuly?

– Näme boldy diýip, siz, näme bihabarmy? Prosto gaharym gelýär. Her kim agzyna gelenini aýdyp dili dürüşde etdiler. Telewizorda peredaçi zat göreňzokmy?

– Görýäs.

– Görýän bolsaňyz, neuželi bu zatlaň garşysyna göreşip bolmaýarkan?

– Aý, juda howsala düşer ýaly zat ýokdur-la...

– Bar, imenno bar. Şolar ýaly zatlaryň külüni göge sowurýan bir statýajyk iberipdim welin, şony peçat etmediňiz-le, ýa...

– Be-e, şol makala asyl siziňkimidi?

– Wah, hawa-la, da...

– Diliň arassalygy hakynda gaty janygyp gürleýäňiz welin, ýogsa-da özüňiz ýazyjy, şahyr dagy dälsiňiz-dä?

– Şkolda mollym.

– Nämeden okadýaňyz?

– Türkmen dili i edebiýat.

– Onda düşnükli.

– Näme düşnükli?

– Biz sizi nädip tapyp bolarka diýip ýördük, mazaly özüňiz geläýdiňiz. Hatam ýazjak bolduk, adresiňizi bilmedik, görkezmän ekeniňiz. Bagyşlaň welin, agam, asyl bi dili bulaşdyryp ýören özüňiz ekeniňiz-ä...

– Hä... Näme?... Ýalan! Siz baryp ýatan töhmetçi. Üstüňizden žalybytsa ederin. Görýäňmi bulary, "Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar" diýleni, kärdeşlerini ýamanlasaň öz ýakaňdan tutýarlar. Ýo-ýok, ýa wam pokažu...

Ýaňky adam gapyny batly ýapyp yzyna çykyp gidýär.

Täçmämmet Jürdekow, ýazyjy

Dowamy

  • 3300 gezek okalan