• Makalalar
  • Hyzmatdaşymyzyň pikirleri

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TOÝDAN ÖŇ BERILMELI SORAGLAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (15 Ses)

toydan onki soraglarÝurdumyzda aýrylyşýan çatynjalaryň sany gün-günden artmasa azalmaýar. Munuň hem iň esasy sebäpleriniň biri jübütleriň arasynda döreýän düşünişmezliklerdir. Düşünişmezliklere bolsa esasan adamlaryň arasynda netijeli söhbetleriň ýetmezçiligi sebäp bolýar. Haçanda maşgalada söhbet medeniýeti ösdürilip, her bir mowzuk hakynda açyk söhbetler arkaýyn geçirilse, maşgalada düşünişmezlikler hem şonça az bolýar.

Günbatarda we başga käbir ýurtlarda awtorlar her ýyl maşgala gatnaşyklary we toýdan öňki maslahatlaşma barada birnäçe kitap çykarýarlar. Toýdan öňki maslahatlaşma – bu terapiýanyň bir görnüşi bolup, jübütleri durmuş gurmaga taýýarlaýar. Toýdan öňki maslahatlaşma saňa we seniň ýoldaşyňa sagdyn we berk gatnaşyk gurmaga kömek edýär. Ol nikanyň durnukly we kanagatlanarly bolmak ähtimallygyny güýçlendirýär. Şeýle-de, bu görnüşli maslahatlaşma saňa toýdan soň mesele döredip biljek kemçilikleriňi tapmaga kömek edýär.

Dowamy

  • 3759 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

masgala meyil kakaMen lukman höküminde öz işimde çaga dogmagy meýilleşdirme meselesine hemişe iki adamynyň – aýalyň we erkegiň deň derejede gatnaşmalydygy we jogapkärli bolmalydygy barada belläp geçýärin. Ýöne men hakykat ýüzünde çagany meýilleşdirme, göwrelilik döwründe ýüze çykýan meseleleri çözme, emosional sarsgylary ýeňip geçme aýallaryň "hormatly paýyna" düşýär diýip hasaplaýaryn.

Maşgalany meýilleşdirmek – bu çagalaryň sanyny, göwrelilikleriň arasyny kesgitlemekdir. Şeýle hem bu düşünje ulanyljak kontraseptiw serişdelerini hem saýlamagy öz içine alýandyr.

Dowamy

  • 2223 gezek okalan

ÝALTA SÖZLERI ULANÝAN ENE-ATALARA

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

yalta sozli ene atalar"Näme yrsaraýaň!"

"Ýene betlik edýäňmi?"

"Keçjal diýsänim!"

"Nerwimi oýnajak bolma!"

"Läliksireme!" "Bäbeksireme!"

"ÝOK diýdimmi ÝOK! Bes et indi!"

Biziň her birimiz çagalykda şu sözleriň ýa özümize ýa-da başga çagalara diýlenini eşidendiris. Şeýle sözleri öz çagalarymyza diýýänlerimiz hem bardyr. Siz çagalaryňyzyň hereketlerini, esasanam ýaramaz hereketlerini, suratlandyrmak üçin ulanýan sözleriňizi pikirlenip aýdýarsyňyzmy ýa-da ýaltalyk edip aklyňyza ilkinji gelen sözi aýdyp goýberýärsiňizmi?

Dowamy

  • 3131 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (4 Ses)

rak nadip anyklamalyDogrusy, "rak" diýen özbaşdak kesel ýokdur. Bu umumylaşdyrylan söz bilen 200-den gowrak kesel häsiýetlendirilip, olarda adaty öýjükler nädogry bölünip tiz ösýän çişi döredýändir we olar goňşy agzalara hem ýaýraýandyr. Soňky 25 ýylda rakdan ölümçilik derejesiniň peselýändigine garamazdan, onkologiki keseller dünýäde ölümçiligiň esasy sebäpleriniň biri bolup galýandyr.

2018-nji ýylda rak 18 mln. adamda anyklanyldy. Olardan 5 mln. ýagdaýda keseli irki döwründe anyklap, netijeli bejergini belläp bolýardy. Meselem, eger ýatgynyň boýunjygynyň ragy giçki döwürde anyklanylsa, näsagyň ýene 5 ýyl ýaşamak mümkinçiligi 15%-den geçýän däldir. Ýöne kesel özwagtynda anyklanan bolsa, bu görkeziji 93%-e çenli ýokarlanýandyr.

Dowamy

  • 2205 gezek okalan

AGYRYLY AÝBAŞYNYŇ AGYRYLY BAHASY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.57 (7 Ses)

lyatifa

Gyzlar belli bir ýaşa ýetensoňlar, isleseler-islemeseler aýbaşylary başlaýar. Ol indiki 30-40 ýylyň dowamynda her aý gelip durýar. Şeýlelikde olar her aýda aýbaşy serişdeleri üçin çykdajy etmeli bolýarlar. Emma aýbaşy serişdeleri her bir gyz-gelne elýeterlimikä? Men bu gyzyklanmamy kanagatlandyrmak isledim.

Dowamy

  • 2408 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (8 Ses)

porn zuluma gosantSöwda maksady bilen çykarylýan pornografiýada erkekleriň agalyk edýän sahnalaryň sany gitdigiçe artýar. Köp adam muny jynsy gatnaşykdaky zorlugy we agressiýany alamatlandyrýan "ýaşyl yşyk" diýip kabul edýärler. "Vawnet" pornografik sahnalary we olaryň erkek bilen aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyklara edýän ýowuz täsirini öwrenýän ylmy barlag işini çap etdi.

Ylmy barlagçylar 50 sany iň meşhur porn kinolaryny we olardaky 304 sahnanyň ählisini barlap öwrendiler. Sahnalaryň 88%-iniň fiziki zulumy, 49%-iniň dil zulumyny öz içine alýandygy aýan edildi. Sahnalaryň aglaba böleginde zenanlar gowşak hem tabyn häsiýetli edilip görkezilýär.

Dowamy

  • 2806 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

yoldasly dogrumMen ýakynda Türkmenistanyň daşyndaky akuşerlik tejribämi tamamladym. Iki ýyllyk tejribämiň dowamynda men çaga dogurýanlara lukmançylyk kömegini bermekde gyzykly we täze zatlara şaýat boldum. Köplenç, kaka bolmaly erkekler çaga dogruş otagyna gelýärdiler. Olar çaga dogrumynyň uzak we agyr sagatlaryny gelinleri bilen bilelikde geçirýärdiler we gelinlerine ruhy hem-de fiziki goldaw berýärdiler. Men köplenç gelejekki kakanyň çaga garaşýan eje bilen birlikde dogrumyň kyn pursatlarynda çydamlylygy aňsatlaşdyrýan fiziki maşklary ýerine ýetirişini görerdim. Erkekler göbek eneleriň maslahaty boýunça gelinleri bilen bir wagtda "dogry dem almaga" çalyşýardylar. Şeýle-de, olar gelinleri bedendäki dowamly, käte bolsa agyryly, birahatlyklar sebäpli göwnüçökgün ýagdaýa düşseler, elmydama goldawlaryny gaýgyrmaýardylar.

Dowamy

  • 3198 gezek okalan

HEÝ, GOOGLE, MAŇA DÜŞÜNÝÄRMIŇ?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)

google dusunyarmi21-nji fewral Halkara Ene Dili Güni. Bu mynasybetli Saglyk türkmen internedi bilen gyzyklanýan we ony ýakyndan synlap gelýän Batyr atly hünärmen we synçy bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Saglyk: Ludwig Wittgenstein "Dilimiň çägi dünýämiň çägidir" diýip belleýär. Wittgensteiniň bu jümlesini häzirki döwre kybap getirmek üçin diňe ýekeje söz goşmak ýeterlik "Internetdäki dilimiň çägi dünýämiň çägidir". Biz "internetde türkmen dili bar" diýip bilýärismi? Türkmen dilinde gürleýänleriň näçe göterimi internet ulanýar?

Dowamy

  • 2550 gezek okalan

TÜRKMENISTANDA ZIBILDEN NÄME EDILÝÄR?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

zirzibil name edilyarSen gündelik näçeräk zibil zyňýarsyň? Goňşularyň näçeräk zyňýar? Tutuş şäheriňki nähili?

Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw Maksatnamasy we Zoý Ekologiýa Birleşigi tarapyndan hödürlenen "Merkezi Aziýada Sebitleýin Galyndy Dolandyryş Barlagy We Çaklamasyna" görä, 2017-nji ýylda Türkmenistanda biz 0.5-1 million tonna golaý zibil zyňypdyrys. Aşgabatdaky gaty durmuş galyndylary dökülýän ýere her ýyl 200 müň tonna galyndy dökülýär (44-nji sahypa). Eger bir düýäniň agramy 500-800 kg aralygynda bolsa, onda biziň her ýylky döredýän zir-zibillerimiz 1-2 million düýäniň agramyna deňdir. Türkmenistandaky zir-zibilleriň ählisi diýen ýaly zir-zibil dökülýän ýerlere zyňylýar.

Dowamy

  • 2280 gezek okalan