• Makalalar
  • Hyzmatdaşymyzyň pikirleri

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

suw hili

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Ýewropanyň Ykdysady Komissiýasy bilen bilelikde Merkezi Aziýanyň Sebitleýin Ekologiýa Merkezi ("MASEM", rusça "РЕЦЦА") "Türkmenistandaky ýeriň üstündäki suw serişdeleriniň hiliniň monitoring (seljerme) ulgamynyň zerurlyklarynyň barlagyny" çap etdi.

Bu barlaglar MASEM bilen bilelikde, garaşsyz we sebitleýin bilermenler tarapyndan ýerine ýetirildi. Türkmenistan beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de Ýewropa Bileleşigi we BMG-niň ÖM (Ösüş Maksatnamasy) bilen bilelikde MASEM-iň esaslandyryjylarynyň biri bolup durýar. Barlagyň maksady Türkmenistandaky ýeriň üstündäki suw serişdeleriniň hiline gözegçilik etmek ulgamyna baha bermekden ybaratdyr. Bu barlagda Türkmenistanyň ýeriň üstündäki suwlarynyň esasy çeşmeleri, olar bilen bagly meseleler, ýurduň ýeriň üstündäki suw serişdeleriniň hiline gözegçilik etmek ulgamynyň seljerilişi hem-de maslahatlar beýan edilýär. Gury ýer bölegindäki ýeriň üstündäki suwlar – bu akýan ýa-da ýeriň üstünde ýygnanýan suwlardyr: derýalar, suw howdanlary, köller, deňizler we beýleki ýaplar hem-de howuzlar.

Dowamy

  • 2737 gezek okalan

ÇAGANY NIREDE SAGDYN DOGRUP BOLÝAR?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

ene mahriBu sorag il içinde soňky wagtlar kän duş gelýär. Esasanam göwreli zenanlaryň we olaryň garyndaşlarynyň arasynda. Ýurdumyzda ençeme täze gurlan we täze enjamlar bilen üpjünleşdirilen keselhanalar bar. Emma, her bir göwreli zenanyň wagty ýakynlaşanda "Nirä gitsemkäm?", "Haýsy bäbekhanada çagamy 12 süňňi abat elime alyp bilerkäm?" ýaly soraglar ýüze çykýar.

Meniň özüm hem çaga garaşýaryn. Eýýam üç aýdyr garyndaşlarymdan, joralarymdan we işdeşlerimden diňe "Çagany nirede sagdyn dogrup bolar?" ýaly soraglary soraýaryn. Men üç aýyň içinde ençeme hadysalary eşitdim. Olaryň käbiri gowy bolsa, ençemesi aladalandyryjydy.

Dowamy

  • 2624 gezek okalan

SUW JOŞGUNYNDA HOWPSUZLYK ÇÄRELERI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (6 Ses)

suw josgunySuw joşguny (sil gelmegi) örän gysga wagtda uly zyýan ýetirip bilýän hadysa bolup, köp weýrançylyklara getirip bilýär. Suw joşgunynyň sebäpleriniň biri-de ygalyň köp düşmegidir. Bu bolsa Türkmenistanyň günortasynda we günorta-günbatarynda eýýäm ikinji ýyl bolup geçýär. Suw joşguny Türkmenistan üçin ýygy betbagtçylyga öwrülip barýar. Şol sebäpden, özüňi hem-de ýakynlaryňy goramak üçin, özüňi nähili alyp barmalydygyny bilmek zerurdyr.

Dowamy

  • 2953 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

contraceptionAbort (çaga aýyrtmak). Men jemgyýetimizdäki bu agzalmagyndan çekinilýän mowzuk barada nädip gürrüňdeşlige başlajagym hakynda köp kelle döwdüm. Çünki, bu barada bizde hiç hili statistika ýok. Oňa derek diňe umman ýaly soňsuz duýgular we toslamadyr myş-myşlar bar. Köp halatlarda, adamlar aborty oýnalan we terk edilen "moral taýdan bozuk gyz" bilen baglanyşdyrýarlar. Abortuň köplenç maşgalany meýilleşdirmek sebäpli durmuşa çykan gelinler tarapyndan ulanylýandygyna bolsa az adamyň akly ýetýär. Geliň, ilki bilen sanlardan başlalyň.

Dowamy

  • 5404 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

yer guniHer ýylyň aprel aýynyň 22-ne bellenilýän Ýer Gününiň (Earth Day) şanyna, men türkmenistanlylar we öz daşky gurşawy barada alada edýänler üçin eko maslahatlary öz içine alýan täze däp başladasym gelýär. Üstünlikleriňizi dost-ýarlaryňyz bilen paýlaşyň we şu heştegleri ulanyň:

▶  7DAYSECOTURKMEN (#7GÜNEKOTÜRKMEN)

▶  turkmengreenweek (#ýaşyltürkmenhepdeligi)

▶  turkmenecoweek (#türkmenekohepdeligi)

Dowamy

  • 3432 gezek okalan

OKYJYDAN HAT: RAK KESELİ BARADA HEKAÝA

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

cancer letterHatyň asyl nusgasy iňlis dilinde bolup, türkmen diline terjime edildi.

12 ýyl çemesi wagt mundan ozal Türkmenistanda ejemde rak keseliniň bardygyny anykladylar. Aslynda sesi ondan has irräk ýuwaş çykyp ugrapdy, ýöne biz ony şoňa çenli dümewländir öýdüp ýörüpdiris. Ol wagtlar menem soňky synplarda okaýardym. Bar bilýän zadym, şol kesele uçranlaryň köpüsi uzak ýaşaman ýogalýardy. Keseliň alamatlary, öňüni alyş çäreleri, bejergileri hakda hiç zat bilemokdym. Ejem bilen kakamam bilenokdy. Olar gara zähmeti bilen gününi dolap, orta gürp ýaşap ýören adamlardy. Ýokary bilimleri ýokdy. Jemgyýetimizde öýde bejertmek we tebipçilik has ýörgünlidi. Ejem gün-günden horlanyp barýardy. Dem almasy barha kynlaşýardy. Şeýle günleriň birinde-de gatnaşýan ýerlerimiziň biri ejemiň keseliniň dümew däl-de, has çynlakaý kesel bolaýmagynyň ahmaldygyny aýdyp, Aşgabada gidip barlagdan geçmegi maslahat berdi. Bolsa-da, wagtynda ýetişipdiris. Onkologiýa merkezindäki lukman ejemiň janyny halas etdi. Dörän çiş "položitel" görnüşli bolansoň, bejerip bolýan eken. Ejemi üç gezek operasiýa etdiler. Şondan bäri hem ejem ýaşaýşyň hözirini görüp ýör. Emma, gynansak-da, rak ejemden ýöne sowlup geçmedi – ejem indi kadaly gepläp bilenok.

Dowamy

  • 5048 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (15 Ses)

erkek zorlukda ayyplanmakdan

Ol saňa seredip gülümsireýär, gözüni-gaşyny oýnadýar. Sen bolsa onuň ýüregini eýeländigiňe göz ýetirýärsiň we bir ädim ýakynlaşyp, onuň elinden tutmakçy bolýarsyň. Emma tutup-tutmankaň, gyz uly ili bilen gygyryp, ýüzüňe şarpyk çalyp goýberýär.

Nirede ýalňyşlyk goýberdiň?

Gyzlara düşünmek kyn: olar bir görseň-ä futbol janköýerindenem beter agressiw, bir görseňem ýüzleri mähirden doly, dünýäde gamy ýok bir şa gyzy ýaly mylaýym. Onsoň olaň senden nämä garaşýandygyny nädip biljek?

Dowamy

  • 5842 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (4 Ses)

cagana kitap okanda"Eje, maňa Böwenjigi aýdyp beräý!"

Çaganyň şeýle haýyşyny bitirmäge gezek gelende, indi ene-atalar, terbiýeçiler ýa mugallymlar birnäçe ýollary ulanyp bilýärler. Sen ertekini suratly kitapdan okap berseňem bolýa, multfilmini açsaňam bolýa, ýa-da audiokitapdan (içindäkiler sesli ýazga geçirilen kitap) diňletseň hem bolup dur. Bu köp ene-atalara, terbiýeçilere ýeňillik döredýär, emma kitap okamagyň ähli görnüşleri çagaň aňyna deň täsir edýärmikä?

Men şu soraga jogap gözleýänler bilen ýakynda gabat gelen barlaglarymy paýlaşmak isleýärin.

Dowamy

  • 2398 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

welosiped

Çagalyk döwrümiň aýrylmaz bölegi bolan welosipedden talyplyk ýyllarym (2011-2015 ý; Türkiýe Respublikasy) hem işjeň peýdalandym. Bu maňa diňe saglyk tarapdan däl, maddy tarapdan hem ullakan utuş boldy. Biziň ýurdumyzda bolsa okuwa, işe welosipedli gatnaýana seýrek duş gelinýär. Bolmasa mediýada sport öňe sürülýär, ençeme welosipedli sport çäreleri geçirilýär, emma tejribede ýaşlaryňam, ulularyňam welosipede ýykgyn edýänlerini görmeýärin. Men hut şu ýagdaýyň sebäplerini agtarmak we welosipediň peýdalaryny paýlaşmak üçin şu makalamy ýazmaga karar berdim.

Dowamy

  • 3414 gezek okalan